21:41 Başgyrt pähimleri | |
BAŞGYRT PÄHIMLERI
Sözler
Sowuk söz ýürege ýetinçä buza döner. * * * Akylla aýtma - özi biler, ýagşydan dileme - özi berer. * * * Perzent üçin enäniñ ýüregi agyrar, atanyñ - bili. * * * Akylla maslahat berseñ - minnetdar bolar. Akmaga maslahat berseñ - gülküsi tutar. * * * Ýigit ýarasyz bolmaz. * * * Nähoş bir sapar öler, akmak her gün. * * * Ýylan bilen dost boldugyñ - sokar. * * * Myhman az bolar, köp görer. * * * Işleýäne - çörek, işlemeýäne - uky. * * * Ýigit bir sözi iki sapar aýtdyrmaz. * * * Asylly kişi maksadyna ýeter. * * * Barmak bilen barmak deñ däl, ynsan bilen - ynsan. * * * Agyz egri bolsa-da, sözi düz bolsun. * * * Çaga atadan ýetim galanok, eneden ýetim galýar. * * * Boýuñ bilen däl, akylyñ bilen öwün. * * * Öte ätiýaçly bolmagam gorkulydyr. * * * Ýylanyñ guýrugyna basma, başyna bas. * * * Söze bakma - işe bak. * * * Ýöremäni bilmeýän ýoly horlaýar, geplemäni bilmeýän sözi. * * * Hassalyk put-putlap geler, mysgal-mysgallabam gider. "Watan" gazeti, 1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |