21:24 Amerikan din täjirleri: Mormonlar | |
AMERIKAN DIN TÄJIRLERI: MORMONLAR
Publisistika
(makaladan bölek) Ýuta ştaty ABŞ-da mormonlaryñ öýjügi. Mormon buthanasy, ýagny hakyky ady bilen "Isa Mesihiñ soñky gün apostollarynyñ buthanasy" ("Церкви Иисуса Христа Святых Последних Дней") sektasy aslynda täze din. Mormon ynanjynyñ orta çykyş hekaýaty şeýleräk: XIX asyryñ ýigriminji ýyllarynyñ başynda Jozef Smit diýen adam Moroni atly perişde bilen gepleşmäge başlanmyş. Jozef Moroniniñ salgy beren depesinde gömülgi daş gutynyñ içinden ýüzünde müsür ieroglifleri bilen ýazylan ýazgylaryñ bolan altyn waraklary tapanmyş. Ol bulary ýene-de Moroniniñ kömegi bilen terjime edenmiş. Soñ ol 1830-njy ýylda "Mormon" kitabyny çap etdirýär. Bu kitap Hudaýyñ iñ soñky habarymyş, Jozef Smitem iñ soñky pygamberi... Mormonlaryñ amerikan ýaşaýyş-durmuş formasyna we medeniýetine gabat gelmeýän iñ çapraz ynançlarynyñ birem köp aýallylykdyr. Jozef Smit we ilkinji mormonlar hem şeýle ynançda ýaşaýarlar we köp aýally durmuşda ömür sürýärler. Emma 1890-njy ýylda ABŞ-nyñ federal hökümeti köp aýallylygy gadagan edýär. Mormon buthanasy-da öz gezeginde manifest bilen çykyş edip, öz agzalaryndan kanunlara garşy gidip birden köp aýal almazlygy talap edýär. Şeýdibem mormonlar köp aýallylykdan el çekmeli bolýarlar. Gelnen karar käbir radikal mormonlaryñ gaharyny getirýär, olar muny dogry ýoldan gyşarma hökmünde görýärler. Şeýdibem buthanadan bölünişikler bolup geçýär. Şol aýrylan toparlaryñ iñ radikallaryndan birem 1929-njy ýylyñ uly depressiýa döwründe Leýk Sitide gurlan "The Order" ("Düzgün") ýa-da özlerine beren atlary boýunça: "Davis County Cooperative Society"-dir. Jemagatyñ gurujysy ýa-da öz aýdyşlaryndan pygamberi Elden Kingstondyr. Ol Jozef Smitiñ hem geljegini buşlap giden "Hudaýyñ hasasyny elinde tutan", "Hudaýyñ öýüni täzeden tertipleşdirjek" saýlanan kişidigini öñe sürüpdir. Ol hem her mormon "pygamberi" ýaly özüniñ Isa pygamberiñ (a.s) neberesinden gelýändigini aýdýar. Poligamiýa (köp aýallylyk) gadagançylygy bilen goduklan "Hudaýyñ patyşalygyny" täzeden gurmak üçin eýerijileri bilen birlikde mal-mülklerini satypdyrlar we ilkinji mormonlar ýaly çaklañja kommuna durmuşynda ýaşamak üçin Salt Leýk Sitiniñ demirgazygynda çadyrdan gurlan posýolokda ýerleşipdirler. Hemmeler mawy eşik geýipdir. Ähli nikalar jemagatyñ öz içinde gyýlypdyr, hemmeler diñe jemagatyñ haýryna işläpdir, ähli gerek-ýarak zatlary-da jemagat üpjün edipdir. Ähl8 girdejilerem buthananyñ gaznasyna giripdir. Bu puritan we selefi mormon durmuşy 1948-nji ýylda Eldeniñ aradan çykyp, ýerine onuñ dogany Ortell Kingstonyñ geçmegi bilen üýtgäp başlapdyr. Ortell Kingston Hudaýyñ saýlama gullary bolan jemagat agzalarynyñ peýdasy üçin "kapyr döwleti" aldawa salmaga idin berýär. "Janawary ganatmak" diýlen, biziñ dilimizde aýdylanda "doñuzdan bir tüý ýolsañam peýda" diýip boljak fetwa arkaly resmi däl ýagdaýdaky köp ärli jemagat agzasy aýallar äri bolmadyk çagaly aýallara berilýän sosial kömeklerden, iýip-içgilerinden çilmäge başlaýarlar, jemagat agzalary söwda işlerinde düşewüntlerini gizläp, salgytdan boýun towlaýarlar. Jemagatyñ ýapyk gurluşyny goramak üçin jemagat agzalary bank hasaplaryny açmandyr, gyssagly we zerur ýagdaý ýýze çykmasa dogluş hakyndaky şahadatnamalaryny görkezmezlik üçin lukmana görünmeýärler, çagalar jemagatyñ garamagyndaky mekdeplerde okaýar, öz aralarynda dörän meseleleri polisiýa ýa-da sud edaralaryna ýüz tutmazdan çözýärler. Jemagatyñ ähli agzalary ýaşyndan garrysyna çenli diñe jemagatyñ öz edara-kärhanalarynda işleýär. Hemmelere munuñ üçin pul deregne kuponlar berilýär, gerek-ýarak zatlaryñ barsyny jemagatyñ öz kärhanalary üpjün edýär. Daşardaky adamlar bilen işleşilmeýär, hatda kesekiler bilen kän gürleşilmeýärem. On alty ýaşyna ýeten jemagat agzalary maşgala gurmaga başlaýar. Maşgala jemagatyñ öz içinde gurulýar. Çykan, doganoglan, ýegen ýa-da öweý doganyñ bilen nikalaşmak mümkin. Ýakob Kingston hem 1976-njy ýylda Garry atasynyñ guran "The Order" diýip tanalýan bu ýapyk reaksioner mormon jemagatynyñ içinde ulaldy. Onuñ ýigrimi sany aýaly, san-sajaksyz çagasy bolan agasy Paul Kingston jemagatyñ lideri, ýagny pygamberi. On dört aýaly, 120 çagasy bolan kakasy bolsa, jemagatyñ ikinji belgili adamydyr. Gelip çykyşy boýunça añyrsy Isa pygambere birikýän maşgalanyñ agzasy bolan Ýakob hem jemagatyñ ýolbaşçylygyna täze talaşgärlerden biridir. Ol jemagat agzalaryndan ep-esli az bolan üç aýalynyñ birinjisini 15-16 ýaşlarynda özi bilen deñ-duş jemagat agzasy bir gyza öýlenipdi. On müñlerçe agzasy bolan "The Order" jemagaty togsanynjy ýyllarda ykdysady taýdan ösýär, gerimi giñeýär. Jemagat kömür käni, emläk şereketi, zir-zibilleri ýok edýän kärhanasy, gamburg satyjylary, karawan parklary, Ýutada we beýleki ştatlarda köp sanly bikanun mülkleri bolan 150 million dollarlyk uly kompaniýa öwrülýär. Jemagatyñ ady ýygy-ýygydan kämillik ýaşyna ýetmedikleri nikalaşdyrmakda, maşgala arasyndaky oñşuksyzlyklarda, köp aýallyk dawalarynda we beýleki habarlarda geçip başlaýar. Ýakobyñ kakasy Daniel zor bilen agasyna durmuşa çykartmaga synanşan 16 ýaşyndaky gyzlaryndan biri toýdan gaçanda, ony huşundan gidýänçä urandygy üçin biraz wagt türmede ýatyp çykypdy. Ýakob Kingston bolsa gowy bilim alypdyr. Ol Ýuta uniwersitetinde inženerçilik ugrundan okaýar, maşyn we himiýa inženerligi ugrundan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Onuñ dogany Isaiah hem ykdysadyýet ugrundan okaýar. Iki dogan 2006-njy ýylda jemagatyñ puly bilen Salt Leýk Sitide bir dagyñ eteginde otly ýolunyñ ugrunda biodizel öndürýän uly kärhana gurýarlar: "Washakie Renewable Energy". Kärhananyñ gurluşygyna "Hudaýyñ razylygy" üçin jemagat agzalary hak-heşdeksiz işläpdir. Ýakobyñ ejesidir aýallary-da kärhananyñ şärikdeşleriniñ arasyndadyr. Biodizel bilen gyzyklanmaklarynyñ sebäbem tebigatyñ aladady däldi, elbetde. 2005-nji ýylda täzeläp boljak energiýany ösdürmäge höweslendirmek maksady bilen ABŞ-nyñ Kongresinde tebigaty goramak baradaky kanun kabul edilipdi. Bu kanuna laýyklykda zir-zibilleri biodizel ýangyjyna öwürenlere ABŞ-nyñ Gazna ministrligi edýän işleri üçin her galon (2,5 litr) üçin iki dollar berýärdi. Kingstonlar Ýuta ştatynyñ bar ýerinde bildirişler asyp, howlulardan zir-zibil galyndylaryny, ulanylan iýmit ýaglaryny toplap biodizel ýangyjyna öwürýändiklerini mälim edýärler. Eýýäm 2011-nji ýyla gelinende "Washakie Renewable Energy" ABŞ-nyñ günbatar sebitiniñ iñ uly biodizel öndüriji kärhanasy bolýar. Amerikan gazetlerinde Kingstonlaryñ we olaryñ ýöredýän kärhanasynyñ yzly-yzyna fotosuratlary çykyp ugraýar. Kärhananyñ gerimi giñänsoñ, jemagat düzgünleriniñem daşyna çykyp ugraýar. "Utah Jazz"-a, düşürilýän kinofilmlere sponsorlyk edýär, syýasatçylara pul eçilip başlaýar. Ilki haçan süýde suw garyp başlanlary näbelli. Emma bu galplygy töwerekleýin we ussatlarça edip başlan wagtlarynyñ başy 2011-nji ýyldan gaýdýar. Ýakob Kingston 2011-nji ýylda Las-Wegasda geçen bir kongresde özleri ýaly biodizel öndürýän biri bilen tanyşýar: Lewon Termenjiýan. On dört ýaşyndaka maşgalasy bilen bile Ermenistandan Los-Anželese göçen Termenjiýanyñ maşgalasyna degişli gaz beketleri, uly ýük awtoulag duralgalary, özüne degişli "Noil Energy" atly biodizel şereketi bar. Emma bu legal işleriniñ daşyndan “godfather” ýaly geýinýän, eli ýaragly adamlary bilen gezýän Termenjiýan Kaliforniýa ştatynyñ ýakasy gaýyşly mafiýalarynyñ biridir. Ýapyk jemagatda doglup, ulalan Kingston doganlar ýanlarynda ýokary wezipeli işgärler we polisiýa işgärleri bilen gepleşip, olara para-peşgeş berýän, has soñra aýyplawnamada "saýawan" diýip atlandyrylan döwlet janpenasy bolan Termenjiýanyñ aragatnaşyk saklaýan adamlaryndan we ygtyýarlyklaryndan täsirlenýärler. Kingstonlaryñ "Washakie Renewable Energy" şereketi bilen Termenjiýanyñ "Noil Energy Group" şereketiniñ gatnaşmagynda bir topar döredilýär. Munuñ üçin 2012-2013-nji ýyllarda Panamada, Hindistanda we käbir offşore adalarynda parawan şereketler açyldy. ABŞ-nyñ Gaznasyny aldap çilmek üçin gurulan mehanizm şeýle işleýär: Kaliforniýa, Tehas ştatlaryndan Hindistana, Panama biodizel ýangyjy ugradylýar. Ýangyç ol ýerdäki parawan şereketler tarapyndan alynýar, soñra ol ýerden ýene gämä ýüklenip Kaliforniýa we Tehas ştatlarynyñ portlaryna ugradylanda, ýangyç gümrükden çig mal ýa-da biodizel önümçiliginde ulanylýan ösümlik we iýmit ýaglary hökmünde geçirilýär. Çig mal Ýutadaky Kingstonlaryñ gaýtadan işleýän zawodyna äkidilýär, hamana ol ýerde bu çig mal gaýtadan işlenip, biodizele öwrülen ýaly görkezilýär. Şeýdibem ABŞ-nyñ Gaznasyndan her galona berilýän puldan alynýar. Eýýäm birnäçe ýyl bäri şu aralykda şol bir 15 million galon biodizel Panama-Hindistan-ABŞ aralygynda aýlandyrylyp ýör. Diñe şu 15 million galon bilen birnäçe ýylda ABŞ-nyñ Gaznasyndan 250 million dollar alyndy. Hatda köplenç ortada görnüp duran ýangyjam ýok, hemme zat kagyz ýüzünde ýöredilýär. Bolany. Has soñra jogapkärçilige çekilen sud prosesinde diñe 2013-2018-nji ýyllarda şeýle ýol arkaly ABŞ-nyñ Gaznasyndan 511 million dollar alandyklary anyklandy. Emma bu fakt galphorlygyñ diñe ýekejesi. Gurulan parawan şereketler bilen Panama- Hindistan-ABŞ aralygynra ABŞ-nyñ Gaznasyny aldap gazanylan pulam kanunylaşdyrmasañ bolmaýar. Şonuñ üçinem olar edip bolaýjak ähli emellere ýüz urýarlar. Ýakob Kingston Termenjiýana doglan gününde 1.7 million dollarlyk "Bugatti Veyron" alýar, Termenjiýanam onuñ bu hormat-sylagyny boş goýmaýar, ol Kingstona 7 million dollarlyk "Lamborghini" awtoulagyny sowgat edýär. Soñra Kingston Termenjiýana Manhetten plýažynda 3.5 dollara deñize açyk willa satyn alýar, Termenjiýanam Kingstona Salt Leýk Sitide 3.2 million dollarlyk mülk... Emma kanunylaşdyrmaly pul ummasyz. ABŞ-nyñ Gaznasynyñ gözüne çöp atyp, puly ABŞ-da aýlamagam akla sygjak zat däl. Ýyldyraý OGUR. "KARAR" gazeti, 19.06.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |