18:39 Aryk Buka | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -13:
Taryhy şahslar
▶ ARYK BUKA Aryk Buka (ýa-da Aryk Böke) taryhda kim bolupdyr? "Direliş. Ärtogrul" teleserialynda ady geçen Aryk Buka taryhda hakykatdanam ýaşap geçen şahsmy? Ol näme sebäpli dogany Kubilaý hanyñ garşysyna gidipdir? Ady agzalan teleserialda Aryk Bukanyñ obrazyny türk aktýory Emre Erçil janlandyrýar. ■ Aryk Buka kim bolupdyr? Taryhy çeşmeler Aryk Bukanyñ Çingiz hanyñ agtygy, Tuly hanyñam ogludygyny habar berýär. Onuñ Kubilaý we Hulagu atly iki dogany bolupdyr. Aryk Bukanyñ dogany Hulagu han mongollaryñ iñ ganojak serkerdeleriniñ biridir. Ol 200 müñden gowrak musulmanyñ ganyny döküpdir. Şol bir wagtyñ özünde ol taryhyñ ilkinji terroristbaşysy Hasan Sabbahyñ ýeñilmez hasap edilen assasinleriniñ (haşhaşylar) oturýan Alamut galasyny-da ýer bilen ýegsan etmegiñ hötdesinden gelipdir. Aryk Bukanyñ beýleki dogany Kubilaý handyr. Kubilaý Hytaýy basyp alan hökümdardyr. Şeýle-de bolsa, ol hytaý intrigalarynyñ ýesirine öwrülip, doly diýen ýaly hytaýlylaşypdyr. Şonuñ üçinem kän wagt geçmänkä onuñ Aryk Buka bilen arasy açylypdyr. 1251-nji ýylda merkezi mongol tagtyna saýlanan Möñke han Kubilaýy Gündogar ýurtlaryny basyp almaga ugradypdyr. Gündogar ýurtlaryny birujundan basyp alan Kubilaý ahyrynda Hytaýy-da doly basyp alypdyr. Kubilaý ýörişde wagty 1259-njy ýylyñ 11-nji awgustynda Möñke hanyñ ölendigi baradaky habary alýar. Ýöne ol basybalyjykly ýörişine dowam edip, gabaw astyna alynan Uhan şäherini doly eýelemäge çalyşýar. Edil şol wagtam imperatoryñ ölüminden peýdalanmak islän Aryk Buka boş galan tagty eýelemekçi bolýar. Hulagu hanyñam, Kubilaý hanyñam ýörişdeligi Aryk Buka üçin şeýle amatly pursaty döredipdi. Kubilaý han dessine Song nesilşalygy bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşyp ýüzüni Mongoliýa öwürýär. 1260-njy ýylda Kubilaýam, Aryk Buka hem özleriniñ hanlygyny yglan edýär. Bu ýagdaý üç ýyla çenli şeýle dowam edipdir. Iki doganyñ arasyndaky çekişme ýurdy içki gapma-garşylyga getiripdir. Kubilaý uzak wagtlap Hytaýda bolandygy üçin hytaýly begzadalar ony goldapdyr. Aryk Bukanyñ tarapyny bolsa milli ýörelgä üns berýän mongol han-begleri tutupdyr. Gapma-garşylyk ýene üç ýyllap dowam edipdir. Tagt ugrundaky göreşden Kubilaý ýeñiji bolup çykypdyr. Üç ýyla golaý wagtdan soñ Aryk Buka aradan çykýar. Mundan soñ Kubilaý hanyñ otuz dört ýyla çeken hökümdarlyk döwri başlapdyr. Ol basyp alan ýurtlarynyñ çägini Deşti-Gypjakdan Eýrana, Çagataý illerinden Almalyga, demirgazykda Polşa çenli giñeldipdir. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |