23:50 Bagtyýar zamanyñ eşreti | |
BAGTYÝAR ZAMANANYŇ EŞRETI
Publisistika
Bagtyýar ýaşaýşa guwanç, durmuş dowamata buýsanç, arzyly käre bolan söýgi ynsan ähliniň kalbynda müdimilik ornaşan duýgularyň ummanyndan syzylýar. Yssy mähre eýlenen şol duýgulary oýandyryp, sadadan näzik kalplara şatlyk eçilýän, güler ýüzlere nuranalyk çaýýan buýsançly wakalar, ösüşli menziller, ýetilýän belent sepgitler Bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününi toý-baýrama besleýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan ýurdumyzyň welaýatlarynda hem ak mermere beslenen paýtagty Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýä ülňülerine laýyk gurlup ulanylmaga berilýän edara-kärhanalaryň döwrebap binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary eşretli eýýamyň hözürini görüp ýaşaýan halkymyzyň kalp ylhamyna joşgun eçilip, ýaşaýşa, durmuşa söýgi oýarýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek V Aziýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň açylyş dabarasynyň Türkmen gawunynyň baýram edilýän güni bilen utgaşmagy, ak şäherimiziň görküne görk goşýan täze desgalaryň üstüni ýetirip, behişdi nygmatyň şanyna ýaýbaňlandyrylýan çärelere özboluşly öwüşgin çaýdy. Ajaýyp zamanaň eşretiniň aýdyň beýany bolan bu binany Gahryman Arkadagymyzyň dabaraly açyp, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri üçin döredilen şertler bilen tanyşmagy, oňa gatnaşyjylarda ruhubelentlik duýgularyny oýardy. Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalaryny bir ýere jemlejek täze binanyň döwrebap röwüş atmagynda «Myradym» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň hem uly hyzmaty bar. 335 işgär üçin niýetlenen 118 sany iş otagynda oturdylan häzirki zaman enjamlar, bu ýerde işlemek üçin zerur şertleriň döredilendigini aýdyň subut edýär. Türkmen telekeçiligine giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladasy bilen ümzügi barha ilerleýän bu kärhananyň geljekde hem güneşli Diýarymyzyň görküni ajaýypdan berk binalar bilen goşalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynamyň artýar. Binanyň birinji gatyndaky zalda guralan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlardyr talyplarynyň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşlap döreden eserleriniň sergisi hem dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ygtybarly daýanjy saýýan mähriban halkynyň bagtyýarlygyny olaryň abadan ýaşaýşynda, sagdynlygynda, ruhubelentliginde görýän ýurt Baştutanymyzyň jahana ýaň saljak V Aziýa oýunlaryny has-da şowhunly geçirmek baradaky sargytlaryndan ugur alnyp ýurdumyzyň çar künjeginde we ak mermere beslenen paýtagtymyzyň awtobus duralgalarynda hem beýleki ýerlerinde milli mirasymyzyň pür-pudak ýaýradýan şahalary bilen sazlaşykly şekillendirilen şekiller galkynýan göwünlere ganat baglaýar. Ynsan başyndaky göwher täje deňelýän gymmatly baýlyklaryň biri bolan saglygy gorap saklamakda, berkitmekde, sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekde, geljegimizi gülletjek ýaş nesliň sagdyn bedenli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmakda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda bimöçber işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli Maksatnamasyndan» ugur alnyp gözel paýtagtymyzda we welaýatlarda dünýä ülňülerine laýyk gurlup ulanylmaga berlen saglyk we sport maksatly desgalar bolsa, il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýändigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründen ruhlanyp işleýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň hem bu döwrebap bina, önjeýli işlemäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiziň adyna aýdýan alkyşlary çäksiz. Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, Bagtyýarlyk döwründen ruhlanyp işlemegi, okamagy, döretmegi barada taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun! Miwe BEKMYRADOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |