08:54 Amangeldi Abdyrahmanow | |
"MEN SAGAT 12-ä gelerin"
Taryhy şahslar
Diñe bir dost-ýarlaryna, deñ-duşlaryna däl, iş babatynda-da, gündelik durmuşy gatnaşyklarda-da türkmene mahsus pespälligi, edep-terbiýesi, işjanlylygy bilen ile-güne özüni aldyryp bilýän adamlar bolýar. Şeýle adamlar dünýeden gaýdandan soñam olara bolan hormat-sylag, iñ esasy hem ýagşydan-ýagşy ýatlamalar ynsanlaryñ kalbynda hemişelik orun tutýar. INE, şeýle hormat bilen ýatlanýanlaryñ biri hem milisiýanyñ maýory, gysga ömründe egindeşlerine öz işiñe janyñ-teniñ bilen berilmegiñ, mertligiñ, edermenligiñ nusgasyny görkezen Amangeldi Abdyrahmanowdyr. ...Şol gün, ýagny 1990-njy ýylyñ 26-njy martynda Lebap welaýatynyñ Milisiýa müdirligine Moskwadan barlaga ýörite topar gelmelidi. Olary garşylamaga uçar menziline çykmaly ýolbaşçylaryñ sanawynda müdirligiñ 6-njy bölüminiñ başlygy Amangeldi Abdyrahmanowyñ hem ady bardy. Ýöne Türkmenabat şäherindäki abatlaýyş edarasynda howply jenaýatçylaryñ gizlenýändigini eşiden badyna Amangeldi uçar menziline çykmagy goýbolsun edip, myhmanlary garşylamagy öz işgärleriniñ birinw tabşyrdy. Ol Amangeldä: - Gitmegiñ gürrüñi ýok. Ýöne alysdan gelen myhmanlary özüñiz garşylasañyz has oñat bolmazmy?! - diýdi. Amangeldi oña: - Uçar menziline sen gitmeli. Sagat 12-ä çenli men dolanyp gelerin, onsoñ hemme zat ýerbe-ýer bolar - diýip, Lebap welaýatynyñ Milli howpsuzlyk gullugynyñ işgärleri bilen bilelikdäki ýörite topara ýolbaşçy bolup, howplt jenaýatçylaryñ gizlenýän ýerine ugradylar. Şol wagt sagat 11-di. Türkmenabadyñ abatlaýyş edara jaýynda gizlenýän howply jenaýatçylar hukuk goraýjylaryñ kanuny talaplaryna boýun egmän, garşylyk görkezmäge başlaýarlar. Jenaýatcylar bilen iş geçirmegiñ meýilnamasyny öñünden ilik-düwme işläp düzen milisiýanyñ maýory Amangeldi Abdyrahmanowdy. Şoña görä-de bu gezegem jenaýatçylaryñ ele düşjegi gutulgysyzdy. Hakykatdan hem şeýle boldy, ýokary derejede görlen taýýarlyk meýilnamasynyñ her bir işgäre birin-birin düşündirilmegi, garaşylan netijäni berdi. Çünki jenaýatçylaryñ gizlenen jaýyna ilkinji bolup gadam basanam Amangeldidi... Jenaýatçylar bilen gazaply çaknyşykdan soñ, azaplary ýerine düşen hukuk goraýjylaryñ ählisi sag-aman iş orunlaryna dolanyp geldiler, ýöne olaryñ arasynda "Men 12-ä çenli gelerin" diýip giden Amangeldi Abdyrahmanow ýokdy... Ol şol wagt bary-ýogy 40 ýaşyndady. Ömrüniñ gül açan, güýç-kuwwatynyñ, zehininiñ, ukybynyñ daş ýarýan wagty haramlygy ýaran edinen jenaýatçynyñ okunyñ pidasy bolan ýigidi bu gün bile işläb egindeşleri, dost-ýarlary, ildeşleri mähir bilen ýatlaýarlar. Gysga ömründe il-ýurduñ rahatlygy, asudalygy üçin janyny orta goýup, bitiren hyzmatlary üçin SSSR Içeri işler ministrliginiñ "Birkemsiz gullugy üçin" medalyna, şeýle hem Türkmenistanyñ Içeri işler ministrliginiñ "Göreldeli gullugy üçin" diýen döşe dakylýan nyşanyna, "Gyzyl ýyldyz" ordenine, ençeme gezek gymmat bahaly sylaglara mynasyp bolan, milisiýanyñ maýory Amangeldi Abdyrahmanowyñ ömrüniñ iñ soñky minutlaryny hem raýatlaryñ öý-ojagynyñ abadanlygyna, gündizleriñ we gijeleriñ parahatlygyna bagyşlandygynyñ özi-de edermenlikdir. Jaýyñ jennet bolsun, rahat ýatyñ, eziz kärdeşimiz! © "ASUDALYGYÑ GORAGYNDA" žurnaly, N"2, 2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |