03:56 Baýden demokratlara aýakbagydy, ýöne Harris ondanam erbet bolup bilermi? | |
BAÝDEN DEMOKRATLARA AÝAKBAGYDY, ÝÖNE HARRIS ONDANAM ERBET BOLUP BILERMI?
Publisistika
Prezidentiñ orunbasary boýunça üýşenmeler köp we bu diñe respublikanlaryñ arasynda däl. "Jo Baýden wezipeden meýletin çekilýändigi baradaky hatynda orunbasary Kamala Harrisi öwdi. Ýöne bir jümläniñ kemterligi ünsi çekipdi: Oruntutary bolmak üçin oña ýardam etmändi. Hiç hili." (AP) Eger bu ullakan çaprazlyk däl bolsa, Jo Baýdeniñ kandidatlykdan çekilýändigi baradaky habar şol bir wagtyñ özünde hem-ä sarsgyna salanok, hemem hiç hili geñ galdyranok. Amerika şu meselede ökdeläne meñzeýär. Emma noýabrdaky prezident saýlawlaryndan çekilýändigini mälim eden hatyny okanymyzda (pul kömeginiñ kesilmegi, pikir soralşyklaryñ netijeleriniñ orta atylmagy, saglygynyñ ýaramazlaşýandygy baradaky soraglaryñ arymagy sebäpli mejbury ýagdaýda gelen karary), garaşyşymyz ýaly bolandygyny gördük: Üstünlikleriniñ uzyn sanawy amerikan halky we töweregindäkiler goldaw bermesi muny oñarmajakdygy. Wise-prezident Kamala Harrise öwgüli sözler bardy. Ýöne bir jümläniñ kemterligi ünsi çekipdi. Gözden geçirmek üçin haty iki gezek okadym. Oruntutary bolmak üçin oña ýardam etmändi. Hiç hili. Bu iñ gyzykly ýerine näderejede üns berilendigi we hatyñ çap edilmezden öñ näçe näçe gezek nusgasynyñ taýýarlanylandygy pikir edilende, bu örän ünsi çekijidi. Mesele-de şu ýerde. Kamala Harris boýunça üýşenmeler köp we bu diñe respublikanlaryñ arasynda däl. Ýakynda ýokary wezipeli amerikan diplomaty bilen duşuşdym we ondan Kamala Garrisiñ wise-prezidentiñ wezipesini oñaryp-oñarmaýanlygyny soradym. Alan jogabym örän düşnüklidi: "Wah, beter gowy oñarýar, bilýäñ-ä". Höwessizje öwen bolmagyñ nähilidigini bilýänsiñiz-le... Baýden birinji hatynyñ yzysüre Kamalanyñ öz ýerine geçmegini doly goldaýandygyny we Demokratik partiýanyñ kandidaty bolmagyny isleýändigini mälim edýän beýanat berdi. Meniñ pikirimçe birnäçe adam onuñ yzyndan ýöremeli bolar. Partiýanyñ häzirki galagoply döwürdäki meselesi megerem has mynasyp kandidatlarynyñ bolmagy (aýratynam Kaliforniýanyñ gubernatory Gewin Nýusomyñ, Miçiganyñ gubernatory Grethen Uitmer dagy) diñe Baýdeniñ kandidatlykdan çekilensoñ bularyñ biriniñ üstün çykmagy gan hammamyny talap eder we Donald Trampam bu gandöküşlige aýaklaryny uzapdyp tomaşa eder. Bu saýlawda möhüm mesele bolan abort hukugy meselesinde güýçli agitasiýa alyp barmagy we aýal-gyzlaryñ nesil öndürme hukuklarynyñ saýlaw uçastoklarynda ýer alan her ýerinde saýlawçylaryñ aýal-gyzlaryñ saýlama hukugyny goldamagy Kamala Harrisiñ peýdasyna. Ýöne problemalaryñ sanawy uzyn. Baýdeniñ oña çözmek üçin beren meselelerden birem migrantlar we Günorta serhedi meselesidi. Bu sözüñ doly manysynde katastrofa boldy. Serhet şindizem Trampyñ kozyrlaryndan biri bolmagynda galýar. Harrus şu tema girip, ökjeli köwüşlerine palçyk ýokuşdyrmak islemeýändigini belli etdi. Birem aýal duşmançylygy meselesi bar. Bu mesele Hillari Klintonyñ 2016-njy ýylda kandidaturasyny goýanda ýeñilmeginiñ iñ esasy sebäpleriñ biridi (şowsuz kampaniýa ýöredendigije garamazdan, beýleki problemalary agzamogam). Emma has gyssagly, has köne bir sorag bar: Ol nämäni, haçan bilýärdi? Jo Baýdeniñ gyra çekilmeginiñ sebäbi añynyñ bulaşýandygy bolýan bolsa, bu ýagdaý haçandan bäri şeýledi? Amerikanlar onuñ hakyky saglyk ýagdaýy boýunça aldandymy? Fiziki taýdan ýeterlik däldigini bilýän ýagdaýynda Harris näme sebäpden oña doly goldap geldi? Respublikanlaryñ hüjüm edijilikli reklamalary taýýarlandy we ýaýradylmaga taýýar ýagdaýda dur. Şenbe gününiñ agşamy Donal Tramp hüjüm ediş terziniñ mysalyny görkezdi. Miçigandaky tomaşaçylaryna "Ol däli ahyry" diýýärdi. Tomaşaçylara "Gülşüni dagy gördüñizmi? Bu wahahaýdan kän zada akyl ýetirip bilersiñiz. Ol däli ahyry" diýip ýañsylady. Harrisiñ liberal kaliforniýaly garalawjy iş bukjasynyñ hakykat bilen hiç hili baglanyşygy bolmasa gerek. Ýöne muña amerikan syýasaty diýilýär-dä. Hakykatlaryñ çeper kyssanyñ öñüne geçmegine ýol bermäñ. Bu beter erbet bolar. Iñ ýaman habaram şu. Wise-prezidentlige kimi saýlamaga entek wagtam bar, mümkinçiligem. Elbetde, kandidatyrasy kepillendirilse. Ideal taýdan wise-prezidentlige kandidatdan isleýän zadyñyz siziñ ýetip bilmedik demografiýañyza ýeten biridir, saýlaw uçastogynyñ sazlaýjysydyr. Demirgazyk-gündogarly, liberal, ýokary gatlakdan, baý, katolik ynançly J.F.K-niñ hiç hili umumylyyy bolmadyk Günorta Tehasly obaly Lindon Jonsony saýlaýşyny pikir ediñ. Donald Tramp bu gezek beýtmedi. 2016-njy ýylda Indiana ştatynyñ öñki gubernatory Maýk Pensi saýlanda akylly göçüm etdi. Garşysynda ynanjyny syýasatdan ýokarda tutýan, Amerikadaky ýewangeliklere Trampa ses bermegiñ gowy boljakdygyna kepil geçýän, "Hudaýdan gorkýan" ýewangelik bardy. Emma 2024-nji ýylda Tramp ykdysady populizm, izolýasionizm, araçäk we aborta garşy syýasy ugurlar meselesinde megefem Trampyñ özündenem beter "ortada" duran J.D.Wens görnüşindäki öz MAGA ýaşlygyny saýlady. Başgaça aýdanda, amerikan syýasatynyñ merkezi borram-boş dur. Wise-prezidentlige dogry kandidaty saýlap aljakmh, kampaniýany biraz şüweleñlendirjekmi, Trampyñ sussuny basjakmy... Bellisi ýok. Çünki şonda birdenkä ünsler kandidatlaryñ ýaşyna gönüger we Tramp bäsleşikdäki iñ garry adam bolar. Hatda amerikan taryhynda prezident bolan iñ garry adam. 5-nji noýabra çenli wagt kän... Jon SOPEL. Sişenbe, 23.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |