21:03 Aleksandr Samoýlowiç | |
Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiç, dünýä belli rus türkology, edebiýaty öwreniji alym. Dünýä derejesinde türkologiýa ylmy boýunça ylmy-barlag işlerini alyp baran alymlaryñ sany diýseñ çäklidir. Muña garamazdan birnäçe rus alymlary ürki halklaryñ, şeýle hem türkmen halkynyñ medeniýetiniñ, edebiýatynyñ, taryhynyñ, diliniñ, folklorynyñ öwrenilmeginde abyrsyz uly işleri etdiler. Şolaryñ iñ görnüklileriniñ biri hem asly ukrain bolan rus alymy A.N.Samoýlowiçdir. Türkmen edebiýatyny, dilini we folkloryny ylmy metodlar bilen öwrenen we öwrenmegiñ ylmy ülñülerini işläp düzen A.N.Samoýlowiç 1880-nji ýylyñ 17-nji dekabrynda Russiýanyñ Nižniý-Nowgorod şäherinde doguldy. Gelejekki alym 1889-njy ýylda kakasynyñ maslahaty bilen Sankt-Peterburg uniwersitetiniñ arap, pars, tatar, türk dilleri bölüminde okamaga başlady we şol wagtyñ görnükli türkologlary bolan P.Melioranskiý, W.Rafloff, W.Bartold, N.Weselowskiý, W.Rozen dagylardan sapak aldy. Talyplyk döwründen başlap, ünsüni türki halklaryñ medeniýetine gönükdiren alym soñabaka türkmen edebiýatyny, dilini we folkloryny öwrenmäge tutuş ömrüni bagyş etdi. Okap ýörkä 1900-njy ýylda Türkiýä gitdi, 1902-nji ýylyñ sentýabr aýynda ömrüniñ ahyryna çenli hormat bilen ýatlan mugallymy P.Melioranskiniñ ýardamy bilen heniz üçünji kursuñ talybyka Türkmenistana geldi. Jokrama yssy howanyñ dowam edýändigine garamazdan iki aýlap Aşgabatda, Bagyrda, Bäherdende, Maryda, Gökdepede ylmy-barlag işlerini alyp bardy. Ýurdumyza gelmezden öñ türkmen dilini mazaly özleşdiren alyma bu syýahat kyn düşmändir, şeýle hem ýerli ilat hem oña elinden gelen kömegini edipdir. Hususanam türkmen edebiýaty bilen baglanyşykly işlerinde alyma Hojaly molla Myratberdi ogly bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Hojaly molla türkmen edebiýaty baradaky garaýyşlaryny beýan edip Samoýlowiç bilen ýygy-ýygydan hat alşyp durupdyr. Edebiýaty öwreniji alym Durdymuhammet Nuralyýewiñ ylmy makalalarynda bu hatlaryñ dokuzynyñ üstünde durlup geçilýär. 1903-nji ýylda uniwersiteti tamamlady we okuwy aspiranturada dowam etdi. 1907-nji ýylda "приват доцент" ylmy derejesini alyp, uniwersitetde işlemäge başlady. 1908-nji ýylda Russiýanyñ Arheologiýa jemgyýetiniñ Gündogar bölüminiñ agzalygyna saýlandy. 1910-1915-njy ýyllarda "Хивая Старина" žurnalynyñ sekretary we baş redaktory bolup işledi. 1910-njy ýylda Sankt-Peterburgda döredilen Gündogar dilleri akademiýasynda okatmaga başlan A.N.Samoýlowiç 1911-nji ýylda ikinji gezek Türkiýä syýahat etdi. 1912-nji ýylda Kryma gitdi we ol ýerde krym-tatar mugallymlaryny krym-tatar diliniñ grammatikasyndan okatdy. 1913-nji ýylda Budapeşt, Wena, Pariž, Berlin uniwersitetleriniñ kitaphanalarynda ylmy-barlag işlerini alyp bardy, ol ýerdäki ýokary okuw jaýlarynda türkmen taryhyna we medeniýetine degişli ençeme golýazma eserlere duş gelýär we olary ylmy taýdan derñeýär. A.N.Samoýlowiç 1915-nji ýylda Abdysetdat Kazynyñ "Jeñnama" poemasyny ylmy taydan derñäp, kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ professor ylmy derejesini alyp, 1918-1920-nji ýyllarda Peterburgyñ we Moskwanyñ Gündogary öwreniş uniwersitetlerinde Türküstan regiony boýunça ylmy işlerini dowam etdirýär. Ol Türküstana ugradylýan ýaş alymlary saýlap-seçip almak işinde-de aktiw rol oýnaýar. Hususanam 1927-1928-nji ýyllarda Türkmenistandan ylym almaga gelen ýaş türkmen edebiýatçy alymlaryny taýýarlamakda uly işler bitirýär, olar üçin uniwersitetde ýörite türkologiýa kurslaryny gurnaýar. 1925-nji ýylda SSSR-iñ Ylymlar akademiýasynyñ ylmy işgärliginw we agzalygyna kabul edilen alym 1929-njy ýylda akademiýanyñ doly hukukly agzalygyna saýlanylýar. 1934-nji ýylyñ başynda bolsa SSSR-iñ YA-nyñ Gündogary öwreniş institutynyñ ýolbaşçylygyna bellenýär. Işiniñ gapdalyndan Bakuda we Türkiýede geçirilen türkologlaryñ ylmy konferensiýalaryna hem gatnaşýar. Alymyñ türki dilleriñ taryhyna, edebiýatynyñ taryhyna, folklor etnografiýasyna degişli köp sanly kitaplary we monografiýalary bardyr. A.N.Samoýlowiç 1902-nji, 1906-njy, 1907-nji, 1908-nji ýyllarda, jemi dört gezek Türkmenistanda boldy. 1907-nji ýyldaky üç aýlyk saparynda öñ gidip görmedik türkmen şäherlerine aýlanypdyr. Alym özüne ýardam eden Gurban bagşy, Mämmet Orazow, Mola Sabyr ýaly adamlaryñ adyny hormat bilen ýatlapdyr. Ol biziñ ýurdumyza gelmezden öñ türkmen edebiýaty we folklory hakynda ylmy işler ýazan rus alymlary F.Bakuliniñ, I.Bereziniñ, R.Ýeznýaýewiñ, F.A.Mihaýlowyñ kitaplaryny öwrendi. Stalinli ýyllar sowet häkimiýetiniñ iñ repressiw ýyllarydyr we ýerliksiz aýyplamalar bilen ölüme ýa-da Sibiriñ aýazly lagerlerine ugradylan millionlarça adamlaryñ depesinden inen peläket A.N.Samoýlowiçden hem sowa geçmedi. Görnükli alym 1937-nji ýylyñ oktýabr aýynda "Ýaponiýanyñ haýryna içalylyk etmekde" aýyplanyp tussag astyna alynýar. A.N.Samoýlowiç 1938-nji ýylyñ 13-nji fewralynda 15 minut dowam eden ýapyk suddan soñ atuw jezasyna höküm edilýär we bu aýylganç höküm şol günüñ özünde ýerine ýetirilýär. Bolşewistik diktatura türkmen halkynyñ wepaly dosty bolan meşhur alym A.N.Samoýlowiçi ylym dünýäsinden ynsapsyzlyk bilen goparyp aýyrdy. Alyma berilen ölüm hakyndaky hökümde şeýle töhmetçilikli setirler bar: "Samoýlowiç pantürkist bolan Radloffyñ we beýlekileriñ täsiri astynda türki halklaryñ medeniýeti bilen baglanyşykly ylmy iş alyp barmak bilen pantürkizm pikirlerine eýe bolupdyr..." A.N.Samoýlowiç türkologiýa ylmyna hyzmat eden ençeme alymy ýetişdirdi. Olardan has görnüklileri A.K.Borowkow, A.N.Kononow, L.P.Potapow, U.Tursunow, W.D.Arakin, S.S.Žikiýa, K.Jubanow, S.K.Kenesbaýew, M.S.Mihaýlow, A.D.Nowiçew, T.G.Baişew, N.P.Direnkowa, A.Satybalow, S.M.Abramzon, A.S.Tweritonowa dagylardyr. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |