07:49 Batbörek! | |
BATBÖREK!
Publisistika
Hepdäniñ ahyrynda Eýranyñ özüni goramaga bolan hukugyny ulanan "söweş sahnasyna" tomaşa etdik. Düýp mesele: Gazada 35 müñe golaý adam öldürilende demi çykmaýan döwletleriñ Eýranyñ eden hüjüminde aýdýan ýazgaryşly sözleriniñ ýag bolup akmagy. Ysraýyl diýlende girmäge deşik tapmaýanlar özlerini eýýäm näçenji gezek bildirýär! Ýakyn Gündogary täzeden dizaýn edýänler üçin düýn doglan çagalaryñ şu gün ölmeginiñ zyýany ýok bolsa, bu dünýäde adalaty gözläp ýörmäñ. Bu hüjümden çykan netije: "Ysraýyla degmek howply we gadagan!" Iñ utançly zadam arap ýurtlarynyñam ençeme ýyllap bu kinofilme tomaşa edip gelýänligi. * * * Öñem şu setirleri ýazypdym. Ysraýyl Amerikanyñ maketidir, isleýşiçe ulanýan ýaly bolup görünse-de, geljegiñ dünýäsinde žandarmalyk etmegiñ hatyrasyna Ysraýyl üçin bazar şertlerini-de Amerika emele getirýär. Olar biri-birlerinde hemme zady tapanam bolsa, biziñ olarda tapyp bilmejek ýeke zadymyz adamkärçilikdir. Gazadaky genosidiñ hasabynyñ soraljakdygy we Netanýahunyñ "uruş jenaýatkäri" hökmünde sud ediljekdigi hakykaty-da diñe amala aşmajak utopiki arzuw-hyýaldyr. * * * Hemme zada burnuny sokýan Amerika ahlaksyz syýasatyny endige öwrendigi üçin näme etse-de utanmaýar. Nähili masgaraçylyk, her ýedi adamdan biriniñ aç bolan dünýäsinde diñe Amerika bilen Ysraýylyñ ýüzi gülýär. Şonuñ üçin olara garşy ýeñiş gazanmaga mätäçdiris! Ölmän galma ähtimallyklarymyzy gorkularymyza şam edenimizden aždarhalara gözümizi gyrpman seredip bilsek köp zatlary gazanjagymyz belli, emma bolar-bolgusyz teleseriallardyr amerikan patentli warsaky ýaryşlar ol gözlerimizi bek ýumduryp bilýär. * * * Eýranyñ "hüjüminiñ" yzysüre mawy ekranlarda çykyş edenlere göz aýladym. Suratlarynyñ aşagyndaky at-familiýalary, at-familiýalarynyñ aşagynda wezipeleri baram bolsa, köpüsi sistemanyñ talap edişi ýaly gürledi ýa-da çişiren şarlaryny uçurdy! Ýokary okuw jaýlarynyñ ýagyşdan soñky kömelek ýaly köpelýän ýurdunda wezipeli orunlar şeýle bir gymmatsyzlaşdy welin, şonça gürläp hiç zat aýdyp bilmeseñem eliñ aýasynda saklanýarsyñ. Muña kommentator inflýasiýasy diýilýär! * * * Emeli añyñ ýakynda hemme zady ele saljak tunnelinden geçýäris. Çagalarymyzyñ ýaşamaga bolan hak-hukuklary we azatlyklary barha gysylýar. Degen ýerlerinden bombalary ýagdyrýandyklaryny az görýän ýaly, tebigy añyñ hiç zada ýaramajak dünýäsinde çagalarymyzyñ pikirlenme güýjüni-de ellerinden aljak bolýarlar. * * * Bu biderek dünýäden hiç zada garaşamok. Emeli añam jähennemiñ teýine gitsin, Amerikanyñ, Ysraýylyñ we sionist sektalaryñ puly bilen hokgabazlyk edýän žurnalistleriñem! Men şindizem çagalaryñ tebigy añy bilen gök asmanyñ ýüzünde batbörek uçuryp bilýän ýaz paslynda gezip ýörün. Şol wagtlar Beýrut Ýakyn Gündogaryñ Parižidi. Hakky ÝALÇYN. hakki.yalcin@takvim.com.tr "TAKVIM" gazeti, 16.04.2024. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |