20:08 Är-aýalyñ degişmeleri -1 | |
ÄR-AÝALYÑ DEGIŞMELERI
Degişmeler
Adamsy: - Señ bu getireniñ çaýmy ýa-da kofe? Aýaly: - Tagamyndan bileñokmy? Adamsy: - Ýok. Bilemok. Aýaly: - Onda saña çaý boldy näme, kofe boldy näme? Içiber-dä berlenini! * * * - Kakasy, bolşuñ nähili? - diýip, Ependiniñ aýaly içine tüýküripdir. - Beýle-de bir geýinmek bormy? - Ýeri, näme? - Kelläñde gulakjyn, bir aýagyñda ädik, bir aýagyñda şypbyk, bir eliñde ellik, beýleki eliñde saýawan, ýeñsiz köýnegiñ üstündenem possun geýipsiñ. - Keýwany, men howa býurosynyñ maglumatlaryna görä geýindim-dä! - diýip, Ependi özüniñkini dogry edipdir. * * * - Siziñ adamyñyz haýsy partiýa degişli? - diýip, bir amerikan kempirinden sorapdyrlar. - Meñ adamym ömürboýy bir partiýa ygrarly bolupdy - diýip, kempir jogap beripdir. - Şol partiýa men! * * * - Näme üçin adamyñyz bilen aýrylyşjak bolýañyz? - Indi onuñ bilen sögüşer ýaly hiç hili bahana galmady. * * * - Ýok. Men oña durmuşa çykjak däl! - Gyz tolguna-tolguna gürläpdir. - Ol ýaman garry... - Bolanda näme - diýip, ejesi ony köşeşdiripdir. - Sen ony bişirip etini iýjek aladañ ýok ahyry?! * * * Adamsy gyzdyryp, öýde ýorgan-düşekli ýatyr. Aýaly başujuny saklap dur. Gyzdyryp ýatan düşnüksiz madyrdap, iñ soñunda aýyl-saýyl gürleýär: - Eý, Hudaý! Men jennete düşäýdimmikäm? - Ýok, ezizim... Entek başujuñy saklap durun-a men... - Dowzahda diý-de, gutarda... * * * - Gelin baý, bagyşlarsyñ, ýer ýykdym, ýöne baýramçylygyña sowgat tapmadym. - Hudaýa şükür, içmän gelipsiñ, şo-da maña uly sowgat. * * * - Är jan, doktorlar maña howany çalyşmaly diýýäler. - Bir hepde tagapyl kyl, gelin baý, şonda howa myrtar sowajakmyş. * * * - Keýwany, gel, ikimiz siziñ baýramçylygyñyzyñ öñüny beri jenjelleşmejek bolaly-la? - Bolýa, ýöne sen maña aýt? Heý, sen ömrüñde ýakynlañña kömek edipmidiñ? - Elbetde. Ynha, saña öýlendim ahyry! * * * - Jora jan, entegem söýşüp ýörenmisiñiz? - Söýgi birçak gutarandyr. Biziñ nikalaşanymyza eýýäm bir aý bolup barýa! * * * Iki arakkeş duşuşýar. - Hany, biziñ üçünjimiz? - Hudaýa şükür, ol, dünýäñ azabyndan dyndy. - Näme, öläýdimi ol. - Ýok-how, aýaly bilen aýrylyşyp ýör. * * * - Näme üçin sen saçyñy sarymtyl reñke boýap göreñok? - Oñ nämä derkary bar, är jan? - Sary gelinleñ eli süýgi bolýa diýýäler-dä! * * * - Siz näme üçin aýrylyşmak isleýäñiz? - Adamym ähli bişiren zatlammy özüme iýmäge mejbur edýä. * * * - Men diri samsyk ekenim! Näme üçin saña öýlendimkäm? - Bäý-bä! Samsyklar hemişe bagtly bolýa diýip ýöne ýere aýtmaýan oguşýalar? * * * - Sen-ä halys bihaýa ekeniñ. Bir aýyñ içinde menj on gezek aldadyñ! - diýip, aýaly gaharlanypdyr. - O nähili on sapar? Dokuz sapar diýsene... Şu ýalan sözleseler meñki bolanok-da! - diýip, adamsy ör-gökden gelipdir. * * * Aýaly ärine: - Ezizim, sen düýşüñde maña ýakmaz zat diýdiñ. - Ýalñyşýañ, söýgülim, men bütinleý ukuda däldim. * * * - Gelin baý, meni bir aýlyk okuwa iberýäler. Muny eşiden aýaly aglaberipdir. - Goýsana walla, bir ýyllyk däl, bir aýlyk gidýän-ä... - Men saña belet... Bir aýlyk diýýäñ-de, üç-dört günden dolanyp geläýýäñ! * * * - Sen haçandan bäri beýle doñuz bolduñ? - Saña öýlenenim bäri! * * * - Aý, är jan, gözüñe-başyña döneýin, turaý indi. Horazlar eýýäm üç gezek gygyrdy. - Gygyrsa-gygyrybersin, maña dahyly ýok olañ wakgyldysynyñ! Goý, towuklar tursun! - Turaý, bu günüñ sekizinji martdygyny-da unutma! - Sekizinji martyñam maña dahylly ýeri ýok, goý, aýallar tursun! * * * - Söýgülim, sen maña durmuşa çykarmyñ? - Aý, oglan, näme beýle howlugýañ? - Men ejeme dokuz bolmanka öýe gelerin diýip söz berdim-dä! * * * Adamsy işden gelýär. Aýalynyñ bütinleý keýpi ýok. - Ýalbarýan, gelin jan! - diýip, adamsy ýüregini eline alypdyr. - Şum habar bir aýtmaweri! - Ýagşy - diýip, aýaly zordan gürläpdir. - Hudaýa şükür, biziñ dört oglumyz bar, şu gün şolañ üçüsi elini-aýagyny döwmedi. * * * - Keýwany, sekizinji martyña näme sowgat etmeli? - Täze aýna satyn alyp beräý, köne aýnamyñ soñky wagtlar halys görki gaçypdyr. * * * Bankda kassir bolup işleýän zenan ýüregini dökýär: - Jora jan, menem indi garrap ýörün öýdýän. - Kim diýýä muny. - Hiç kim. Ýöne geçen ýylam erkek kişilere pul beremde olar sanaman gidýärdiler, şu ýyl welin barmaklaryna tüýkürişip sanaşyp otyrlar. * * * - Keýwanymyñ sesi gyrlypdyr. Nätsekkäk? - Içip-içip, dañdanlar öýe bar, nädersiñ, derrew sesi düzeläýse! * * * - Ýadyña düşýämi, hol yzyñda ser-sepil gezip, saña öýlenjek bolan ýigit bar-a, ana, şol aýalyny biwepalykda tutup, ony atyp goýberenmiş. - Toba-toba! Alla görkezmesin. Şol haramzada durmuşa çykman saña durmuş çykyp oñarypdyryn. Ýogsa... * * * - A gyz, goñşy jan, maňa az-owlak pagta ýagy, az-owlak et, az-owlagam sogan-käşir gerekdi. - Ýogsa-da, gazandyr suwy, odundyr otluçöpi beri özüñden önjekmi, goñşy?.. * * * - Sen näme üçin maña ullakan köýnek satyn alypsyñ? - Dükançy gyz meñ keltejik adama durmuşa çykanymy bilmesin diýdim-dä! * * * Mugallym: - Sekizinji mart haýsy güne düşýä? Okuwçy: - Kakamyñ nahar bişirýän gününe! * * * Aýalym maña beýleki aýallary söýmäge rugsat berdi. Menem, onsoñ, aýalymy öñküden-de beter söýdüm. * * * - Durmuşa çykjagymy hiç kime aýtma diýmedimmi näme? - Hiç kime aýdamogam. Men diñe joralarymdan señ olary durmuş toýuña çagyryp-çagyrmanyñy soradym. * * * - Gyzyñ jany kyrk bolar diýýäler. - Köýnegem. * * * Iki aktrisanyñ gürrüñinden: - A gyz, adamym maña teatrdan gidersiñ diýip hiç günüme goýanok. - Bäý-bä, tomaşaçylar adamyñy satyn alaýdymyka? * * * - Äre barmamy yza çekmeli bolandyryn, jora jan! - Eýgilikmi özi? - Barjak ýigidimiñ kakasyny işden pyzypdyrlar... * * * Aýaly: - Şu gün señ bilen ymyklyja düşünişäýsem diýýän. Esentanyş: - Sen başlaber! Men häzir gelýän... * * * - Aýalym bir diýenimi iki gaýtaladanok. - Tüweleme, batyr gelniñ bar eken-ow! * * * Esentanyş: - Haý alan ýaglygyñ bar bolsun! Dereksiz-ä munyñ señ... Aýaly: - Häzir ýaglygyñ bahasyny aýdaryn welin, nädersiñ, gülki ýadyñdan çykaýsa... * * * Esentanyş gijäniñ bir mahaly aýalyny yralap turzup, şeýle diýipdir" - Bessir, mundan artyk çydamaga ýagdaýym ýok. Häziriñ özünde pyçagy tapyp getir! Oýaly-ukuly halda galan aýalynyñ zähresi ýarylypdyr: - Pyçagy näme etjek? - Biraz çörek kesip iýjek - diýip, Esentanyş öýüñ biş-düşüne seretmän ýören gezegem aýalyndan bizar bolsa-da, gaharyny ýuwudypdyr. - Açlygymdan surnukdym. * * * Esentanyş ojakda ot tutaşdyrjak bolupdyr. Ýöne çalman çyg bolansoñ, wagty bilen hiç tutaşmandyr. Ol gaharyna aýalynyñ bürenjegini alypdyr-da, şonuñ bilen ýelpäpdir welin, ot derrew tutaşaýypdyr. - Muña sered-ä - diýip, Esentanyş içini çekipdir. - "Aýaldan gorkmadygyñ imany ýok". Gör-ä, muny! Gudraty güýçli aýalymdanam gorkýan eken... | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |