03:06 Annamyrat Myradowyñ döredijilik ýoly barada söhbet | |
TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN ARTISTI ANNAMYRAT MYRADOWYŇ DÖREDIJILIK ÝOLY BARADA SÖHBET
Teatr we kino sungaty
Sungat — ynsan köňüllerine syýahat. Ol syýahatyň dowamynda biz ruhumyzy şirinden-şirin söhbetlerden, gözelliklerden gandyrmak mümkinçiligne eýe bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys” diýen sözlerinden ruhlanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ýollarda öçmejek yz galdyran ussatlaryň döredijiligine täzeden nazar aýlap, olary hatyralamak ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan adamlaryň geçen ýollarynyň, döredijilik mekdebiniň nesilleriň aňynda ebedi galmagy üçin giň mümkinçilikleri berýär. Şeýle sungat ussatlarynyň biri-de sahnanyň, «mawy ekranyň» üsti bilen tomaşaçylarymyzyň ýüreklerine aralaşyp, kalplardan hemişelik orun alan zehinli artist Annamyrat Myradowdyr. Annamyrat Myradow 1950-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dünýä inýär. Ol okuwçy döwürleri mekdeplerde geçirilýän medeni çärelerde dürli sahnalarda çykyş edip, özüniň artistlik ukybyny ýüze çykarýar. Ol sähel boş wagt tapsa, özi üçin iň bir arzyly bina — Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatryna tarap ýola düşäýer ekeni. “Şol döwürler bu teatrda goýlan sahnalaryň ählisine tomaşa edendigim barada-ha söz ýok welin, şolaryň hersini gaýta görenimiň sanam eslije bolandyr” diýip, Annamyrat aga soň-soňlaram ýatlar eken. “Bir sapar dramaturg Taňryguly Taganowyň “Kökenli ýüzük” dramasy sahnalaşdyryldy. Bu ýazyjynyň eserleriniň gahrymanlarynyň köpüsini kitaplaryň üsti bilen öňdenem ýakyndan tananlygymdandyr-da, spektaklyň ilkinji görkezilişine günümi sanap garaşdym. Oýnuň täsi riki tapdan alan lezzetimden kem bolmady. Men şol duýgularymy artistler bilen paýlaşasym, pikir alşasym gelýärdi. Ýöne, hany, olaryň ýanyna baryp bolaýýarmy?” diýip, ussat ýaşlyk arzuwlarynyň galan ýyllaryny süýjülik bilen ýatlardy. Hawa, sungat turuwbaşdan ýüreginde ymykly orun alan Annamyrat spektakllara tomaşa etdigiçe, özüniňem artistlik dünýäsine tarap kem-kem golaýlaýandygy baradaky ynam ýüreginde berkeýär. Soňlugy bilen ol teatryň artistleriniň atlaryny, haýsynyň haýsy spektaklda haýsy keşplerde çykyş edýändigini ýatdan aýdyp oturan, hakyky teatr synçysyna öwrülýär. Hatda artistleriň keşp janlandyryşy, režissýoryň oýunlary goýşy bilen baglanyşykly öz pikirlerini aýtmagy başarmak derejesine çenli ýetip barýan ýaş oglanda Atamyrat Täjowyň “Temen haltada ýatmaz” atly gülküli oýnunda Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Hümmedowyň janlandyran Godalagy onda jadylaýjy täsir galdyrýar. Ol Godalagyň spektaklda aýdýan aýdymyny ýüzugra öwrenýär. Soň-soňlar ol aýdymy deň-duşlaryna-da aýdyp berer ekeni. Teatry özüniň köňül mekanyna öwren Annamyrat mekdebi tamamlap, geljekki ýoluň çatrygynda durka, uzak pikirlenjegem bolmaýar. Ulularyň beren maslahatlaram onuň ýürek arzuwy bilen kybap gelensoň, ol ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky Teatr studiýasyna okuwa girýär. Bu ýerde Aman Gulmämmedow, Aman Gurbandurdyýew ýaly ussatlardan tälim alýar. Halypalar Annamyradyň uly başarnygyna göz ýetirip, teatrda işe galmagy maslahat berýärler. Şeýlelikde, ussatlaryň ynamyndan ganat edinen ýaş ýigidiň arzuwlary hakykata öwrülip, uly sahnada işe başlaýar. Uly teatrda ussatlaryň arasynda ädilen ilkinji ädimler ony aljyradaýjak ýalydy. Ýöne artisti ýene-de sungatyň özi, has takygy, sungata bolan söýgüsi halas edýär. Onuň yhlasyny, sahna, sungata bolan söýgüsini, janypkeşligini gören ussatlar ýerli-ýerden goldaýarlar. Şeýlelikde, her biri uly bir dünýä bolan Aman Gulmämmedow, Ata Durdyýew, Sabyr Ataýewa, Bazar Amanow, Sona Myradowa, Nurjemal Söýünowa, Muhammet Çerkezow, Aman Gurbandurdyýew ýaly ussatlar bilen bir gapydan girip-çykyp, döredijilik atly hupbatly hem gyzykly ýoly egin-egne berip külterläp ugramagy onuň üçin ägirt uly durmuş mekdebi bolýar. Şeýdip onuň gatnaşan spektakllarynyň sanawy uzalýar gidiberýär. “Bakylygyň binýady”, “Soltan Söýün we Myraly”, “Nejeboglan” ýaly onlarça spektaklda döreden keşpleri oňa, bir tarapdan, halypalaryň doly ynamyny peşgeş berse, ýene bir tarapdan, özüniň ynamyny-da kemsiz berkidýär. Iň esasy hem, ol döreden ululy-kiçili keşpleriniň üsti bilen tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Artistlik kärine köňül beren Annamyrat Myradowyň şowly çykyş eden spektaklynyň biri-de dramaturg G.Muhtarowyň “Agtyklam bolsa öýlenjek” atly komediýasynda Şalynyň keşbidir. Bu gülküli oýunda Annamyrat Myradow alçak, şadyýan Şalynyň häsiýetini döredýär. Şular ýaly keşpler ony tomaşaçylara wäşi artist hökmünde tanatsa, ýapon halkynyň durmuşyndan söz açýan “Bu gaýtalanmaly däl” dramasyndaky lukman ýigit Jemsiň keşbi onuň zehininiň köp taraplylygyny äşgär edýär. Bu keşbi oňa uly üstünlik getirýär. Çyn zehin adatça köp taraplaýyn bolýar. Onuň öz kärine, saýlap alan ýoluna söýgüsi täze-täze ýollary, mümkinçilikleri açýar. Bu ýagdaý Annamyrat Myradowdan hem sowa geçmeýär. Tiz wagtda onuň her bir keşbi özboluşlylyk bilen janlandyryşy Türkmen telewideniýesiniň Edebi-drama gepleşikleri redaksiýasynyň režissýorlarynyň nazaryna ilýär. Telewideniýäniň baýry režissýorlary Hommat Kakajanow, Gurbannazar Atakgaýew, Juma Ýazmyradow, Orazdurdy Hojaýew oňa telespektakllarda keşp janlandyrmagy teklip edýärler. Annamyrat Myradow bu ýerde Annam brigat, Poşalak, Emenek, ussa Hajy... ýaly wäşi gahrymanlar bilen dürli sahnalarda çykyş edip ugraýar. Onuň teleýaýlym arkaly tomaşaçylara hödürlenen spektakllaryň içinde iň şowly çykan keşbi-de dramaturg Baýram Gurbanowyň Kerim Gurbannepesowyň “Ata we ogul” poemasy esasynda ýazan adybir telespektaklyndaky baş gahryman Eseniň keşbidir. Sahna — jadyly dünýä. Ony özüňe ykbal edip saý la saň, sahnada seni özünde hemişelik saklaýar. Soňky gezek sahna çykaly bäri ençeme ýyl geçendigine garamazdan, onuň ady tutulanda, göýä dek düýn oýun oýnap giden ýaly, ençeme gahrymanyň atlary agzalyp çykylar. Kärdeşleri onuň ussatlygyny, janypkeşligini dilden düşürenoklar. Hatda biz talyp döwürlerimizem, soň-soňlar sahnada keşp döredenimizde-de, halypalar hälimi-şindi Annamyrat Myradowyň adyny nusga hökmünde ýygy-ýygydan mysal getirerdiler. Artist Aman Kömekow ol hakda şeýle diýýärdi: “Adatça režissýor her artisti synlap, zehinini, başarnygyny terezä salyp görýär. Şolaryň arasynda-da käbirini öz döredijiligine kyn görýär. Annamyrat Myradow bilen işleşmek gaty ýeňildi. Ol taýýarlaýan keşbini has baýlaşdyrmaga, çuňlaşdyrmaga çalyşýardy. Bir zat tabşyrsaň, ýarym sözde düşünip, ony baýlaşdyryp ugrar. Onuň döredijilik, artistlik çygry giňdi. Şonuň üçinem ol dürli hili keşpleri döretdi, tejribede toplady”. Annamyrat Myradowyň soňky janlandyran keşpleriniň biri — özbek dramaturgy Ş.Başbekowyň Demir aýalyndaky” baş gahryman Goçgaryň keşbi bolupdy. Bu keşbinde ol gülki bilen hasraty “bir gazanda gaýnatmagy” ussatlyk bilen başarypdy. Tomaşaçy onuň hereketlerini synlap, bir-de gyzyl-gyran gülşüp oturan bolsa, sähel wagtdanam jany-teni bilen gynanyp, gözüniň ýaşyny süpürip oturandyr. Goçgaryň keşbi Annamyradyň döredijiliginde iň şowly işleriniň biri diýip hasap etmek bolar. Şeýle-de, zehinli artist bu teatryň sahnasynda režissýor Kakajan Aşyrowyň halkymyzyň gahrymançylykly taryhyndan söhbet açýan “Gorkut ata” eposy esasynda sahnalaşdyran “Oguz oýny” spektaklynda esasy keşpleriň biri bolan Sandalyň keşbini hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Türkmen teatr sungatynyň ösmegi, Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin Annamyrat Myradowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakyldy. Tanymal aktýoryň döredijilik ýoly ykbalyny sungata baglan ýaşlar üçin hakyky görelde mekdebidir. Merdan TÜWELEÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylym we döredijilik işleri boýunça prorektory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |