08:58 Aly Mihrhojagly | |
Aly Mihrhojaogly
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Aly Mihrhojaogly ýa-da Gul Aly (Aly, Horezmli Galy), XII asyryñ ahyrlarynda we XIII asyryñ başlarynda Horezm sebitlerinde ýaşap geçen türkmen şahyry. Tatar alymlarynyñ Gul Alyny Idil (Wolga) derýasynyñ boýundaky Bulgar ilinde ýaşap geçendigini we tatar şahyrydygyny subut etmäge çalyşýandyklary üçin bu şahyryñ ömri barada entek jedelli we çözülmeli meseleler köp. Gul Aly 1183-nji ýylda doglupdyr. Ol türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda "Kyssaýy-Ýusup" eseri bilen giñden tanalýar. Bu eser 2005-nji ýylda Türkmenistanyñ Golýazmalar institutynyñ "Miras" neşirýaty tarapyndan kitap görnüşinde neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilipdi. Şahyryñ hakyku ady belli däl, ýöne "Kyssaýy-Ýusubyñ" ahyrynda geçýän "Gul Aly" sözi onuñ edebiýat taryhynda bu at bilen tanalmagyna getirdi. "Kyssaýy-Ýusup" Gul Alynyñ bize gelip ýeten ýeke-täk eseridir. Eser Gündogar edebiýatynda onlarça şahyr tarapyndan işlenen "Ýusup-Züleýhanyñ hekaýatyny" türkmen edebiýatynda, galyberse-de umumy türki edebiýatynda ilkinji bolup beýan edýändigi üçinem Gul Alynyñ edebiýat taryhyndaky orny aýratyn uludyr. Tatar edebiýatyny öwreniji alymlar Gul Alyny doganlyk tatar edebiýatynyñ düýbüni tutujy we beýik tatar şahyry hasap edýärler. Hut şonuñ üçinem 1983-nji ýylda Moskwada we Kazanda şahyryñ 800 ýyllygy we "Kyssaýy-Ýusubyñ" ýazylmagynyñ 750 ýyllygy umumy türki medeniýetiniñ uly ýubileý güni hökmünde dabara bilen bellenilip geçildi. ÖMRI Şahyr hakyndaky az sanly maglumatlar şejerelerde, rowaýatlarda we legendalarda saklanyp galypdyr.[1] Türkmen çeşmelerinde "Kyssaýy-Ýusubyñ" awtory Aly Mihrhojaogly diýip geçýär. [2] Aýtmaklaryna görä, Aly Mihrhojaogly orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyrydyr. Ol Horezmde ýaşan türkmen taýpalarynyñ birinde doglupdyr we ömrüniñ kyrk ýyldan gowragyny Horezmde geçiripdir. Aly Mihrhojaogly Köneürgenjiñ medreselerinde müderrislik (mugallymlyk) edipdir. "Kyssaýy-Ýusup" eserini bolsa 1233-nji ýylda 50 ýaşynyñ içinde tamamlapdyr. Tatar çeşmeleri bolsa, Gul Alyny Idil-Çuman sebitinde doglan we Bulgar döwletiniñ şazadasy Abdylla begiñ agtygy diýip hasap edýär. [2] Ýöne tatar alymlary hem şahyryñ Horezmde ýaşandygyny we uzak ýyllaryñ dowamynda ders berendigini inkär etmeýär. Şahyr mongol basybalyjylarynyñ Horezmi we Köneürgenji weýran etmegi bilen gyrgyz sähralaryna göçüp gidipdir, biraz wagt geçenden soñ bolsa dogduk mekany bolan Zeýe göçüpdir. Gul Aly mongol basybalyjylaryna garşy bolan söweşleriñ birinde (1234-1240) wepat bolupdyr. Şahyryñ yslam filosofiýasy, şerh we edebiýat boýunça ýazan kitaplarynyñ bardygy çak edilse-de, häzirlikçe edebiýaty öwreniş ylmyna "Kyssaýy-Ýusupdan" başgasy mälim däldir. ÇEŞME 1). "Gul Aly, Türkiýeden daşarky türki edebiýatlaryñ antologiýasy" ("Kul Ali, Türkiye Dışındaki Türk Edebiyatları Antolojisi"); 2). Aly Jin "Garyşyk dilli eserlerden Alynyñ "Ýusup we Züleýha hekaýaty" ("Karışık Dilli Eserlerden Ali’ni Yusuf ile Züleyha Hikayesi", Turkish Studies, tom 5/1, 2010; 3). Aly "Kyssaýy Ýusup" Türkmenistanyñ milli medeniýetiniñ "Miras" neşirýaty, Aşgabat-2005 ý; Çapa tayyarlan: Geldi Nazarow, Toýly Guzuçyýew, Atabaý Nazarow. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |