ALTAMLAR
Türkmenlerde gyzy bolan adama, adatça: "Tüweleme, baý bolupsyň! Ýaşy uzyn bolsun, berildigi bolsun, musulmany bolsun!" diýlip dileg edilýär.
1983-nji ýylyň noýabrynyň ortalaryna alty sany gyzy (altamlar) bolan, Beýik Britaniýaly Janet we Grem Uoltonlara bolsa, şol döwürlerde türkmen dilinde, türkmen däp-dessuryna görä ýagşy dileg etmeli bolnan bolsa, adaty: "baý bolupsyňyz" diýen dilegiň deregine: "Çüwüpdir-ow! Milliarder bolarsyňyz!" diýmeli bolan bolaýmasa :-).
Bu wakaň esasy sebäbi, Janet we Grem Uoltonlaryň uzak wagtyň dowamynda çagalary bolmaýandygy, özleriniňem ölemen çaga küýseýändikleri sebäpli, olar şol döwürde täze oýlanyp tapylan we synagdan geçirilýän ýardamçy reproduktiw tehnologiýalaryny (BRT) özlerinde synap görmäge razylyk beripdirler. Netijede 12 gezek bihuda synanyşykdan soň, 13 gezekde olaryň gökdäki dilegi ýerde gowşup, hemme şowsuz synanyşyklarynyň öwezi bir gezekde dolupdyr :-).
Hanna, Rut, Lýusi, Keýt, Jenni we Sara Uoltonlar. Gyzjagazlar wagtyndan öň doglandygy sebäpli, olaryň her biriniň agramy 1 kg-dan sähelçe geçipdir. Şoň üçinem olary hassahanada birnäçe aýlap ýörite gözegçilikde saklamaly bolupdyr.
Grem Uoltonyň aýtmagyna görä olar çagalar bir ýaşaýança 11 000 sany podguznik satyn almaly bolupdyrlar :-). Bu maşgala häzirem bagtly ýaşap ýör.
Janet we Grem Uoltonlaryň eýýäm agtyklaram bar:
Hemmesiniňem ýaşy uzyn, görjegi gowy bolsun.
Çeşmesi: https://pulse.mail.ru/article/semya-uoltonov-rodili-shesteryh-devochek-razom-kak-slozhilas-ih-sudba-spustya-pochti-40-let. 09.12.2021ý.
Medisina