01:00 Bahaweddin Nagyşbendi | |
RUHY SÜTÜNLERIMIZ
Taryhy şahslar
▶ BAHAWEDDIN NAGYŞBENDI Bahaweddin Şahy Nagyşbendi. Asyl ady Seýitmuhammet Bahaweddin. 1318-nji ýylda (hijri 717-nji ýylda) häzirki Özbegistanyñ Kasry-Aryfan obasynda Muhammet ibn Buharynyñ maşgalasynda dogulýar we 1389-njy ýylda (hijri 791-nji ýylda) hem şol obada 74 ýaşynda aradan çykýar. Nagyşbendiçiler tarykatynyñ piri hasap edilýär, asly seýitlere baryp direýär. Bahaweddin Nagyşbendi dereje taýdan juda belent mertebelere ýeten welilerden hasap edilýär. Muny entek onuñ dünýä inmänkä, buşlanmagy hem doly tassyklaýar. Günlerde bir gün Buharanyñ golaýyndaky Semmas şäherinde ýaşap geçen pir Hojamuhammet Baba Semmasy (k.s) öz sopularyna: "Men Kasry-Aryfanda bir öwlüýäniñ ysyny duýýan. Basym şol ýerden beýik bir aryf dörär" diýipdir. Soñ ýene bir ol Kasry-Aryfan obasynyñ deñesinden geçip barýarka: "Şol ys şumat beter güýçlendi" diýipdir. Görüp otursalar, şol wagt Bahaweddiniñ üç gün bolan eken. Muhammet ibn Buhary bir gün ogluna haýyr dogasyny etdirmek Babba Semmasynyñ ýanyna alyp barýar. Baba Semmasy (k.s) kiçijik Bahaweddini gören badyna ýanyndakylara: "Ynha, meniñ size näçe wagt bäri bir aryfyñ ysyny alýan diýip buşlap ýören adamym şu. Enşalla, tiz wagtdan halklara howandar bolar" diýipdir. Bahaweddin Nagyşbendi 18 ýaşynda Baba Semmasydan tälim almaga onuñ gullugyna durýar. Birnäçe ýyllap şägirdine ylym beren Baba Semmasy Bahaweddini soñea Seýit Emir Külala (k.s) tabşyrýar. Baba Semmasy (k.s) bakyýete göç edenden soñra Bahaweddin Buhara dolanýar we öýlenýär. Mundan soñky döwürde Bahaweddin Nagyşbendiniñ ylahydan berilen artykmaçlygynyñ hasam ýüze çykan, tarykatdaky ýeten derejesiniñ artyp başlady. Hatda ol ýeten derejesine bäs edip bilmän, gijelerine düz meýdana dagy çykyberipdir. Bir aýazly gije ol Seýit Emir Külaly görmek üçin paýu-pyýada onuñ ýaşaýan şäheri bolan Buharadan üç günlik ýoldaky Nesebe gidýär. Egni ýekeje köne içmekli ýol aşan Bahaweddin gijäniñ içi Emir Külalyñ gapysyna barýar. Gapydan giren Bahaweddine gözi düşen Emir Külal sopularyna: "Bu kim?" diýýär. Sopular onuñ kimdigini aýdanlarynda, ol: "Derhal daşary çykaryñ. Salmañ öýe" diýýär. Garly gijede uzak ýoly söküp gelendigine garamazdan, öýe salynmadyk Bahaweddin daş işikde ýatyberýär. Ir bilen daş çykan Emir Külal şägirdiniñ gözgyny bolup ýatyşyny gören badyna, ony göterip öýe salýar we mübärek elleri bilen onuñ aýaklaryny owkalap, melhem edýär. Elbetde, Emir Külal muny ýöne ýere etmändi. Sebäbi ol Bahaweddiniñ tarykat ýolunda nebsine buýrup bilşini, öýke-kinäni ýuwdup bilşini, sabyr-takatlylygyny synamak isläpdi. Bahaweddin Nagyşbendi Emir Külalyñ ähli hojalyk işlerine özi ýetişipdir, arkasynda piriniñ odunlaryny daşapdyr. Bahaweddin Nagyşbendiniñ Hezreti Emir Külala bolan yhlasy çensiz-çaksyz bolupdyr. Bir gün ol Buharadan Nesebe barýarka eli ullakan hasaly, kellesine derwüşleriñ geýýän şypyrtmasyna çalymdaş şypyrtma çümrüp geýen bir atly duş gelýär. Ol atly hasasy bilen Bahaweddine somlap: "Bu atlyny tanaýarsyñmy?" diýýär. Bahaweddin oña jogap bermän, ýoly bilen boluberýär. Atly ony ýolundan saklajak bolup, her zat edýär, aty bilen ýolunda keserip durýar, peýda bermeýär. Ol atly Rabaty-Garawul diýen ýere barýança Bahaweddiniñ söbügini sypdyrman, özi bilen bir agyz söhbet etmegi özelenipdir. Bahaweddin oña ýüz bermän, gaýtam: "Men seniñ kimligiñi bilýärin. Bar gowsy öz ýoluña git" diýipdir. Bahaweddin Emir Külalyñ ýanyna baranynda, ol şägirdine: "Ýolda saña Hydyr aleýhyssalam sataşypdy. Sen näme üçin oña ýüz bermediñ?" diýipdir. Şonda Bahaweddin halypasyna: "Men seniñ gapyña alnymy diredim. Senden başga hiç kime ünsümi bölmerin" diýip jogap beripdir. Diñe şu hekaýatyñ özem ylmyñ depesine çykmak we hakykata gowuşmak üçin, ýüz tutan ýeriñden bereket tapmak üçin şägirt öz halypasynyñ, mürit öz piriniñ hyzmatyna durky bilen berilmelidigini aýdyñ görkezýär. Bahaweddin Nagyşbendi gijelerine Buharanyñ töwereginde beýik welileriñ guburlaryna ýygy-ýygydan zyýarat edipdir. Onuñ gonamçylyklarda duran ýerinden "Melekut-älemine" seýir edip, bakyýete göç eden weliler bilen söhbet edip oturanyny birnäçe gezek görüpdirler. Tarykat ýolunda welileriñ jismany dünýäden (älemi-maddyýatdan) çykyp, bakyýetdäki (älemi-mujerridat) ylahy barlyklar bilen gürleşme hadysasynyñ bardygy tasawwuf ylmyna mälimdir. Bahaweddin Nagyşbendiniñ bu ylahy artykmaçlygy hem şol ahwaldan habar berýär. Aryf şahyrymyz Hezreti Magtymgulynyñ: "Bir gije ýatyrdym, säher wagtynda, Bahaweddin atly diwana geldi. Asasyn süýreýip gelmiş Buhardan, Hak yşkyna mest-u mestana geldi". ("Diwana geldi"); ýa-da: "Bir gije ýatyrdym, şa Nagyşbendi Keremi joş eýläp, bir nan getirdi. Sag elinde bada-gülgün şeraby, Sol elinde täze birýan getirdi". ("Bir nan getirdi")[1] diýen setirleri hem hut şu ahwaldan habar berýän syrly setirler bolsa gerek. Diýmek, Bahaweddin Nagyşbendiniñ ýeten ylahy derejesine, ony özüne ruhy halypa saýan we nagyşbendiçilik ýoluna eýeren Magtymguly Pyragy hem ýetipdir. "Diwana geldi", "Bir nan getirdi" diýen goşgularyñ syryna düşünmek üçin tasaawwuf ylmyny we nagyşbendiçilik tarykatynyñ ündewlerini doly özleşdirmek gerek. Magtymguly Pyragy "Turgul!" diýdiler" atly düýşde gören (düýşmükä özi?) ahwalyny beýan edende hem Muhammet pygamber (s.a.w), Dört Çaryýarlar (r.a), Selim Hoja, Weýsel Karany (Weýis baba), Zeññi baba, Baba Selman (Selman Parsy) ýaly onlarça sahabalardyr weliler bilen birlikde Bahaweddin Nagyşbendini görendigini-de aýdyp geçýär: "Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir..."[2] Aslynda dana şahyryñ: "Dehistanyñ baýrynda, Bady-sabany görsem, Bahaweddin, Mirkulal*, Zeññi babany görsem" ("Bady-sabany görsem")[3] - diýip Bahaweddin Nagyşbendini we onuñ piri Emir Külaly görmekligi arziw edip ýazan setirleri ýokarda bolup geçen ylahy ahwallardan has öñ, has takygy onuñ tarykatdaky bu sepgidine ýetmedik wagtynda ýazylan bolmaly. Bahaweddin Nagyşbendiniñ zahyrda mürşidi Emir Külal bolsa-da, onuñ batyndaky mürşidi Abdylhalyk Giždiwany (k.s) bolupdyr. Bu nukdaýnazardan seredenimizde, ussat Magtymgulynyñ hem batyndaky mürşidi Bahaweddin Nagyşbendi bolup çykýar. Muny Magtymgulynyñ ýokardaky setirleri hem doly tassyklaýar. Günlerde bir gün Emir Külal Bahaweddini ýanyna çagyryp: "Eý ogul! Men Şeýh Baba Semmasynyñ wesýetini tutdum, ähdime wepa etdim. Seniñ kabylyýetiñ, ylahy artykmaçlygyñ çakdanaşa güýçli. Indi seniñ öz himmetleriñe mynasyp gelýän beýik öwlüýälerden tälim almagyña rugsat berýärin" diýýär we oña ak pata berýär. Mundan soñ ol Möwlana Aryfy Deýkgeranyñ hyzmatynda ýedi ýyllap bolýar. Deýkgeranydan soñ bolsa, Özbegistanyñ Garşy şäherinde ýaşan meşhur türkmen piri Kusam şyhdan tälim alýar. Bahaweddin Nagyşbendiniñ Kusam şyha bolan yhlasy çäksiz bolupdyr. Kusam şyh hem ony öz ogly deý görüpdir we Bahaweddiniñ hormatyna Buhara göçüp barýar, şyh ol ýerde ömrüniñ ahyryna çenli ýaşaýar. Bir gije Bahaweddin ýatyrka, düýşünde beýik beýik türkmen welisi Hekim atany görýär. Hekim ata oña: "Möwlana Derwüş Öwüskeniniñ huzuryna git!" diýip yşarat edýär. Ukudan oýanandan soñ ol bu düýşüni garry enesine gürrüñ beripdir. Garry ene ogluna: "Oglum, saña türkmen pirlerinden-de paý boljakdyr" diýipdir. Soñra ol Derwüş Öwuskeni (Şeýh Halyl) bilen Buharada duşuşýar. Şonda Bahaweddin Derwüş Halyla gören düýşüni aýtmakçy bolanda, Öwüskeni: "Aýtmak gerek däl, maña ol düýş aýan" diýýär. Bahaweddin Nagyşbendi tutuş alty ýyllap türkmen Derwüş Halylyñ hyzmatynda bolupdyr. Bahaweddiniñ halypalarynyñ biri oña janly-jandarlaryñ hyzmatyny etmegi buýrupdyr. Muña eýeren Bahaweddin hatda ýolda öñünden it çykan çyksa-da gyra sowulyp, ite ýol berip soñ geçipdir. Ol mallar hyzmat edip ýedi ýylyny geçiripdir. Türkmen halkynyñ "çopan pylança ýyllap bakýan malyna gatyrganman, sögünmän mähribanlyk bilen çopanlyk etse, Hydyr görýärmişin" diýen aýtgysynyñ añyrsynda şular ýaly syrly ündewleriñ ýatandygyny añmak kyn däl. Bahaweddin Nagyşbendä soñ itlere hyzmat etmek buýrulýar. Ol piriniñ pendini tutup, itlere hyzmat edýär. Günleriñ bir güni ol bir ite gözi düşüp perişan hala düşýär we aglap başlaýar. Bahaweddiniñ bu ýagdaýyny gören it arkan ýatyp, dört aýagyny asmana galdyrýar-da, zaryn-zaryn uwlaýar. Bahaweddin bolsa, oña "Omyn!" diýipdir. Munuñ syry şeýle: It Bahaweddiniñ özünden doga isleýändigini bilip, dört aýagyny asmana uzadyp "Şu bendäniñ hajatyny bitir!" diýip, Alladan dileg edýän eken we Bahaweddinem oña "Omyn!" diýýän eken. Diñe şondan soñ it arkaýynlaşyp, öñki ýagdaýyna öwrülýär. Mundanam soñ onuñ piri Bahaweddine ýol-ýodalardaky daş-kesekleri we hapa zir-zibilleri aýyrmaklygy buýurýar. Bahaweddin ýedi ýyllap hiç himden hiç hili muzd alman halkyñ hyzmatyny edip, ýollary arassalaýar we nebsini öldürip başarýar.[4] Bahaweddin şular ýaly surnukdyryjy we muşakgatly pes işlerden sabyrlylyk bilen geçip, sagadat tuguna we irşad kürsüsine eýe bolmagyñ hötdesinden gelýär hem-de "Şahy Nagyşbendi" ady bilen ylym-yrfan äleminde şan-şöhrat gazanýar. Abdyrahman Teñli Tana ahunyñ aýtmagyna görä, tarykat körüginde taplanyp, ylahyýet ylmynyñ depesine çykmagy başaran we "dünýäniñ talagyny berip, ahyret baýlygyna eýe bolan" Bahaweddin Nagyşbendi Mukaddes Käbä üç gezek zyýarat edipdir. Üçünji zyýaratyndan yzyna gaýdanynda, ol birnäçe wagtlap Maryda ýaşapdyr, soñ Buhara dolanypdyr. Bahaweddin Nagyşbendiniñ görkezen keramatlary, welilik bilen aýdan sözleri barada il arasynda ymgyr kän rowaýatlar saklanyp galypdyr. Bahaweddin Maryda ýaşap ýörkä, bir gün onuñ ýanyndaky buharaly sopularynyñ biri dogduk ýurduna gaýtmaga gyssanyp başlapdyr. Ol munuñ sebäbini soranda, sopusy Buharadaky dogany Şemseddiniñ ýogalandygy barada habar gelendigini aýdypdyr. Şeýh Bahaweddin bolsa: "Bu nähili gürrüñ? Golaýdan doganyñ ysy gelýär ahyryn. Arkaýyn bol, doganyña hiç zat bolanok" diýip, oña rugsat bermändir. Birnäçe sagat geçýär welin Bahaweddin söhbet edip otyrka, Şemseddin gelýär we piriñ elini öpýär. Asyl Şemseddinem Bahaweddin Nagyşbendini didaryny görjek bolup, Mara gaýdyberipdir.[4] Bir gezek Bahaweddin Nagyşbendi Buharada sopulary bilen otyrka, Möwla Aryf atly horezmli sopusynyñ Horezmden çykyp, Türkmenistanyñ Saraý diýen ýerine ugrandygyny aýdypdyr. Biraz wagt geçýär welin, pir Möwla Aryfyñ kellesine bir pikir gelip, yzyna Horezme öwrülendigini aýdýar. Sopular bu aýdylan gepiñ wagtyny belläp goýýarlar. Birnäçe günden soñ dolanyp gelen Möwla Aryfdan sopular sorag-ideg edip görseler, ähli zat Şeýh Bahaweddiniñ aýdyşy ýaly bolup çykýar.[4] Bahaweddin Nagyşbendiniñ görkezen keramatlary bu makalanyñ çäginde sanap geçerden kändir. Ýöne biz munça bolanyna görä, onuñ ýene-de birnäçesini agzap geçeliñ. Bahaweddiniñ Täjeddin atly keramat görkezmäge ukyply sopusy bolupdyr. Pir ony bir iş bilen eýläk-beýläk ugradanda, Täjeddin göz açyp-ýumasy salymda gidip-geläýýen eken. Muny onuñ özünden başga bilýän ýok eken. Bir gün Buhara iş bilen ugradylan Täjeddiniñ howada uçup barýandygyny gören pir ondan bu keramaty alypdyr. Şondan soñ Täjeddin bir ýere gidende hiç uçup gidip-gelip bilmändir. Görşüñiz ýaly, Bahaweddin Nagyşbendiniñ Allanyñ birine beren paýyny, bir adamyñ ýeten derejesini, keramatyny bermäge we almaga güýji ýetipdir. Diñe şunuñ özem Şeýh Bahaweddiniñ ýeten ylahy güýjüniñ akyl ýetirip bolmajak derejelere ýetendigini görkezýär. Bir gezek Bahaweddin bagynyñ içinde, howzuñ boýunda bir nurana adam bilen özara gürrüñ edip oturan eken. Şol wagt piriñ belent derejelere ýeten Hysrow atly bir sopusy gelýär. Şeýh Bahaweddin özüne salam beren sopusyny bir gyra çekip: "Şol oturan Hydyr aleýhyssalamdyr" diýýär. Hysrow geplemeýär we öz işi bilen boluberýär. Bu ahwalat Bahaweddiniñ öz alan tälimini sopularyna hem siñdirip bilendigini görkezýär. Bu şol bir wagtyñ özünde Hezreti Magtymguly Pyragynyñ: "Yhlas bilen bir kämilge gol beren, Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz" - - diýen setirlerini ýada salýar. Ussat bilen şägirdiñ, pir bilen müridiñ bolmalysy hem şeýle. Iki-üç günden soñ Hysrow piriniñ Hydyr aleýhyssalam bilen gürleşip duranyny görýär. Şondan iki aý geçenden soñ Hysrow Buharanyñ bazarynda Hydyra sataşýar. Hydyr aleýhyssalam Hysrow sopu bilen gujaklaşyp görüşýär. Bazardan gelenden soñ Şeýh Bahaweddin sopusyna: "Eý Hysrow, Buharanyñ bazarynda Hydyr bilen görüşdiñ dälmi?" diýipdir. Şeýh Bahaweddiniñ şular ýaly adatdan daşary keramatlarynyñ syryna düşünmek mümkin däl bolsa gerek. Bir gezek Bahaweddin Nagyşbendiniñ sopularynyñ birnäçesi Yraga sapara gidýär. Ýolda olar Simnan diýen ýerde düşleýärler. Myhman bolan ýerlerem Bahaweddiniñ Mahmyt atly simnanly sopusynyñ öýi eken. Şonda sopular Mahmytdan: "Sen pirimizi nädip tapdyñ?" diýip sorapdyrlar. Şonda Mahmyt: "Men düýşümde Hezreti Muhammet pygamberimizi (s.a.w) gördüm. Ýanynda-da haýbatly bir adam bar. Men hormat bilen Pygamberimizden (s.a.w): "Ýa Resulalla! Men seniñ bilen hemsöhbet bolup bilmedim. Seniñ bereketiñden, sagadatyñdan mahrum galdym. Indi näme iş etsem bolarka?" diýdim. Şonda Resulalla (s.a.w): "Sen meniñ bereketime ýetişjek we meni gören sahabalaryñ fazylatlaryny gazanjak bolsañ, Bahaweddine tabyn bol, şonuñ yzyna düş" diýip, eli bilen ýanynda duran adama yşaray etdi. Men ukudan oýanamsoñ Bahaweddiniñ adyny we sypatyny bir ýere ýazyp goýdum. Bir gün bir dükanda otyrkam ýüzi nurana bir adam geldi. Men ol adamy görüp gören düýşüm ýadyma düşdi. Belläp goýan sypatlarymyñ ählisi oña şaplaşyp durdy. Soñra men ol gitmänkä, ondan öýe gitmegi we haýyr doga edip bermegi haýyş etdim. Ol ýüzi nurana adam meniñ öñümden ýöredi we menden soraman göni öýümi tapdy, soñam öýe girensoñ kitap tekjeleriñ arasyndaky bir kitaby aldy-da, "Ynha, seret, näme ýazypsyñ?" diýdi. Ol kitap meniñ ýedi ýyl mundan öñ düýşümde gören yşaratlarymy belläp goýan ýazgylarymdy. Men ony ýazanymy-da undan ekenim. Okanymda ýadyma düşdi, ylaýyk üstünden ýedi ýyl geçen eken. Şeýdibem men Şahy Nagyşbendini tapdym" diýip, jogap beripdir.[4] Bahaweddin Nagyşbendiniñ bir sopusyndan: "Seniñ sopy bolmaklygyñ sebäbi näme? Nädip bu ýola düşdüñ?" diýip sorapdyrlar. Şonda sopy olara şeýle jogap beripdir: "Bir gezek dükanymda otyrkam, Şeýh Bahaweddin geldi we Baýezit Bestamydan kän söhbet etdi, soñam: "Baýezit "kim meniñ donumyñ bir ujuna elini degirse, ol adam ölýänçä meniñ yzymdan galmaz" diýipdir. Ýöne men şeýle diýjek "Eger men donumyñ ýeñini silkäýsem, Buharanyñ uludan-kiçä barsyny ähli baýlygyndan, öýünden-öwzaryndan geçirdip, yzyma düşürerin" diýdi-de, ýeñime bir el degirdi welin, özümden gidip ýykylypdyryn. Huşuma gelenimden soñam Bahaweddiniñ yzyna düşüp ýörşüm" diýipdir.[4] Iki sany dogan Şeýh Bahaweddiniñ ýeten belent derejesine müñkürçilik bilen garapdyrlar we ony synap görmek isläpdir. Doganlaryñ biri beýlekisine: "Men ölen bolup ýataýyn, meni kepenle we tabyda salyp, soñam Bahaweddiniñ ýanyna äkit we ondan jynaza çykyp bermegini haýyş et. Eger ol jynaza okasa, "Näme üçin diri adama jynaza okaýarsyñ?" diý-de, ony köpüñ içinde masgarala" diýipdir. Şu maslahat bilen ýañky doganlaryñ biri ölen bolup ýatan doganyny Şeýh Bahaweddiniñ huzuryna getiripdir. Pir ölen bolup ýatanyñ jynazasyny okap başlan badyna, doganlaryñ synlap durany, Bahaweddiniñ ýakasyna ýapyşyp: "Diri adama jynaza okap, özüñem welilik satýañ, adamlary aldap ýörsüñ" diýip, şerraýlap başlaýar. Sowukganlylygyny saklaýan pir: "Eý, ogul! Sabyr et, öñünçä öz adamyñyza serediñ. Bakyñ, ölümi, dirimi? Men hiç diri adama jynaza okamaryn" diýýär. Seredip görseler, tabytda ölen bolup ýatan hakykatdanam öli diýýär. Hatda jeset buz ýaly bolup, etleri-de kakap başlanmyşyn. Pire eden edepsizliklerine puşman eden dogany Bahaweddiniñ aýagyna ýykylýar we: "Munuñ ölmegi-de dogañ bilen boldy, eger sen himmet etseñ, doga kylsañ direljegine gümanym ýok" diýip, zar-zar aglap, ondan ötünç soraýar. Şeýh Bahaweddin onuñ özelenip durmagyna dözmän doga edipdir, öli bolsa direlip duruberipdir. Bu adatdan daşary wakany gören buharalylar Şeýh Bahaweddine "Hajaýy-Hak" diýip at dakypdyrlar.[4] Süleýman Bakyrganynyñ diwanynda Şeýh Bahaweddin barada şeýle setirler bar: "Gaýypny häzir kylgan, Müşgilni asan kylgan, Ýedi ölüge jan bergen, Bahaweddin diwana". Bahaweddin Şahy Nagyşbendi: "Men hiç wagt Ferdöws atly Jennete girmerin, tä meniñ sopularymyñ, müritlerimiñ we meniñ tarykatymda bolan adamlaryñ hemmesi Jennete girýänçäler" diýipdir. Hatda ol öz müritleriniñ iñ pes derejelisiniñ hem sagyndan 40, solundan 40, öñünden 40, yzyndan hem 40 adama çenli şepagat edip we ýanyna alyp jennete girjekdigini buşlapdyr. Arassa akydaly türkmen halky mezhepde Ymam Agzama, amalda Ymam Maturidä, tarykatda Şeýh Nagyşbendä eýerýändir. Bu berilen buşlugyñ doganlyk özbek halky bilen birlikde, türkmen halkyna-da dahyllydygy örän buýsandyryjy zatdyr. Bahaweddin Nagyşbendiniñ maşgalasy we nesilleri barada hiç hili maglumat ýok, emma onuñ özüniñ aslynyñ seýitlerden, ýagny Muhammet pygamberiñ (s.a.w) neslinden gaýdýandygy welin mälimdir. Bahaweddin Nagyşbendiniñ kakasy nakgaş (nagyşbendi) bolupdyr, Bahaweddiniñ özi hem nakgaşçylyk edipdir, şonuñ üçin onuñ ady Nagyşbendi ady bilen birlikde tutulypdyr. Ýaşan ömründe pukara durmuşda ýaşapdyr, nakgaşlyk edip güzeran görüpdir, gapysynda hyzmatkär saklamakdan ýüz öwrüpdir, çünki ol hyzmatkär saklamagy günä hasaplapdyr. Hoja Ýusup Hemedanydan we Abdylhalyk Giždiwanydan çuññur täsirlenipdir. 1544-nji ýylda Buhara emiri Abdyleziz Han Bahaweddin Nagyşbendiniñ üstüne kümmet galdyrýar.[5] Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Muhammet Babyr, Babarahym Meşrep, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetler nagyşbendi tarykatyndan bolupdyrlar. XV asyrda Hoja Ahrar Ubeýdulla nagyşbendi akymynyñ iñ görnükli wekili hökmünde orta çykýar. Bahaweddin Nagyşbendi we onuñ ideýalary, nagyşbendi tarykatynyñ şyhlary hakynda ençeme eserler döredilipdir. Bu barada diñe Özbegistanyñ Gündogary öwreniş Golýazmalar institutynda 195 kitap saklanýar. 1993-nji ýylda Özbegistanda Bahaweddin Nagyşbendiniñ doglan gününiñ 675 ýyllygy bellenip geçildi. Şeýle hem Buharada onuñ kümmetiniñ ýakynynda "Nagyşbendi" ylmy merkezi döredildi.[5] Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly Hezreti Magtymgulynyñ beýik şahsyýet bolup kemala gelmeginde Bahaweddin Nagyşbendi aýgytlaýjy rol oýnapdyr. Öz gezeginde Bahaweddin Nagyşbendiniñ kemala gelmeginde-de türkmen welileri öz täsirini az ýetirmändirler. Bellik: Mirkulal* - Seýit Emir Külal (k.s), Bahaweddin Nagyşbendiniñ halypasy. _________________________________________ [1] Magtymguly "Şygyrlar" III tomluk, II tom, sah 105-106; [2] Magtymguly "Şygyrlar" III tomluk, I tom, sah 8; [3] Magtymguly "Şygyrlar" III tomluk, I tom, sah 26; [4] Rowaýatlar türkmensähraly türkmen ulamasy Abdyrahman Teñli Tananyñ Bahaweddin Nagyşbendi hakyndaky söhbetinden alyndy. [5] Özbek metbugatyndaky maglumatlardan alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |