08:41 "Olar elmydama şatlyga ýakyn..." | |
* * *
Goşgular
«Şäher bilen adam barýar, Şäher bilen barýar çaga». G.Ezizow. Olar elmydama şatlyga ýakyn, Olar elmydama tämizdir tämiz. Olaryň bu ýoly täsin akymdyr, Etmejegi bolmaz, eşdenne «hämiz». Bar bolup bilşi-dä, olaryň asyl, Ýogsa ýokdur olaň birjik aýby-da. Göýä, bir ýyldaky bäşinji pasyl, Düşünenler hijem galmaz gaýgyda. Ömür aladaly, ömür başagaý bolup ýören bu durmuşyň ülşünde, Ýok, sizden aýrylyp gitmez hiç ýere, Bakyň, bagt bardyr gamsyz gülşünde. ■ ARZYLY PARTA Hol ortaky parta gözüm gidip dur, (Çynym, şol partanyň ömrün isledim). Başgalara näme diýseň ýetip dur, Saňa ýüzlenemde sessiz seslidim. A sen hemişe-de şol partaň bilen, Gysmyljyrap oňa goýýaň başyňy. Bu bolşuňdan meniň ýüregim dilnip, Ne arkaýyn iýip bilýän aşymy. Şeýle bir aýardym ýüregim bilen, Hem ýakyn saklaman gara tegmile. Seniň öňüňdäki parta bolsadym. Sen ellerňi goýardyň-la egnime. *** Siňňin ýagýan ýagyş ýaly Siňňin seniň sözleriň gyz. Saňa ömri bagyşlap bor, Gyýa bakyş dözmerin gyz. Ýollar bardyr kötel-kötel, Bu ýollardan kimler öten?! Sen maňa bir syrly matal, Heniz-heniz çözmerin gyz. Sen-ä meňzeş bahar pasla, Ýöräp barýaň assa-assa, Menem senden asla-asla Umydymy üzmerin gyz. *** «Ýaşyl geýseň ýaza meňzeş Sary geýseň Gün bolarsyň...» K.Rejebow. Sen Güne meňzeş-ä, Gün dek reňk geýseň, Sen güle meňzeş-ä, aýt, gül reňk näder?! Eger şeýdeniňde galman gam-gussam, Aşyk biygtyýar sen taýa äder. Goý, gez sen hemişe ýaýnap jahanda, Menem tarapdary şol bolşuň mydam. Tapmajagňy bilýän sen ilde ýogy, (Söýen ýürek herhal ezýete çydar). Al geýseň-ä, ýürege-de meňzärsiň! (Ýürekden çykanda sözdür sözlerem). A sen şeýdip meň derdimem emlärsiň, Menem senden başgasyny gözlemen. ■ KITAPHON GYZA Öl çäge deý tozamasa duýgulam, Azam bolsa ýeter saňa nepimem. Söýgim çuňdan, «ýyldyz gaçan» guýy bor, Ýalan çykmaz saňa aýdan gepimem. Ýerleşipdir dünýä seniň didäňe, Maňa azaşma ýok ýüzünde ýeriň. Dertlä derman tapylýandyr idänne, A onsoňam, sen saýlanan eserim. Bolsa ömür eger ýüzüňde nikap, Men seni hemişe gezerin okap. Çaryberdi REJEBOW. | |
|
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |