09:59 Aramyzdaky talibanlar... we taryhy ýalñyşlyk nirede? | |
ARAMYZDAKY TALIBANLAR... we TARYHY ÝALÑYŞLYK NIREDE?
Publisistika
Woleýbol meýdançasynyñ melikelerine hüjüm edýänlere göz aýlañ, gyzlaryñ geýýän şortilerinden bimaza bolýarlarmyş, uzyn şorti geýmelimiş... Muny kim diýýän bolsa, aramyzdaky "talibanlardyr". Torba sakallary, betnyşanlyklary, gazan kelleleri, guş beýnileri bilen şolardan tapawudy ýokdur. Ýurdumyzdaky her bir tarykat we şoña meñzeş jemagatlar erkekler esasynda gurnalypdyr. Ýeke aýal jemagat lideri ýok. Erkek müritleri we olary gul ýaly ulanýan "aýal mollalar" bolan bolsa-ha, hezillik bordy!!! Eger yslam durmuşynda aýal-gyzlaryñ güýçli eradasy bolan bolsady, bugün hemme zat düýbünden başgaça bolardy. Erkek arhaik dini pikirleri bilen gürrüñsiz, erkekleriñ absolýut agalygy esasynda bir gurluş kemala getirýär. Şonsuzam yslamy wagyz ediji erkekleriñ aglabasy aýal-gyzlaryñ bähbidini göz öñüne tutmaýar. Bular ýaly zyýanly garaýyşlar ýok edilmeýändigi üçinem birinji ýüze çykan wagtyndan häzire çenli hemişeki aýdylyşy bilen aýal-gyzlaryñ üstünde absolýut hökümleri öz içine alýar. Hemmesiniñ ulanýan dini wagyzlary-da aýal-gyzlar we hemmeleri özlerine tagzym etdirmek baradadyr... Özleri muña ynanç gözi bilen garaýarlar, olaryñ aýal-gyzlara bolan çemeleşmeleriniñ hemişe jynsy azgynlyk derejesinde bolandygyny gypynçsyz aýtsa bolar. Edil Taliban ýaly. • SÖWEŞIJILERE OLJA BOLAN GYZLAR Taliban birinji häkimiýetinde (1996-2001) aýal-gyzlaryñ dünýä bilen gatnaşygyny kesdi. Olaryñ başyna burka geýdirildi. Ýurdumyzda-da aýal-gyzlary burkadan çykarman ýörenler duş gelýär, olar gönüden-göni talibanlyga dalaşgärlik edýän adamlardyr. Häzir taliban jeñbazlaryna iñ uly olja ýene-de aýal-gyzlar bolar. Öñümdäki tekste seredýärin, dini liderlerden on bäşdan ýokary we kyrk bäş ýaşdan aşakky dul aýallaryñ, gyzlaryñ sanawyny sorap başlapdyrlar. Aýal-gyzlar olar we olara meñzeşler üçin jynsy maksat bilen ulanylýan gyrnakdan başga zat däl. Aýal-gyzlar ýene işlemeli däl, öýden daşary aýak sekmeli däl, erkegiñ sözünden çykmaly däl, on iki ýaşandan soñ okamaly däl. On iki ýaşaýança-da nähili bilim aljagy gaty bir gizlinem däl. Bu boýunturyga garşy birnäçe ýyllap boýun bolmadyk aýal-gyzlar häzirlikçe ýeñildiler... Olar jemgyýetçilik işlerine gatnaşypdylar, bilimlerini ýokary okuw jaýlarynda ýörite hünärmenlige çenli ýokarlandyrypdylar, hatda syýasata-da aralaşypdylar. Şindi bar zat tersine öwrüldi. Aralaryndan on müñlerçesi daşary ýurtlara göç etdi, olar geçip giden bäş ýylda nämeleriñ bolandygyny gowy bilýärler. • BÜTIN DÜNÝÄ AÝAL-GYZLARA ARKA DURMALY! Halkara jemgyýetçiligi we halkara guramalar, hususanam Owganystanda aýal-gyzlaryñ hak-hukuklary boýunça edilýän gysyşlara garşy göreşmeli. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynyñ hemme ugrunda aýal-gyzlar temasy birinji gozgalýan mesele bolmalydyr. Aramyzdaky "talibanlaryñ" az däldigini ýatdan çykarmañ. "Stambul konwensiýasyndan" çekilmegimizem aramyzdaky "talibanlaryñ" basyşy we ýeñşidir. Häkimiýet syýasy bähbitler we sebäpler üçin muña boýun egenini gowy gördi. Aramyzdaky "talibanlaryñ" aýal-gyzlaryñ göreşini döwlet güýçlerini ulanmak arkaly zorluk bilen basyp ýatyranynam bilýäris. Emma, gürrüñsiz, biziñ aramyzdaky "talibanlaryñ" bärde gelejegi ýok. • ÖWRÜLIŞIK SEPGIDINDE NÄME BOLDY? Düýnki ýazgymda "Şu günüñ wakalarynyñ kökleri aslynda "progressiw" diýip baha berilen Muhammet Dawut hana garşy şol wagtky sowet tarapdary marksist taglymata eýerýän Demokratik Halk partiýasynyñ harby döwlet agdarlyşygyny gurnan wagtyna çenli uzaýar. Dürli-dürli toparlaryñ gozgalañyny basyp ýatyrmak üçinem sowet goşuny çagyryldy, şondan soñ bar zat bulaşdy" diýipdim. Marksistik ideologiýany baş ugry edip alan Demokratik Halk partiýasynyñ döwlet agdarlyşygyny geçirip, häkimiýeti ele almagyna şol wagt rewolýusiýa diýip baha berildi, gutlandy. Aslynda şu döwri gowy öwrenmek gerek. Çünki häzir Talibanyñ ikinji gezek häkimiýete gelşiniñ öwrülişik sepgididir. Eýsem Muhammet Dawut hanyñ häkimiýeti ýurduñ birleşdiriji güýji bolup bilermidi? Sowet tarapdarlary "agdarlyşyk etmegiñ" deregne, häkimiýet bilen bile ýurdy bir bitewi güýje öwürmek we ösdürmek üçin işlän bolsadylar, iki uly güýjüñ dünýäni oda berjek derejede garpyşmagyna bahana bolmazdy hem-de Owganystan häzirki wagtyñ Owganystany ýaly bolmazdy... diýen ýaly ýagşy niýetli çaklama bilen sözümi soñlaýaryn. Şol döwür hemmetaraplaýyn öwrenilmegine garaşýar... Orhan BURSALY. "CUMHURIYET" gazeti, 17.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |