16:23 Ahmet Sanjar | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -19:
Taryhy şahslar
▶ AHMET SANJAR Horasanyñ beýik türkmen soltanlarynyñ biri-de Soltan Ahmet Sanjardyr. Mälikşanyñ ogly Muizzedin Ahmet Sanjaryñ ady "Oýanyş. Beýik Seljukly" teleserialy arkaly gaýtadan uly gyzyklanma döretdi. Häzir soltanyñ näçe ýaşandygy, haçan we nirede, nähili ýagdaýda aradan çykandygy internetde iñ köp agtarylýan sowallara öwrüldi. Soltan Sanjaryñ keşbini öñem "Ajaýyp asyr. Kösem" teleserialynda Osmanly soltany Ahmet I-iñ keşbini janlandyran ýigrimi sekiz ýaşly ýaş aktýor Ekin Koç janlandyrýar. Soltan Sanjar ýa-da Muizzedin Ahmet Sanjar (1086-08.05.1157) 1097-1118-nji ýyllarda Horasanyñ soltany boldy, 1118-1157-nji ýylda Beýik seljukly-türkmen imperiýasynyñ soltanlyk tagtynda oturdy. Mälikşanyñ ogly Sanjaryñ ejesi Täjeddin Seferiýýe hatyndyr. Ol kakasy ýörişdekä, 1086-njy ýylda Sinjarda dünýä indi. Kakasy 1092-nji ýylda ýogalanda, ol heniz kiçijik çagady. Mälikşanyñ aradan çykmagyndan soñ Beýik seljukly-türkmen imperiýasynda baş-başdaklyk başlandy. Mälikşanyñ aýaly Türkan hatyn körpe ogly Mahmyt I-iñ soltanlygyny yglan etdi. Mälikşanyñ uly ogly Berkýaryk bolsa tarapdarlary tarapyndan gizlinlikde Reýe alnyp gaçyryldy we soltan yglan edildi. Berkýaryk bilen Mahmyt I-iñ güýçleriniñ arasynda 1093-nji ýylyñ 1093-nji ýylyñ 17-nji ýanwarynda Buruçirtde bolan söweşde Berkýaryk üstün çykdy. Ahmet Sanjaryñ we Berkýarygyñ agasy Tutuş beg Siriýa süýşüp, Şam, Halap şäherlerini eýeledi we Siriýa Seljukly-türkmen döwletiniñ düýbüni tutdy. Tutuş Berkýarygyñ Eýrandaky ýerlerini eýelemek üçin Berýaryga hüjüm edenem bolsa, 1095-nji ýylyñ 26-njy fewralynda bolup geçen söweşde Tutuş ýeñilýär we ölýär. Şeýlelikde Berkýaryk ýeke-täk soltan bolýar, emma wagtal-wagtal doganlarynyñ ýa-da olaryñ mirasdüşerleriniñ topalañdyr howpuna uçrap durdy. Mundan beýläk Beýik Seljukly-türkmen imperiýasy üçe bölünip başlapdy: Eýran, Yrak we Orta Aziýanyñ bir bölegi Berkýarygyñ golastyna girdi, Siriýadaky Tutuşyñ iki oglunyñ paýyna Şam we Halap mälikligi ýetdi, Gutulmyşogly Süleýmanşanyñ guran we onuñ ogly Gylyç Arslan I-iñ hökümdarlygyna Anadoly Seljukly-türkmen döwleti girdi. 1097-nji ýylda Soltan Berkýaryk 12 ýaşly jigisi Ahmet Sanjary paýtagty Merw bolan Horasana häkim edip belledi. Ahmet Sanjar mundan soñ 1097-1118-nji ýyllar aralygynda bassyr ýigrimi ýyllap Horasany dolandyrdy w Horasanyñ garaşly seljukly-türkmen soltany bolup oturdy. Ahmet Sanjar 1102-nji ýylda Kaşgardan bärik süýşen Ebraýyl Arslan hany Termeziñ eteginde ýeñdi we kaşgarly pitneçileri yza serpikdirmegiñ hötdesinden geldi. 1105-nji ýylyñ 26-njy fewralynda Soltan Berkýaryk aradan çykýar. Ol soltanlyk tagtyna özüne mirasdüşer hökmünde iñ körpe ogly we heniz çagajyk bolan Muizzeddin Mälikşany mynasyp gördi, netijede Mälikşa II tagta çykardyldy. Emma häkimiýet onuñ agasy Muhammet Taparyñ elinde bolupdyr. Bir ýyl geçip-geçmänkä Muhammet Tapar inisini tagtdan düşürip, Beýik Seljukly-türkmen döwletiniñ resmi ýagdaýda soltany bolýar. Muhammet Taparyñ 1118-nji ýylyñ 4-nji aprelinde aradan çykmagy bilen Beýik Seljukly-türkmen döwletinde anarhiýa (baş-başdaklyk) we tagt dawalary gaýtadan möwç urýar. Muhammet Taparyñ ýerije onuñ Yrakdaky ogly Mahmyt II döwletiñ soltany diýip yglan edilýär. Soltan Sanjaryñ aýaly Türkan hatyn soltan oguzlaryñ eline ýesir düşüp goýberilmezinden öñinçä 1156-njy ýylda aradan çykýar. Soltanyñ Türkan hatyndan iki gyzy dünýä inipdir ee olaryñ ikisi-de Mahmyt II-ä durmuşa çykypdyr. Soltan Sanjar soñra Soltan Masut Demirekiñ yzynda galan dul aýaly we Gürjüstanyñ koroly Demetra I-iñ gyzy Rusudany nikalap alýar, ýöne soltanyñ Rusudandanam çagasy bolmaýar. 1156-njy ýylda Horezmşa Atsyz ogly Arslan II-ni tagt mirasdüşeri edip belländen soñ aradan çykýar. Soltan Ahmet Sanjar bolsa 1157-nji ýylyñ 8-nji maýynda bakyýete göç edýär Merwdäki kümmedinde jaýlanýar. Soltan Sanjaryñ ölüminden soñ Horasan we Mawerannahr sebitleri beýleki bir türkmen döwletiniñ - Horezmşalaryñ eline geçýär. Soltan Sanjaryñ kümmedi ýurdumuzyñ häzirki Mary welaýatynda gadymy Merwiñ harabaçylygynda ýerleşýär. Kümmet 1221-nji ýylda mongol basybalyjykary tarapyndan weýran edilýär we halk gyrgyna berilýär. TÜRBESİ NEREDEDİR? Soltan Sanjaryñ kümmeti SSSR-iñ dargamagyndan soñ Türkiýe respublikasynyñ öñki Prezidenti merhum Süleýman Demireliñ resmi saparynda eýeçiliksiz we weýran bolan halda ýatandygy görlüp, türk hökümeti tarapyndan dessine abatlandy. XX asyrda ýurdumyz SSSR-iñ düzümindekä hem kümmet birnäçe gezek abatlanypdy, emma bu restawrasiýalarda gödek ýalñyşlyklara ýol berlendigi belli boldy. Kümmet (mawzoleý) soñra UNESCO-nyñ sanawyna alnyp, UNESCO-nyñ hasabyna abatlandy. Geçirilen işleriñ dowamynda öñki abatlaýyş işlerinde goýberilen säwliklere üns berildi. Soltan Sanjaryñ kümmeti gadymy Merwiñ biziñ günlerimize çenli gelip ýeten ýeke-täk ajaýyp arhitektura eseridir. Ini, boýy we belentligi 38 metr ýetýän syrçaly diwarlardan edilen gupbaly gümmez gadymy Merwiñ ýerleşýän ýerinde alysdan seleñläp, görenleriñ gözüni gamaşdyrýar. @ Kitapçylar. | |
|