09:42 Anton Çehow dynç alyşda | |
ANTON ÇEHOW DYNÇ ALYŞDA
Ýatlamalar
• A.P.Çehowyñ dogany Mihail Çehowyň ýatlamalaryndan bölekler Biziň maşgalamyz 1876-njy ýylda Taganrogdan göçdi. Anton Pawlowiç bolsa tä gimnaziýany tamamlaýança, has takygy, 1879-njy ýyla çenli öňki öýümizde galmaly boldy. Şol döwürde Taganrogda hususy mülki ýa-da ýaýlasy bolmadyklar tomsuny güzaplyrak geçirýärdiler. Biziň maşgalamyz bolsa şäherde bolardy. Biz doganlar we uýamyz dagy bolup, synaglar gutardygy, dynç alyş günlerini hezil geçirmegiň höwesinde gezerdik. Gurak, gazaply jöwzada aýakýalaň gezerdik. Otaglarda däl-de, howluda we bagkaryň aşagynda gurnalan telärlerde ýatardyk. Gimnaziýanyň 5-nji synpynda okaýan Antoşa oturdan ýabany üzüminiň gürmeginiň aşagynda ýatyşyna özüne: «Injir astynda ýatan Iowa» diýerdi. Goşgy düzerdi, erteki ýazardy. Ol, ine, şeý diýerdi: Eý, ýigitler, nirede siz! Goja Aggeý gelýär, honha. Aýdyp bermekçi erteki, Iwan we Sawraska hakda. Suratda Anton Çehow Antoşanyň ýaşytdaşlary kyssadan şygry gowy görerdiler. Howlymyzda hossarlarymyzdan kiçijik jaýy kireýne alan garryja aýal ýaşaýardy. Onuň diliniň peltekligi üçin Anton oňa «Şamşa» diýip lakam goýdy. Ine, şol Şamşanyň gimnaziýada okaýan Iraida atly gyzy bardy. Ol Antoşanyň göwnüne ýaran borly. Gyzyň göwnüni awlamak üçin Antoşa, baý, basga düşerd-ä. Bir gezek dynç güni Iraida bezenip, owadanja şlýapasyny geýip, ybadata gitmek üçin otagdan çykdy. Şol wagt Antoşa semewar oturdyp durdy. Ol gyza söz gatdy. Gyz dodagyny çöwrüp: «Biedep» diýdi-de, tasap gitdi. Antoşa kömürden boşan haltany depesinden aýlap, onuň şlýapasyny ýere gaçyrdy. Gap-gara tozan asmana göterildi. Bir gezek Iraida haýadyň ýüzüne goşgy ýazypdyr. Eli hekli Anton hem dessine dört setir goşgy ýazyp, diwaryň ýüzüne sünnäledi: Eý, lälijek şahyrsumak! Özüňe çöwürgin dodak. Goşgy saňa başartmaýar, Gowusy oýnaber gurjak. Biz telärde ýatardyk, özem juda ir oýanýardyk. Käwagt ejem Anton bilen Iwana irden bazara gidip, günortanlyk üçin azyk getirmegi tabşyrýardy. Menem olar bilen giderdim. Bir gezek biz ördek satyn aldyk. Anton ony aldygyna dürtekläp duransoň, ol tä öýe gelýänçäk gagyldap bizar-peteňimizi çykardy. Anton saýrak guşlardyr kepderilere esewan bolardy, kepderileriň ýeleklerine görä baha bererdi. «Bu aşyr atýan tohum kepderi, bu bolsa ýabany» diýerdi. Kepderileriň töwereginde guşlaryň janköýeri Ýera Dubodolga-da bolardy, Antoşa onuň bilen şşegol* ,çiž* ýaly tokaý guşlaryny awlamak. barada söhbet ederdi. Syrgynymyzyň ýumuş oglany, kepderileriň janköýeri Mişa Çeremisow bilen Antonyň öz kepderileri bardy. Mişka ruhanynyň wagyz-nesihatyny diňlemegi halaýardy. Anton Pawlowiç onuň öwgüsini ýetirip, käte oňa dilden wagyz ýazdyrardy Agalarymyz Aleksandr bilen Nikolaý ýokary okuw mekdebine girmek üçin Moskwa gidende Mişkanyň ugradan wagyznamasynda Antonyň täsiriniň bardygy dessine bilindi. Şeýle wagyz hatlaryň: «Doganlar, bähbit araýjy bolmaň!» diýen sözler bilen başlanýandygy ýadyma düşýär. Biz her gün topar tutup, deňze suwa düşmäge gidýärdik. Ýakasy eňňit bolan deňzi boýlamak üçin kenardan ýarym werst töweregi uzaklyga gidip suwa düşerdik. Biziň bilen iki item giderdi. Suwuň içinde kän eglenerdik, şonuň üçinem öýe gaýdanymyzda gaty suwsaýardyk. Biziň köçämiz bilen Italýan geçelgesiniň kesişýän çüňkünde kwas satylýan çadyr bardy. Oglanlaň haýsydyr biriniň jübüsinden bir köpük tapylaýsa dagy, aşa begenerdik. Sebäbi bir köpüge bir susak kwas düşýärdi. Aramyzda deňizden bolbirka tapýanlaram bolardy. Bolbirka agajyň gabygy bolup, ýerli balykçylar ondan torlaryna, çeňňeklerine galtga ýasaýardylar. Kenardan bolbirka tapaýsaň dagy, bagtyň getirdigidi. Agaç gabygy bolansoň, ol aňsatja kesilýärdi, ony tapan çagalar gämijik ýa-da adam şekilini ýasardylar. Gimnaziýaçy Antoşa-da ençe gezek bolbirka tapyp, ondan şekil ýasapdy. Köplenç, balyk tutmaga gidýärdik. Daşdan tagaşyksyz örülip, edil kenar berkitmesini ýatladyp duran gämi duralgasy biziň balyk tutýan ýerimizdi. Çeňňegimize, adatça, maňňalça (byçok balygy) düşýärdi. Bir gezek tutuş bir ýylyň günleri bilen deň bolsun diýip, 365 sany balygy tutduk-da, duza ýatyrdyk, ýöne olar şonda-da zaýalanan eken. Biz deňziň düýbünde ýiti daşlaryň bardygyny bilsegem suwa düşerdik. Bir gün Antoşa suwa bökdi. Şonda onuň maňlaýy daşa degen eken. Onuň alyn saçynyň aşagynyň çapyk ýeri hemişelik yz bolup galypdy. Ol gimnaziýany tamamlap, uniwersitete girmek üçin Taganrogdan Moskwa gelende hem maňlaýyndaky çapyk yzy gözilginç bolup durdy. Şol wagtlar döwlet emlägi hasap edilýän şäher bagyna kän baramzokdyk. Ýöne käteler şäher etegine giderdik. Çagakak maşgalamyz bilen oba gidipdik. Özem Kriniçki obasyna gidipdik. Bu gezelenje uzak wagtlap taýýarlandyk. Uly doganym Aleksandr şekerden boşan kagyzdan atlara tebil tapdyran başgap ýasandy, on bäş ýaşly doganym Nikolaý bolsa niredendir bir ýerlerden eplem-eplem telpejik tapyp geýdi. Wäşi Antoşanyň ýaňsyly gürrüňlerine tükenme ýokdy. Ejem ýola gitmek üçin dürli-dümen näz-nygmat bişirdi. Ýol üçin Iwan Fýodorowiçiň nowasyz, ýönekeý ýük arabasyny aldyk. Oňa ýapynja, ýassyk we haly düşäp, ejem, uýam Maşa, kagyz başgaply Aleksandr, eplem-eplem telpejikli Nikolaý, Anton, Iwan dagy bolup ýola düşdük. Indi-indilerşol araba sygyp, nädip ýetmiş werst ýoly geçenimize we ýene-de şonça ýoly geçip, yzymyza dolananymyza diýseň haýran galýan. Biz gidip barýardyk. Aýakýalaň, bir gözüni süzgekledýän telpeklije Nikolaý Antoşanyň ýaňsylaýjy sözlerine çydap gelýärdi. Şäherden çykanymyzdan soň bize o kenarynda buthana ýerleşen giň Miussk duzly köli göründi. Ejem jaňhananyň lowurdap görünýän haçyna yhlas bilen çokundy, biz bolsa çokunmalydyram öýdemzokdyk. Kalbymyzy erkinligiň buýsanç duýgusy gurşap aldy. Orum geçirilen iýul sährasy juda geňdi. Şäherde hiç haçan görmedik guşlarymyz, hinlerinden çykyp, Art aýaklarynyň üstünde çommalyp duran alakalar we olaryň dikgerip durşy biziň ünsümizi özüne çekýärdi. Ýöne doganym Iwanyň iňirdisi welin, hemmämiziň ýüregimize düşüpdi. Ahyry: — Bes edäý! — diýip, Anton oňa haýbatly gygyrdy. — Sen haçan tüketjek? Arabakeş Iwan Fýodorowiç başyny ýaýkap, ýuwaşjadan hüňürdäp, şeý diýdi: — Bäý-bä, bu ýigdekçäni. Öýe dolanyp baranymyzda hemmeleri arabada gezdirerin, emma ony welin, gaýdyp mündürmerin. Birinji düşlegimizi Sambekde, has takygy, derýajygyň kenarynda geçirdik. Atlary arabadan boşadyp şüle bişirdik, düşek düşäp garbandyk. Anton bilen Aleksandr ot ýakýardylar. Otuň üstünde başy telpekli ýatan Nikolaý bolsa gözlerini süzüp, bu ýazylyp ýatan giňişligi synlaýardy. Iwan aldygyna burnuny çekip, aýakgabyny çalyşýardy. Soň biz Abrosimowkany, Migrini, Çutini yzda galdyryp, ikindinara Kriniçkä baryp ýetdik. Kriniçki şypaly sowuk suwly guýusy bolan adaty obady. Guýynyň başynda üstüňden suw guýmak üçin ýerjagaz gurnalypdyr. Kriniçkä gelenimizde Antoşa Nikolaýyň başyndaky telpegi pyzyp goýberdi. Tekerleriň aşagyna düşen telpek eplem-büklem boldy. Nikolaý telpegini ýene geýip, hiç zat bolmadyk ýaly ýoluny dowam etdi. Şol wagt Aleksandr bar sesi bilen gygyrdy: — A, gyz! Bar, keşişe buthananyň aýdymçylarynyň gelendigini habar ber! Heniz düşläp ýetişmänkäk, Aleksandr bilen Anton eýýäm niredendir bir ýerden kiçijik tor tapyp, derýa balyk tutmaga gitdiler. Ertesi olar ejemiň bize tagamly öýlänlik hökmünde taýýarlap beren kiçijik çüýbalygynyň bäşisini hem-de leňňeçleriň ýüze golaýyny tutup geldiler. Tutuş iki gije-gündizi Kriniçkide geçirdik, üstesine-de, jedelli wakanyň şaýady bolduk. Antondyr Aleksandryň balyk tutan kiçijik tory gürüm-jürüm bolupdyr. Aňyrdan gelen aýal toruň öwezine pul hantama bolan bolmaga çemeli, gele-gelmäşe dawa turuzdy. Anton toruň ýerinde goýlanyny subut etmäge çalyşdy, Aleksandr bolsa şermendelik etdi: — Töhmetçi hökmünde seni jogapkärçilige çekdirip bilerin. Men kollejde bellige alyjydyryn, şony unutmagyn! Geň galaýmaly, şujagaz sözler toruň tapylmagyna ýetik boldy. Kriniçkiden çykyp, ýigrimi çakrymlykda ýaşaýan atamyzyň ýanyna, Knýažaýa gitdik. Biziň atamyz 1812-nji ýyllarda belli gahryman bolan atamanyň ogly graf Platowyňkyda dolandyryjydy. Knýažaýa derýaň kenaryndaky bol miweli bagy bilen taşlanyp gidilen mülk bilen adygandy. Atamdyr enem giň jaýyň gapdalyndan ýörite özleri üçin gurnan ýönekeýje kepbesinde ýaşaýardylar. Şol ýere baranymyzda bizi on ýyl bäri boş duran şol jaýa ýerleşdirdiler, juda biynjalyk bolduk, ukymyzam tutmady. Knýažaýadaky bagy-bossanlyk, giň meýdan bize çäksiz şatlyk bagyş edýärdi. Hemişe Nikolaýa degmegi halaýan Anton onuň çüri başgabynyň üstünden gülýärdi. Nikolaý suwa düşýärkä-de başgabyny aýyrmaýardy. Suwda oýun edýän Nikolaýyň başgaby ýene pyzylyp gitdi, ony bildirtmän baran Anton kakyp goýberdi. Suwa gaçan başgap derýaň düýbüne çümdi. Şol ýyl agyr syrkawlan Anton Pawlowiç ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy. Birnäçe ýylyň dowamynda täjirçilik kazyýetiniň dikmesi bolan Gawriil Parfentýewiç bizde ýaşady. Gündiz kazyýetde gulluk edip, agşamlaryna humarly oýunlara gümra bolýan bu bikär on ýyldan soň giden emlägiň we mülküň eýesi boldy oturyberdi. Onuň dogany Iwan Parfentýewiç hem Taganrogyň eteğinde uly mülküň eýesine, baý aýala öýlenipdi. Anton Pawlowiç Feodosiýa Wasilýewnanyň keşbini birnäçe gezek teswirläpdi, onuň keşbi «Iwanow» eserindäki Zýuzýuşkanyň nusgasy bolup görkezilipdi. Ine, bir gün şol Iwan Parfentýewiç Antoşany myhmançylyga çagyrdy. Mülke barýaka Antoşa ýolda derleýär-de, derýa suwa düşýär. Suwdan oňa peritonit (garnyň içki bardasynyň çişmegi) keseli geçýär. Antoşany agyr halda öýe getirdiler. Onuň solgun, sykylan, hor meňzi häzirem göz öňümde dur. Onuň ýanynda çalgyrt gepleýän lukman Şrempf bardy. — Antoşa, eger sagat bolasyň gelse... Ejem aljyraňňy halda zygyr tohumyny gowurýardy, ony Antonyň agyrýan ýerine ýapmak üçin owradýardy, içirmek üçin badamy gyrgyçdan geçirýärdi. Men Aleksandr I ýadygärliginiň ýanyndaky dermanhana togalak derman üçin ylgadym. Soň-soňlar Anton Pawlowiç togalak dermanlaryň derde ýarawsyz mazamlamadygyny belläpdi. Mahlasy, tapynan bu derdi Antony haýykdyrypdy. Bu kesel soňy bilen onuň babasyl derdine uçramagyna-da getiripdi. Anton Pawlowiç «Степь» («Sähra») powestinde Iwan Parfentýewiçiň elten kerwensaraýyndaky hoşgylaw jöhitler bolan Moiseý Moiseýewiçi, onuň aýalyny we dogany Solomony çeper keşbe salypdy. Öň belläp geçişim ýaly, 1876-njy ýylyň iýulynda maşgalamyz Taganrogdan Moskwa göçüpdiler. Taganrogda diňe Anton Pawlowiç galypdy, ol gimnaziýanyň altynjy, ýedinji, sekizinji synplaryny okamak üçin şo ýerde galmaly boldy. Onuň durmuşyndaky şol soňky üç ýyl meň üçin näbelli bolup galdy. Şu ýyllaryň dowamynda diňe bir gezek Roždestwo baýramyny geçirmek üçin Moskwa gelen Anton soň ýene yzyna dolanypdy. Bilşime görä, gimnaziýadan boş wagtlary ol dynç alyş möwsümini köp gezegen Iwan Parfentýewiçiňkide, onuň ýegeni Petýa Krawsowyňkyda we dosty, soň-soňlar Moskwa-Kursk demir ýolunyň lukmany bolup işlän W.I.Zembulatowyňkyda geçiripdi. Taganrogda Knýažaýada ýaşaýan atamyz Ýegor Mihaýlowiç Kontora köçesiniň ugrundan ýer sowgat beripdi, şol ýerde kakamyň guran jaýy bardy. Bu jaýa iň soňky harajatymyza çenli harçlanypdy. Bäş ýüz rubl ýerli karz beriji jemgyýetden weksel* esasynda alnypdy. Weksel boýunça kepil geçiji karz beriji jemgyýetiň işgäri Kostenkody. Kakam tölege ukypsyz bergidardygyny boýun alynça, wekseli uzak wagtlap bulam-bujar etdiler. Weksel tölegçisi Kostenko täjirçilik kazyýetine talapnama ýazdy hem-de kakamyň garşysyna çykdy. Şol wagtlar bergidarlar zyndana salynýardy, şonuň üçinem kakama gaçmakdan başga çykalga ýokdy. Ýöne nirä? Şol wagt Aleksandr bilen Nikolaý Moskwada okaýardy. Elbetde, Moskwa. Şeýlelikde, weksel zerarly tutuş maşgalamyz Moskwa göçmeli boldy. Weksel boýunça seljeriş işi täjirçilik kazyýetinde geçirildi. Şol ýerde maşgalamyzyň dosty Gawriil Parfentýewiçiň hemaýaty bilen öýümiz bäş ýüz rubla berildi. Şeýdibem öýümize Gawriil Parfentýewiç göçüp geldi. Ejemi gaýga goýan zat, maşgalamyzyň Taganrog bilen bagly pursatlarynyň arasynyň üzülmegi boldy. Antoşa şol wagtlar öňki öýde ýaşaýardy. Indi öýem, Antoşa-da täze hojaýynyň garamagyndady. Gawriil Parfentýewiçiňkide onuň Donesk okrugyndan gelen ýegeni, ýunkerler uçilişesine okuwa girmäge gelen kazak mülkdarynyň ogly Petýa Krawsow ýaşaýardy. Antoşa iýmit we otag haky üçin Petýany okuwa taýýarlamalydy. Tomus möwsüminde Petýa Antoşany obasyna çagyrdy. Anton soň-soňlar amerikalylaryň ilkidurmuş maşgalasyny ýatladyp duran bu öýe barşyny gürrüň beripdi. Ol baran öýünde aw enjamlaryndan peýdalanmagyň, aw etmegiň yşgyna düşüpdir, sähranyňýabany atlarynda çapmagy öwrenipdir. Obada ýarak itler bar bolansoň, gije daş çykylanda öý eýelerini zol oýarmaly bolýan eken. Öýle nahary üçin elin towuk hurşluk bolupdyr. Obada daşkömür gazyp almak we demir ýol çekmek işleri başlanypdy. Şahtalardan agaç bedreleriň şakyrdaşýan sesleri eşidilýärdi, demir ýollar gurulýardy, otludan üzülen ýük wagonlary tigirlenýärdiler. Soň-soňlar Anton Pawlowiç hemişe Petýany ýatlap, oňa suratlar bilen bezelen dürli žurnallardan özüne sowgat berlen oleografiýalary* ugradýardy. Bir gezek Petýanyň ho-şallyk hatyny ýazyp, oleografiýalary alan hossarlarynyň begenýändiklerini ýazany ýadyma düşýär. Tomus möwsüminde Anton Pawlowiç W.I.Zembulatowyň mülküne giderdi. Her ki-me lakam goýagan Antoşa gimnaziýaçy ýolda-şyna «Makar» lakamyny dakdy. Şol lakam onuň tutuş ömrüne adynyň yzyna tirkelipdi. Mugallymyň grekçe «Blajennyý» sözüniň manysyny soranda W.I.Zembulatow degşip «Makar» diýdi. Özem Antoşanyň dakmagy bilen bu lakama hemişelik eýe bolup galypdy. Ykbalymyň doganymdan üç ýyl aýra salanyna, şol üç ýylyň dowamynda onuň durmuşynda nämeleriň bolup geçendigini bilmeýändigime juda gynanýaryn. Diňe Anton aradan çykandan soň, A.S.Suworinden onuň sährada bir ýerlerde kimdir biriniň mülkündäki ýalňyz guýynyň başynda durup, suwuň ýüzündäki keşbini synlaýşyny, şol wagtam şol ýere on bäş ýaşlaryndaky gyzyň suw almaga gelşini, Antonyň ol gyzy yrmak üçin azara galyşyny eşitdim. Guýa seredip uzak wagtlap duran gyz suwa gelenini hem unudypdyr. Bu hakda Çehow Suworine gürrüň beren eken. 1879-njy ýylyň tomus paslynda Anton Pawlowiç uniwersitete girmek üçin Moskwa gelip, şol ýerde hemişelik galypdy. Şol wagtlar biz Graçidäki Nikolaý kilisesiniň binasynyň ýerzemininde ýaşaýardyk. Dynç alyş günleri dagy ýaýlaga, şäher etegine gitmek hakynda hatda pikirem etmeýärdik. Talyp Anton bolsa her tomus möwsümini «Пестрые рассказы» («Reňbe-reň hekaýalar») atly ýygyndysynda agzaýan Bogorodskiý hem-de Sokolnik obalaryndan we beýleki ýaýlaglardan uzaklaşman, Moskwada geçirmeli bolýardy. Ol täze tanyşlary, edebiýatçylar bilen gatnaşýardy, gazet-žurnallar bilen gyzyklanyp, Moskwanyň redaksiýalarynda tanymal bolup başlapdy.. Suratda Mihail ÇEHOW ____________________________________ *Weksel — belli bir mukdardaky puly bellenen möhletde tölemek üçin berilýän dil haty. *Oleografiýa — ýagly reňk bilen çekilen suratyň nusgasyny almagyň köne usuly we şol usul bilen alnan surat. *Şşegol — alatogan. *Çiž — kiçijik tokaý guşy. Terjime eden: Aýdogdy BAÝRAMGELDIÝEW. # "Dünýä edebiýaty" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |