08:25 Amerika doýsa uruş gutarar | |
AMERIKA DOÝSA URUŞ GUTARAR
Publisistika
ABŞ bu üstünlikleri bilen kanagatlandymy ýa göwni has köp zat isleýärmi? Pentagonyñ öñki geñeşçisi Duglas Makgregor 28-nji fewralda özünden alynan interwýuda şeýle diýdi: "Ukrainanyñ harby mehanizmi ýakyn wagtda çagşap biler, Zelenskiý iru-giç ABŞ-na gaçyp gider. Zelenskiniñ ahyrsoñunda Miamä gaçyp geljegini anyk bilýärin". Makgregor sözüne şulary goşdy: "Amerikan goşuny göz öñüne tutan maksatlaryna ýetýänçä soýuzdaşlaryna kömek we hemaýat edip, soñundanam olary duşmanlary bilen başa-baş goýmaga öwrenşiklidir. Owganystanda, Yrakda, Wýetnamda eden şeýle hereketimizi ýakyn wagtda-da Ukrainada etjegimizden gorkman duramok". Gürrüñsiz, bu uruş diñe şu iki sebäpden ötri şu wagta çenli dowam etdi: Russiýanyñ güýçlerini we ýaraglaryny doly ulanmaýandygy we Günbataryñ Ukraina berýän goldawynyñ hem-de ýarag üpjünçiliginiñ dowam etmegi. Putin ilkibada rus güýçleriniñ girişini "harby operasiýa" diýip atlandyrdy, şeýtmek bilen ol NATO guramasyna ol ýere girjek goşun güýçleriniñ çäklidigini duýdurmak isledi. Şeýle-de, dolandyryş merkezleri daşardaky rus goşun bölümlerine däl-de, köp derejede basyp alan dört oblastyndaky ukrainaly bölünişikçi güýçlere bil baglady. Muña garşylyklaýyn Ýewropa ýurtlary bilen ABŞ hem başyndan bäri ukrain goşun bölümlerine gerekli ýarag we logistik kömegini berjegine söz berdi. Şonuñ üçinem uruş bir ýyla çekdi we garaşylmadyk ýagdaýda ikinji ýylynda-da dowam edip dur. Garaşylmadyk ýagdaýda diýýäris, sebäbi Ukraina bilen Russiýanyñ harby mümkinçilikleriniñ arasynda rus güýçleriniñ peýdasyna uly tapawut bar. Eger Ukraina Günbataryñ goldawyny almaz ýaly edilen bolsa, onda şol dört oblastyñ okkupasiýasy Krym ýarymadasynyñ okkupasiýasyndan tapawutsyz ýagdaýda birnäçe günüñ ýa-da hepdäniñ dowamynda gutaryp bilerdi. Şindi sorag şu: Günbataryñ goldawy haçana çen dowam ederkä? Ýewropa ýarag ätiýaçlygyndan el ýuwup, Zelenskä bagyşlap bilermikä? Fransiýanyñ "Patriot" hereketiñ lideri Florian Filippot fransuz goşun bölümlerine ýaraga ýiti mätäçlik duýýan döwründe ýurdunyñ Ukraina edýän ýarag kömegine "tenteklik" diýip baha berdi. Filippot Twitter şahsy hasabynda şeýle setirleri ýazdy: "Zapas gorumyz gutaryp barýar... Emma biz yzyny üzmän ýarag we ok-däri serişdelerini ugradýarys! Geliñ, bular ýaly tenteklikden el çekeliñ!" Germaniýada bolsa, "Der Spiegel" gazeti geçen awgust aýynda Goranmak ministri Lambrehtiñ Ministrler Kabinetiniñ ýygnagynda agzap geçen şu sözüni okyjylaryna ýetirdi: "Goranmak ministri hökmünde nemes goşunynyñ berip biljek iñ soñky nokadyna ýetendigimizi boýun alýaryn". Harby zapas gorlary gutarýar. Ýewropa ýurtlary mundan artyk ýitgä we ýewropa ýaraglary bilen ok-däri serişdeleriniñ ruslaryñ eline geçme howpuna göz ýumup bilermi? Ukrain goşun bölümleri ýene bir ýyla çenli çydap bilermikä? Ukrain halky ýitgileri kynçylyklary günbe-günden artyp barýarka, goranyşyny dowam etdirip bilermikä? Ýewropa şeýle agyr tölege galmagyny dowam etdirip, ýene bir ýyl takat edip biljekmi? Ýewropanyñ iñ esasy ýurtlarynda kynçylyklar barha artýar, zawod-fabrikler işlemesini bes edýär, azyk ätiýaçlygy kemelýär, inflýasiýa we işsizlik artýar. Elbetde, rus goşun bölümlerinde-de ýitgi ýoksuz däl, emma rus halky gündelik durmuşyny öñküsi ýaly imisala ýagdaýda dowam etdirýär. Sanskiýalar Putiniñem, rus halkynyñam eline-aýagyna kakyp bilmedi, Putiniñ liderligine garşy çykyp döwlet agdarlyşygyny etmäge meýil etdiribem bilmedi. Hatda doly ters netije bilen liderlerine basyş eden ýewropa halklary boldy. Ukrainanyñ we Ýewropanyñ, hatda Russiýanyñam hasaplary ýalñyşdy. Putin NATO-nyñ Ukrainany goramak üçin bular ýaly bar güýjüni tijäp goşularyna garaşanokdy, hususanam Ukrainanyñ NATO agza ýurt däl ýagdaýyndaka. ABŞ-nyñ ähli hasaplary öz bähbidine görädi. Ol rus goşun bölümlerine ýitgi çekdirmäge mümkinçiliklerini barlap görmäge jan edişi ýaly, howpsuzlyk we energetika taýdan Ýewropanyñ özüne bolan garaşlylygyny artdyrasy geldi. Ol bu maksatlaryna ýetip bildi diýen ýaly. ABŞ göz öñünxe tutan maksadyna doly ýeten ýagdaýynda ýarag kömegini bes eder we ukrainalylary ölüm bilen başa-baş goýup gider, edil mundan öñ owganlara, yraklylara, wýetnamlylara edişi ýaly. Beýleki bir ýandan Russiýanyñ hakynaturma goşun birligi (Wagner) öñümizdäki günlerde Harkow ýaly uly şäherlerde rus goşunynyñ ýoluny arçamakda möhüm rol oýnaýar. Bu sistemanyñ dürli halklardan we türme tussaglaryndan ybarat hakynatutma güýçlere esaslanmagy rus goşunyndaky ýitgileri ep-esli derejede azaldýar. Işler gitdigiçe bulaşyp başlady. Tutuş dünýä bu müddetiñ uzamagyndan ýaramaz täsirini alýar. Dört ýandan atyşygy bes etmäge we düşünişmäge çagyryşlaryñ gürelýän howasynda Hytaý ýaraşyk teklip etdi, Zelenskiý bu teklipden ýüz dönderdi, emma Fransiýa yrza boldy we oturyp gepleşik geçirmegi üçin Zelenskä basyş etmäge başlady. ABŞ bu üstünlikleri bilen kanagatlandymy ýa göwni has köp zat isleýärmi? Sewsen ŞAIR. Duşenbe, 06.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |