22:11 Atatürkden sözler | |
SÖZLER
Sözler
▶ MUSTAFA KEMAL ATATÜRK ● Adalatyñ güýji erkin bolmadyk halkyñ döwlet görnüşinde barlygy ýoklugy birdir. ● Enelerimiziñ bugünki çagalarymyza berjek terbiýesi öñki döwürlerden has kyndyr. Bu günüñ eneleri göwnejaý nesili kemala getirmekde, perzentlerini häzirki durmuşa uýgunlaşan şahsyýet edip ýetişdirmekde juda uly artykmaçlyklary özünde jemlemeli bolýar. Munuñ üçin aýallarymyz hatda erkeklerimizdenem birnäçe esse añly-düşünjeli, has paýhasly, has tejribeli bolmaga mejburdyrlar. Eger olar hakykatdanam milletiñ enesi bolmak isleýän bolsalar... ● Egindeşler! Jenaplar we eý halkym! Şuña dogry düşüniñ: Türkiýe respublikasy şeýhler, derwüşler, müritler döwleti bolup bilmez. Iñ dogry, iñ hakyky tarykat - medeniýet tarykatydyr. ● Meniñ ejizje bedenim elbetde bir gün toprak bolup gider, emma Türkiýe respublikasy ebedilik berkarar bolup galjakdyr! ● Şuña göz ýetireliñ: milli buýsanjyny bilmeýän halklar başga halklara iým bolarlar. ● Biz parahatçylyk isleýäris diýen wagtymyzda doly manysyndaky garaşsyzlyk isleýändigimizi hemmeleriñ bilmegi gerekdir. ● Biz jahyl diýen wagtymyzda mekdepde okamadyklary göz öñünde tutup aýdamzok. Aýdýan zadymyz - hakykata göz ýetirmekdir. Ýogsam bolmasa okap bilim alanlaryñ içinden iñ uly jahyllar çykyşy ýaly, hiç hili okamagy-ýazmagy bilmeýänleriñ içindenem hakykaty görýän hakyky alymlar çykyp biler. ● Biz hiç kimiñ duşmany däldiris. Diñe adamzadyñ duşmany bolanlaryñ duşmanydyrys. ● Biziñ başga halklardan hiç hili asgyn ýerimiz ýok. Gaýduwsyzdyrys, paýhaslydyrys, zähmetsöýerdiris, belent maksatlar ugrunda jan bermegi başarýandyrys. ● Bu halka ençeme zady öwretdim, emma olara ýapja bolmagy öwredip bilmedim. ● Ýurduña hyzmat borjy hiç mahal tamamlanýan däldir. ● Beýik üstünlikler mähriban enelerimiziñ kemala getiren saýlama ogullary arkaly gazanylýandyr. ● Beýik işleri beýik halklar amala aşyrar. ● Garaşsyzlyk şeýle berilmeýär, alynýar!.. ● Ýaşlara üns beriñ. Olara ylym-bilim we terbiýe beriñ. Gelejegiñ aýdyñlyklaryna olar bilen gowşup bileris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||