08:16

Azerbaýjanyň Daglyk Garabagdaky ýeňşi

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 701 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Den Sabbаg | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 311 2 »
0
1 Gurgencli  
324
Emma henizem Putine islän ýurduny derbi-dagyn edip biljek ägirt lider hökmünde seredýänler, ony şeýle görýänler bar. "Eger şeýle güýçli bolýan bolsa Ukrainany näme üçin basyp alaýanok" diýseňem "ol ýöne muny islänok, eger islese Ukrainany bir sagatda ýer ýüzüniň kartasyndan öçürip bilýär" diýýäler. Näme diýjek, näme goýjak, ýa biz Putiniň hakyky güýjüni görüp bilmejek derejede samsyk ýa-da olar "çendenaşa akylly".

0
4 dovletmyratnurmedov  
496
Içimdäkini aýdaýdyňaý! Sag bol

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Syýasatçylaryň ilkinji özleşdirýän sapagy şu: maksadyňa ýetmek üçin eliňden gelenini aýamaly däl, şonda-da başarmasaň ony islemedik ýaly edip görkezmeli.

Öz geçmişimizden ýekeje mysal: iň radikal kommunistler bolan bolşewikler kommunizmi bütin dünýä ýaýratmakçy boldular. Soň munuň real däldigini görüp, diňe aýratyn alnan bir ýurtda, ýagny Russiýada gurmaly diýdiler. Şonda millet, din, pul, urp-adat... bolmaly däldi. Ähli çet-gyraklarda hem täze gurluşy girizmekçi boldular. Emma gazaply garşylyk başlandy. Jüneyit han on bäş ýyl dagy atdan düşmän göreşdi. Halkam şonuň tarapynda. Diýmek güýje galsa göreş 40 ýyla gitjek, wagt bolsa ýok.

Onsoň Moskwada karar etdiler: bulara özbaşdak respublika döredip, dillerine, adatlaryna, durmuş ýörelgesine rugsat berip, şeýdip özümizi kabul etdirmeli, köpçüligi öz tarapymyza çekmeli.

Häzirem pikir edýänler bar: sowetler bizi gowy görüp, özbaşdak respublika döredip, kän erkinlik berdiler.

Eger XIX asyrda patyşa Russiýasyna iň güýçli gaýtawul beren, 1916-njy ýylda gozgalaň turzan, soň sowet häkimiýetine garşy çöllerde göreşen biziň halkymyz bolmadyk bolsa, Moskwadakylar bize respublika döredip berermidiler?

Diňe berk garşylyk görenlerinde, alaçlary bolman ýagdaýynda diýdimzorlar yza tesýärler, eglişige gidýärler we muny "hoşniýetlilik", "ýagşylyk" hökmünde reklama edýärler.

Olaryň hereket edýän sferalarda "ýagşylyk", "eý görmek", "rehim etmek" diýen zatlar ýok, bular olara gülkünç düşünjeler. "Mümkinçilik", bähbit", "utmak", "utulmak" we, başga alaç ýok ýerinde, "eglişik" diýen zatlar bar.

Mundan ýedi ýyl öň türkler Putiniň bir uçarmanyny öldürdiler. Putin Erdogany dünýäniň öňünde ötünç soramaga mejbur etdi.

Birnäçe gün ozal Y.Aliýewiňkiler Putiniň 10 esgerini öldürdiler. Putinden ses çykmady.

Käbirleri netije çykarar: Putin islän zadyny edip bilýärdi, ýöne Azerbaýjanyň Prezidentini gowy görýär. Sulhy alýar. Şoňa mähri üýtgeşik.

Meniň wariantym: ýedi ýyl öň güýji ýetýärdi, şonuň üçin Erdogana ýowuzdy. Häzir güýji ýok, şonuň üçin Aliýewe geçirimli we mähirli.

Bu zatlara şu nokatdan bakmak gerek.

0
3 Azat_Nurgeldi  
283
Hemme zady wagt görkezer.

0
5 dovletmyratnurmedov  
496
" Eger XIX asyrda patyşa Russiýasyna iň güýçli gaýtawul beren, 1916-njy ýylda gozgalaň turzan, soň sowet häkimiýetine garşy çöllerde göreşen biziň halkymyz bolmadyk bolsa, Moskwadakylar bize respublika döredip berermidiler? "
Onlukdan urduňaý. Gaty HAK aýdylan söz.

0
6 Osman  
1527
Ruslar Türkmenistana gelmedik bolsa ol siziñ diýýän Jüneýit hanynyzyñ topary şu wagtky Talibanlardan üytgeşik bolmazdy, çölde watan goraýan gahrymanyñyz. Iñ gynandyryan yeri halkymyz 50 ýyl tersine akardy, durmuşyñ edil owgan yaly eliñize galam tutup öwreden kim? Dünyade Türkmenistan diyip döwlet döredip beren kim? Wagşyyana çozuş edip, türkmenleri pytradan goñşy respublikalar dälmi eýsem? Rus gelmedik bolsa, ýaryñyz Eýrana birigerdiñiz, ýaryñyzam Özbegiñ milleti bolardynyz, edil Türkmensähra bilen Horezm türkmenleri yaly. Ol siziñ diýýän Jüneyit "patyşañyzam" öz yzyna tirkäp Owgana geçerdi 3-den bir bölegiñizi. Eýrandan almytyny alyp, özbekden eşitjegini eşidip size başga nahili dakazatelstwa gerek? Düyn ruslaryñ arkasyndan adam bolup, bu günem saýtda ruslary yamanlayañyzmy? Her döwür bir döwür, her bir liderem başga başga bize ruslaryñ zyýanyndan peydasy has köp boldy, oylanyp görseñiz.

0
7 dovletmyratnurmedov  
496
Lakabyn Osman welin özüňem RUS lary öwýäň. Dogrymy aýtsam her kimin pikirine hormat gaýýan.
Ýöne seniň bu ýazanyň emosiýanal ýazylan ýaly.
Meň pikirimçe Osman sen ýazanyň seň ýazyşyn ýaly "dakozatelstwa" dälde seň pikiriň bolýa. Sebäbi sen hiç hili dakozatelstwa getireňok. Soňam ruslar gelmedik bolsa iňlisler gelerdi. Iňlisler gelenem bolsa belki 20 ýyl ir alardyk Garaşsyzlygymyzy. Belkem sen aýdyşyn ýaly owgan ýaly yzda galmazdyk.

0
8 yaran_yagmur_9  
1578
Meni pikirimçe, Siz temany üýtgedip, düýbünden netijesiz we peýdasyz jedel açmak isleýärsiňiz: “gelen bolsa, gelmedik bolsa... alan bolsa, almadyk bolsa...”.
Birinjiden-ä, taryhda olar ýaly wariant deňeşdirmegiň özi manysyz. Sebäbini aýtjak bolsaň uzak gürrüň.
Ikinjiden, olar ýaly wariant deňeşdirmek üçin faktlary ýygnamak mümkin däl, faktlary ýygnaman, nädip netije çykarjak? Amala aşmadyk, bolmadyk wariantlar barada gürrüň ýok, taryhyň diňe bolan, amala aşan wariantyny öwrenip, göz öňünde dikeldip bilemzok ahyryn. “Düşünje edinip bolanok” diýemok, düşünje bar, emma kartinany göz öňüne getirip bilemzok. Meselem: 18 asyryň başynda Yrak-Sirýa barada düşünjämiz bar: Osmanlynyň golastyndaky arap ilat. Emma umumy kartina nähili? Türkler aýdýar: güllük-gülüstanlyk eken. Häzir şol döwri düýşlerinde görüp arzuw edýärler. Başga biri aýdar: her niçigem bolsa özbaşdak ýurt, wagşy türklere bakna wagtymyz geçdi, iň azyndan kimligimize eýe bolduk. Ýemen, Liwiýa barada-da şony aýdyp bolar.
Üçünjiden bolsa, şolar ýaly wariant deňeşdirmek zyýanly pişe, sebäbi bu oýun adamlaryň aňyny manipulýasiýa etmek isleýän ideologlardyr propogandistler üçin gerek.
Meniň bolsa aýdýanym ýönekeý zatdy: imperialistik ýa-da iň bärkisi ýaýylmaçy döwletler eden zatlaryny hem, etmedik zatlaryny hem, başaran zatlaryny hem, başaryp bilmedik zatlaryny hem, alan zatlaryny hem, beren zatlaryny hem elmydama özlerine bähbitli tarapdan teswirleýärler. Olaryň özlerini diňleseň olara hiç zat gerek däl, olar ýagşylyk etmek üçin dörän, onsoňam olar hiç haçan ýalňyşmaýarlar, olar akylly, olar haýyr-sahawatly, olar – super! Men aýdýan: birine-de ynanmaly däl! Ruslar Hazardan Ahala demirýol çekýärler, ýurdy basyp almak üçin, soňam bize diýýärler: size polat ýol çekip berdik, bizem aýdýarys: ruslar bize demir ýol çekip berdi, owganlarda ýok! Belki demir ýol, dogrudanam eşret bolandyr, men onuň gürrüňini edemok, men özlerine gerek zadyny biz üçin diýip, beýnimizi ýuwýanyny aýdýan. Ýa-da Moskwa Türkmenistanda pagtany köp ekmek hakynda karar edýär, şol wezipe üçin Garagum kanalyny gurýar (resminama bilen tanyşaýyň), soňam diýýär: size kanal gurup berdik. Kanal gurmasa çölde pagta ekdirip bilenok. Respublikany guruşam şonuň ýaly. Bu Moskwa üçin amatlydy, halklary öz tarapyna çekmek üçin. Eger Ferganada güýçli basmaçylyk bolmasa, Orta Aziýa halklary öz ady bilen SSSR-e girmezdi, Russiýa girerdi, 5% hem bolsa rus ilaty üçin. Jüneýt han ýalylar bolmadyk bolsa, türkmen ýerleri Закаспи ady bilen Russiýa girerdi. Emma häzir hem Jüneýt hanyň adyny ruslar unudanoklar, şol wagt-a gowy düşündiler: türkmenlere respublika berip, göwünlerini görüp, öz tarapyňa çekmeseň, olar urp-adatyna berk bolansoň, sowet düzgünine girjek däller. Şeýdip, bir tarapdan Jüneýt han, beýleki tarapdan Gaýgysyz Atabaý dagylar ruslar üçin “gowy poliseý, erbet poliseý” oýnuny oýnadylar. Bir-ä hiç barlyşman problema döredýär, beýlekisi şondan peýdalanyp, maksimum alyp boljak zatlary alýar. Şeýdip, şu üç güýç merkeziniň (Moskwanyň, ýerli kommunistleriň we basmaçylaryň) çekişmesinden we göçümlerinden respublika döredi, ol Moskwanyň joşup beren sowgady däl. Emma şeýle reklama etdi.

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Şeýlelikde, men wariantlary deňeşdirip, “pylan gelse, pylan alsa” diýmedim. Türkmenistan soýuz respublikanyň döremegi iň gowusy bolandyr diýmek mümkin, emma “syýasat dünýäsinde üstünlik üçin hiç kimi alkyşlamak, hiç kime ynanja bolmak, hiç kime romantik söýgi-dostluk duýgusyny beslemek gerek däl” diýýärin. Beýle sentimentler syýasatda diňe zyýan getirýär. Onda dost-doganlyk ýok. Bu sferada diňe hasap-hesip, reallyga adekwat baha bermek, dogry strategiýa, stawkany dogry goýmak, tutanýerlik... diýen zatlar rol oýnaýar. Munda her kim oýunçy. “Pylan halk gowy, ondan diňe gowulyga garaşmaly”, “Pylan halk erbet, ondan diňe erbetlige garaşmaly” diýýän, ýüregini diňe bir oýunça baglaýan oýunçydan syýasatçy bolmaýar (elbetde, gowy adam bolup biler, emma syýasatda gowy adam bolmak ýeterlik däl).
Türkana halk mydama imperialistlariň ideologiýasyna aňyny aldyrýar. Beýik Britaniýa Hindistandan esli girdeji aldy. Emma iňlisleri diňläp gördüňizmi? Kiplingiň “Ak adamyň ýüki” eserini okadyňyzmy? Egninden gum sowurýar: “Waý, aňy garaňky halklary adam etmek biziň egnimize düşdi, biz bu halklary medeniýete goşmak üçin näçe jepa çekdik” diýýäler. Näçe wagon-wagonlap baýlyk çekdik diýenoklar. Köp bakna halkar şolara ynanýarlar. Ruslar hem şeýle oýunlary oýnap geldiler. Täze taryhda hiç bir ýurtbasar “talajak” diýip gelmeýär, “gorajak” diýip gelýär.
Y.Aliýew şolar ýaly sentimentlere ynanmaýan, rasional pikirlenýän, pragmatik syýasatçylardan. Eger ol ruslaryň diýeni bilen bolsa, Garabagy hiç haçan almazdy. Öz ýurdunyň bähbidinden ugur aldy. Öz bähbidinden geçip, türkleriňem raýyna gitmedi. Iki ýyl öň Ysraýyn Filistini bombalanda, türkler onuň ýarany bolan Azerbaýjanyň baýdagyny öz şäherlerinden zyňyp aýyrdylar. Azerbaýjanlar näme diýdiler: “Biz näme ýeňiş gazanan bolsak, onuň üçin diňe özümize borçly. Mundan beýlägem özümiz alyp çykarys” diýdiler. Ine, özbaşdak syýasatyň etalony. Hiç kimden hiç zada intizar däl, onuň üçin özleri gelýärler.

"Bizem "pylany gowy, haýyrsöýer, bizi gowy görýär" ýaly düşünjeleri goýalyň, türkanalygymyz bilen keseki güýçleriň birine mugt nöker boljak bolmalyň” diýjek bolýan.

0
10 Osman  
1527
Siziñki dogry, Russiyanyñ hereketi Putiniñki nädogry, başga name diyeyin. Galan zady wagt görkezer.

Emma henizem Putine islän ýurduny derbi-dagyn edip biljek ägirt lider hökmünde seredýänler, ony şeýle görýänler bar. "Eger şeýle güýçli bolýan bolsa Ukrainany näme üçin basyp alaýanok" diýseňem "ol ýöne muny islänok, eger islese Ukrainany bir sagatda ýer ýüzüniň kartasyndan öçürip bilýär" diýýäler. Näme diýjek, näme goýjak, ýa biz Putiniň hakyky güýjüni görüp bilmejek derejede samsyk ýa-da olar "çendenaşa akylly".

Politikany yzarlan syyasata köp üns beriñ, Ukraina-da uzakda dal.
Günbataram özine peyda yokdugyny bilip kömek bermekden yüz dönderdi, hem bu uruşdan özine sapak edindi. 2014-de ukrainler rus halkyny gyrgyna berende sesinizi çykarmadyñyz bu wagt Ukrainany basyp alyaka ruslary yigrenyärsiniz men düşünemok yigrenere name sebap bar bu yerde esgerler uruşya çaga-çugalary garrylary ya ayal maşgalany urup yenjip gyrgyna berenoklar edil faşist nesilleri yaly gayta meyletin isleg bildiryanleri ukrain pasporty bilenem rayatlyga kabul edyar. Hiç biriniziñ makalanyzy garalamak niyetim yok yöne rus diylende kabirinizde erbet düşünje bar, olam hiç yöne şu saytda ruslary bolşundan beter edip soyuz döwriniñ gürrüñini paylaşyarsyñyz bu-da sayta girip okayan yaşlaryñ düşünjesini zäherleyarsiniz. Galanynam öziñiz bilyäñiz, eliñize saglyk!

0
11 yaran_yagmur_9  
1578
Eger 2014-nji ýyldaky wakalar bilen 2022-2023-nji ýyllaryň wakalaryny deňäp oturan bolsaňyz, bu Sizde dünýäde bolup geçýän wakalar, olaryň möçberleri barada maglumat ýokdugyny görkezýär.

Deňemäni goýaýyň indi deňäp bolmajak zatlary. "Донбас бомбили, Донбас момбили, Монмас момбили..." - goýaýyň şu aýdymyňyzy. Bir ýykylan hajathana bilen bir oýulan hammamy ýeriň ýüzünden syrylyp-süpürilen şäherler bilen deňeýäňiz.

Birem birgiden milletlere "basmaçy çagasy", "faşist çagasy" ýaly ýarlyklar dakyp, biriniň heňini gaýtalap oturmalyň.

Beýik Napoleon aýdypdyr "kimiň derisini gazaberseň aşagyndan mongol çykar" diýip? Biz gaýtalamzog-a her eşidip ýören sözümizi.

0
12 Osman  
1527
Düşünen düşündi. Düşünmedigem eşegin gulagyna yasyn Okan yaly boldy. Bir milleti yigrenmek üçin geçmişi dörjelemek hökman dal. Ozalam aytdym her döwir bir döwir bolya Stalin ya-da Lenini Putin bilen denemek hökman dal ya Atatürk bilen Erdogany bir diymek hökman dal.

@dovletmyrat men ruslary öwemok men Günbatar ya Gündogaryn tarapynda dal yöne giden bir yurdun özini imperya hökminde ykrar etdiren döwledin liderine erbet göz bilen seretmek durmuşa erbet göz bile garadygymyz bolya. Seljuk imperyasyny döreden Soltan Togrul bege Çagry bege kapyr ateist diysek bize hiç Kim ynanmaz sizin barde yazyan zatlarynyz bilen mediadaky hawarlar yanky aydanlaryma barya. Galanyny öziniz görin iki gepinizin biri Putin. Putin menin Kakamyn gullukdaşy dal. Yöne şol adamyn syyasatyna hormatym uly halk saylamaly adamyny bilip saylapdyr liderlige.

Hoş sizinki dogry @Yaran.

0
13 Narcissus  
1589
Edil şypahanadaky gözýetimi pes ýaşulylaryñ gürrüňini etdiňiz. "ÖOF TARIH" Gökdepe söweşi barada bir wideo paýlaşypdy, gyzyklanyp gördüm, türkmenlerden biri "ruslary goldaýanlaram köp aramyzda, şu zatlary görüp akyllary başyna gelsin" diýip teswir ýazypdyr, kanalyň eýesem jogap beripdir, "şony diýenler köp boldy, haýran galdym" diýip.

Özem şol milletden bolup, näme üçindir bir kişi diňe Jüneýit hany mysal görkezip, ony kötekläp, bütinleý öz milletini yryswa edip görkezmäge synanyşar?
Jüneýit hanyň hereketleriniň astynda XVI asyrdan bäri günorta süýşüp, imperialistik hereket bilen halklary weýran edip, öldürip, sürgün edip, olaryň medeniýetine, milli ruhlaryna gaty uly zarba urup, on müňlerçe adamy gyrgyna beren basybalyjy häkimiýete garşy göreşmek, olara näme bolsa bolsun tabyn bolmazlyk ýatyr. Bu bir pitne, gozgalaň, imperializma garşy göreş, ýurtlaryny basyp alanlara garşy göreş, muňa kiçi ýa-da has uly manylar bermegiň geregi ýok. Gozgalaň diňe bir ýerde däl, tutuş Türküstanda bolup geçdi. Dogry, eserleriňem gan döküşikli hüjümleri boldy, ar alyjy hüjümleri boldy, ýa-da Kokand we beýleki ýerlerde çykan gozgalaňlarda-da bellibir derejede hüjümler boldy, emma adamlar müňlerçe kişini gyrdy, 100 müňlerçe kişini sürgün etdiler, türkmenleriň ýer kartasynda gara nokatdygyny we ol nokadyň pozulmalydygyny aýdyp 30 müňe ýakyn adamy gyrdylar, söweşmediklerem gyrdylar, gaçanlaram kowalap gyrdylar. Kimiň kakasy, kimiň atasy, kimiň enesi, kimiň ogly jan berdi ol topraklarda, adamlar şu zatlardan soňam seredip otursynlarmy? Üstesine Patyşa Russiýasynyň çöküp gelýän ýyllary, ykdysady çökgünligiň, deňsizligiň, adalatsyzlygyň, adamhorlygyň iň ýokary derejä çykan ýyllary, adamlar köçede açlykdan gyrlyp ýatyr. Halkyň häkimiýete, döwlete ynamy galmandy. Öz halky adalat gözleýärkä, biziňkiler bulara göz ýumup, öýlerinde ümsümjek otursynmy?

Bolşewik rewolýusiýasyndan soňam häkimiýete geçenlere häkimiýetini meşhur etmek üçin gowy bahanasy boldy: geçenki häkimiýeti günäkärlemek. Bu köp ýerde şeýledir, häkimiýete geçen tarap, öňki häkimiýeti köteklemäge, ony erbet, ysnat görkezmäge mejbur, bolmasa "sen näme üçin geldiň" diýerler, bolşewiklerem şony etdi, ýamanladylar. Ruslaryň özem köp zatda çökgünligiň bäri ýanyndady, diňe rewolýusiýadan soň, XX asyryň başlarynda sowatsyzlygy ýok etmäge tizlik berdiler. Onuňam sebäbi bar. Bolşewikler gelmänkä ruslar göz-görtele adalatsyzlyk edip bilýärdiler, şol sebäpli basyp alanyndan bäri hem Gazak jüzlerinde, hem-de hanlyklarda arasynda ululy-kiçili gozgalaňlar boldy, emma ruslar bulary gaty berk jezalandyryp ýatyrdy. Täze gelenler mundan ders aldylar, netije çykardylar. Bu halklary (esasanam türkmenleri) öz islän bilim ulgamy bilen olary özlerine baglamak, aňlaryny üýtgetmek, bedenlerini däl-de aňlaryny kerçelemek, milli duýgularyny, dinlerini, dillerini, medeniýetini ýoýmak, şeýdibem ruhy taýdan olary ýaragsyzlandyrmak, güýçden tapdan düşürmek. Başga ýol ýok. Şol wagtky gazaklara seretseň muny hasam gowy görüp bilýäň, şu wagtam üýtgän zat ýok, şeýlebir aňlaryna berk täsir edipdirler welin asyl özlerini unutdular, munyň nämesi gowy? Din, diliň üstünde-de gaty oýnadylar, özleriniň ideologiýalaryny paýladylar. Şeýle-de basyp alandan soň ol ýeri saklamak üçin hökmany ýagdaýda öz halkynyň ýetip bilýän mümkinçiliklerini beýleki halklara paýlamaly bolýarlar, muňa mejbur bular. Diýjek bolýanym, sebäbi kän bu zatlaryň. Heniz birinji we ikinji jahan urşunda sany hem doly bilinmeýän pidalarymyzy agzamogam, Eýranda galan topraklary we ol ýerdäki türkmenleriň gozgalaňyny agzamogam, Stalin döwründäki pidalary agzamogam.

0
14 Narcissus  
1589
Hywa hanlygynda-da, Buhara hanlygynda-da, öňki döwürlerde-de türkmenler hiç haçanam doly tabyn bolmadylar. Ulusy Abulgazy diýjeksiň, Şirgazy ýa-da Muhammet Emin diýjeksiň, hiç haçanam boýun egdirip bilmediler. Diňe 1916-da berlen gaýtawul däl, 1873-de Hywa basylanda hem özbekler tabyn bolanda, türkmenler Hywany goramaga karar berdiler, hernäçe netijesi gowy bolmasa-da. Bu zatlary jemläňde esasy bir sebäp bar, garaşsyzlyk: öz erkinliklerine, milletine, dinine baglylyk. Meniň galan zat bilen kän işim ýok, men bir milletiň öz adatlaryna baglylygyny ilkinji nobatda goýýaryn, galan zat soň gelýär, olary soň etmeli, düzgünleşdirmeli. Diýeli şol döwrüň türkmenleri sowatsyz, jahyldy (aslynda bu şeýle, emma okajak kişiler ýene-de okaýardy, şol sebäpli köp ussatlar çykdy), bu ýerde "ruslar gowy etdi", "ruslar şu zatlary edip berdi" diýip, ruslaryň ederine guwanyp ýörmeli däl-de, özümiz şol zatlary etmäge synanyşmaly, bizi şu güne düşüren sowatsyzlyk bolsa, günäni öz milletiňde däl-de, sowatsyzlykda, ylymsyzlykda, bilimsizlikde görmeli, we öz bähbitlerinden başga zat düşünmeýän, seni gerek ýerinde "diwar" hökmünde ulanýan adamlaryň edenlerini sanap durmaly däl-de, "geçmişde sowatsyzlyk iň uly mesele bolan bolsa, diýmek sowatsyzlygy ýeňmeli" diýmeli, ýaş nesillere şony öwretmeli, aňlaryna şony ýerleşdirmeli, biz etmeli, siz etmeli. Özüňiz taryh bilmän, ýaşlaryň taryha, milletine bolan söýgüsini garartmaly däl-de.

Olar şunça zatlara garamazdan özüni halas ediji, süýtden ak görüp bilýär, Putin çykyp öz taryhlarynda hiç zat bolmadyk ýaly Amerikany we beýleki döwletleri ganhorlykda, basybalyjylykda günäkärläp bilýär, öz taryhyna milletine bagly, adalatly adyl adamlar hökmünde görüp bilýär, emma biziňkiler şunça zatlara garamazdan: müňlerçe adamynyň topraklaryny gorap ölmegine, sürgün edilmegine, erkinlikleriniň alynmagyna, olaryň ýigrenç pürkmegine garamazdan öz milletini yryswa, ejiz, ysnat, erbet edip görkezýär. Gaty gynandyryjy.

Hany başda sorag beripdim, bir adam näme üçin öz milletini erbet edip görkezer? Sebäbi meň pikirimçe, bilmezlik, sowatsyzlyk, ýaltalyk.
Men, "ýok men çekeleşmegiň tarapdary däl", "men diňe öz pikirimi aýdaryn" diýmegiň tarapdary däl, bu meniň pikirim. Şeý diýenlere gaýta diýmeli, bu adamlar şu ýaşlaryna çenli hiç duýduryş alman gelipdirler, şeýdip ýetipdirler bu pikirlere, şeýdip ýetipdirler gep çykanda öz milletini ýamanlamaga höwesek bolmaga, şeýdip ýetipdirler öwrenmezlige.
Şypahana-da otyrdym, bir iş üçin. Ýaşulylaram köp bolýar ol ýerde, hemmesem ak sakally, telpekli-telpekli ýaşulylar. Gep edýärler, eşdip otursam ýene adaty gürrüňler, ýene adaty günäkärlemek. Çydap bilmän goşuldym gepe, ýöne pikir etmäň janygyp bir zatlar düşündirdim ýa-da bir zatlary subut etjek boldum diýip, diňe 1-2 sany sorag berdim, ol gürledi, kän gürledi.) Men diňe diňledim, ýanyndaky ýaşulylaram onuň üstüni ýetirdi. Diňläp bolanymdam soň bu barada näme zatlaryny okandygyny, nädip bu pikirlere, maglumatlara ýetendigini soradym, gepi kesildi, ýagny säginmän gürläp duran adam näme diýjegini bilmedi. Ýanyndakylardan biri bir kitap okapdyr, ady hem ýadyna düşenok. Soň gysgaça düşündiriş geçip, "işim bar" diýip sagbollaşyp gaýtdym.
Diýjek bolýanym, adamlaryň aglabasy okanok, bilenok, şeýle gürleýänleriň-ä hiç biri okanok, men gabat gelmedim. Bu barada nämeler okadyň, aýdýan döwrüň barada nämeler okadyň, başga teswirleriňe-de seredýän welin kän okaýana meňzäňok, aslynda-da taryh barada gürleýäň, onda Göktürk döwri, Günbatar we Gündogar Göktürk, Dokuz Oguzlar we On-Oklar, Oguzlar, Yslam taryhy, Seljuklar, Seljuk döwri Oguzlary, XVI-XIX asyr türkmen taryhyny oka. Beýle 1-2 kitap okanyň bilen bolanok. Azyndan 10-15 kitap oka, başga çeşmelerden şonçarak oka, umuman oka, bil. Hä, okabam ýene-de şol pikire gelseň bolýar, diýjek zadym ýok, şonça kitap okap ýene şol bir pikirde bolsaň ol seniň saýlawyň, şeýle-de men diňe bir gezek düşündirýän sebäbi şeýle diýýän adamlar diýýän zadyňy kän diňlemeýärler, ýöne men okaýan we içinde milletine söýgi bolan adamyň beýle pikir etjegini pikir edemok.

Netijede haýsam bolsa garaşsyzlygy üçin söweşen bir taryhy şahsyýetiňe "ol siziň pylanyňyz", "çölde watan goraýan gahrymanyňyz" diýip, ony ýaňsylan bolup, ýönekeýleşdirip, abraýdan düşürtjek bolmak dogry dälmikä diýýärin.

Men hem doly hemme zady bilemok, bilmegiň, öwrenmegiň soňy ýok, hiç bir kişem hemme zady bilip bilmeýär. Emma öwrenýäris, öwrenmäge synanyşýarys, wagt tapdygymyzça bir zatlar okaýarys.

(Özümiň kimdigim tanajak bolup,
Men taryhy guýy ýaly gazýaryn.
Galyň-galyň kitaplary agtaryp,
Başga-başga dünýälerde gezýärin.

Özümiň kimdigim tanajak bolup,
Öwrenýän atamy, agalarymy.
Özümiň kimdigim tanajak bolup
Synlaýan özümiň çagalarymy.

Berdinazar Hudaýnazarow).

0
15 Ependi  
284
Azerbeýjan dogry edipdir, önki ýerini ýene yzyna alypdyr, bolany. Ermenilerem wagtynda sütem edibildi.

"Öz geçmişimizden ýekeje mysal: iň radikal kommunistler bolan bolşewikler kommunizmi bütin dünýä ýaýratmakçy boldular. Soň munuň real däldigini görüp, diňe aýratyn alnan bir ýurtda, ýagny Russiýada gurmaly diýdiler. Şonda millet, din, pul, urp-adat... bolmaly däldi. Ähli çet-gyraklarda hem täze gurluşy girizmekçi boldular. Emma gazaply garşylyk başlandy"

"Onsoň Moskwada karar etdiler: bulara özbaşdak respublika döredip, dillerine, adatlaryna, durmuş ýörelgesine rugsat berip, şeýdip özümizi kabul etdirmeli, köpçüligi öz tarapymyza çekmeli.

Häzirem pikir edýänler bar: sowetler bizi gowy görüp, özbaşdak respublika döredip, kän erkinlik berdiler."

Bu maglumatlaryňyz nädogry gelýär, aýyplaşmaň. Bütin dünýä ýaýratmakçy bolmady, 41-45 sebäp boldy. Nemesleriň basyp alan ýerlerini yza gaýtaryp berdiler, hem-de sosialistik jemgyýet döretdiler.

Ikinji sitata: Bulam ýalňyş. Leniniň wesýetnamasy esasynda döredilen respublikalar. Lenin ölmänk-ä ýazan wesýetnamasy. (muny, soň kapitalistik imperiýa goldap, şeýdibem SSSR-e weýran ediji usulda ulanylýar) Wesýetnamada, respublikalaryň birleşmegi ündelýär, ýagny, Soýuz Respublikalary. Emma, Lenin ölensoň Stalin muňa kän garşy çykjak bolýar. Leniniň aýaly Krupskaýany 8-nji gurultaýda çykyş etdirmejek bolup her zat edýäler. Ahyry çykyş edýär. (men ýöntem ýazýan, asly wikipediasyny gyzyklanýan tapyp biler) Leniniň aýdyşy: Her respublika wagty gelende aýrylmaga borçludyr - diýlip. Staliniň iň jaňy ýanan zadam şol. Ol ählisini birleşdirip RSFSR diýip goýmakçydy, diňe bir döwlet.

Hem-de, bir zada düşüneňzok. Rus-ukrain iki dogan halk uruşýar şu wagt. Düşündireýin. 2014-ýyl, Ruslar Krymy aldylar, Donesk, Lugansk onam aldylar. Indi şu döwür, 2023-nji ýyl. Ruslar wolýa berdi diýeliň Ukrainlara, NATO goşulaý diýip. Ukraina begenip Ýewrosoýuza goşuldy. Soňy näme boljagyny bilýäňizmi? Iki ýyldan soňam orsuň üstüne çöwjäp duran Ukrainiň bardyr-da, dawaý Krymy, Luganskyny, Doneski yzyna ber diýip. NATO-ň eline düşen bolma, köweldip, üçünji Jahan uruşam turzardy. (şu wagtam ondan pes däl, diňe goşunyny salanok diýmeseň) Ukrain ol derejä ýetse gönümel sorar aldyran ýerlerini. Üstüne çozjagam ikuçsyz. Şu zatlary pikir etseňiz, Ruslaryň Ukraina näme üçin harbylary öňürti sürýändigine dogry düşünersiňiz. Eger-de, şular öňürtilemedik bolsalar, soňra, NATO-Russiýa urşy başlardy, üçünji Jahan uruşy.

0
17 yaran_yagmur_9  
1578
1-nji sitata barada: Leniniň bütin dünýäde kommunizmi ýaýratmak niýeti ýok bolsa, onda ol Kominterni näme üçin döredipdir? Komintern (Kommunistik internasional) diýip eşidipmidiň? "Aýratyn alnan ýurtda sosializm gurmak" diýen syýasata ol Ýewropadaky kommunistik hereketler (hususan-da, Weýmar respublikasy) basylyp ýatyralandan soň, ýagny paltasy daşa degenden soň geçdi. Troskiý bolsa "permanent rewolýusiýa" diýip, gyzyl mergini bütin dünýä eksport etmek synanyşygyndan soňuna çenli el çekmedi.

2-nji sitata barada: Staliniň halklara şol berlen erkinlikleri hem bermek işlemän, olary Russiýa birikdirmek işländigi dogry. Lenin muny islemedi we SSSR dünýäde öz adynda hiç bir milletiň ýa-da ýurduň ady görkezilmeýän ýeke-täk döwlet boldy. Emma Leniniň wagty gelende SSSR-iň dargamalydygy barada wesýet edendigi baradaky wersiýaňyza ynansak Teýmirleňiň öz imperiýasyny dargatmak wesýetine ynanan ýaly bir zat bolar. Elbetde, Lenin ülkeleri ýöne basyp almagyň ýa-da talamagyň hatyrasyna basyp almady, belki oňa "basybalyş" diýmek hem bolmaz, emma ak gwardiýaçylar we interwentler Russiýadan kowlup çykarylandan soň ol Frunzäni goşun bilen Orta Aziýa näme üçin iberdi? Şunça adamyň gan dökülip alnan ýerlerinden ol näme üçin el çeksin? Ýok, SSSR-de goşunyň bir "internasional" borjy hem bardy: dünýädäki kommunistik gozgalaňlara kömek etmek, gowy ýadymyzda. Owganystana şonuň üçin giripdi. Onsoň soýuz respublikalary goýbermek hakda nämäniň gürrüňi? Beýle zady köpçülikde aýtmaň, maslahat.

Ukraina hakda aýdýanyňyza düýbünden düşünmedim, aklym almady. "Ukraina basylyp alnan topraklaryny - Krymy, Donetskini, Luganskini yzyna talap eder, munuň üçin NATO bilen ýaran bolar" diýýärsiňiz. Ýogsam başga nähili bolmaly? Elbetde topraklaryny talap eder, elbetde ýaran bolar, başga näme etmeli? Öz hakyny almak üçin arwah-jyn-şeýtan-ýuwha bilen ýaran bolar. Alyýew Garabagy almak üçin Ysraýyl bilen ýaran bolmadymy, musulmanlaryň Mekgeden we Medineden soňky üçünji kyblasy al-Küdusy ýewreýleriňki diýip ykrar etmedimi? Munuň üçin ony kim ýazgarar? Kim ýazgarsa-da öz halky ýazgarmaz. "Hakym köýenden imanym köýsün" diýen biziň atalarymyz dälmi? Aliýewiň hem, Zelenskiniň hem halkynyň we taryhyň öňündäki borjy şol - topraklaryny yzyna alyp, ýurt bütewiligini dikeltmek! Şony etmejek bolsalar näme üçin prezident boldular? Öz topraklaryny kesekilere tabşyrmak üçinmi? Ýolbaşçylyk, liderlik diýen zada düşünişiňiz şomy?

Mahlasy, eger Siz toprak paýlamagy gowy görýän bolsaňyz, öz mellegiňizi her ýetene berip bilersiňiz, näme başga zadyňyz bolsa sadaka berip belersiňiz, emma biriniň ýurdy barada çözgüt çykarmaň.

"Serimi bererin, ýerimi bermerin" diýen Oguz atamyzyň nesillerinden Siziň garaýşyňyzy paýlaşjak örän azdyr öýdýärin.

0
16 Osman  
1527
Eline saglyk @Ependi aga yüregimdakini okap setirlere sygdyrdyn men şulary zatlary nadip setire geçirip düşündirjegimi bilmedim umuman Lenin hakda delilim yokdy sagbolun maglumatynyz üçin!

Nirdaki bir şowmen aydymçy artiste ýurdy ynanan halk akmak, normalny lider bolan bolsa bu wagt belki ýurdy küle dönmezdem, süriniñ içinden agsagyny lider saylanlaryna entegem akyl yetirip bolanok. Ýene-de hüjüme geçip, söweşyarem, goramakdan geçen.

0
18 yaran_yagmur_9  
1578
Urşuň stragiýasyny senden soramagy unudan ekenler-ä.

Ýöne şol "şowmeniň" töweregindäki harby maslahatçylaryň 90 göterimi harby akademiýalarda iň häzirkizaman urşunyň strategiýasyny we taktikasyny öwrenen ýaş adamlar. Zelenakiý olara düýbünden hiç zat öwredenok, çünki ol bu ugurdan dogrudanam bilenok, bilmeýänine-de düşünýär.

Harby bilimi bolmadyk, diňe içalylygy okan Putler öz serkerdeleriniň işine gatyşan bolup näme gazandy? Diňe zyýan berdi.

Russiýanyň ikinji jahan urşundan galan köne taktikalary we köne ýaraglary bilen Günbataryňkylaryň tapawudyny görmek isleýärsiň?

Garabaga seredýäý. Ysraýylyň we Türkiýedäki NATO sistemasynyň tälimini we ýaraglaryny alan azerbaýjanlar möwritini ötüren sowet harby ylmy we ýaraglary bilen söweşjeň ermenileri nätdiler?

"Ukrainler topraklaryny yzyna talap ederler-ä" diýip, milletiň içini gyrdyň. Howa, sen nätdiň, mellegiňi hyrydarlara paýladyňmy?

0
19 Osman  
1527
Eline saglyk @Ependi aga yüregimdakini okap setirlere sygdyrdyn men şulary zatlary nadip setire geçirip düşündirjegimi bilmedim umuman Lenin hakda delilim yokdy sagbolun maglumatynyz üçin!

Nirdaki bir şowmen aydymçy artiste ýurdy ynanan halk akmak, normalny lider bolan bolsa bu wagt belki ýurdy küle dönmezdem, süriniñ içinden agsagyny lider saylanlaryna entegem akyl yetirip bolanok. Ýene-de hüjüme geçip, söweşyarem, goramakdan geçen.

@Yaran Yagmyr, çekeleşmani çyndanam halayanyz öydyan dil çeperliginize söz yok milletiñ añyny zäherlemegi başaryañyz, oña sözümem yok. Ruslary Esasanam Putini berk yazgaryp çykyş edyäñiz, Gökböri agamyzyñ aydyşy yaly hut Putininiñ özünden jynsy zorluk gören meñzeyarsiñiz. Ukrainleriñ öz-ä şowmen üçin uruşasy gelenok, günde 10 sany 5 sany yaragalaryny taşlap Russiya geçyaler şowmen üçin ölesi gelenok hiç bir ukrainliler. Ikinji yazan pikiriñizem nädogry Putin prezidentlige göterilmezden ozal harby bolup işlanini bilmeyaninize biz günakar dal hazirki 3-nji synp okuwçydan sorasañam Google ya Wikipedia akgadan okap aydyp berip biljek harbydan liderlige geçenini bilip yazyanyzmy bilmezlige (akmaklyga) salyp yazyañyzmy ony biljek dal, Ukraina uruş başlamanka ok-däri yarag skladlaryny bombaladany eysem Harby taktika dalmi eysem ya siz diplomatik gatnaşyk diyip baha beryañizmi. Soñky pikiriñizem gaty görman çüyrük Alyyewiñ hut özi ruslardan kömek sorap yarag satyn aldy. NATO-çylar özlerem boyun alyalar biziñ taktikamyz Ýewropa dogry gelenok ruslar bizden köp zatdan güyçli diyip aydyalar. Tayyarlygy, taktikasy, yaragy, tehnikasy babatda (NATO-nyy) RUSLARA deñemäñ. Alkogoldan, narkotikdan arasyny üzüp bilmeyan aydymçy artist üçin siz uruş edäýmeseniz öz halky hem şondan halys yadady. Şowmen bilen siziñ psihiki düşünjeleriniz meñzeşrak eken.

0
20 yaran_yagmur_9  
1578
Ukrain halkynyň uruşdan ýadanyny Size zombi-ýaşşik aýdandyr, gaflatda ýatyrsyňyz. Ukrainananyň entek urşa salmadyk bölümleri sap-sap bolup dur. Ukrainada bu ugurdan problema bolmady, beýle mesele Putiniň problemasy. Adamy bar bolsa näme üçin orta aziýalylary çekjek bolup başagaý? Näme üçin tussaglary çekýär. Ukrainler tussag beýlede dursun, meýletinleriň içinden diňe pitekläp alýarlar.

Zelenskiniň neşekeşligini näme beýle dert edinýärsiňiz, Size näme? Guda-garyndaş boljak bolup ata-enesi sizden gyz soraýarlarmy? Gaýgy etmäň: perizat ýaly aýaly bar. Kokoine bolsa gowy zat diýemok, emma ony beýik Bismark hem edýärdi. Sebäbi eginlerine kolossal agram düşýär, psihologik taýdan çydanoklar. Gaýtalaýaryn, gaty erbet, elhenç zat, emma siziň diliňize sakgyç etmäňize gerek ýok.

Umuman, özüm taryhçy halyma "Lenin kommunizmiň ýaýradylmagyna ozaldan garşymyş, SSSR-iň goýberilmegini wesýet edenmiş" ýaly absurdlary ýazyp oturan adam bilen jedel etmegi laýyk görmeýärin. Hoş, toprak paýlaýjy Haram Taý!

0
21 Narcissus  
1589
Gynandyrýan zatlaryň biri, edebiýata degişli, kitaplar barada hyjuwly gürrüň edilýän ýerde şeýle kişilere duş gelmek. Ýazylan zatlara garamazdan hiç zada düşünmedik bolsaň, indem düşünmeýäň Osman! Bahyllyk gaty ýaman zat.

0
22 Babay  
1481
Zelenskä "şowmen" diýýärler, artislik syýasatda örän wajyp ukyp. Adamlar köpçüligine sözüňi diňledip bilmek, ünslerini çekmek, täsir galdyrmak, duýgylardyrmak, özüň bilen bir hörpden gopmaklaryna sezewar etmek üçin, sebäp, syýasy liderler elmydam adamlar bilen iş salyşýarlar we olaryň göwün isleglerini beýan ediji bolup durýarlar. Syýasy liderler üçin şowmenlik, artislik ukyplary diňe plýus, minus däl-de.
Putin öňki içaly (nä dereje içaly diýip bolýan bolsa, Drezdende işlän wagtlaryndaky suratlary görseň-ä bir ofisde otyryp, elmydam piwo süzüp ýörene meňzeýär. Özem ýaňy bir okuwy dynyp gelen "molokosos", tur-otyr kersen getirden üýtgeşik zat eden däldir), Sobçagyň kömekçisi. Içaly adamlar içki duýgylaryna erk edip bilýän, adamlary özümiziňki we özgeler diýip bölýän, özüne keseki zatlaryň ählisi duşmançylyk nazary bilen garaýan, ýüzüňe gülüp içinden müňkürlik (olaryň etmeli esasy zady hemm-ä müňkürlik) edip bilýän, maksatlary amal etmek üçin ähli zady material hökmünde ulanýan adamlar. Müňkür adamdan gowy syýasy lider çykarmy?! Ýa-da özüne ýat zatlara duşmançylyk nazary bilen garaýan adamdan?! Bolmasa-da maksadyna ýetmek üçin ähli zady material hökmünde görýän adamdan?! Ikinji kärem Sobçagyň kömekçisi. Bu-na düşündirip otyrmagam zerur däl. Indi adamlar bilen ýiti arabaglanşygy saklaýan artistlik käriniň prestawiteli adamlaryň isleg-arzuwlaryny gowy beýan edip bilermi ýa hemm-ä müňkür garaýan, içgi duýgylaryny beýan etmekligi özüne peslik bilýän, ýapyk adam adamlaryň isleg-arwuzlaryny gowy beýan edip biler?!
Şoýgu - politehnukumda gurluşyk inženeri okan, gurluşykçy. Gulluk etmedik. Harby ugurdan hiç hili teoriýasy we tejribesi ýok adam häzir Harby Goranmak ministri. Ýene-de Zelensk-ä "şowmen" diýip gülýärler. :)

0
23 Haweran  
411
Ýaran Ýagmyr, meñ pikirimçe bilgeşleýin edýär. Şoñ üçinem okyja düşürildi. Oñ düşünýän zatlaryna düşünýän, hatda çuñ düşünýän agzalaram otyr şu taýda az gürläp, köp okap.
Käbir adamlar özleri edebi platforma döredip, islänini diýip islänini edip bilmejek ýerde, başga ýerde başgalaryñ jogapkärçilik çekýän ýerinde islän zadyny aýtjak bolýar. Olar ýalam hezillik ýok.
Aslynda islendik iki türkmeniñ başy birikse, syýasatdan gep otarmagy halaýar. Ýöne iñ soñunda "bize nämaý, bizden sorap durlarmy..." diýip, öz iş-aladalarynyñ gürrüñine geçip gidýär. Sebäp syýasat - syýasatçylaryñ we syýasaty öwrenijileriñ işi. (Çopan ýa ädikçi bu hakda pikir öwrüp bilmezmi? Biler, elbetde! Emma çaý başynyñ gürrüñinden añry geçmez).
Bu agza welin, eýýäm näçe agzany özüçe "ignor" etdi, özüçe "kowdy", özüçe gepde "gasit edýändirin" öýtdi. Şeýtmek bilen ol saýtda diñe özüni ýalñyzlaşdyrýar, diñe özüni ýigrendirýär, başga hiç kime hiç hili zyýan edenok. Eger-de saña biri gödegräk bir zat ýazsa, oñ bilen sanaşmanam, oña jogap bermänem jogabyny berse bor. Hökmanmy gohlaşyp durmak. (Bu döwürde her kim bir pikirde ýaşaýar, hiç kim hiç kimi goh bilen, ýa her dürli zorlukdyr başga emeli ýollar bilen öz pikirine kybap getirdip bilmez).
Saýtyñ üşerilişýän agzalary maña ýazyp başladylar, indi goşgy goýsagam, näme goýsagam okaýan ýok, bir zat goýmaga-da çekinýäris syýasy gep-gybatlardan ýaña diýip.
Sesimi çykarman birsalym synladym oturdym. Görýän welin, oña agzyny açmaga mümkinçilik berdigiñçe saýtyñ märekesi azalmaga, edebi eserleri okap, pikirini, belligini galdyrýanlar seýreklemäge başlady. Elbetde, saýtyñ teswirler meýdançasy islendik temada pikir alyşmaga açyk, ýöne paýlaşylan temanyñ aşagynda şol tema hakda gürrüñ gitse gowy. Diñe şujagaz düzgüne eýerip bilmeýänligimizem entek biziñ intellektual-medeni derejämiziñ juda-juda pesligini görkezýär. Tema dannamzok, syýasat hakynda-da temalar açylsyn, emma biziñ döwletimiziñ syýasy doktrinasy bitaraplyk syýasaty. Biz hem şol ýurduñ raýaty! Günbataryñ ýa başga bir döwletiñ tarapynyñ tutulyp ýa ýazgaryljak ýeri däl bäri. Hemme zatdan ötri okyjylaryñ şuña dogry düşünmegini isleýärin: islendik goýulýan materiallar diñe maglumat bermek maksady bilen goýulýar ýa-da goýulmaga ýol berilýär. Saýt hiç bir uruşýan tarapyñ, haýsam bolsa bir ýurduñ, ideologiýadyr diniñ, ynanjyñ, milletiñ tarapdarlygyny edenok. Bitarap pozisiýada goýulýan obýektiw maglumatlara gapymyz hemişe açyk. Şeýle-de, pikirini ýazýanlaryñ pikiriniñ dogrudygyna ýa ýalñyşdygyna garamazdan, okyjylary manipulirlemezden, bitarap nukdaýnazardan aýdybermeli islendik aýtjak zadyñy. Munyñky bolsa beýle däl. Şagadamdan ugran gämi saga-çepe, öñe-yza nirä çaýkansa-da ahyr Bakuwa baryp diremeli. Onuñ gämisi Baku portuna gelip diredi indi. Birsellem gowur turuzyp bildi. Gämisini başga ýerde sürsün, kitapçyñ deñzinde däl. Bäri edebiýat saýty!

0
24 Haweran  
411
Onuñ bolşy şuny ýadyma saldy:

Geçen hepde ýekşenbe güni "Kämil" bilim merkezinde şahyr Aknur Rozyýewa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Öñ birnäçesiniñ gatnaşmagy haýyş edendigine garamazdan şolar ýaly ýerlere barmakdan gaça durýardym. Bu gezek Aknur özelenip duransoñ barmaly boldy.
Gelen ýaşlaryñ aglabasynyñ berýän soraglary juda ýöntem: "Obalymyñ?", "Lebaply ekeniñ?", "Durmuşa çykdyñmy?", "Näçe çagañ bar?", "Adamyña söýüp bardyñmy?" we ş.m.
Hem gaharyñ gelýär, hem gülkiñ tutýar. Bular ýaly duşuşyklarda şahyryñ döredijiligi hakda, edebiýat meseleleri hakda gürrüñ gitmeli dälmi? Ýa-da edebiýat meseleleri hakda duşuşyk geçirilýän şahyryñ pikiri soralmaly dälmi, näme edende gowy boljak, okaýan goşgulary hakda tankydy bellikler edilmeli dälmi? Beýle bellikler etmek nirede, Aknur goşgy okaýar welin, ony üns berip diñleýänem ýok, kim telefon oýnap otyr, kim başga pikirlere gümra. Bizi ýurdumyzyñ çar künjünden gelip çykandygymyza garamazdan şol ýere ýygnan, başymyzy jemlän zat näme - çeper söz, edebiýat
Şeýle bolýan bolsa, biz haçan oba, etrap, welaýat derejesinden göterlip, haçan şu zatlara - gelip çykan ýerimize, obamyza, tire-taýpamyza, ynanjymyza, sosial ornumyza parh etmezden hemmetaraplaýyn pikir alşyp bilerkäk?
Ýene bir zat jynyma düşdi:
Ýaşlaryñ biri ýerinden turup, A.Taganyñ "Kyrk ýylda ýazylan kitabyny" okandygyny we onda Magtymgulynyñ käbir goşgularynyñ özünki däldigini aýdýandygyny aýdýar (köp zat aýdýan ýaly!). Özüñi tanat, kim sen diýip soralanda-da, ýoknasyz gopbamsylygy bilen "özümi tanadyp biljek däl" diýip it ýylgyryşyny edýär. Köpçülige geldiñmi, orta çykyp bir zat aýtjakmy, özüñi tanatmazlyk nämäniñ alamaty? "Düýä münüp hataba bukulmak" nämä gerek? Aknura içi güjükli şeýle adamlary näme üçin çagyrýañyz diýsem, "men-ä ony tanamogam, çagyramogam" diýdi. Öñem birtopar adamyñ ne azaplar çekip, asylly maksatlar bilen geçirilmegi ýola goýlan döredijilik duşuşyklaryny we märekesini şolar ýaly içi güjükli betpygyl adamlar dargadýar.

Bul biziñ "Ýaranymyzam" betpygyl-a diýip biljek däl, ýöne ýeri gelse-gelmese özüniñ taryhçylygyny aýtjak bolýar, başgalary hiç zat bilmezlikde aýyplap, özünkini dogry etmäge çytraşýar.
Dogrusy, taryh ugrundan kandidatlyk dissertasiýasyny goramak ü.n ylmy ýolbaşçyma çenli kesgitläp, hemme tabşyrmaly dokumentlerimi tabşyrypdym, ýazjak temamam saýlap alypdym. Emma soñuna çenli goramadym, ýazmadym. Şoñ ü.n taryha hernäçe höwesli ýapyşsamam, "men taryhçy" diýmäge dilim öwrülenok, özümi höwesjeñ kategoriýadan hasaplaýan. Etmedik işimi etdim diýip gazanjak zadym näme?
Mümkin, taryh fakultetinde okandyr. Ýöne bu onuñ taryhçylygyny görkezenok ahyryn. Edil hukuk fakultetini okanym bilen meniñ sözüñ doly manysynda hukukçy bolup bilmeýşim ýaly!
Şeýle-de, ilkibaşda @Gökböriñ açýan temalaryndan çykanokdy, haçan-da pikirine garşy bir zat diýildi welin, tozan turzup bildi, emma onuñ öz açýan temalary oñka garanda hil taýdanam, terjime edilşi taýdanam pesdigi görnüp duram welin... Iñ bärkisi türkçedäki "yaptırım" sözüni bolşy ýaly alýar, sanksiýa diýmän. Haýsy birini aýdaýyn... Köp kişi bolsa, ony gepe çeper biri hasaplaýar. Men-ä şonda gepe çeperlik görmedim. Agzalañ içinde ony gepde ýeñip biljekler kän, ýöne hiç kimiñ sanaşasy, kellesini agyrdasy gelenok. Bu bolsa şeýledir öýdüp ýañrap otyr, ýañrap otyr... Dogry, az-owlak şowhun turuzmagy, gohlamagy, pikirine ters düşýän agzalary ýekirmegi başarýar, olam mümkinçilik berlen pellesine çenli.
Onuñ hakyky at-familiýasy bilen çykyş etmeyänliginem, "Ýaran Ýagmyr" adynyñ lakamdygyny ýa nik adydygynam bilmän duramzok. Göz ýumdugymyzça beterine tutdy. Edebiýat meýdanyny syýasy gorhana öwürdi.
Sylabildik. Gepläbildi. Besdir indi.

0
25 yaran_yagmur_9  
1578
Birje düzediş, Haweran: gaty özür soraýaryn, emma il bilen bilen işim ýok welin, meniň taryhçylygymy hiç kim elimden alyp bilmez. Men hünärim boýunça taryhçy, alymlyk derejä synanyşmadym, umuman, öz ugrumdan kän işlemedim, emma bilimim taryhçy. Edil şonuň ýaly, edebiýat ugrundan gutaran özüni edebiýatçy, biologiýa ugrundan gutaran biolog, suratkeşlik hünäriňi öwrenen özüni suratkeş diýip atlandyryp biler, Wan Gog bolmagy hökman däl. Men häzirem taryhdan islendik temaňy tabşyrsalar, ýatdan çykmaz ýaly edip leksiýa berip bilerin. Gerek bolsa suratlaryny hem, kartalaryny hem öz elim bilen taýýarlap.

Siziň diýýäniňize düşünýärin: "Men taryhçy" diýip, şony delil hökmünde peýdalanjak bolýar" diýýärsiňiz, emma men "siziň göz-görtele ýalan deliliňizi kabul eder ýaly men taryhdan beýle bihabar adam däl" diýen manyda aýtdym, özüme taryhy ilden üýtgeşik bilýär diýen manyda däl. Taryhçy bolubam, taryhçy bolmanam taryhy menden kän bilýärler kändir elbetde, ylaýta-da internetiň döwründe.

Howa, saýtyňyzy syýasatdan jedel üçin peýdalanýandygym özüme hem ýaramaýardy, oňa sözüm ýok. Bu etika hem, hukuga hem sygmaýardy. Özümiňem edebiýat barada gürrüňime nobat bermeýärdi. Bu ýerde ýerliksiz gürrüňlerdi. Umuman, Saýlaw ýaly özleri edebiýatdan bir agyz söz ýazman, diňe pagyş replika berip oturanlara jogap berjek bolmagam bihuda, hebes pişe. Bu, umuman, syýasy jedelem däl, ýöne gykylyk. Şony özüme hem gelişdirmän ýördüm. Edebiýatdanam meseleler ýa-da meniň aýtmaga zadym azmydy näme? Syýasat bilen meşgallanjak bolsam başga ýerde etmelidim, gelen adresimi unudaýdym öýdýän, ýatlatdylar.

Şonuň üçinem, yjaza berseňiz, men indi diňe edebiýatdan gürläýin, sap edebiýat bilen gyzyklanýan agzalaryň birazajyk sowaşandygyny, edebiýatdan teswir ýazmaýandyklaryny özümem duýup otyryn.

Ýöne dünýäniň käbir sebitlerindäki adamlaryň we ilatyň berbat ýagdaýy barada žurnalistleriň synlaryny bermäge rugsat edersiňiz diýip umyt edýärin. Munuň üçin kimdir birini aýyplaýan ýa-da haýsydyr bir syýasy çözgüde çagyrýan makalalary, elbetde, hödürlemerin. Özümden bolsa bir sözem goşup-aýramok, bilýänsiňiz. Men şeýle gözgyny sahnalary diňe halkymyzyň parahat, asuda durmuşyň gadryny bilip, sarpalamaklary üçin hödürleýärin. Syýasat diýer ýaly syýasat däl. Aslynda, özüm syýasy taýdan angažirowannyý, haýsydyr bir topara gulluk edýän adam däl. Elbetde, jemgyýetçilik gymmatlyklarym bar: parahatçylyk, watançylyk, ynsan hukuklary, halklaryň hukuklary...

Şonuň üçinem saýtyňyzda oňaýsyz ýagdaýy döredenim üçin ilki bilen Sizden, onsoňam syýasy garaýyşlary nähili bolsun, tapawudy ýok, göwünlerine degen bolsam Babaý, Kunfu ýaly raýatlardan ötünç soraýaryn. Emma birki sanysy bar, olar maňa däl-de, başga mukaddesliklere degeni üçin din duşmany bolup galdyk, olaryň atlaryny tutmak hem islemeýärin. Özleriniň hakyky edebiýata gyzygy bolmadyk bu adamlaryň edebiýat barada "teswir" ýazmajakdygyna umyt edýärin.

Ähli edebiýat muşdaklaryndan, aýratynam zenan maşgalalardan emele getiren gelşiksiz ýagdaýym üçin ötünç soraýaryn. Meniňem bir tarapdan sebäp bolanym bazar gykylygyna (eger okan bolsaňyz) üns bermän, saýtyň asyl maksady bolan arassa edebiýat söhbetdeşligine dolanyp gelmäge çagyrýaryn!

1-15 16-16
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]