22:28 Alžirlileriñ taryha açylan gapysy: Şehitler meýdany | |
ALŽIRLILERIÑ TARYHA AÇYLAN GAPYSY: ŞEHITLER MEÝDANY
Taryhy ýerler
"Şehitler meýdanynyñ" ady "Ketşawe" metjidiniñ goragçylaryny oka tutan fransuz kolonialistleri bilen baglanyşdyrylýar. Alžirliler "Şehitler meýdanyna" zyýarat etmekden gaça durýar (Internet saýtlary). Millionlarça alžirli "Şehitler meýdanyny" paýtagtyñ belli ýeri hökmünde däl-de, Demirgazyk Afrika ýurdunyñ hakydasyndaky belli tapgyrlaryñ taryhy şaýady hökmünde görýär. Käbirleri paýtagt Alžirdäki "Şehitler meýdanynyñ" adynyñ 1962-nji ýylda fransuz kolonializmine garşy ýurduñ garaşsyzlygyna alyp baran azat-edijilik rewolýusiýasy wagtynda wepat bolan watançylardan gaýdýandygyny pikir edýär. Emma onuñ kyssasy fransuz ordalarynyñ ýurda giren 1830-nji ýyllaryna çenli uzaýar. Meýdanyñ ady onuñ dik garşysyndaky "Ketşawe" metjidi bilen baglanyşykly. Meýdan metjide bary-ýogy birnäçe metr daşlykda ýerleşýär. Şol wagtlar fransuz basybalyjylary metjidi buthana öwürmegi makul bilýär. Muny eşden dört müñ alžirli karary ýerine ýetirmek üçin edilýän ähli işleriñ öñüni almak üçin haýdan-haý metjide gelýär. Alžirlileriñ bu hereketi metjide basyş eden, protestçileri zor bilen daşlaşdyran we olary osmanly döwründe Maiz meýdany diýilýän ýere alyp baran fransuz güýçleriniñ gaharyny getirýär. Fransuzlar alžirlileri oka tutup başlaýar. Waka 1962-nji ýylda Alžiriñ garaşsyzlygyny alan wagtyna çenli taryh kitaplaryna we paýtagtlylaryñ hakydalaryna hemişelik ýazyldy. Garaşsyzlyk alynandan soñ alžirli ygtyýarlylar buthanadan haçlary aýryp, öñküsi ýaly metjide öwürdi we bu ýeriñ osmanly döwründäki adyny üýtgedip, Şehitler meýdany adyny berdi. Bu karary Alžiriñ öñki prezidenti Ahmet bin Belle çykardy we onuñ kyssasy nesillerden nesile geçip geldi. Hökümet meýdanynyñ ady bolsa, 1842-nji ýylda "Orlean gersogy" heýkeliniñ gurlandan soñky fransuz kolonalizmi bilen baglanyşykly. Alžirliler Şehitler meýdanyna zyýarat etmekden gaça dursa-da, töwerekde ýaşaýan dürli milletler uly gyzyklanma bildirip, meýdany iñ gelim-gidimli ýere öwürdi. Meşhur ýazyjy Alber Kamýunyñ "Keseki" romanynda aýdyşy ýaly, ýewropalylaryñ masgaralamagyndan çekinip, meýdana gyzyklanma bildirmekden gaça durýan halk bir gyrada durmak bilen çäklendi. Şehitler meýdany Osmanly Alžiriniñ paýtagty hökmünde tanalan Kasba oblastynda, deñiziñ garşysynda, Şarlmanyñ 1541-nji ýylda oblasty basyp alan wagtynda onuñ gämileriniñ zibil üýşmegine öwrülen ýerinde ýerleşýär. Günbatarynda Alžiriñ iñ uly we adybelli raýonlarynyñ biri bolan gür ilatly, XIX asyryñ ahyrynda gurlan "Bab El-Wad" raýony bar. Raýon fransuz kolonializmi döwründe Andalusdan gaçyp gelen jöhitleriñ ýaşaýan ýeri bolup, Ortaýer deñziniñ şäher gurluşynyñ düzümi ispan, malta, italýan, fransuz dillerini öz içine alýardy. Gündogar tarapynda Köne şäheriñ gapylaryndan biri bolan "Bab Azzun" raýony osmanly döwrüniñ we raýony gudan fransuz basybalyjylarynyñ janly şaýady bolup otyr. Şehitler meýdanynyñ gaýrasynda Kasba ýa-da Köneşäher ýa-da paýtagtlylaryñ atlandyrýan ady bilen aýdanymyzda Mahrusa şäheri ýaýylyp ýatyr. Şäher aýratynam osmanly döwründe begzada gatlagyñ we buržuaz maşgalalaryñ oturýan ýeri bolansoñ, köp sanly rowaýatlar, hekaýatlar, tymsallar bilen dilden düşmän gelýär. • Arheologik açyşlar Şehitler meýdany hakdaky hekaýatlar aýratynam sebitde gurulan metro liniýasynyñ basyrnyp ýatan syry ýüze çyjarmagyndan soñam gutararly däl. Arheologlar sebitoñ rim we osmanly döwürleriniñ arasyndaky iki müñ ýyllyk taryhyna şaýatlyk edýän binalaryñ we tapyndylaryñ üstünden bardygyça, meýdan jahankeşdeler üçin açyk muzeýe öwrüldi. Alžirli arheolog Kemal Sititi Şehitler meýdandaky taryhy ýerleri ilkinji bolup açan alym boldy. Ol bu barada şeýle diýdi: - Ynanar ýaly däl. Bir gezek göreniñizde iki müñ ýyllyk taryhy täzeden göz öñüñizde janlandyryp bilersiñiz. Sititi V asyra çenli uzaýan mozaikalardan ybarat meýdanyñ we VII asyrdan wizantiýa döwrüne degişli onlarça mazaryñ bolan uly gonamçylygyñ üstünden bardy. Şäherçe üç müñ kwadrat metr meýdanda ýaýylyp ýatyr. Meýdandan rim döwrüne degişli 385 metal pul we bir katapult topy bilen birlikde köpüsi zaýalanan taryhy eserlerdir tapyndylar hem alyndy. Kemal Sititiniñ pikiriçe fransuzlar 1831-nji ýylda Alžiri koloniýalaşdyrmaga başlanlarynda ploşady gurmak üçin ýykan osmanlylaryñ gurup giden "Seýýide" metjidiniñ käbir korpuslary gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda ýüze çykdy. Meýdan ýurduñ garaşsyzlygyny gazanan 1962-nji ýylyndan bäri Şehitler meýdany adyny göterýär. Aly ÝAHÝA. Sişenbe, 06.06.2023 ý. "Independent Arabia" internet gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |