13:22 Eýran başgalary-da urşa çekjek bolýar | |
EÝRAN BAŞGALARY-DA URŞA ÇEKJEK BOLÝAR
Publisistika
Režimiñ özüni halas etmek üçin eýranlylara garşy has berk gynama çärelerinini ulanmakdan ýa-da daşardan abanyp biläýjek howpy özüne çekmekden başga alajy galmady. Görlüşi ýaly halkara jemgyýetçiligi Eýran pyglyna, näme etjek bolýanyna doly düşünýär, şonuñ üçinem maksimum derejede sowukganly çemeleşýär we režimiñ bilkastlaýyn gurnaýan prowokasiýalaryny görmezlige salýar. Eýran režiminiñ halk köpçüliginiñ çykyşlaryny togtatmaga gönükdiren ähli synanşyklary paşmansoñ, elinde her gyssaga düşende esasan ýöredýän tradision pyrryldagyndan başga zat galmadyga meñzeýär. Ol pyrryldagam problema döretmek we başga ýurdy özüne uruş haýbatyny atmagy üçin prowokasirläp, daşarky howpy özüne çekmek. Eýran režiminiñ demonstratlary saklanmaga mejbur etmegi üçin galan ýeke-täk çykalgasy şunda. Emma onuñ bu hilesiniñem aýan bolandygy belli: hemmeler režime gözleýän bahanasyny bermänini, çözgüdi eýran halkynyñ öz ygtyýaryna goýanyny, görmezlige-bilmezlige salanyny gowy görýär! Eýran öz halkyny basyp ýatyrmagyñ hötdesinden gelip bilmedik ýagdaýynda, problemalaryny köplenç ýurduñ daşyna bulaşdyrmagy gowy görýär. Şu gezek ýüzlerçe demonstrata ölüm jezasyny bermek bilen bir hatarda ulanýan ähli gurallaryna we olary duşmançylykly ýurtlaryñ içalysy bolmakda aýyplaýandygyna garamazdan näme etjegini bilmän, çäresiz halda dur. Onuñ öñünde başga ýurdy urşa çekmekden başga çykalgasy ýok. Şonuñ üçinem elini Yrakdaky kürtlere uzatdy. Eýran sentabryñ ahyryna çenli Yragyñ Kürdüstan sebitindäki Erbil şäherinde 20 sany uçarmansyz bombalaýjy istrebitelleri we 70 sany raketa gönderdi. Şol hüjümlerde 13 yrakly wepat boldy, 70-den gowrak adam ýaralandy (Al-Arabiya). Yrakly kürtlere garşy prowokasiýasy aslynda şu sebitdäki amerikan howandarlygyna garşy prowokasiýadyr. Şol sanda Eýran ol ýerde Ysraýylyñ "Mossad" gullugyna degişli binalara hüjüm edendigini aýtdy. Emma demonstrasiýalaryñ başlan wagtyndan bäri iki aý geçdi we şondan bärem arakesmesiz dowam etdi. Protest halkasy Eýranyñ şäherlerine we welaýatlaryna ýaýrap başlady. Ygtyýarlylar eýranlylara garşy her dürli gynama çärelerini ulanyp gördüler, şonda-da demonstratlary basyp ýatyrmagy ýa-da togtatmagy başarmadylar. Şonuñ üçinem režim halkara jemgyýetçiligiñ ünsüni özüne cekmek we oña "eger men howp astynda bolsam, onda hemmeler meniñ bilen deñ howp astynda bolsun" diýen ýaly signallary bermek üçin prowokasiýalarynyñ gerimini giñeltmäge başlady. Hawa, bu zannyýaman režimiñ düşünişi şeýle. ABŞ-nyñ Deñiz güýçleriniñ 5-nji flotiliýasy beren beýanatynda (15.11.2022 ý) Ýemendäki husilere ugradylan, esasanam raketa ýangyjynda we partlaýjy maddalaryñ önümçiliginde ulanylýan 70 tonnadan gowrak ammoniýa hloratyny ele salandygyny mälim etdi. ABŞ-nyñ Deñiz güýçleriniñ Merkezi komandowaniýesiniñ (NAVCENT) 5-nji flotiliýasynyñ we Birleşen Deñiz güýçleriniñ serkerdesi wise-admiral Bred Kuper şeýle diýdi: - Ele salnan köp mukdardaky partlaýjy madda göwrümine görä ondan gowrak orta aralykly ballistik raketany ýangyç bilen üpjün etjek mukdarda. ABŞ Oman deñzinde "Pacific Zirkon" nebit tankerine edilen hüjümiñ uçarmansyz eýran bombalaýjysy tarapyndan amala aşyrylmagynyñ ähtimaldygyny aýtdy. ABŞ-nyñ Döwlet howpsuzlygy boýunça geñeşçisi Jeýk Salliwan "Elimizdäki bar bolan maglumatlara salgylanyp, Eýranyñ uly ähtimallykda howa enjamyny ulanyp, şeýle hüjümi gurnandygyny anyk bilýäris" diýdi. Nebit tankeri sişenbe agşamy Oman deñziniñ kenarynda bombalandy we tankere çaklañrak şikes ýetdi. ABŞ-nyñ Deñiz güýçleriniñ press-sekretary Tim Haukins "Al-Arabiýa" habarlar gullugyna beren beýanatynda "Abş Hormuz we Babyl-Mendeb bogazlarynyñ howpsuzlygyny goramaga kararlydyr" diýdi. Ol hyzmatdaşlar bilen maglumat alyş-berişiniñ ynam döredýändigini we gatnaşyklary güýçlendirýändiginiñem üstünde durup geçdi. 5-nji flotiliýanyñ press-sekretarynyñ düşündirişleri Döwlet howpsuzlygy boýunça geñeşçi Jeýk Salliwanyñ beren beýanatynda ABŞ-nyñ Eýrany şondan bir gün Omanyñ kenarlarynda nebit tankeriniñ üstüne hüjüm etmekde günäkärläp, aýyplamanyñ üstüni ýetirdi. Şol gün - 17-nji noýabrda iñlis kontrrazwedkasy Eýrandan gelen 10 potensial howpuñ üstüni açandygyny duýdurdy. Bu howplaryñ iñlisleri ýa-da Angliýada ýaşaýan migrantlary nyşana alan zorlukly adam alyp gaçyrmalary we jana kast etmeleri gurşap alýandygy nygtaldy. "MI5"-iñ direktory Ken Makkallum bu etsem-petsemleri Angliýanyñ ýüzbe-ýüz bolýan howp-hatarlary barada ýyllyk hasabatynda belläp geçdi. 18-nji noýabrda Halkara Atom energiýasy gullugy Eýrany urany baýlaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerini togtatmagy, bu boýunça üç bina hakda maglumat bermegi we gullugyñ işgärleriniñ şol binalara girmegine rugsat bermek üçin edilen ähli synanşyklaryñ şowsuzlyga uçramagynyñ yzyndan ýadro boýunça açylan iş bukjasyny Howpsuzlyk Geñeşine geçirmeginiñ mümkindigini duýdurypdy. Eýranlylaryñ protest demonstrasiýalary Kumdaky basseýne, Homeýniniñ öýüne, Tährana, "Besic" milisiýa otrýadlarynyñ karargählerine çenli baryp ýetdi. Eýranlylar dini, syýasy, harby awtoritarizme garşy aýaga galdylar. Režimiñ özüni halas etmek üçin eýranlylara garşy has berk gynama çärelerinii ulanmakdan ýa-da daşardan abanyp biläýjek howpy özüne çekmekden başga alajy galmady. Her ikisi-de ony göni gelen ajalyndan aman sypdyrmasa gerek. Sewsen ŞAIR. Penşenbe, 21.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |