06:00 Artyk beg Türkmen | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -12:
Taryhy şahslar
▶ ARTYK BEG TÜRKMEN Artyk begiñ häzirki wagta çenli haçan dünýä inendiginini habar berýän maglumatlar galmandyr. Şeýle-de bolsa onuñ kakasynyñ Egsik begiñ Beýik Seljukly imperiýasynyñ belli serkerdelerinden biri bolandygy mälimdir. Artyk beg 1064-nji ýylda Soltan Alp Arslan bilen bile Kawkaz we Gündogar Anadoly ýörişine çykypdyr. 1071-nji ýylda az sanly türkmenleriñ özlerinden birnäçe esse güýçli wizantiýa goşunyny ýeñen Malazgirt söweşine-de gatnaşypdyr. Türkmen soltany Alp Arslan Diýarbekir, Mardin, Harput, Malatýa illerini Artyk bege beripdir. Malazgirt söweşinden soñ Roman Diogen IV-niñ tagtdan agdarylmagy bilen wizantiýalylar bilen baglaşylan ylalaşyk bozulmagy netijesinde Alp Arslan Artyk begiñ öñünde Anadolyny eýelemek wezipesini goýýar. Merkezi Anadolynyñ fatihi Artyk begdir. Alp Arslanyñ buýrugy bilen uly ýörişleri gurnan Aryk beg 1073-njo ýylda Ýaşylyrmak we Gyzylyrmak sebitlerini eýeläpdir. Soñra Sakarýanyñ üstünden geçip Izmite ýöriş edipdir. Soltan Alp Arslanyñ aradan çykmagy bilen tagt ugrundaky dawalar başlapdyr. Gurt bilen Mälikşanyñ arasynda ýiti bäsdeşlik bolupdyr. Artyk beg dessine döwletiñ paýtagty Reýe dolanyp Mälikşanyñ tarapyndadygyny mälim edýär we onuñ tagty eýelemegine ýardam edýär. Bu bolsa Artyk begi Mälikşanyñ iñ ynamly adamlarynyñ birine öwürýär. Muña garamazdan Artyk begiñ gadyrlanmagy uzaga çekmändir. Anadolynyñ iñ möhüm ýerlerini eýelän, nijeme söweşlerden ýeñiş bilen çykan, ýurtda ýüze çykan topalañlary basyp ýatyran Artyk bege eýelän ýerleri berilmänsoñ onuñ Mälikşa bilen arasyna sowuklyk aralaşýar. Öýke-kinesi gitdigiçe artan Artyk beg Mälikşanyñ dogany Tutuşyñ tabynlygyna geçip Halabyñ üstüne gaýdýar. Iýun aýynda Halap şäheriniñ eteginde bolan we Gutulmyş ogly Süleýmanşanyñ ölümi bilen soñlanan söweşde ýeñiş gazanylmagynda-da Artyk begiñ uly paýy bolupdyr. Şol ikiarada Atsyz beg Ierusalimde özbaşdak döwlet gurmak üçin ýeñlerini çermäp orta çykýar. Eger gürrüñi gidýän döwlet gurulsa Soltan Mälikşa üçin uly howpdy. Atsyz begiñ eminden gelmek işi Artyk bege ynanylýar. Netijede Artyk beg Ierusalimiñ we Palestinanyñ häkimligine bellenýär. Atsyz beg howpuny basyp ýatyrandan soñ tä aradan çykýança Ierusalimde galan Artyk beg pygamberler şäheriniñ goragçylygyny etmek ýaly her kese nesip etmeýän mukaddes borjuñam eýesi bolýar. Artyk beg aradan çykansoñ onuñ ogullary Ierusalimi goramaga dowam edipdirlrr. Wagtyñ geçmegi bilen Diýarbekir, Elazig, Bingöl, Mardin sebitlerinde Artykogullary türkmen begligini gurupdyrlar. Artyk begiñ ogullary-da atalaryna çekip, meşhur serkerde bolup ýetişipdirler we Beýik Seljukly türkmen döwletine wepaly gulluk edipdirler. ■ "Direliş. Ärtogrulyñ" Artyk begi "Direliş. Ärtogrul" teleserialyndaky Artyk beg ynha, şol Artyk beg Türkmeniñ obrazydyr. Şu ýerde bir zady belläp geçmek we dogry düşünmek gerek. Aslynda "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ düýp maksady halk köpçüligini taryha ymsyndyrmakdan, taryha bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ybarat. Şonuñ üçin dürli döwürlerde ýaşan käbir taryhy şahslar teleserialyñ janlandyrylan döwrüniñ gahrymanlary däldir. Muña mysal hökmünde Bamsy Biregi, Banuçeçegi, Gülçeçegi, Artyk begi görkezmek bolar. "Direliş. Ärtogrul" taryhy dokumental film däl. Ol senariýalar esasynda düzülen teleserialdyr. Ýañam belläp geçişimiz ýaly teleserialyñ esasy maksady adamlaryñ taryha bolan söýgüsini artdyrmak. Şonuñ üçin käbir taryhy şahslar taryhyñ dürli döwürlerinde ýaşap geçendiklerine garamazdan hamala bir döwürde ýaşan ýaly janlandyrylypdyr. Netijede azap ýerine düşmänem duranok. Adamlar teleserialda gören gahrymanlary hakyndaly maglumatlary gözläp başlaýarlar, olar kim bolupdyr, taryhda näme iş bitiriripdir, gyzyklanýarlar. Munuñ üçin türkmen tomaşaçalarynyñ adyndan "Direliş. Ärtogrul" we onuñ dowamy bolan "Gurulyş. Osman" teleseriallarynyñ döredijilik toparyna çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Teleserialda Artyk beg Türkmeniñ keşbini türk aktýory Aýberk Pekjan janlandyrýar. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |