08:53 Allahyñ haýasy | |
ALLAHYÑ HAÝASY
Pedagogika we edep-terbiýe
Allahyñ haýasy ylahy bir ahlak bir syrdyr. Allah haýaly bolany üçin gullarynyñ hatadyr günälerini ýüzüne basmaýar, geçirimlilik edýär. Başgaça aýdylanda bolsa, Allahyñ haýasy gullarny utandyrmakdan we utanmak haýasydyr. Allahutagallanyñ haýasy bilen baglanşykly şu rowaýaty gürrüñ berýärler: Allahutagalla kyýamat maşgar güni hasaba çekilen bir garrydan: - Näme ücin bu günäleri etdin? - diyip sorar welin, ol bende şol günäleri edenligini inkär edip boýun almaz ýalan sözlär. Rahman we Rahym bolan Allah: - Şeyle bolsa bu bendäni Jennete äkidin diýer.Bu gezek perişdeler ara girip: - Eý Rabbimiz, bu bendäniñ şu günäleri isländigi Siz özüñiz bilýärsiñiz diýerler. Allahutagalla bu gezek olara şeýle jogap beren: - Hawa şeýle welin ol Muhammet ymmatyndan bolan gojanyn agaran saçyna sakgalyna seretdim, aýbyny, günäsini ýüzüne urup ony utandyrmakdan haýa etdim. Bu habary Jebraýyl perişde Pygambermiz (s.a.w) ýetirende rehim şepagat we haýa nusgasy Serwermiziñ gözlerine ýaş aýlanýar we şeýle ybaratly sözleri aýtýar: Allahutagalla ymmatynyñ aksakallaryna azap etmekden haýa edýär, emma ymmatynyn aksakgallary günä islemekden utanmaýarlar diýýär. (Kenzül Ummal). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |