15:31 Balakanyñ buýsanjy: Goçguly Goçgulyýew | |
"Barselona” düzüminde türkmen futbolçysy çykyş eden topary ýeňip bilmedi ýa-da Goçguly Goçgulyýew hakynda 5 gyzykly maglumat • Türkmenistandaky karýerasy Balkanabatdaky Çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde terbiýelenen Goçguly Goçgulyýew 1977-nji ýylyň 26-njy maýynda doguldy. Futboldaky hünär ýoluna 1994-nji ýylda “Arkaç” toparynyň düzüminde başlady. Şondan soňra “Nebitçi” (1995), “Büzmeýin” (1996), “Köpetdag” (1997-2001) toparlarynyň düzüminde meýdança çykdy. “Köpetdagyň” hatarynda 2 sapar Türkmenistanyň çempiony boldy. Gazagystanyň we Özbegistanyň dürli klublarynda 10 ýyl çykyş edeninden soňra 2011-nji ýylda dogduk şäheri Balkanabada gaýdyp geldi. Bu ýerde “Gara altynyň” düzüminde oýnady. 2012-nji ýylda bolsa futbolçy hökmündäki çykyşyny tamamlady. • Özbegistanyň 7 sapar çempiony Türkmen futbolynyň baýdakgöterijisi hasaplanan “Köpetdagyň” goragçysy hökmünde meýdança çykýan wagtlary Goçguly Goçgulyýewe Gazagystandan çakylyk gelýär. 2001-nji ýylda Gazagystanyň “Irtyşynda” çykyş edýär. 2002-nji ýyldan Daşkendiň “Pahtakorynyň” düzüminde Özbegistanyň çempionatyndaky ilkinji ädimlerini ädip başlaýar. Bu ýerde 4 sapar (2002, 2003, 2004, 2005) Özbegistanyň çempiony bolansoň, 2006-njy ýylda Gazagystanyň “Kaýratyna” geçýär. Gazagystanyň çempionatynyň birinji ýarymynda oýnap, 2007-nji ýyldaky möwsümiň ikinji aýlawynda Özbegistana gaýdyp gelýär. Bu ýerde 2010-njy ýyla çenli çykyş edip, “Bunýodkor” bilen ýene-de 3 gezek (2008, 2009, 2010) Özbegistanyň çempionatynyň altyn medalyna mynasyp bolýar. • Dünýä çempiony bilen bir toparda Goçguly Goçgulyýewe türkmen futbolçylarynyň arasynda ilkinji bolup, dünýä çempiony bilen bir toparda oýnamak bagty miýesser etdi. Ykbal ony 1999-njy ýylda “Altyn pökgi” baýragyna, 2002-nji ýylda Braziliýanyň düzüminde dünýä çempiony bolan Riwaldo bilen duşurdy. Goçguly “Bunýodkorda” oýnaýan mahaly meşhur Riwaldo Gresiýanyň AEK toparyndan Özbegistanyň klubyna geçipdi. Olaryň ikisi-de “Bunýodkorda” 3 sapar Özbegistanyň çempiony boldular. • "Barselona” bilen duşuşyk 2009-njy ýylyň fewralynda “Bunýodkor” Kataloniýanyň paýtagty Barselona şäherinde okuw-türgenleşik işlerini geçirdi. Onuň dowamynda bolsa daşkentliler Ispaniýanyň çempionatynyň öňdebaryjy klublarynyň biri hasaplanýan “Barselona” bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Özbegistanyň çempionynyň Ýewropanyň öňdebaryjy topary bilen guran duşuşygy “Barselonanyň” ikinji stadiony “Miniestadide” oýnaldy. Şol taryhy duşuşykda “Bunýodkoryň” ýolbaşçylary duşuşygyň her ýarymynda aýratyn alnan düzümi meýdança goýbermek bilen ähli futbolçylaryna meşhur toparyň garşysyna meýdança çykmaga mümkinçilik döretdi. “Bunýodkoryň” türkmenistanly legioneri esasy düzüm bilen birlikde duşuşygyň birinji ýarymynda meýdança çykdy. Şol oýun bolsa 1:1 hasabynda deňme-deňlikde tamamlandy. • Tälimçilik işindäki ilkinji üstünligi Paýtagtymyzyň “Altyn asyry” şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýelik etdi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň futbol klubynyň bu üstünlige ýetmeginde tälimçiler jübütiniň – baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýewiň hem-de onuň kömekçisi, uly tälimçi Goçguly Goçgulyýewiň uly tagalla edendigini aýtmak gerek. # turkmenportal | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||