11:39 Arkadagyñ şäheri | |
ARKADAGYÑ ŞÄHERI
Goşgular
Binýady berk, belent şäher gurjaga, Gönezlikdir Arkadagyň şäheri. Görkün gören deňäp biler gurjaga, Gözellikdir Arkadagyň şäheri. Hemmä mälim bu şäheriň ýaşlygy, Ýurt ýüzükmi..?! Çyndyr göwher gaşlygy. Ulularyň söýşi ýaly ýaşlygy, Söýerlikdir Arkadagyň şäheri. Edilen, ediljek bar işi bilen, Täze gurlan, täze taryhy bilen, Belent waspy bilen, tarypy bilen, Öwerlikdir Arkadagyň şäheri. Bir gelenler taryp eder dolanyp, Bilbil ýaly bakja-bagyna gonup. Säheriň adaja şemaly bolup, Öserlikdir Arkadagyň şäheri. Günüň gijigeni hem iri bilen, Ýagşy doga-dileg, zikiri bilen, Bir sözli aýdylan pikiri bilen, Eserlikdir Arkadagyň şäheri. • BAGTYÝAR ÝAŞLAR Göwünleri ýaza öwürer gyşy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. Başyna gonandyr bagtyň ak guşy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. Beýik ynam bilen ýörärler ýoly, Söýgi bolar olaň sag bilen soly, Gursagy hyjuwdan, hyruçdan doly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. Özgerderler, ösdürerler halky şu — Döwrüň ýaşlar bilen bile galkyşy. Haýyr işläp, gazanarlar alkyşy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. • SERWIM Sen meniň ynanjym, sen meniň söýgim, Şol söýgiň goragy, gaýa bol, serwim! Hanha, aýakýalaň oýnan ak beýgim, Barym-ýogum, barna eýe bol, serwim! Ýyly mähriň ojagymy ýylatdy, Kalpdan gam-gussamy kowup, güm etdi, Hoş sözleriň gursagymy gül etdi, Ak öýmüze synmaz söýe bol, serwim! Bilýäň özüň, sada, çarwa maşgalam, Barym, bagtym bu başyma baş galam. Aklyma pikir bol, elime galam, Sözlerime öçmez syýa bol, serwim! *** «Gowy» diýip, gowy goýulýan bolsa, Buşlugy ýaňlanar belende-pese. Gözeller gözel bor söýülýän bolsa, Ýigit gaýrat tapar, kemsidilmese. Näme diýilse-de, ýollar köteldir, Özüniň esasy, delili ýetik. Kimler gülüp, kimler aglap ötendir, Kimi bardyr kimligini bilmedik. Hoş sözlere derdin egser her zadam, (Dünýe derdi meňzemeýär guta:ra). Kyn günlere duçar bolanda adam, Sähel zady ediberýär tutaryk. *** Büdüräp bildim yzany, Azaşyp bildim aly men. Söýdüm säherde azany, Ejizleriňem haly men. Golum göterip gaýratla Gyýa bakmadym, goldadym. Özi namart, çaman atla Baş egip, boýun bolmadym. Söýüp etmedim kine men, Yşkym gursakda ataşdy. Arkamy diräp ile men, Soňsuz söýgä-de sataşdym. «Arzyly bor alkyş alan» diýen pähime eýerdim. «Ýalňyşany ýola salan jenneti bolar» diýerdim. Azaşyp bildim aly men, Büdüräp bildim yzany. Ejizleriňem haly men. Söýdüm säherde azany. • KÜÝSEG Gel, gel, dostum, gür ber käte, Has duýulýar seň geregiň. Ýekelikde adam näder?! (Agyr ýüklüdir bir egin). Sözleriňdir derde emim, Bitirýän bar ýaralarym. Tapmadym men asla deňim, Sen bulara garamagyn. Ýekelikde adam näder?! Has duýulýar seň geregiň. Gel, gel, dostum, gür ber käte, (Hiç zat görenok garagym). Çaryberdi REJEPOW. | |
|
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Ýene göz öýünde mä’wa kylyp sen... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |