09:00 Alyýar molla | |
UNUDYLMAÝAN ADAMLAR
Taryhy şahslar
Oglan döwürlerimde: Alyýar, Alyýar, Dünýä senden galýar - diýen sanawajy garry enem Sadap Esenaly gyzyndan köp eşidipdim. Häzirki "Dehistan" daýhan birleşigi bilen Esenaly Orpa guýuçylygynyñ aralygynda, bir beýik çägäniñ gaýra tarapynda guýy bolup, ony Alyýaryñ guýusy diýip, atlandyrardylar. Alyýar molla 1870-1942-nji ýyllar aralygynda Etrek etrabynyñ Madaw obasynda ýaşap geçipdir. Ol sowady Eýranda alypdyr, bütin ömrüni haýyr işler bilen ötüripdir. Men 1992-nji ýylda Balkanabat şäherinde keselhanada ýatypdym. Bir gün şol ýerde ýaşy segsene ser uran Gylyçgurban Gökjäýewe duş geldim. Ikiñ başy jem bolsa, näme edilmeýän gürrüñ ýok. Mal-garadan, hal-ahwaldan başlanan söhbetdeşlik bu sapar öten-geçenlere baryp diredi. Şonda Gylyçgurban aga Alyýar molla bilen baglanyşykly wakany şeýle beýan etdi: - Otuzynjy ýyllaryñ aýaklarydy. Şol wagtlar biz "Gyzyl güýç" kolhozynda ýaşaýardyk. Ata-baba gelýän däp-dessurlaryñ, urp-adatlaryñ öñüne böwet goýlupdy. Aradan çykan bendeleri gündiz jynazasyz ýerläp, mollany gije ogryn äkidip, Maşat atada merhum üçin jynaza çykardylar. Günleriñ birinde çaga ýogaldy-da, Alyýar molla jynaza çykandan soñ, äkidip ýerlediler. Zandy hapa biri bu wakany gyzgyny bilen raýon merkezine ýetiripdir. Ýörite wekil ýollapdyrlar. Ol adamlary Orpa guýuçylygynyñ günbataryna üýşürdi. Alyýar agany orta geçirip, "Siz merhuma jynaza çykyp, döwletiñ garşysyna gabahat iş edipsiñiz. Bize halkyñ añyny zäherleýän dini däp-dessurlar gerek däl. Dagy-duwara şeýle iş etmejekdigiñ barada adamlaryñ öñünde söz ber" diýdi. Wekil: "Hany, ýokary tur-da, meniñ aýdanlarymy gaýtala" diýende weli, il-günüñ hormatlap ýören mollasy saklanyp bilmedi. Ol: "Men ýokary turup, kellämi ýalañaçlar ýaly, sud edilemok. Ýetmiş ýaşy arka atyp, durmuşyñ ajysynam datdym, süýjüsinem. Ýas düşegine gelsem, ölene jynaza çykypdym, mundan buýana hem çykaryn. Sen hem, ogul, bildigiñden galma. Siz ýalylardan ýaña il-gün öýünde arkaýyn oturyp bilenok. Utanyñ, haýa ediñ" diýdi. Wekil: "Men bu meseläni beýdip goýmaryn" diýip, ýola düşmek bilen boldy. Geñ galmaly ýeri, şol wakadan soñra adamlara: "Jynaza çykypsyñyz" diýip, azar beren bolmady... Maña şu ýazgyny taýýarlap ýörkäm, Alyýar mollanyñ gyzy Annabibi bilen gürrüñdeş bolmak miýesser etdi. Onuñ aýtmagyna görä, Alyýar molla bihal adam däl eken. Ol bir gün syrkawlaýar-da, töweregindäkilere et iýesiniñ gelýändigini duýdurýar. Aýaly: "Towuk öldüräýsek nädýär?" diýip soranda, ol: "Men ol janaweriñ etini sag mahalym hem iýemok ahyry. Gaýgy edip oturmañ, etiñ özi ýeter" diýip jogap gaýtarypdyr. Haýran galaýmaly, şol gün bir düýäniñ bili döwlüp, et, dogrudanam, köp bolýar. Molla aganyñ aradan çykjakdygy oña üç gün öñünden aýan bolupdyr. Indi kelam agyz söz Alyýar mollanyñ ogly 1911-nji ýylda doglup, 1989-njy ýylda ýogalan Mäti molla hakda. Urşuñ yz ýanlarydy, agyr, ýetde-gütde durmuş dowam edýärdi. Biziñ maşgalamyzda uly ýaşly erkek kişi bolmansoñ, malymyzy ýerläp, çörege öwrüp bilýän ýokdy. Biz üç dogan bolup atadan galanymyzda, ulymyz 7-8 ýaşlaryndady. Bir döwüm çörege zar bolup, sakgyç çeýnäp, aç ýatan gijelerimiz az bolmandy. Bir gün garry enem ikimiz elimiz bedreli karz däne gözlegine çykdyk. Elbetde, obada güni bitin, böwri hatar däneli öýlerem bardy. Biz şeýle öýleriñ ikisine bardyk, ýöne möhümimiz bitmedi. Orpanyñ gaýra başyndaky ak gamyşly öýüñ işiginden ätledik. Öýde egni ak köýnek-balakly, kyrk ýaşy alkymlaberen adam otyrdy. Ol bizi gadyrly garşylady. Enem habaryny berdi. Öý eýesi böwürdäki haltany görkezip: "Şunuñ içindäkileri paýlaşaýalyñ" diýdi. Şeýdip, 20-30 kilogram dänäni paýlaşdyk. Biziñ garyp maşgalamyza uly ýagşylyk eden şol ynsan Alyýar mollanyñ ogly Mäti mollady (ýatan ýeri ýagty bolsun!). Tüýs dana Magtymgulynyñ: "Ýagşylar tutmuş binany" diýeni. Adam ýagty dünýä gelýär, ömür sürýär, ýene topraga garylýar. Eger sen töweregiñdäkilere haýyr-yhsan paýlan bolsañ, ýogalanyña näçe ýyl ötse ötübersin, il-gün seni unutmaýar, häli-şindi ýagşylykda ýatlaýar. Ynsanyñ bahasy ~ ile bagly. Mämmetgurban GELDIGURBANOW, Etrek etraby. "Balkan" gazeti, 24.01.2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||