15:45 Täze mediýa: Göze görünmeýän esgerler | |
TÄZE MEDIÝA: GÖZE GÖRÜNMEÝÄN ESGERLER
Publisistika
Hemmämiz dymmaly we öñ hiç ýerde görmedik esgerlerimize telpek goýmaly. Fotosurat: Hosam Salem / "Al Jazeera" Dünýä jemgyýetçiliginiñ palestinalylaryñ we palestin dawasynyñ peýdasyna özgerýändigi hem-de uly güýçleriñ liderleriniñ üstünde basyş etmäge başlandygy baradaky aýdylýanlara goşulýaryn. Emma bärde "Hamasyñ" ýolbaşçylarynyñ kabul etmeýän zady bar - olam palestin halkynyñ dawasyna dahylly bu täze garaýyşda we nukdaýnazarda "Hamasyñ" jinnek ýalam paýynyñ ýoklugydyr. Gaýtam tersine, munda Netanýahunyñ we onuñ hökümetiniñ wagşyýanalygynyñ paýy bar. Dünýä jemgyýetçiligindäki üýtgeşme 7-nji oktýabrdan soñ däl-de, 27-nji oktýabrdan, ýagny Gazäniñ okkupirlenmeginden we ysraýyl goşunynyñ amala aşyran gandöküşliginden soñ başlady. Aradan geçen onlarça ýylyñ dowamynda Ysraýyly goldaýan, emma tötänden diñe Ysraýyly däl, Ysraýylyñ günbatarly ýaranlaryny-da şok edip taşlajak ýagdaýda başga ugra gönügen günbatar halklarynyñ bu pozisiýasyndaky dramatiki üýtgeşmäni hiç kimse görmezlige salyp bilmez. Ysraýyl we onuñ ýaranlary özlerini palestin halkyna berilýän bu hakyky ýardam siliniñ öñünde durup bilmejek ýagdaýda gördüler. Ýokary okuw jaýlarynda, metbugat ýygnanyşyklarynda, köçelerde, her meýdanda Azat Palestina üçin ýazgyly bannerleri göterýän we okkupasiýanyñ soñlanmagyny talap edýän müñlerçe adam bar. Hiç kimse bu öwrülişikde "Hamasyñ" paýy bardyr öýtmesin. Tersine, mesele "Hamasyñ" 7-nni oktýabrda formulirlän sahnasy bilen çäklenip galan bolsady, palestinalylara garşy global halkara nägilelik dörärdi. Emma Allatagala ekstremistik ysraýyl hökümetiniñ akmaklygynyñ sahnada agalyk sürmegini isledi we zalymlaryñ wagşyýanalygyny bütin dünýäniñ gözüne görkezip goýdy. Hamana, bialaç we ejir çekýän "ysraýylly gurban" toslamasyny ýalana çykardy we ýagdaýlarynyñ düýbünden başga hilidigini görkezdi. Açarlary Günbatarly güýçleriñ elinde bolan, onlarça ýyllap we nesiller boýy hakykatlaryñ akymyna böwet bolýan ähli tradision päsgelçiliklere we barýerlere garamazdan, hakykatlar daşaryk syzdy. Bärde sorag şu: Bu onlarça ýyl bäri Ysraýyly gorap gelýän ýumşak güýçleri ýeñme abraýy kime nesip etdi? Hakykatlar nädip bir demde orta çykyp, Günbatar jemgyýetçiligini şekillendirýän ýumşak güýçleriñ ähli päsgelçiliklerini aşdy we bu gezek nädip hakykatlaryñ öñüne bent basyp bilmediler? Mediýanyñ aýagaldygyna hödürleýän trafaret "ysraýylly gurban we palestinaly (terrorçy)" fotokartinasynyñ üýtgemeginde kimiñ paýy bar? Elbetde, arap mediýasynyñ paýy ýok. "Hamasyñ" we onuñ baş goşan howp-hatarlarynyñ asla-da paýy ýok. Munda paýy barlar üstünde telekanallaryñ logolarynyñ bolan mikrofonlaryny götermeýän adamlardyr. Ýüzleri tanyş uruş korrespondentleriniñem, urşujylaryñam, eline ýarag alanlaryñam munda paýy ýok. Eýse asyl paý eýeleri we absolýut gahrymanlar kim? Mediýanyñ tanamaýan adamlary... Telefonlary bilen dowzahyñ içinden göni efire çykyp bilenler. Dünýäniñ bolýan partlamalary şol pursatda görmegini, jesetleriñ pytrap ýatan ýerinden nädip çykarylýandygyny, jeset bölekleriniñ nädip çöplenýändigini we haltalara gapgarylýandygyny görmekleri üçin birinji elden ýaýlyma çykýan ýaş oglanlar, gyzlar, çagalar. Çagalar aglap, aýallar dady-perýat edip, hassahanalar bombalanyp durka göni efirden gepleşik berip bilenler. Bularyñ barsy göni efirde bolup geçdi, bombalar atyldy we ölümiñ ysy köpüsiniñ adynam bilmeýän adamlarymyzyñ telefonlarynyñ Gazadan beren janly sahnalaryny açyp, telefonlaryndan tomaşa eden hemmeleriñ gözüne dürtüldi. Has soñra ýaýlyma berlen we ekranda iki penjiräniñ görlen wideolarynda Günbataryñ aljyraññylygyna şaýat bolduk. Bularyñ birinjisinde ölüm sahnalary, ikinjisinde bolsa bigünä adamlaryñ ölümine nebsi agyryp aglaýan günbatarlylar bardy. Hakykaty dokumental filmlere düşürenler biziñ hekaýamyzyñ baş gahrymanlarydy. Ýagny, ysraýyl goşunynyñ hakyky wagşyýanalygyny bütin dünýäniñ dykgatyna ýetirenler zamanamyzyñ hakyky ýyldyzlarydyr. Palestin halkynyñ bular ýaly güýçli we täsirli goldaw almagyny üpjün eden ýaşlar, haýyr-sahawat guramalarynyñ işgärleri we çagalardyr. Bu üýtgeşme tanymal aktýorlardan sportsmenlere we millionlarça adamyñ yzarlaýan wirtual hasap eýelerine çenli birnäçe täsirli adamu bu kerwene goşulmaga mejbur etdi. Bu kerwene goşulmaýanlary halklar sistematiki däl ýagdaýda boýkot etdiler. Palestin halkynyñ dawasy nädip beýle güýç gazandy? Hemmämiz dymmaly we öñ hiç ýerde görmedik esgerlerimize telpek goýmaly. Bi geljegiñ arap mediýasydyr. Tanymal şahsyñ, belli bir wideokameranyñ ýa-da logonyñ ýerine, kimdigi belli däl adamlar tarapyndan göni efirde berilen wideogörnüşler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys we bularyñ bir bölegini hut ýazgy edýäniñ özi Hakyñ rahmetine gowuşmazynyñ öñüsyrasynda efire goýberýär. Bütin bularyñ barsy bir ýandan-a Netanýahunyñ we onuñ ekstremistik hökümetiniñ wagşyýanalygy, beýleki bir ýandanam hadysalary dykgatymyza ýetiren atsyz-sorsyz gahrymanlar arkaly amala aşdy. Dünýä ysraýyl basybalyjylygynyñ hakyky ýüzüni şeýdip gördi. Şonuñ üçinem "Hamas" geplemesin we glpbal goldawdan özüne paý çykarjak bolmasyn. Sewsen ŞAIR. Ýekşenbe, 23.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |