05:15 Altyn jümleler | |
ALTYN JÜMLELER
Sözler
Agladan Leýla bolsa gözýaşyñy mahkum (tussag) etme, süpür gitsin... Agladan Möwla(m) bolsa gözýaşyñy mahrum etme, goýber aksyn... Hezreti MÖWLANA. ◆ ◆ ◆ Belki Ol seniñ üçin hemme zatdan gymmatdyr. Emma senem Onuñ üçin özüñi hiç kim hasap eder ýaly bigadyr dälsiñ. Jemal SÜREÝA. ◆ ◆ ◆ Gel seniñ bilen bolup geçenlere, bolmadyklara, birem hiç haçan bolmajak zatlara ýene bir gezek aglaly..! Oguz ATAÝ. ◆ ◆ ◆ Bagtly ýaş juwanlary göreniñizde "Alla köp görmesin" diýmäñ! Çünki Alla bize bagty köp görmeýär. "Adamlar köp görmesin" diýiñ. Elif ŞAFAK. ◆ ◆ ◆ Söýmejek adamyña "söýýän diýme. Özüñde ýok duýgulary bar ýaly edip gürleme. Hiç kimiñ durmuşyna kalbyny paralamak üçin girme. Söýgi bilen bakan gözlere hiç haçan ýalan sözleme. Çünki birine iñ uly hasraty aşyk bolmadyk ýeriñden özüñe aşyk etmek arkaly berersiñ. Müşfik KENTER. ◆ ◆ ◆ Biziñ zenanlarymyz öýde sölite geýinýär, daşary çykanda-da bir gyldan bezenip çykýar. Sen gaýtam öýüñde bezenip, daşarda gizlenmeli dälmi? Munuñ soñy näme bolýar? Erkekleriñ gözi daşarda galýar... Jüpbeli Ahmet HOJAEFENDI. ◆ ◆ ◆ Erkek söz berer. Adam sözünde durar. Turgut UÝAR. ◆ ◆ ◆ Ýene howa bulaşmaga başlady, gözlerimem gubarlanmaga... Misli içimde bir ýerlerde uzyn gije sen ýagan ýaly... Jemal SÜREÝA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |