13:49 Bag ~ Zeminiñ zynaty | |
BAG — ZEMINIŇ ZYNATY Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda, onuň töwereklerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny sargyt edýär. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek, şol sanda gök zolaklary döretmek we bezeg agaç nahallaryny oturtmak babatdaky işleri geljekde hem alyp barmagyň möhümdigini belläp, bu işi ylmy esasda geçirip, oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlaryny hem-de degişli düzümleriniň hünärmenlerini çekmegiň zerurdygyny nygtap belleýär. Hawa, Berkarar döwletimižiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky iş yzygiderli häsiýetde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň suwarymly toprak-howa şertleri ýapraklydyr gyrymsy agaçlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler döredýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň paýtagtymyzdaky hoştap howaly Botanika bagyna giren badyňa, başy belent baglar garşy alýar. 87 ýyl mundan ön düýbi tutulyp, 18,5 gektar ýere ýaýylyp gidýän bu bagda ösümlikleriň 3 müňden gowrak görnüşi bar. Olaryň 1 müňden gowragy uly we gyrymsy agaçlar, bir bölegi bolsa otjumak ösümlikler, ýene bir ýanda-da otag ösümlikleridir bezeg gülleri ýetişdirilýär. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň köçeleridir seýilgählerinde, dynç alynýan ýerlerinde gabat gelýän göze gelüwli daragtlar we üýtgeşik güller dünýäniň dürli künjeklerinden getirilip, ine, şu ýerde öwrenilen, ýerli şertlere uýgunlaşdyrylýan hem-de köpeldilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine ýaýradylan ösümliklerdir. Bu ýerde dünýäniň geografik zonalarynyň 8-sine degişli ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär. Hawa, ýurdumyzyň tebigatyny goramak we biodürlüligi baýlaşdyrmak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Garaşsyzlyk döwründe sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, biodürlüligi baýlaşdyrmak maksady göz öňünde tutulyp, daşary döwletlerden saýalydyr pürli bezeg agaçlaryň we gülleriň birnäçe gömüşleriniň tohumlary hem-de nahallary getirilip oturdylýar we olar ýerli şertlere uýgunlaşdyrylýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem ekologik ähmiýetli, adamzat bähbitli bu çäreler has işjeň häsiýete eýe bolýar. Dünýäniň dürli künjekleriniň dürli floralaryndan getirilýän gymmatly ösümlikler Diýarymyza bezeg berip, toprak we howa şertlerine uýgunlaşyp, kadaly ösüşi dowam edýär. Tebigatyň iň ajaýyp gözellikleriniň biri bolan pürlüdir saýaly bezeg agaçlarynyň birnäçe ähmiýetli häsiýetleri bar. Olar bütin ýylyň dowamynda fotosintez hadysalaryny geçirýärler-de, atmosferada kislorodyň mukdaryny artdyrýarlar. Günden düşýän ýylylygyň käbir bölegi infragyzyl şöhle görnüşinde äleme gaýtarylýar. Dynç alynýan seýilgählerde, binalaryň daş-töwereginde, ýollaryň gyralaryna ekilen bezeg agaçlar howany ionlar bilen baýlaşdyrýarlar. Atmosferany hapa gazlardan arassalamakda hemişe ýaşyl öwsüp oturan pürli agaçlaryň ähmiýeti diyseň uludyr. Maral SAHATOWA, # turkmenistan_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |