08:36 Ba Jin | |
BA JIN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ba Jin, hytaýly meşhur ýazyjy. Hakyky ady Lifegain. 1904-nji ýylda dogulýar. Ba jiniñ romanlary we hekaýalary 1930-40-njy ýyllarda görlüp-eşdilmedik okyjy gatlagyna eýe bolýar. Ba Jin anarhist ýazyjydyr. Onuñ eserlerinde ulanan Ba Jin tahallusy onuñ hormat goýan rus anarhistleri Bakuniniñ we Kropatkiniñ familýalaryndan başky we soñky bogunyndan ýasan adydyr. Gurply maşgalada kemala gelen Jin tradision konfusiçilik biliminiñ gapdalyndan daşary ýurt dillerinden we edebiýatdan okaýar. Sosialist dûşünjeleri we ýazyjylara duýýan ýakynlygy heniz okuwçyka döredi. Iki ýyla çeken okuwdan soñ 1929-njy ýylda Fransiýadan dolanan Jin şol ýyl neşir edilen romany "Ýok ediş" (Miewang) bilen uly meşhurlyk gazandy. Mundan soñky dört ýylda esasan jemgyýetçilik meselelerini ele alýan we tradision maşgala sistemasyny tankyt edýän ýedi roman ýazýar. Olardan iñ meşhury 1940-nji ýylda tamamlanan "Sil" (Jiliu" atly awtobiografik trilogiýanyñ ilkinji üç tomy "Maşgala" (Jia) romanydyr. (Beýleki iki tomy "Ýaz" (Chun) we Güýzdir" (Jiu). Ba Jiniñ bu romanlarynda hem, beýleki romanlarynda hem beýik rus ýazyjysy Turgenewden we fransuz ýazyjysy Emil Zolýadan täsirlenendigini görmek bolýar. Köp sanly makalalary we syýasy garaýyşlary kommunistik rewolýusiýanyñ intellektuallary tarapyndan kabul ediljek şertleriñ döremegine hyzmat edenem bolsa, onuñ eserleri, mazmun taýdanam, stil taýdanam ýygy-ýygydan kommunistleriñ ýiti tankydyna uçrady. 1949-njy ýylda Hytaý Halk respublikasynyñ döredilmeginden soñ syýasy taýdan ynamlylyk gazanyp Ba Jin möhûm edebiýat we medeniýet guramalaryna saýlandy. 1950-nji ýyllaryñ ahyrlaryna çenli anarhist düşünjelerden uzaklaşanam bolsa, täze jemgyýetçilik düzgünine hiç uýgunlaşyp gidibermedi. Medeniýet rewolýusiýasy (1966-69) döwründe kontrrewolýusioner hökmünde aýyplandy we gazaply tankyt topuna tutuldy. 1977-nji ýyla çenli orta çykmadyk Jin 1978-nji ýylda Milli Halk kongresine, has soñra bolsa kongresiñ hemişelik agzalygyna saýlandy. 1981-nji ýylda Hytaý Ýazyjylar birleşiginiñ wagtlaýyn başlyklygyna bellendi. 1980-nji ýyllarda başlan parkinson keselinden ejir çeken Ba Jin 2005-nji ýylda Şanhaýda aradan çykdy. | |
|
√ Şiraly Nurmyradow - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |