15:26 Baýap bilmeseñ, tüwmaýak galdygyñ biläý | |
BAÝAP BILMESEŇ, TUWMAÝAK GALDYGYŇ BILÄÝ
Publisistika
Орроzisiýаdаn öç almagyň hususy tejribesi Nazarbaýewiň düzgüni “Демoкpатичeский выбop Казахстaна” jemgyýetçilik birleşiginiň baştutanlaryndan öç alýar Gazagystan respublikasynyň Ýokary sudunyň jaýynyň öňünde birmeňzeş ak sport lybasly adamlaryň 30-sy ýakyp-ýandyryp barýan günüş aşagynda hatara dur. Olaryň elinde: “Мuhtar, biz seniň bilendiris!”, “Мuhtar, biz seniň ogry däldigiňi bilýäris!”, “Bize beýle parlament gerek däl!” diýen ýazgylar bar. Olar esasan gazaklar we ruslar, erkek adamlar we aýallar – esasan ýaşy durugşan adamlar eslerini çykarman, düzgün-tertibi bozman hatara durlar. Sud mejlisiniň arakesme mahalynda suduň jaýyna barýan basgançaklarda žurnalistler golýazmasyny öz wekiline bermäge ýetişen sud edilýän Мuhtar Аblýazowyň şikaýatyny diňläp duran wagty, meýdançada ähli ýagdaý üýtgedi. Şol ýere baran awtobusdan omonowçylar topary döküldi we başagaýlyk başlandy. Goragsyz adamlaryň urup-ýenjilmesini görmek hem aýylgançdy. Adamlary serdesseler, gamçylar bilen urýardylar, ýykylanlary agyr aýakgaply depeleýärdiler. Bedenlerine ten şikesi ýetip, iňňildeýän garrylary süýräp awtobusa dykýardylar. “Halas ediň! Halas ediň!” diýip kömek soraýanlaryň sesleri garym-gatym boldy. Ak sport eginbaşlylar we omonowçylar garym-gatym boldy. Duranlaryň bir bölegi gaçyp başlady, ýöne olaryň yzyndan ýetip, ýeňselerinden tutdular hem-de paýtagtyň Sary-Aka etrabynyň polisiýasynyň 10-njy bölümine iberdiler. Saklananlaryň günäkärdigini subut edýän esaslar ýokdugy sebäpli, olary goýberdiler, olaryň arasynda olimpiýa nyşanly günäsiz sportçylar hem bardy. Aýallaryň ikisini “Tiz kömek” maşyny bilen äkitdiler. Ýokary suduň jaýynyň öňünde içi goh-galmagaldan doly awtobusyň ýanynda žurnalistler “”Beýtmäge kim buýruk berdi?” diýen sowla jogap gözlemäge synayşdylar. - Men! – diýip, milisiýanyň haýsydyr bir uly leýtenanty gopbamsylyk bilen jogap berdi. – Olara ygtyýar berilmedik ýygnanyşyga gelmeli däldigi duýduryldy. Ol, belki-de, bu ýygnanyşygy “topalaň” diýip aýtmak isländir. Sebäbi ol hem adam ahyry, ol tolgundy. Ýaňy-ýakynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada bäş ýyllyk dabara bellendi. Günortadaky owadan, senagat we medeniýet merkezi bolan Almatydan tapawutlylykda demirgazykdaky şäher öňi bilen emeldarlaryň şäheridir. Olaryň onlarça müňi Prezident Nazarbaýew bilen bilelikde ozalky sowet Selinogradyna göçüp geldi. Ýerli ilat: milisiýa işgärleri, taksiçiler, gurluşykçylar, beýleki hünärdäki adamlar, mysal üçin, nahar taýýarlaýanlar hökmürowanlara hyzmat edýärler. Adamlar bolsa bu ýere yzy üzülmän gelýär. Häzir bu ýerde 300 müňden gowrak adam ýaşaýar, ýene birnäçe ýyldan olaryň sany ýarym milliona ýeter. Täze Astana dürli minsirtlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň beýik jaýlarynyň şäheridirf. “Bolha-bolly” gurluşyklar üýtgewsiz prezidentiň bazar özgertmelerini öz girdabytna alypdyr. Nebitden gelýän dollarlara ýer tapylanok, tutuş GDA-da döwletleriniň hemmesinden jemi içerki önüm çalt artýar. Ykdysadyýet ýokary göterilişde, iş haky ýokarlanýar, pensiýalar bökdençsiz tölenýär. Soňky ýyllarda Gazagystan ozalky SSSR-iň giňişliginde has durnukly we ösýän döwlete çalym edýär, günbataryň maýadarlary bu ýurda gelýärler, ýerli milli buržuaziýa peýda boldy. Halk dymýar: Nazarbaýew “atanyň” ýurdy dolandyryşynyň netijeli ulgamy halkyň göwnünden turýar. Ýöne bularyň hemmesi wagtlaýyn bolup çykdy. Niredendir bir ýerlerden başgaça pikir edýän toparlar arwah-jyn ýaly peýda boldy. Halkyň “atasynyň” gapdalynda ozalky özdiýenli premýeriň ýerine täze “kažegeldinler” göz agyrysy ýaly bolup peýda boldular. Eýsem bu näme boldugyka? Hiç zat bolup geçenoik. Hemme zat ozalkysy ýaly barýardy. “Демoкратический выбoр Казахстана” (DBK) jemgyýetçilik birleşiginiň baştutanlarynyň biri Muhtar Ablýazowyň işi boýuna iki hepdä golaý mundan ozal Astanada başlanan sud örän aç-açan bolmagy wada berýärdi. Ony Ýokary suduň başlygy Kaýrat Maminiň özi wada berdi. Şondan soň ýurduň dürli sebitlerinden goldaw toparlary, respublikaçylar, kommunistler, demokratlar işlerini goýup paýtagta geldiler. Olaryň käbiri paýtagta gelip hem ýetişmedi, çünki häkimiýet olaryň garşysyna çäre gördi. Olaryň käbirleri öz öýlerinde hem gulply gapylaryň aňyrsynda saklandy. Otly ugraýança olary öýlerinden çykarmadylar, beýlekileri bolsa wagonlardan süýräp çykaryp, sorag ediljekdigi bilen haýbat atdylar (“Olara hut şu ýerde, menzilde sorag garaşýar”). Üçünjilеri bоlsa dälihаnalаrda ýеrleşdiriljekdigi bilеn gоrkuzyldy. Нas еrjel, еginbaşlaryny çаlşyran аdamlary bоlsa sud mеjlisine gоýbermediler. Her gün 70-e golaý adam suduň jaýynyň ýanynda nobatçylyk etdi, olar arakesme mahalynda şol jaýdan çykyp barýanlardan suduň barşy barada soradylar. Russiýanyň ýa-da, aýdalyň "Аzаtlуk” rаdiоsy barada aýtmanyňda hem, respublikanyň habar beriş serişdeleriniň şol ýerdäki birentek žurnalistleri sud edilýän ýere goýberilmedi. Diňe haýsydyr bir sanaw boýunça sud edilýän ýere goýberdiler. Eýsem, ony kim düzdükä? Bu sowal jogapsyz galdy. “Sud açyk ahyryn, ýöne köp adamlar üçin beýle bolmady”. Görlüp oturylsa, sud edilýän jaý aşa dar eken. Onda diktafonlaryň, wideo hem-de surata düşürilýän abzallaryň ulanylmagynyň gadagan edilmegi bolsa öz-özünden düşnüklidir. “Ýurtdaky ýagdaý şeýle-dä” diýip, orta ýaşly gazak sowuk ýylgyryp maňa gürrüň berdi. Ýurduň ýagdaýy üçin ol utanýar, ýöne ol muňa öwrenişen bolsa gerek. Has takygy, Russiýada gazagystan baradaky hakykaty ýaramaz bilýärler. Mysal üçin, eger “TAH” teleýaýlymy oppozisiýanyň çykyşlaryny görkezen mahalynda, bada-bat salgyt gullugyndan, soňra maliýe polisiýasyndan barlagçy geldi, olary “göni efir” düzgüninde işlemegiň mümkinçiliginden mahrum etdiler, kabelradiorele ulgamyny kesip taşladylar, şol günüň ertesi ir sagat 4-de örän takyk atýan tüpeň bilen signal geçirýän abzaly oka tutuldy. 20-ä golaý deşik emele gedli. Munuň özi prezidentiň Almatydaky goralýan kabulhanasyndan bary-ýogy iki ädim uzaklykda bolup geçdi. Gülkä gülmek gerek, bu hereketleri amala aşyranlar tapylmady, häzir bu teleýaýlym ýok. Pawlodaryň “ИPБИС” telekompaniýasyny soňky ýarym ýylda sud talaplary bilen bogup taşladylar. Döwlet gullukçylary, kärhanalar we edaralar, deputatlar ýa-da hatda jenaýatçylar hem onuň bilen dawalaşan mahalynda, bu dawalaryň biderekdigine we arada örän köp puluň durýandygyna garamazdan, pawlodaryň sudlary olaryň ähli talaplaryny kanagatlandyrýarlar (ýeri gelende aýtsak, deputatlaryň biri, iri täjir özüniň halkyň saýlan adamsydygyndan ýokary derejede peýdalanyp, 125 million teňňe möçberindäki talabyny esaslandyrdy). Gazetleriň redaksiýalarynyň üstüne ýangyn tutaşdyryjy çüýşeler zyňylýar, olardaky tehnika ogurlanýar, kellesi kesilen itleriň maslyklaryny taşlaýarlar, çaphanalar gazetleri köp sanly nusgada çap etmekden ýüz öwürýärler... Bu ýerdäkileriň onlarçasy size şular ýaly taryhy gürrüň bererler, bu gürrüňler tutuş ýurda ýaýrady. Elbetde, habar beriş serişdeleri ýapylýar ýa-da ýaşyrynlyga geçýär. Ýöne bular entek edilýän hereketleriň hemmesi däl. Nazarbaýewiň uly gyzy Dariganyň gözegçilik edýän hökümete tabyn döwlet habar beriş serişdeleri özlerini örän gowy duýýarlar hem-de özleriniň sanynyň köpdügi bilen wakalaryöhlelendirmekde artykmaçlyk gazanýarlar. Eýsem, halkyň “atasy” barada ýaramaz zat aýdyp bolarmy? Gazagystan Respublikasynyň ozalky energiýa, wenagat we söwda ministri, indi wagtlaýyn gabawhanada saklanylýan Muhtar Ablýazow aklawjylar bilen duşuşmaga berk gorag astynda we eli gandally alnyp gidilýär, aslyýetinde, ol prezident barada gaty-gaýrym söz aýtmandy. Käbir adamlaryň hasap edişleri ýaly, örän sypaýy, özüni medeniýetli alyp barýan Аblýazow “ady birentek ýeňişler bilen baglanyşykly Gazagytsanyň taryhyndaky ilkinji prezidenti Nursultan Abişowiçe” hormat goýýandygyny ýüzlenmelerinde we beýannamalarynda üýtgewsiz nygtady, ol diňe prezidenti gazagystanyň içersinde bolup geçýän zatlar barada doly habar bermeýän we onuň arkasynda özleriniň syýasy oýunlaryny oýnamaga synanyşýan egindeşlerine ynanmazlyga çagyrdy. Ol egindeşleriň arasynda Nazarbaýewiň uly giýewsi Gazagystanda iň täsirli adamlaryň biri bolan Rahat Alyýew hem bar, ol ilki başda Salgyt polisiýasyna, soňra Milli howpsuzlyk komitetine ýolbaşçylyk eden mahalynda, Аblýazow özüni tasdan ministriň wezipesinden boşatmaklaryny sorapdy. Şonda jenaýatçylygyň ýokdugy üçin iş ýapylypdy, Ablýazowdan bolsa resmi ýagdaýda ötünç soralypdy. Ýöne telekeçi Muhtar Аblýazow “Демoкратический выбoр Казахстана” jemgyýetçilik birleşigini döredijileriň biri hem-de onuň syýasy geňeşiniň agzasy bolandan soň, ýene bulguryň içinde tolkun tutaşdy. Hut şonda hem Аblýazowa garşy köne-täze jenaýat işi gozgaldy, ýaňy-ýakynda bolsa ondan ötünç sorady. Ýurt boýunça jezalandyrmalar möwç aldy. “Демократический выбор Казахстана” jemgyýetçilik birleşigini goldan her birf ýolbaşçy öz wezipesi bilen hoşlaşmaly boldy. Bu ýerde ownuk-uşak zat barada gürrüň etmek nämä gerek. Ozal häkimiýet tarapyndan hoşamaýlyk bilen garalan Pawlodar welaýatynyň häkimi Galymjan Žakiýanow wezipesi bilen hoşlaşmaly boldy. Maliýe polisiýa edarasynyň “Демoкратический выбoр Казахстана” jemgyýetçilik birleşiginiň görnükli işgärleriniň ýakyn hossarlaryny, kowum-garyndaşlaryny we dostlaryny tapmak, olaryň näme bilen meşgul bolýandygyny anyklamak hem-de kanunyň bozulmalaryny ýüze çykarmak maksady bilen, olarty barlamak barada talap bilen ähli sebitlerdäki bölümlerine iberen “gizlin” haty jemgyýetçilige aýan boldy. Hakykatda, maliýe polisiýasynyň edarasy syýasy agtaryja öwrüldi. Ol öz işgärlerini hem aýap goýmady. Edaranyň baştutanynyň hereketi bilen ylalaşmadyk Almaty welaýaty boýunça ozalky başlygy goldan maliýe polisiýasynyň işgärleriniň 40-sy işden boşadyldy. Olaryň maşgalasy, çagalary bar, ýöne olara işe ýerleşmäge ygtyýar berilmeýär. Muhtar Ablýazow DBK-nyň baştutanynyň häzirki ýagdaýy nähilikä? Аblýazowyň ýolbaşçylygynda Gazagystanda bazar elektrik energiýasynyň binýady tutuldy, häzir ol gazagystanyň we özbegistanyň kompaniýalarynyň arasynda özara hasaplaşyklaryň haýsydyr bir nusgasyny geçirmekde hem-de elektron telefonyny bikanun (?!) peýdalanmakda aýyplanýar. Her bir sud mejlisinde bildirilýän günäleriň oýlanyp tapylandygy hem-de subutnamalaryň ýokdugy tassyk bolýar. Şeýle-de bolsa syýasatçylar we Аblýazowyň özi döwlet buýurmasynyň “dabaralanmagynyň” mümkindigini aýdýarlar. Baş ýörelgeleri seljermek boýunça edaranyň ozalky ýolbaşçysy, ozal prezidentiň hormat-sylagyna mynasyp bolan, bir ýyl mundan ozal häkim bolan Galymjan Žakiýanow, Ýewropa ilçileriniň we Gazagystanyň DIM-niň ony öý tussaglygynda saklamak baradaky ylalaşygyna garamazdan, Fransiýadaky ilçihanadan Pawlodara getirild, şol ýerde ol elleri awtomat ýaragly adamlaryň gözegçiliginde “Pawlodarsol” kärhanasynyň ammarynda ýerleşdirildi. Žakiýanowyň saglyk ýagdaýy örän ýaramaz. Oňa birsyhly sanjym geçirilýär, birnäçe gezek has agyr näsaglaryň saklanylýan jaýynda ýerleşdirildi. Şol bir wagtda Gazagystanyň oppozisiýaçy syýasatçylary dünýäniň öňünde jenaýatçylar hökmünde görkezilýär, döwlet syýasy häkimiýeti Günbatarda tutaşýan “kazahgeýt’ diýip atlandyrylýan dawany her edip-hesip edip ýatyrmaga synanyşyk edýär, şol dawada Nazarbaýew birinji parahor diýlip görkezilýär. Gürrüň prezidentiň maşgalasynyň nebit kompaniýalarynyň puluna el urýandygy barada barýar. Kоmmunistleriň baştutany Serikbolsyn Abdildin 1998-1999-njy ýyllarda prezident saýlawlarynyň geçýän döwründe dwölet baştutanynyň daşary ýurtlarda saklaýan puly barada gürrüň edipdi. Şonda prezident “Habar” telewideniýesi boýunça çykyş edip, beýle zat ýok diýip aýdypdy. 2001-nji ýylda ozalky barlyşyksyz premýer Akežan Kažegeldin internetde berlen sowallara jogap berip, Günbataryň uly banklarynda Gazagystanyň pulunyň bardygy barada aýdypdy. Indi baryp 1999-njy ýylda Nursultan Nazarbaýewiň adyna ýazylan pullary bikanun ýerleşdirmäge gatnaşan “Orel Capital LTD ” we “Bercut Holding LTD” kompaniýalarynyň Ženewada hasaplarynyň tussag edilendigi barada prokuraturanyň barlagynyň netijeleri ýüze çykdy. Ženewa sudunyň karary bilen Gazagystan Respublikasynyň we Nazarbaýewiň şikaýaty ret edildi. Bu kompaniýalaryň hasabynda duran 100 million dollar bolsa doňduryldy. Sülçiniň hasaplamalaryna görä, puluň umumy möçberi 800 million dollar. Soňra “guýrugy” gizlemäge hiç hili kesgitli ýagdaý bolmady. Gazagystanyň premýer-ministri Imangali Tasmagambetow ýakynda parlamentiň öňünde çykyş edende şeýle gizlin gaznanyň bardygyny aýtdy. Baryp 1996-njy ýylda Günbataryň banklarynyň hasabyna hökümetiň ätiýaçlyk puly hökmünde Gazagystanda ykdysady durnuklylygy goldamak üçin gyzyl pul geçirilipdir. “Tengizşewroýlyň” paýnamalarynyň ýüzden 25 böleginiň “Mobil”-e satylmagyndan giren ätiýaçlyk pul bir milliard dollar boldy. “Raýatlar köşeşiň, hiç hili kanuny bozmalar ýok” diýip, Tasmagambetow aýtdy. Muňa bolsa Mejlisiň deputaty Tolen Tohtasynow şeýle jogap berdi: “Munuň özi şol döwrüň kanunçylygyna laýyk gelýärmi? Elbetde, ýok. Býužet pullary parlamentiň üsütnden geçmeli diýlip, Konstitusiýada anyk görkezilýär”. Siziň pikiriňizçe, olar kimiň üstünden geçendir öýdýärsiňiz? Resminamadan jümleler: “Şunuň bilen “Gazagystan” halkara ösüş gaznasy Gazagystan Respublikasynyň raýaty N.A.Nazarbaýewi (pasport D 0000001), islendik maliýe resminamasyna, şertnamalara we karz pul ylalaşygyna, gaznanyň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça, şeýle ham gaznanyň bank hasabatlaryny erkin dolandyrmaga öz kanunu wekili hökmünde belleýär”. Resminama 1995-nji ýylyň awgustynda taýýarlanypdyr hem-de gaznanyň prezidenti Abykaýew we gaznanyň kätibi Kulibaýew tarapyndan gol çekilipdir, (ýeri gelende aýtsak, Kulibaýew Nazarbaýewiň ikinjin giýewsi). Ýeke-täk adamynyň – gazaklaryň baş atasynyň dolandyryp bilýän şweýsar bankynda aýlanan pullar haýsy maksatlar üçin harçlanypdyr, indi ony kim bilýär? “Kazahgeýt” ýokary wezipeli emeldarlara agyr urgy etdi. Şeýle-de bolsa geçen on ýylda hökümet ygtyýarlylyklarynyň elinde jemlenmegi prezidente iki sapar parlamenti dargatmaga, iki sapar täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi baradaky başlangyç bilen çykyş etmäge, syýasy söweşlerde birnäçe sapar üstün çykmaga mümkinçilik berdi. Dünýäde abraýdan gaçan prezidentiň üçünji söweşde ýeňiş gazanmaga, özüniň eýeleýän ornuny saklap galmaga gurbaty ýetermikä? Häkimiýet üçin söweşiň syýasy meýdançada geçjekdigine ikirjiňlenip bolmaz. Milli buržuaziýanyň ilkinji “kömelekleri” içki bazara gönükdirilen ýagdaýda emele geldi. Olar şu bazaryň ösmegi üçin gyzyklanýarlar. Häzir tussag edilen Žakiýanow şol döwürde ýurtdan bimöçber çykarylan çig mallaryň howpludygyny aýtdy, ýaş ministr Аblýazow bolsa täze senagat syýasatyny – ýurduň önüm öndürijilerine ýeňilliler berilmegi barada teklip etdi. Şeýlelikde, ilkibaşda bularyň ählisi N.Nazarbaýewe ýarady, ýöne soňra ol biraz pikirlenip, ýeňil eklenje, has anygy, nebitden gelýän dollara ýykgyn etdi: munuň üçin uly tagallalar hem gerek däldi, “ýaş türkler” iri günbatar kompaniýalarynyň göwnünden turmaýardy. Hut şonuň üçinem häkimiýeti dolandyrmagyň usullaryny ele alan milli özgerdijileriň uly topary hökümet gämisiniň daşynda galdy. Ýöne DBK höküçmet agzalarynyň, olaryň orunbasarlarynyň bir böleginiň, ýurduň iri telekeçileriniň wekillerini birleşdirende we şonda bu uly topara kommunistler, pensionerleriň hereketi we beýleki oppozisiýa toparlary birleşende bu ýerde adaty jübi partiýasynyň ýokdugy aýan boldy. Ýöne pul höküm edýän baýlaryň we garyplaryň birleşiginiň indiki parlament we prezident saýlawlarynda ýeňmäge ähli mümkinçiligi bar. Nazarbaýewiň özi hem demokratiýa barada gürrüň etmegi erbet görmeýär. Munuň üstesine-de DBK-nyň syýasy maksatnamasy onuň özüniň çagyryşlary bilen känbir çapraz gelmeýärdi. Emma DBK iş ýüzünde ilkinji sapar onuň maşgalasynyň syýasy häkimiýet birleşigine howp salýardy. “Şonuň üçin hem dolandyrýan düzgün üçin Ablýazowyň we Žakiýanowyň jenaýat işi boýunça ýazgarylmagy möhüm meseledir, ýogsam hemme “depelemeler” syýasy yzarlamalar häsiýetine eýe bolar, höküm bolsa syýasy öç alma bolar – diýip, görnükli gazak syýasatşynasy Petr Swoik hasap edýär. – düzgüni çüýredýän keseliň umumy ady geljege ynamsyzlyk. Bu keseliň bolsa üç sany köki bar: - Birinjisi. Abadançylyk ýok ýurtda saýlama adamlar özlerini abadançylyk bilen üpjün etdiler. Ykdysady üstünligiň miwelerinden ilatyň has az bölegi peýdalanýar. Ilatyň köp bölegi bolsa kanagatlandyrylmady, şonuň üçinem gahar-gazaply. - Ikinjisi. Hususylaşdyrmagyň we aýratyn toparyň düzülmeginiň soňunda prezidentiň saýlama topara bolan täsiri gowşady, güýçleriň başga merkezi döredi. Düşnüksizlik başlandy. Güýç edaralary we şugulçylar kime topulmagyň bähbitlidigine düşünmän galdylar, habar beriş serişdeleri hemmeleri ýazgarýardy. Şeýle ýagdaýlarda durnukly işewürligi amala aşyrmak hem, uzak möhletleýin ýolbaşçylyk etmek hem mükin däldi. - Üçünjisi – esasy. Prezident müdimilik däl, ýöne onuň özüni alyp barşy ahyryna çenli oturjak ýalydy. Ahyrky möhletiň haçan geljekdigini, şondan soň nämeleriň boljakdygyny hiç kim, hatda onuň özi hem bilenok. Alasarmyklyk ýokardakylary hem aljyradýar. Şahsy wepalylyk we birek-biregi goldamak – düzgüniň esasy kanuny. Ösen jemgyýet üçin munuň özi ýeterlik däl”. Men bir wagtdan bäri yzarlamalary duýamokdym. Astanada bolsa ol adaty zat hasaplanýar. Gizlin diňlemelere hem bu ýerde eýýäm üns berenoklar. Ynha, mysal üçin, parlamentiň beýik jaýynyň ýanynda meniň ýeňimden tutan iki aýalyň hajatlary hökümetiň azaryna-da däl. Toraz şäherinden dükanyň direktory Asikul Bozymbekowa paýtagta maşgalasy bilen gelipdir, ol özünden dükanyny alan ýerli häkimiýetleriň eden-etdilikleri barada arz edýär: ol ýedi ýyl bäri sudlaryň, häkimleriň we deputatlaryň gapysyny kakýar, hiç kimiň kömek beresi gelenok. Çimkentden köp çagaly ene Aýsulu Izbasarowa gyşda bu ýerdäki stadionyň yşyklandyryş diňine çykypdyr (ol eýýäm ýarym ýyl bäri Astanada selpäp ýör) şol ýerde entek düşürýänçäler oturypdyr. Beden agzalaryny sowuk urdurypdyr. Ýöne oňa şu hereketlerine ünsi çekmek zerurdy, sebäbi ol özi ýaly obadaşlarynyň dört ýüzüsiniň adyndan wekildi: 1996-njy ýyldan bäri olara çagalar üçin berilýän pul kömekleri tölenmeýärdi, daş-töwerek işsizlerden doly. Aýsulunyň özüniň on çagasy bardy. Bardy, sebäbi olaryň altysy ýogaldy. - Putine aýt, ol kömek berer – diýip, Aýsulu haýyş edijilikli pyşyrdaýar. – Putine aýt. Hawa, aýtdy. Mihail KRUGLOW. “Новая газета”, 08.07.2002 ý. “Adalat” gazeti, 12.07.2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |