17:12 Basnýalar | |
BASNÝALAR
Sözler
• Mata bölejigi - Meni reñkläñ? - diýip, mata bölejigi ýalbarýar. - Men eýýäm özüme baýdagyñ agajyny hem saýlap aldym. Indi meni diñe reñkläýmek galdy. - Seni haýsy reñke boýaly - ýaşylamy, garamy, mämişämi? - Meniñ reñklerden kän bir başymam çykanok - diýip, mata bölejigi ýygrylýar. - Ýöne meniñ baýdak bolasym gelýär. • Düwürtik Düwürtik keltejik adamyñ mañlaýynda oturan ýerinden uzynak adamlaryñ mañlaýyna gözi gidýär: - Wah, şol ýerde ornaşyp bolsady! • Deñsizlik - Ertirden tä agşama çenli zähmet çekseñem, hiç hili sagbolsun alyp bolanok! - diýip, sagdyn diş zeýrenýär. - Zaýa dişlere bir serediñ, altyndan don geýşip ýörler. Näme üçin beýle? Ýa olar zähmetde tapawutlanypmy? Feliks KRIWIN. Rusçadan terjime eden Nurmuhammet BERDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 13.01.1968 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |