09:59 Aýdym ussady | |
AÝDYM USSADY
Goşgular
![]() Şahyr Allaýar Çüriýewe Gussaň ýaza dönüp gunçalar açar. Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Göwün guşyň yşkyň mülküne uçar. Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Baglaryň aşygy, daglaň aşygy, Dag içinde geçdi juwaş ýaşlygy. Söýgüden dolýandyr göwün boşlugy. Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. «Obamyň lälesi» aýdymlaň başy, «Dagly gyz» ýüzükdir, «Sensiz» oň gaşy, «Damjalar» ýaňlansa ýaz edip gyşy, Gülledir şahyryň aýdymlaryny. Dagda çopan bilen goýun bakýandyr, Bagda bagban bilen güller ekýändir, Mežnun bolup gaýalary ýykýandyr, Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Aşygyň «Lälesi gideli bäri», «Çarlak guşa» dönüp doldurdy töri, «Gijeler» ýatladar uzakda ýary Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Aslyny sorasaň Könekesirli, Ýüregi söýgüden, göwni pespälli, Gussaly kalbyňa bolýar teselli, Diňläňde şahyryň aýdymlaryny. Röwşen ÇÜRIÝEW. 26.09.2009 ý. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |