11:11 Azimusyň aýdym, kino sungatlarynyň sazlaşygyndan dörän surat eserlerine syýahat | |
AZIMUSYŇ AÝDYM, KINO SUNGATLARYNYŇ SAZLAŞYGYNDAN DÖRÄN SURAT ESERLERINE SYÝAHAT
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Internet torlarynda Azimus ady bilen tanalýan Abdulmuhamed özüniň surat eserleri bilen meşhurdyr. Ol 10 ýaşynda surat çekmek bilen meşgullanyp başlaýar. Abdulmuhamed Derýaýew orta mekdep bilen birlikde Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde bilim alýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlaýar, soňra Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewden tälim alýar. Azimusyň suratlary döwrebaplygy, geriminiň giňligi we reňk sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Onuň eserleriniň arasynda Tupakyň (2pac), Kobe Braýantyň, Leonardo Di Kaprionyň we has görnükli şahsyýetleriň portretlerini görmek bolýar. Dünýä belli tiktoker Bella Porşeniň portretini döretmek prosesi kamerada düşürildi we taýmlaps şekilinde montaž edildi. Wideo hudožnigiň «YouTube» kanalynda we «Instagram» sahypasynda ýerleşdirildi. Ol şu günki güne çenli takmynan 12 million gezek tomaşa edildi we bu san günsaýyn artýar. Azimusyň özi meşhur adamlaryň portretlerini çekmegi gowy görýändigini aýdýar. Ol surat çekmekden başga-da, türkmen we rus dillerinde aýdym aýtmak bilen hem meşgullanýar. «Gözleme ýol», «Suratkeş» ýaly birnäçe aýdymlary ýerine ýetirýär. «SalamNews»-iň habarçysy Abdulmuhamediň döredýän eserleri hakynda döredijilik söhbetini size ýetirýär. — Maşgalaňyzda sizden başga-da sungat adamy barmy? — Ýok. Maşgalamda diňe men sungat bilen meşgullanýaryn. — Näçenji ýylda surat çekmäge başladyňyz? — 2004-nji ýylda 4-nji synpda okaýan döwürlerim. — Näme üçin sungatda surat çekmegi saýladyňyz? — Suratyň üsti bilen dünýäniň, durmuşyň göze ilmeýän, adatça, görünmeýän, bilinmeýän taraplaryna üns çekmek isleýärin. — Nämeden ylham alýarsyňyz? — Aýdym-saz we kino. Käte özümem aýdym aýtmak bilen meşgullanýaryn. Birnäçe aýdymlary diňleýjilere hödürledim. — Siziň özüňiz üçin gara galamda çekilen surat ýakynmy ýa-da reňkli surat?! — Gara galamda çekilen surat. Ol iň köp ulanýan reňkim. — Adamlaryň göwnünden turýan sungat eserini döretmek üçin esasy näme gerek? — Praktika. Galanyny wagt görkezýär. — Özüňizi haçan suratkeş hökmünde gördüňiz? — 2008-nji ýylda Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebini tamamlan döwürlerim diýsem ýalňyşmaryn. — Kimiň çeken suratlaryny has gowy görýärsiňiz? — Çep elinde gara galam bilen çekýän suratlary bilen meşhurlyk gazanan Çarlz Lawesonyň we awstriýaly Wokanyň, ýerli suratkeşlerden Zakir Babaýewiň çekýän suratlaryny gowy görýärin. — Nähili eserleri döretmegiň arzuwynda? — Kerim Gurbannepesow, Atabaý Çarygulyýew ýaly türkmen şahsyýetleriniň keşbini şekillendirmek isleýärin. — Öz galereýaňyzy açmak isleýärsiňizmi? — Hawa, onda-da halkara derejede. — Daşary ýurt aktýordyr aktrisalarynyň suratlaryny çekýän ekeniňiz. Olar bilen siz ozaldan tanyşmy? — Britan aýdymçysy Sami Ýusuf, gazak reperi Jah Khalib ady bilen Bahtiýar Mammedow, türk aýdymçysy Aleýna Tilki dagynyň suratlaryny çekdim we gaýybana tanyş boldum. — Üstünligiň syry nämede? — Bilimiň çägini giňeltmekde, öz dünýäňi açmakda we täzeçillikde diýip düşünýärin. — Teklibimizi wagt tapyp kabul edeniňiz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Geljekde-de işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris. — Sizem sag boluň! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||