18:29 Baýmuhammet Garryýewe sud edilşi | |
MÄTI KÖSÄÝEWE WE BAÝMUHAMMET GARRYÝEWE SUD EDILIŞI
Taryhy makalalar
▶ 2: BAÝMUHAMMET GARRYÝEWE SUD EDILIŞI Eden-etdilikler höküm süren ýyllarynda repressiýa sezewar edilenleriň pajygaly takdyry baradaky materiallar soňky ýyllarda yzygiderli çap edilýär. Bu gezek biz TSSR YA-nyň akademigi Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň işi barada gürrüň bermekçi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň çapa taýýarlan «Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew» diýen kitabynda akademigiň işleriniň hronolo¬gik görkezijisi ýerleşdirilipdir. 1939-njy ýyldan başlap alymyň abyrsyz zähmeti netijesinde dünýä inen eserler ýylba-ýyl boýunça aýratynlykda sanalyp geçilýär. Ýö¬ne şol hronologik görkeziji 1951-nji ýyldan 1960-njy ýyla böküp geçýär. Eýsem professor, dokuz ýyllap hiç zat ýazmadymyka? B.A.Garryýewiň ömrüniň we döredijiliginiň esasy seneleriniň sanawynda bolsa 1952-nji ýyldan göni 1956-njy ýyla geçilýär. Şol iki arada akademigiň nirede, näme pi¬şe edendigi barada ýeke agyzam dil ýarylmaýar. Hamala, şol ýyllarda akademik gaflat ukusyna giden ýaly. Ýok, ol ýyl¬larda professor B.A.Garryýew uka gitmändi. Ony buržuaz milletçi diýen töhmet bilen gözenegiň aňyrsyna dykypdylar. Alym ol ýyllary sowuk ýurtlarda bendilikde geçiripdi. Repressiýa sezewar edilenler barada soňky ýyllara çenli hiç zat aýdylmaýardy. Munuň özi totalitar, administratiw buýruk beriji düzgün gowşap ugrandan soňra mümkin boldy. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplara sapak beren B.A.Garryýewiň işi her biri ellerine agram berip duran ençeme tomdan ybarat. Ony 1952-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda tussag edýärler. Bu barada akademigiň dogany, Türkmenistanyň Politehni¬ki institutynyň dosenti, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nury Atalyýewiç Garryýew şeýle ýatlaýar: – Oktýabryň 22-sinden 23-ine geçilýän gije daňa golaý, ýarym gijeden ep-esli soň-da, şonuň üçinem daňa golaý diýsegem boljak, gapy kakylýar. Turup açdym. Görsem Baýyň aýaly Jeren dur. (Nury aga akademigiň adyny gysgaldyp, Baý diýip tutýar – J.H.) Jeren gelnejemizi şol mahal görseň, arwahdan-jyndan gaçan ýaly. Özem şol mahal aýagy agyrdy. «Näme boldy?» diýsem, «Haý, Baýy äkitdiler» diýdi. Olar biziň golaýymyzda ýaşaýardylar. Başardygymyzdan köşeşdirip, gelnejemi öýlerine ugratdyk. Irden baryp görsem, Baýlaryň öýüni doňuz dören ýaly edipdirler. Derde ýarar ýaly zatlaryny äkidipdirler. Başgalaram dargaşyp ýatyr. Biz munuň şeýle boljakdygyny bilýärdik. Garaşýardygam. Menem uzagraga gitmegi dogry bildim. Raýispolkoma baryp, uçýotdan çykdym. «Nirä gitjek?» diýenlerinde, Mara diýdim. Özüm welin göni Moskwa gidýän, otlynyň, biline basandyryn. Şu setirleriň awtoryna akademik B.A.Garryýewiň leksiýalaryny diňlemek miýesser edipdi. 1969-njy ýylyň sentýabrynda täze okuw ýyly başlananda, talyplar auditoriýalary doldurypdylar. Türkmen filologiýasy fakultetiniň birinji kursuna kabul edilenleriň ähli ünsi gapa gönügipdi. Fakultetiň şol mahalky dekany, merhum Öde Abdyllaýew bilen tirkeşip, orta boýly dolmuç pyýada içerik girdi. Dekan bizi uniwersitete kabul edilmegimiz, bi¬len gutlady. Professor Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew bilen tanyşdyrdy. Onuň bize «Türkmen halk döredijiligi» predmeti boýunça ders berjekdigini aýtdy. Ýokary okuw jaýynyň gapysyndan ätleninde, ilkinji gezek leksiýa okan mugallym hiç mahal ýadyndan çykmaýar, ilkinji leksiýanyň täsiri-de üýtgeşik bolýar. Bu duýgy talyplyk durmuşyny başdan geçirenleriň her birine mälim bolsa gerek. Şol mahal şunça ýyllar geçenden soňra hormatly professoryň elhenç sütemlere sezewar edilişi barada ýazmaly bolaryn diýen pikir ýadyna-oýuna düşjekmi eýsem?! Elbetde, ýok. B.A.Garryýew tussag edilmezinden ozal Mäti Kösäýew bi¬len Orazmämmet Abdalow eýýäm sud edilip, hersine ýigrimi bäş ýyl iş kesilipdi. Akademigi tussag edenleriň, deslapky derňewi alyp baranlaryň hut Mäti Kösäýewi we Oraz-mämmet Abdalowy jebri-jepalara sezewar eden adamlardygyny bellemek gerek. Şu oçerkde-de olaryň käbirleriniň atlary üýtgedilip alyndy. Harby tribunal M.Kösäýew bi¬len O.Abdalowa höküm çykaranda, ýörite kesgitnama kabul edipdir: «Gizlin KESGITNAMA Türkmenistan SSR Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň goşunlarynyň harby tribunaly Aşgabat şäherinde, TSSR DHM-niň klubunda 1952-nji ýylyň, awgustynyň 27 – 29-njy günlerinde Şu sostawda: ýustisiýanyň polkownigi Korobowiçiň başlyklyk etmeginde we oturdaş: polkownik Kolodýažnynyň we oturdaş: leýtenant Lapşiniň gatnaşmagynda Kapitan Kolupaýewiň sekretarlygynda, Türkmenistan SSR DHM-niň goşunlarynyň harby prokurorynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň podpolkownigi Pronçenonyň we aklawjy Sklýarýewiçiň gatnaşmagy bilen geçirilen ýapyk sud mejlisinde O.M.Abdalowy we M.Kösäýewi günäkärlemek boýunça işe seredip. Belli etdi: Abdalow we Kösäýew uzak döwrüň dowamynda Sowet döwletiniň garşysyna duşmançylykly hereketler edipdirler. Olar bilen birlikde graždanin Baýmuhammet Garryýewiň hem şonuň ýaly antisowet iş bilen meşgullanandygy sud derňewiniň materiallaryndan görünýän... graždanin Baý¬muhammet Garryýew antisowet wagyz-nesihat öwredipdir, Watançylyk urşy döwründe ýeňiljekdigimiz baradaky garaýyşlaryny aýdypdyr, TSSR-de rewolýusiýadan ozalky tertibiň dikeldilmegini goldaýan sözleri diýipdir döwlet serişdelerini öz haýryna almak we buržuaz-milletçilikli propaganda bilen meşgullanypdyr. Sudda şaýatlar... graždanin Durdy Amanekowyň hem dürli adamlaryň arasynda antisowet wagyz-nesihat geçirmek bilen yzygiderli meşgullanandygyny we Abdalawoň anti¬sowet garaýyşlaryny goldandygyny görkezdiler. Baýmu-hammet Garryýewiň we Durdy Amanekowyň görkezilen hereketlerinde jenaýat alamatlary bar we olaryň hereketleri TSSR JPK-nyň 133-nji maddasyna laýyklykda derňew geçirilmegini talap edýär hasaplamak bilen, harby tri¬bunal Kesgitledi: Derňew geçirmegi guramak we günäkärleri jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin şu kesgitnamany TSSR DHM-niň goşunlarynyň harby prokuroryna ibermeli». Şu kesgitnamanyň aşagyna zerur gollaryň ählisi goýlupdyr. Eýsem B.Garryýewiň pajygaly takdyry şu ýerden başlaýarmyka? Meniň pikirimçe, mesele has çuňňur garalmagyny talap edýär. Howpsuzlyk organlarynda professory gözenegiň aňyrsyna dykmak üçin materiallar toplamaga has öňräk girişilen bolmaly. Has öňden bäri onuň her bir edimi göz astyna alnyp, aýdan sözleriniň hasaby ýöredilip ýörlen bolmaly. Suduň kesgitnamasy bolsa diňe ozalyndan kemsiz bişirilen garpyzy ýarmak, köpden bäri gezelgi duran töhmet neşterini hatasyz sançmak üçin delil. Dogrusy, nähak jeza berlenleriň ählisi barada-da muny şeýle diýip aýtmak bolar. Repressiýalaryň kuwwatly degirmenini herekete girizýänlerem özleriniň iýýän çöregini ödemeli ahyryn. Şunuň ýaly pikir ýöretmäge Aşgabat raýonynyň Gökje oba Sowetiniň ispolkomyndan alnan sprawka esas berýär. Jenaýat işine çatylyp goýlan ol sprawka has öň¬räk: 1952-nji ýylyň 27-nji fewralynda alnypdyr. SPRAWKA berildi Aşgabad raýon Gökje oba ispolkomy tarapyndan Aşgabat (sprawkanyň haýsy guramanyň soramagyna görä berilendigini görkezýän ýerine düşünip bolmady – J.H.), ýagny siziň soraýan adamyňyz Baýmuhammet Garryýew Atalyň durmuşy şu aşakdaky, rewolýusiýadan ozal. 1. Üzümli ýeri 17570 metr, suwy 6 sagat. 2. Gury ýeri 4 gektar takmyn bolan. 3. Mallary bizde maglumat bolmany üçin belli däl. 4. Obada dükany bolan, Hywa gatnap söwda eden. 5. 1926-njy we 1927-nji ýylda gulaklyga çekilen. 6. Gulaklyga çekilenden soň zadanýa çydaman Tejene göçüp giden. 7. Rewolýusiýadan ozal gapysynda batrak saklan. 9. Garryýew Ataly rewolýusiýadan ozal ýerini, suwuny daýhançylyga ekdirmäge beren. 14. Garryýew Ataly rewolýusiýadan soň öz howlusynda az wagt mugallym bolup işlän. Näçe işläni bize belli däl. Sprawka şunuň dogrulygyna Gökje oba ispolkomynyň başlygy (GOLY) Sekretar (GOLY) Soňra şu sprawkany tutaryk edinip, sülçüler gijesi-gündizi üznüksiz dowam eden sorag etmelerde oňa azar ýamanyny bererler. «Sosial gelip çykyşy, käbir dokumentlerde baý-kulak ogludygyňy gizläpsiň, sowet hökümetini aldapsyň, ýaman niýet bilen partiýa sümülip giripsiň» diýýärler. B.Garryýew 1947-nji ýylda partiýa hataryna giripdir. 1951-nji ýylyň fewralynda berk partiýa käýinjini berip, TSSR Ylymlar akademiýasynyň, Dil we edebiýat institutynyň direktory wezipesinden boşadýarlar. Şol ýy¬lyň 13-nji dekabrynda bolsa TK (b) P MK-nyň Býurosy ony partiýa hataryndan çykarýar. Uniwersitetiň talyplary Baýmuhammet Atalyýewiçiň iki wuzy, pedagogik institutyň filologiýa fakultetini we me¬disina institutyny tamamlandygyndan habarlydylar. Ýö¬ne onuň dert ugurdan ýokary bilim alandygyny bilmeýärdiler. Tussag edilen B.Garryýewiň alty tomluk işindäki maglumat hatyndan onuň pedinistitutynyň taryh hem-de geografiýa fakultetlerini-de gutarandygyny okap, geň galdym. Mugallymyň tussag edilenden soňky çeken jebir-jepalary baradaky gürrüňi soňa goýup, onuň üstüne abanan ga¬ra buludyň töhmet silini eňterip başlamazynyň öň ýanyndaky dokumentleriň käbiri bilen tanyşmagymyzy dowam etdireliň: «KARAR (tussag etmek üçin) Aşgabat ş. 1952-nji ýylyň 22-nji oktýabry Men, TSSR DHM-niň 5-nji bölüminiň 1-nji otdeleniýesiniň naçalnigi, döwlet howpsuzlygynyň maýory Mihalýan TSSR-iň Aşgabat oblastynyň Aşgabat raýonynyň Gökje obasynda 1914-nji ýylda doglan, türkmen, SSSR-iň graždany, maşgalaly, harby borçly, partiýada däl, ýokary bilimli, filologiýa ylymlarynyň doktory, TSSR Ylymlar akademiýasynyň Dil we Edebiýat institutynda uly ylmy işgär bolup işleýän, Aşgabat şäheriniň Guşgy köçesiniň 53-a jaýynda ýaşaýan Baýmuhammet Garryýewiň jenaýatçylykly hereketleri barada TSSR DHM-ine gelip gowşan materiallara garamak bilen TAPDYM: Sosial-keseki sredadan gelip çykan, Kommunistik par¬tiýa we sowet döwletine duşmançylykly garaýyşly adam bolan Garryýew birnäçe ýyllaryň dowamynda sowet gurluşyny agdarmaga hem-de SSSR-de buržuaz tertiplerini dikeltmäge gönükdirilen, antisowet milletçilikli iş bilen meşgullanýar. ...Garryýew Aşgabatda hereket eden antisowet toparlanyşygyny çlenleriniň biri bolupdyr. Ol toparlanyşyk türkmen halkynyň taryhyny bilgeşleýin ýoýupdyr. Taryhy halk eposlary hökmünde görkezip, türkmen hanlaryny, beglerini öwüp arşa çykarýan, buržuaz milletçiligi, panis¬lamizm we panturkizm ideýalaryny propagandirleýän reaksion-milletçilikli eserleri neşir edipdir. Deslapky derňewiň materiallary arkaly Garryýewiň dönükçilikli pikirler aýdandygy, anglo-amerikan imperialistleriniň SSSR-iň üstüne çozup, olaryň SSSR-den üstün çykjakdygyna bil baglandygy belli edildi...» Şundan soňra şaýatlaryň görkezmeleri sanalyp geçilýär. Baýmuhammet Garryýewden, Orazmämmet Abdalowdan we Mäti Kösäýewden ybarat antisowet toparlanyşyk, hamala, buržuaz-milletçilikli ideýalary guramaçylykly propagandirlänmişin, halky antisowet ruha gönükdirenmişin, SSSR halklarynyň arasynda milli aýrybaşgalygy tutaşdyranmyşyn... ...Şunuň ýaly iş geçirmek bilen, bu toparlanyşyk Ger¬maniýa bilen uruş ýyllarynda biziň ýeňilmegimize, sowet döwletiniň heläk bolmagyna we köne düzgünleriň dikeldilmegine garaşanmyşyn... Germaniýa bilen uruş tamamlanandan soň olar SSSR bilen anglo-amerikanlaryň arasynda urşuň gutulgysyzdygy, şol uruşda Sowet Soýuzynyň ýeňiljekdigi we rewolýusiýadan öňki düzgüniň dikeldiljekdigi barada gürrüň edenmişler. Şaýatlaryň biri bolsa Garryýewi baryp ýatan milletçi we antisowet pikirli şahsyýet hökmünde görkezipdir.: «...Antisowet şahsyýet bolmak bilen, Garryýew baryp ýatan milletçidir. 1947 – 1948-nji ýyllarda Garryýewiň işdäki kabinetinde biz respublikadaky ýaşaýyş baradaky gürrüňe gyzyşyp gitdik. Şonda Garryýew maňa Türkmenistanda hiç zadyň üýtgemändigini, onuň patyşa döwründe koloniýa bolandygyny, sowet döwründe-de hut şonuň ýaly koloniýa bolmagynda galýandygyny aýtdy. Sowet häkimiýeti döwründe ruslar ýolbaşçy wezipelere bilgeşleýin sowatsyz ýa-da çalasowat türkmenleri goýýarlar, olaryň orunbasarlygyna bolsa «özleriniňkini, rus adamlaryny goýýarlar, hakykatda şolar hem türkmen halkynyň ykbalyny çözýärler diýip Garryýew aýtdy. Göräýmäge Türkmenistany türkmenleriň özleri dolandyrýan ýaly ýagdaý döredip, ruslar özleriniň dikmeleri arkaly respublikadan pagta, nebit, ýüň, garaköli bagana we eýleki çig mallary sorup äkidýärler». Iň soňunda döwlet howpsuzlygynyň maýory Mihalýan Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewi tussag etmeli diýen netijä gelýär. Bu karary TSSR döwlet howpsuzlyk ministri tassyklapdyr. TSSR DHM-niň goşunlarynyň harby prokuro¬ry, ýustisiýanyň maýory Gorbaçýow B.Garryýewi tussag etmäge ejaza beripdir. B. A. Garryýew özüniň azatlykda uzak goýulmajakdygyny bilipdir. Nury aga bu barada şeýle ýatlaýar: – Öýe 25-30 ýaşlaryndaky ýigit gelýär. Ýygy-ýygydan. «Baýmuhammet Atalyýewiç ýokmy?» diýýär. Näme etjekdigini sorasagam «Konsultasiýa aljak» diýýär. Baýyň özi hem giç gelmäni çykardy. Her gün gije ikilerde öýüne dolanýar. Nirede bolanyny sorasagam «Talyplara konsultasiýa berdim» diýýär. Bu gün Aba ikimiz bileleşip tutduk ýakasyndan. Dogrysy aýt diýdik. Onsoň boýun almaly boldy bialaç. Özüniň güpbasdy ediläýmeginden çekinip öýe giç gelýändigini aýtdy. Şu ýerde Garryýewleriň alymlar maşgalasy barada giňişleýin durup geçeliň. «Ataly aganyň ähli ogly ene-atasynyň wesýetine eýerip, öz ömürlerini ylma bagyşlaýarlar we filolog, fizik, matematik hökmünde özlerini tanadan görnükli sowet alymlary bolup ýetişýärler. Bir giden alym çykan Garryýewleriň maşgalasy hakynda soň-soňlar «So¬wetskiý soýuz», «Ogonýok», «Nauka i religiýa», ÝUNESKO-nyň işi boýunça SSSR-iň Komissiýasynyň býulletenleri, Hindistanyň, Ýaponiýanyň, Çehoslowakiýanyň žurnallary, SSKP MK-nyň organy bolan «Prawda» gazeti, «Izwestiýa» gazeti, respublikamyzyň gazetleri we žurnallary gürrüň berýärler. Hakykatdan-da, bir ýönekeý daýhanyň çagalary sowet ylmynda yz galdyran adamlar bolup ýetişýärler. Olaryň ulusy Baýmuhammet – Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, gündogar folklory boýunça, uly spesialist, Magtymgulynyň döredijiligini derňän alym, 200-den gowrak işiň awtory, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da ylmy abraýy ykrar edilen filolog. Ondan kiçi ogly Nury – dosent, fizika,matematika ylymlarynyň kandidaty, kwantler dünýäsine degişli täsin bilezikler bolan eksitonlar boýunça iňňän uly açyşyň awto¬ry. Bu açyş ylmyň täze pudaklarynyň esasyny goýýar. Onuň üçünji ogly Aba – pedagogik ylymlaryň kandidaty, do¬sent, olaryň maşgalasyndaky pedagogika däplerini dowam etdirijileriň esasysy, matematik. Iň kiçi ogly Seýit hem filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň döwlet baýragynyň laureaty bolýar, gündogar edebiýaty boýunça onlarça ylmy-barlag işini ýazýar». Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy tarapyndan çapa taýýarlanylan «Baýmuhammet Ataliýewiç Garryýew» diýen kitapdan alnan bu setirlerde alym doganlar barada gysgadan düşnükli maglumatlar berilýär. Doganlardan diňe Nury Atalyýewiç Garryýew häzir sag-aman ýaşap we Türkmenistanyň Politehniki institutynda talyplara sapak berip ýör. Nury aga özlerine degişli dokumentleri, suratlary, ýatlamalary, gazetleri we žurnallary aýawly saklaýar. Ýaşynyň ýedinji onlukdan geçendigine garamazdan ýaşulynyň ýatkeşligi güýçli. Özleriniň maşgalasynyň durmuşyna degişli seneleri, maglumatlary ýalňyşman aýdýar. Käbirlerini bolsa janyny barlamak üçin ýazgylaryna seredeňde, dogry bolup çykýar. Nury aganyň aýtmagyna göre, agasynyň üstüne howp abanýandygyny ilkinjileri biri bolup duýupdyr. Dogrusy özi duýmandyr-da durmuş duýmaga mejbur edipdir. Ellinji ýyllaryň başynda Nury Leningradda (häzirki Sankt-Peterburgda) ylmy barlag institutynda dünýä belli akade¬mik A. F. Ioffäniň ýolbaşçylygynda aspiranturany tamamlapdyr. Şol institut häzir A.F.Ioffäniň adyny göterýär. Özi-de gaty abraýly, ýokary derejeli institut ekeni. Ol ýere aspirantura we işe alynýanlary berk elekden geçiripdirler. Hatda garyndaşlaryň biri bezzatçylyk edip milisiýa düşäýse-de, üç günüň içinde habar bermeli ekeni. «Ähli laboratoriýalary ýaragly esgerler goraýarlar» diýip, Nury aga ýatlaýar. Şol ýerde aspiranturany üstünlikli tamamlan, fizika ylmynda dünýä möçberli açyş eden adama dissertasiýa goramaga rugsat bermändirler. Alymlar sowetiniň mejlisine baranda, her gezek bir bahana bilen gaýra çekipdirler. «Bir gezek spesialistlerimiz gelip ýetişmedi» diýseler, beýleki gezek ýene şoňa çalymdaş ba-hana tapylyp durupdyr. 1972-nji ýylyň, Dekabrynda SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Açyşlar we oýlap tapyşlar baradaky komitetiň mejlisinde Nury Garryýewe eden şol açyşy barada¬ky diplom gowşurylypdyr. «Nauka i religiýa» žurnalynyň 1981-nji ýyldaky 8-nji sanynda çap edilen. «Garryýewler – alymlar dinastiýasy» diýen makalada «Şunuň ýaly möçberli açyş etmek ägirt uly alymlara-da seýrek miýesser edýär» diýlip ýazylypdyr. Soňra žurnalist Nury aganyň Leningratdaky institutdan işden gaýtmagynyň sebäbi barada gürrüň edende, hamala onuň özüniň eýeläp biljek iň uly belentligini alandygyny, şoňa görä-de pedagogik işe geçmegi dogry hasaplandygyny görkezýär. Hakykatda welin beýle däldi. Nury Garryýewiň dissertasiýa goramak möhletini gaýra çekip-çekip, ahyry bir günem institutyň gapysyndan girmäge rugsat berýän dokumentini onuň elinden alýarlar. Nury aýalyny we çagalaryny alyp Aşgabada gaýtmaga mejbur bolupdyr. 1952-nji ýylyň sentýabrynda doganlaryň üçünjisi Aba Garryýew hem Moskwada dissertasiýa goramaly ekeni. Oňa hem goramaga rugsat bermeýärler. «Türkmenistandan telegramma geldi. Düşünişmezlik bar. Şony aýdyňlaşdyrmaly» diýýärler. Soňra doganyň tussag edilenini aýtmansyň diýip, Aba Garryýewi partiýadan hem çykarmakçy bolupdyrlar. Partiýanyň şäherkomynyň býurosy şeýle karar kabul edipdir. Ýöne partiýanyň oblast komitetinde berk käýinç bermek bilen partiýa hatarynda galdyrýarlar. Obkomyň býurosynda TSSR döwlet howpsuzlyk ministri Aba Garryýewe berk käýinç bilen partiýa hatarynda goýmaly diýen teklibe garşy bolmandyr. Bu barada Nury aga Aba Atalyýewiç gür¬rüň beripdir. – Aba partiýa agzasy bolansoň hiç zada goşulyp bile¬nok. Sebäbi şol döwürde partbilediňi alaýsalar, seniň üçin ähli ýollaryň ýapyldygydy, hiç ýerden iş tapmarsyň. Men bolsa partiýa girmedim. Hatda komsomol hem bolmandym. Şonuň üçinem Baýy boşatmak ugrunda ýokary guramalara arza, şikaýat ýazmak bilen esasan men meşgullanmaly boldum. Ejem, Baýyň aýaly Jeren, gyzy Aýna, hemmämiz onuň nähak basylandygy barada ýazýardyk – diýip Nury aga aýdýar. Ýöne Nury Garryýewi öz ýagdaýy-da öwerlik bolmandyr. Nurydyr Aba agalary Baýmuhammet bilen egri oturyp, dog¬ry sözleşenlerinden soň belli bir taýýarlyk işlerini geçipdirler. Nury aga aýalyny, çagalaryny atasy öýüne, Le-ningrada ugradypdyr. Özi neneň-niçik bolarka diýip garaşmagy makul bilipdir. Baýmuhammet Atalyýewiçiň ama¬nat kassalardaky pullaryny basylmazyndan öň alypdyrlar. – Soňra Baýyň puluna Moskwanyň eteginden daça öýjagazyny satyn aldyk. Maşgalamyzyň ähli çlenleri şol ýerde ýaşady. Ejem pahyr-a şol ýerde aradan çykdy. Aşgabada, getirip, kakamyň ýanynda jaýladyk – diýip, Nury aga gowgaly günler baradaky söhbedini dowam etdirýär: – Baý tutulan güni men paspordyma Aşgabatdan gidýändigim barada bellik etdirip, ýola düşdüm. «Nirä gitjek?» diýenlerinde Mara diýip jogap berýärin. Özümem göni Moskwa ugradym. Maryda Seýit öňümden çykdy. Baýy äkidendiklerini aýtdym. Seýit meni ugradyp gelse, öýüni döküpdirler. Soňra Abanyň hem öýüni döküpdirler. Ýöne tapan zatlary bolmandyr. Hiç hili milletçilikli edebiýadam ýok, beýlekem. 56-njy nomerli order bilen tussag edilen B.A.Garryýewiň özi baradaky maglumat hakynda aýaly Jeren Hydyrowanyň öý hojalykçydygy, 70 ýaşly ejesi Hüýrjemal Posman gyzyny ekleýändigi, durmuşa çykyp aýratyn ýaşaýan bir gyzynyň bardygy görkezilipdir. Günäkärlenýänden şol günüň ertesi, ýagny 1952-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda ilkinji gezek sorag edýärler. Sülçi TSSR DHM-niň derňew bölüminiň otdeleniýesiniň naçalniginiň orunbasary, döwlet howpsuzlygynyň kapitany Leonidow. Sorag 12 00-da başlanyp, 17 sagat 05 minutda tamamlanypdyr. Şol gün agşam- 21 sagat 20 minutda ýene-de täzeden sorag etmäge girişilipdir. Her biri 4 – 5 sagada çeken soraňlaryň protokoly golýazmada bary-ýogy 1,5 – 2 sahypa, ol ýerde professoryň nägünlere sezewar edilendigi belli däl. Bu barada soň, Irkutskide lagerde tussaglyk möhletini geçirip ýörkä dürli instansiýalara ýazan hatynda mugallymyň özi gürrüň berer. B.A.Garryýew turuwbaşdan özüne ýöňkelen günäleri inkär edýär. Ilkinji soraglarda Garryýewleriň maşgalasynyň ýaşaýşynyň dürli döwürleri barada soralýar. Baýmu¬hammet 1924-nji ýyldan başlap, Aşgabat şäherinde ýaşap başlaýar. Kakasynyň tanşy, buhgalter bolup işleýän Wik¬tor Lukiç Iwanowyň öýünde bolup, rus mekdebinde okaýar. 1929-njy ýylda onuň kakasy Ataly agany, ejesi Hüýrje¬mal ejäni, jigileri Nuryny, Abany, Seýidi kulaklar maşgalasy hökmünde sürgün edýärler. Baýmuhammedi we onuň durmuşa çykan iki sany gyz doganyny aýry maşgala bolup ýaşansoňlar kulakçylyga çekmändirler. Soraglaryň protokollarynda görkezilişine görä, Baýmuhammet Atalyýewiç komsomola girmändir. 1947-nji ýyldan 1951-nji ýylyň dekabryna çenli SSKP agzasy bolupdyr. Partiýa girmäge oňa Mäti Kösäýew, Abdylla Gurbanow we SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň işgäri Iwan Wasi¬lewiç Starostin rekomendasiýa beripdirler. 1952-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda edilen soragda B.A.Garryýew özüni hiç haçan sowet häkimiýetine zyýanly adam hasap etmändigini we häzirem zyýanly adam hasap etmeýändigini aýdypdyr. Şol ýylyň 4-nji noýabrynda 21 sagat 35 minutda başlanyp, 5-nji noýabrda 01 sagat 40 minutda tamamlanan soragda hiç haçan we hiç bir ýerde özüniň uruşda ýeňiljekdigimiz baradaky göwnüçökgün sözleri aýtmandygyny nygtapdyr. Ine bu bolsa 18-nji noýabrda edi¬len soragyň protokolyndan: Sülçi: – Kakaň ýogalanda, molla çagyrypsyň. Aýat okalanda, eliňi ýüzüňe sylypsyň. B.A.Garryýew: Mollany men çagyramok. Töwir edemok. Şaýatlaryň biri şunuň ýaly görkezme beripdir: «Gar¬ryýew maňa şeýle diýdi. Men sowet häkimiýetine borçly däl. Kakam garyp adam däldi, ol maňa bilimem bererdi, pro¬fessoram ederdi». Hawa, professor özüne ýöňkelýän günäleri birin-birin inkär edýär. 1952-nji ýylyň fewralynda SSSR YA-nyň Türkmenistan filialynyň açyk partiýa ýygnagynda özüniň syýasy ýalňyşyny boýun almaýar. Hatda şaýatlar bilen ýüzbe-ýüz duşurylanda-da özüni merdemsi alyp barypdyr, 2-nji dekabrda bolan ýüzbe-ýüz duşuşykda şaýada şeýle sowallar beripdir: B.A.Garryýew: – 1. Ol (şaýat) şu ýerde meniň antisowet gürrüňler edendigimi aýtdy. Şol gürrüňleri kim eşidipdir? 2. Şaýat, hamala, meniň ömrüm boýy nädogry, ýalan zatlary aýdyp gelendigimi, ýykgynçylykly iş geçirendigimi tassyklaýar. Maňa milletçi ýarlygy dakylansoň, şaýat «Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter» diýenlerini edýär. Birnäçe aýlap özüni mert alyp barsa-da ahyrsoňunda professory boýun egdiripdirler. 1953-nji ýylyň 2-nji fewralynda TSSR döwlet howpsuzlygy ministrine ýazan arzasynda, 5-nji fewralda edilen soragda özüne ýöňkelýän günäleri doly boýun alýar. «Türkmenistan SSR döwlet howpsuzlygy ministrine. Tussag Baýmuhammet Garryýewden Arza Maňa derňewiň tamamlanylandygy barada aýdylanda, özümiň derňew işimiň materiallary bilen tanşyp görüp, türmäniň kamerasynda oturyşyma derňewde özümi alyp baryşymyň düýbünden ýerliksizdigi barada oýlandym. Derňewiň dowam eden ähli döwründe (üç aý) men özüme ýöňkelen günäni inkär etdim, antisowet şahsyýet bolandygymy we sowet häkimiýetiniň garşysyna göreşendigimi hem inkär etdim. Graždanin ministr, suda özümiň çyn ýürekden ökünýändigimi nazara almagyňyzy haýyş edýärin we öz işim ba¬rada şu aşakdakylary aýdyňlaşdyrmak isleýärin. 1. Watançylyk urşy ýyllarynda ýeňileris öýdüp göwnüçökgünlige ýüz urandygym barada günä bildirildi. Men özüme bildirilen şeýle günäkärlemek dogry we derňewiň materiallary bilen subut edilipdir hasap edýärin. Şu ba¬rada aşakdakylary aýdyňlaşdyrýaryn: Meniň bilen ýüzbe-ýüz duşuşykda, şaýat... 1941-nji ýylyň ahyrlarynda, biziň öýümize gelende, ikimiziň Moskwa radiosynyň gepleşiklerini diňländigimizi görkezdi. Ol gepleşiklerde frontdaky ýagdaýlar barada habar berilýärdi. Men onuň bilen eden gürrüňimde hakykatdan-da sowet radiosynyň we metbugatynyň adresine töhmetçilikli sözleri aýtdym. Sowet radiosy we metbugaty harby hereketler barada nädogry habar berýärler, nemeslerem adam, olar parahat ilata degmeýärler diýdim. Şunuň ýaly töhmetçilikli sözleri aýtmagymyň sebäbi, şol mahallar men sowet häkimiýetine ynanmaýardym, nemesler bu uruşda sowet häkimiýetini ýok edip, territoriýany basyp almagy maksat edinýärler, nemesleriň düzgüni berkarar edilenden soň baýlyklary öndürmek üçin işçi güýji gerek bolýar hasaplaýardym. Şaýat bilen ýüzbe-ýüz duşuşykda onuň ýanynda boýun almaga utanandygym üçin, şu faktyň dogrulygyny tassyklamadym. Şonda meniň öz ömrümde gödek ýalňyşlyga ýol berendigime şeýle etmek bilen derňew organlaryny bulaşdyrandygyma indi akyl ýetirdim. 1941-nji ýylda bolan şunuň ýaly fakt barada başga bir şaýat hem görkezme beripdir. Ýüzbe-ýüz duşuşykda men onuňam görkezmelerini inkär etdim. Sebäbi şaýat şol ýyllarda meniň göwnüçökgünçilikli garaýyşlarymy doly goldaýardy, frontdaky we tyldaky ýagdaýlar bar aňa antisowet, töhmetçilikli sözleri aýdýardy. Ýüzbe-ýüz duşuşykda graždanin şaýadyň göwnüçökgün, antisowet garaýyşlary ýaýradandygymy paş edip, özüniň meniň bilen bilelikde eden şunuň ýaly etmişleri barada dil ýarmaýandygy janymy agyrtdy. Onsoňam men şaýadyň antisowet pikirleri barada aýtmak biderek bolar, hiç kim maňa ynanmaz hasap etdim. Şaýadyň men tarapdan göwnüçökgün, antisowet garaýyşlaryň aýdylandygy baradaky görkezmeleriniň dorgudygyny tassyklaýaryn... Graždanin ministr, şu gün men öz inisiatiwam boýunça duşmançylykly antisowet işim barada dogruçyl, akgöwünli, öz ellerim bilen ýazylan görkezmeleri berip başladym. Bu görkezmeleri men dowam etdirerin. Şoňa görä-de şu görkezmelerimi meniň derňew işime çatmak hem-de harby tribunal meniň işime seredende olary nazara almak bara¬daky haýyşymy unutmazlygyňyzy haýyş edýärin. B.GARRYÝEW. 1953-nji ýylyň 31-nji ýanwary Arzany kabul edip alanlar: TSSR DHM-nyň derňew bölüminiň naçalnigi döwlet howpsuzlygynyň podpolkownigi (KUZNESOW) TSSR DHM-nyň derňew bölüminiň otdeleniýesiniň naçalniginiň orunbasary, döwlet howpsuzlygyny maýory (LEONIDOW)» Şundan soň B.Garryýew şular ýaly arzalary ýene-de ýazypdyr. Arzalary ýene-de Kuznesow bilen Leonidow kabul edip alypdyrlar. Şolaryň biriniň aşagyna «1953-nji ýylyň 3 – 4-nji fewraly» diýlen sene goýlupdyr. Hormatly okyjy, şu senä üns ber. Ol oýlanmaga mejbur edýär. B.Garryýew bu arzany nirede ýazdyka? Türmäniň kamerasyndamy ýa-da sülçiniň kabinetinde? Näme sebäbe görä arzanyň aşagyndaky senede iki gün görkezilipdir. Dogry, mugallym ony iki günde-de, belki ondanam köp wagtlap ýazyp biler. Şeýle bolsa arzanyň iň soňky nokady goýlan güni görkezmek ýeterlik dälmikä? Arzany kabul edenler hem bu barada aýtmandyrlar. Munuň özi mugallymyň bu arzalary ýeke özüniň, öz erkine ýazmandygyny aňladýar. B.Garryýew 2-nji fewralda-da şu zeýilli arzalaryň birini ýazypdyr. Diýmek, bu ýerde galplyk, diýdimzorluk, güýç ulanmak, mejbur» etmek bolaýmaly. Soň munuň özi hakykatdanam şeýle bolup çykýar. Ol barada ýene-de gürrüň ederis. Nury aganyň aýtmagyna görä. Baýmuhammet Atalyýewi» ozalam türmäniň howasyndan «dem alyp» görüpdir. Tejende işläp ýörä, ony kakasy bilen bilelikde-de türmä salypdyrlar. Tejene bolsa olaryň maşgalasyny baý-kulak hökmünde sürgün edipdirler. – Bizi respublikamyzda özümiz haýsy raýony islesek, şoňa gitmeli etdiler. Tejene gitmegi makul bildik. 1929-njy ýylyň 29-njy aprelinde Tejene bardyk. Ikinji Babadaýhan oba Sowetiniň Baraklar obasynda ýerleşdik. Şol ýerde daşkyrak garyndaşymyz bardy, öýümizi otla ýükläp eltdiler. Sygrymyzy, ýabymyzy garyndaşlarymyzyň biri sürekläp alyp bardy. Gowuja ýaşap ýördük. Baý strahowa¬nie agentliginde dilmaçlyk edýärdi. Ol aýaly bilen şäheriň gyrasynda özbaşdak ýaşaýardy. Bir gün kakam bilen Baýy tutdular. Ikisem Tejeniň türmesinde ýatyr. Men oba Sowetinden Baýyň bizden aýry ýaşaýandygy barada sprawka alyp eltip berenimden soň, Baýy boşatdylar. Bir gün ejem Baýyň gyzy bolupdyr diýip, eşejigini münüp gitdi. Iň kiçimiz Seýidem elinde. Aba ikimiz öýde galdyk. Ir bilen oba döküldiler. Bize-de «Hiç ýaňa gitmän. Mal-garaňyzy meýdana goýbermäň» diýip geçip gitdiler. Onsoň gelip Aba ikimizem türmä äkitdiler. Mallarymyzy sürdüler. Ejem öýe gelse, biz ýok. Goňşy-golamlar bolan ýagdaýy aýdypdyrlar, Ejem ýene yzyna Baýlara barýar. Ertesi türmä geldi. Tejeniň türmesem adamdan doly. Ol mahal kakamy Aşgabadyň türmesine geçiripdiler, Baý hem Aşgabada gaýdypdy. Sarahs taraplardan tutulyp getirilenlerem jemläp wokzalda wagonlara basdylar. Şonda erbet aglaşyk boldy. Tussag edilenler, ugradýanlar hemmesi aglaýar. Müň adam dagy birden aglasa, gaty erbet bolýar ekeni. Şol agy sesi şunça ýyllar ýetse-de, gulagymdan gidenok. Hemmäni Aşgabadyň golaýyna getirip düşürdiler. Ejem ýaş çagaly bolansoň ulagly alyp gaýtdylar. Bi¬zi bolsa elleri ýalaňaç gylyçly, atly soldatlar öňlerine salyp, sürüp gelýärdiler. Aýyň ýagtysyna gylyçlary ýalp-ýalp edýär. Respublikanyň ähli ýerinden ýygnalan adamlary Aşgabatda häzirki respublikan harby komissariaty ýerleşýän ýerine jemlediler. Howa sowuk. Köpüsiniň aýakgaby, geýmem ýok. Kakamy hem getirdiler. Ýygnanan jemendäniň ählisini goýun ýüklän ýaly iki gatly wagona basyp, Syrderýa sary iberdiler. Ýük otlulary-da. Iýgi-içgi ýok. Buşukmaga-da goýberenoklar. Amyderýadan geçenimizden soň gapyny açdylar. Çörek berdiler. Her wago¬na starosta bellediler. Garyndaşy bolanlar ony-muny berýärler. Wagonlardaky adamlar, dürli milletiň wekilleri. Orslaram, malakanlaram, başgalaram kän. Nury aganyň Syrderýada lagerde gören görgüleri baradaky gürrüňlerini diňläniňde, depe saçyň üýşüp gidýär. Sürgün edilenleri Syrderýa stansiýasyna eltip, gije aý aý-adyňda garyň, üstüne döküpdirler. Goşa örküçli düýelere mündürip lagerlere äkidipdirler. Ýalaňaç sährada adamlar açlykdan ölüpdir. Ýaş çagalar basym gyrlypdyr. Garahassalyk başlapdyr. Ýuwunyp-ardynmak barada gürrüňem ýok. Içmäge-de suw ýetenok. Olar «Nižniý, Hansk» diýen sowhozda, 5-nji OGPU-nyň 4-nji lagerinde bolupdyrlar. 8 – 10 ýaşly çagalar hem işe gitmeli ekeni. Işe çykmasa, çörek bermändirler. Nury ol ýerde ýetginjeklere brigadirlik edipdir. Aýakgabymyz galoşdy. Bir gezek ejem pahyr garyň içinden gelýärkä aýagyndaky galoşyň gaçyp galanynam bilmändir. Ýatlar ýaly bolmady. Ýaz çykandan soň garyň garahassalygy başlady – diýip Nury aga sözüni dowam etdirýär. – Bitimizi şänik ýaly edip, bahara ýetdik. Büre köpeldi. Geň gören zadym büre bitleri iýýän ekeni. 1933-nji ýylyň 23-nji awgustynda Baý bizi alyp gaýtdy ol dowzahdan. Maýyp diýip sprawka alan ekeni. «Aşgabat şäherinde ýaşamaga hukugyňyz ýok» diýdiler. Şonda-da Aşgabatda galdyk. Gidrotehnikuma okuwa girdim. Nury aga gidrotehnikumda uzak okamak miýesser etmändir. Bir gün okuwa gelse, sosial gelip çykyşyny gizlänligi üçin, diýip okuwdan çykarylýandygy barada buýruk asyp goýupdyrlar. Nury gürleşip görmek niýeti bilen mugallymlaryň ýanyna barmakçy bolupdyr. Ýöne okap ýörenleriň biri oňa gözlerine görnäýse, egnindeki eşikleriniňem alynjakdygyny duýdurypdyr. Tehnikum; okuwçylara penjek, botinka berýär ekeni. Nury duran ýerinden yzyna gaýdýar we bir aýdan oň industrial politehnikuma ýerleşip, okap başlaýar. Bir ýyldan soň Nuryny şäher Sowetine deputat saýlapdyrlar. Nury aga-da häzire çenli deputatlyk man¬daty saklanyp galypdyr. 1953-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistan SSR Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň we ministrligiň goşunlarynyň harby prokuraturasynyň ýolbaşçylary Baýmuhammet Garryýewi aýyplaýyş hatyny tassyklapdyrlar. Onda mugallymyň üstüne ýüklenmedik günä ýok. Sosial gelip çykyşyny gizläp, partiýa giripdir. Hakykatda bolsa şol uly söwdagär baýyň ogly ekeni. 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda SSSR ýeňiläýse, milletçilikli toparlanyşygyň agzalary Türkmenistan buržuaz Türkiýä birleşdirilmegini isläpdirler. B.Garryýew Aşgabatda döredilen antisowet toparlanyşygyň ýolbaşçylarynyň we ideologlarynyň biri bolupdyr. Ol şu toparlanyşygyň agzalary M.Kösäýew, O.Abdalow we beýlekiler bilen ençeme ýyllaryň dowamynda partiýa we Sowet döwletine garşy guramaçylykly işjeň göreş alyp barypdyrlar. Görer göze «halk» eposlary, «taryhy» eserler diýen bolup, reaksion, buržuaz-milletçilikli idealary metbugatda hem ilat arasynda wagyz-nesihat edip gelipdirler we tuda meňzeşler. Sud seljermesi bary-ýogy ýekeje günde tamamlanypdyr. 1953-nji ýylyň 13-nji martynda ýustisiýanyň polkownigi Korobowiçiň başlyklyk etmeginde TSSR DHM-niň goşunlarynyň harby tribunaly B.Garryýewi sud edýär. Halk oturdaşlary döwlet howpsuzlygynyň polkownigi Kolodýažnyý we döwlet howpsuzlygynyň uly leýtenanty Lapşin. Ka¬pitan Samarskiý sekretarlyk edipdir, kiçi leýtenant Sar¬kisow dilmaç. TSSR DHM-niň goşunlarynyň harby prokurorynyň kömekçisi Pronçenko hem-de aklawjy Lebedinskaýa gatnaşypdyrlar. Gepiň gysgasy sud B.Garryýewi günäkärlemek üçin subutnamalar ýeterlik hasap edýär. TSSR Jenaýat kodeksiniň iki maddasy boýunça günä bildirilip, olaryň her biri boýunça 25 ýyl zähmet-düzediş lagerine ibermäge höküm edýär. Ýö¬ne edilen jenaýatyň jemini nazara almak bilen, azatlykdan mahrum etmegiň möhletini 25 ýyl diýip belleýär. Ähli emlägini konfiskläp, 5 ýyl hem hukukdan kesmeli edilýär. Sud şonuň ýaly-da B.Garryýewiň «Zämet Gyzyl Baýdak» ordeninden mahrum etmek baradaky haty SSR Soýuzynyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumyna ibermegi karar edýär. Ony 1941 – 1945-nji ýyllarda çeken gahrymançylykly zähmeti üçin diýen medaldan, halk magaryfynyň otliçnigi nyşanyndan, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumyny we SSSR Ylymlar akademiýasyny Hormat hatlaryndan mahrum edýär. Kassasion tertipde ýazylan arza netijesiz bolýar. Orta Aziýa okrugyny DHM-niň goşunlarynyň harby tribunaly şol ýylyň 3-nji aprelinde hökümi öňki güýjünde galdyrmak barada kesgitnama çykarýar. Şol kassasion arzada B.Garryýew özüne berlen jeza bilen doly ylalaşýandygyny ýazyp, günäsiniň geçilmegini haýyş edipdir. Bu şikaýat arzasynyň nähili ýazylandygy barada giňräk durup geçeliň. Her niçigem bolsa bigünä halyna 25 ýyl iş kesilmegini dogry hasap etmegi geň ahyryn. Sowuk ülkelerdäki zähmet-düzediş lagerine gelenden mugallym ýokary instansiýalara özüniň nähak basylandygy barada ençeme hat ýollapdyr. SSKP MK-a iki gezek, SSSR-iň Baş Prokuroryna SSSR-iň Baş harby prokuroryna, SSSR Ylymlar akademiýasynyň prezidenta A.N.Nesmeýanowa ýüz tutupdyr. Şol hatlarda ol köp zat barada gürrüň beripdir. B.Garryýew özüniň sud edilişinde sosialistik kanunçylygyň we sowet adamynyň konstitusion hukugynyň bozulandygyny görkezýän iki fakta ünsi çekipdir. Suduň yz ýanyndan kassasion tertipdäki arzasyny sülçiniň mejbur edip ýazdyrandygyny görkezipdir. Höküm çykarylandan soň sülçi Leonidow onuň ýanyna etaplaýyn türmä dört gezek (bir gezek Mihalýan bilen) gelipdir. Ol mugallymyň kassasion şikaýat däl-de, günäsiniň geçilmegi barada haýyşnama ýazmagyny ündäpdir. Şeýle etse, maşgalasynyň golaýynda galdyrmaga söz beripdir. Şondan soň B.Garryýew özüni Aşgabadyň zähmet-düzediş koloniýasynda galdyrmak we ylmy işde ulanmak baradaky haýyş bilen TSSR döwlet howpsuzlyk ministrine ýüz tutupdyr. Emma görşümiz ýaly, hiç hili peýda bolmandyr. Ony uzaga iberipdirler. Moskwa ýazan arzalarynyň birinde öz işini sökmegiň kyn düşjekdigine, sebäbi respublikamyzda giňden tanalýan adamlaryň oňa dahyllydygyna gowy düşünýändigini görkezipdir. Nury aganyň aýtmagyna görä, professorlary tussag etmek üçin iň bolmanda respublikanyň hökümetiniň ýolbaşçylarynyň biriniň goly gerek. Biz professor B.Garryýewiň işinde şunuň ýaly dokumente gabat gelmedik. Ýöne uly wezipeli adamlary ýygnajak bolanlarynda degişli ýolbaşçylardan, mysal üçin, uly harby naçalnikleri basmak üçin harby ministr Woroşilowdan ygtyýar alandyklary barada okyjylar merkezi metbugatdan okandyrlar. Moskwada işläp ýören Nury Garryýew agasyna kömek etmek üçin ylgama kemini goýmandyr. Ozaly bilen oňat aklawjy tapypdyr. Aklawjy suduň ýalňyşyny bada-bat ýüze çykarypdyr. Iki madda boýunça günäkärläp, hersi boýunça 25 ýyl diýilmegi eýýäm sud praktikasynda ýalňyşlyk. Diýmek, 50 ýyla höküm edildigi bolýar. Aklawjy derňewde edilen jebri-sütemler barada gürrüň gozgalanda diňe hakykaty aýtmalydygyny düşündiripdir. Jikme-jik ýazmalydygyny, elbetde, sütem etmek köp gezek gaýtalanan bolsa, wagtyny, detallaryny ýada salmagyň ýesiň düşmejekdigini, ýene ilkinji gezek berlen jebri-jepanyň hiç wagt unudylmaýandygyny aýdypdyr. Nury aga bular barada agasyna habar beripdir. Beriýa atylandan soň, zähmet-düzediş lagerlerindäkiler bilen seýregrägem bolsa hat alyşmaga, ony-muny ibermäge rugsat edilipdir. Şol iberilýän zatlaryň arasyna bilinmez ýaly edip türkmençe ýazypdyrlar. Professor lagerden iberen arza-şikaýatlarynda edilen sütemler barada görkezipdir. Ine, olaryň biri: «SSR SOÝUZYNYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ PREZIDENTI akademik A.N.NESMEÝANOWA TSSR YA-nyň ozalky habarçy-agzasy, professor B.A. GARRYÝEWDEN Hormatly prezident! Meniň şahsy işim bilen tanyşmaga mümkinçilik tapmagyňyzy we meniň reabilitirlenilmegime ýardam etmegiňizi haýyş edip Size ýüzlenýärin. Sebäbi bu işde şeýle bir ýagdaýlar bolup, sowet ylmynyň bähbitleriniň goragynda durýan edaranyň ýolbaşçysy hökmünde ol ýagdaýlar sizi gyzyklandyrmalydyr. 15 ýyldan gowrak men türkmen filologiýasy boýunça derňew işlerini geçirdim, şonda 1945-nji ýyldan 1952-nji ýyla çenli TSSR YA-nyň Taryh, dil we edebiýat institutyna ýolbaşçylyk etdim. Häzirki wagtda bolsa geçmişiň edebi-folklor ýadygärliklerine tankyt tarapyndan otri¬satel baha berilmeginiň tipiki pidasy boldum... Oriýentalistikada XI — XII asyrlaryň ýadygärligi hök¬münde belli bolan «Gorkut Ata» 1951-nji ýylda ilki başda Azerbaýjanda soňra awtomatik suratda Türkmenistanda milletçilikli we halklaryň dostlugy ruhuna duşmançylykly eser hökmünde baha berilmegini tutaryk edinip, Aşgabatda heniz çapdan çykmadyk kitabyň redaktory bolan meni garaşylmadyk ýagdaýda buržuaz milletçisi diýip yglan etdiler. Şondan soň, meni partiýadan çykardylar, TSSR YA-nyň habarçy-agzasy diýen atdan mahrum etdiler. Meniň we ähli maşgalamyzyň yzarlanylmagy, gözden düşürilmegi, menden aç-açan öç alynmagy bilen tamamlanyldy: 1952-nji ýylda men şol ýylyň özünde howul-hara çörňelen fiktiw iş boýunça TSSR DHM organlary tarapyndan tussag edildim. Meniň töweregimde gurnalan oňşuksyzlyk, ylmy-barlag işlerime birtaraplaýyn baha berilmegi we 2 – 3 sany şaýadyň – prowokatorlaryň haýsydyr bir anti¬sowet sözleri diýendigim baradaky ýalan görkezmeleriniň alynmagy netijesinde hiç haçan etmedik jenaýatlarymda günäkärlenildim. Meniň şular ýaly jenaýatlar edendigimi subut eder ýaly subutnamalaryň ýeterlik we ynandyryjy däldigine gözüni ýetirmek bilen, derňew ähli gujur-gaýratyny we ugurtapyjylygyny şol fantastiki jenaýatlara baş goşandygymy boýun almaga mejbur etmäge gönükdirdi. Şu «niýet bilen türmede meniň garşyma derňewiň sowetler ýurdunda ýol berilmesiz metodlary: fiziki güýç ulanmak, uzak döwrüň dowamynda ukudan galdyrmak, nejislik bilen üstüňden gülünmegi, yzygiderli nerwleriňi oýnamak ulanyldy. Bir tarapdan, boýun almasam, menden we maşgalamdan gazaply öç alynjakdygy bilen gorkuzdylar, beýleki ta¬rapdan, «ak ýürekden boýun alsam» basym boşadyljakdygym we ş.m. barada ýalandan söz berdiler. Lükgeligine ylma berlen, ozal sud edilmedik. DHM-niň içerki türmesinde şunuň ýaly ýagdaýa ömründe ilkinji gezek sezewar edilen adam, ýagny men ýygy-ýygydan keselleýärdim. TSSR DHM-niň käbir wezipeli işgärleri tarapyndan şeýle bir terrorizirlenildim we aldandym welin, ýalan şaýatlaryň heňe gelmeýän görkezmelerini üç aýdan gowrak wagtlap inkär edenimden soň olary «boýun almaga» mejbur boldum. Derňew meni öz günälerimiň üstüni açýan häsiýetdäki arzalary ýazmaga, şonuň ýaly-da berilýän soraglara jogaplar derňewiň özi tarapyndan (sülçi Leonidow, derňew bölüminiň naçalnigi Kuznesow, döwlet howpsuzlygy ministriniň orunbasary Kuznesow) ozalyndan ýazylyp goýlan sorag etmeleriň pro¬tokollary diýilýänlere gol çekmäge mejbur etdi. Hatda kassasion arzada hem men derňewiň diýen sözlerini ýazdym. Onda «hökümi dogry hasaplaýaryn we onuň ýatyrylmagyny gazanmagy niýet etmeýärin...» diýen ýaly tassyklamalar häsiýetlidir. Şular ýaly tassyklamalaryň we bu «dökumentiň» tutuşlygyna derňewe ýokarda durýan instansiýalary bulaşyklyga salmak üçin zerur bolandygy görnüp durandyr. Özi-de bu dokument TSSR DHM-niň goşunlarynyň harby tribu¬naly maňa ähli emlägimi konfiskläp, bäş ýyllap hukukdan kesmek we 25 ýyllap zähmet-düzediş lagerinde tussaglykda saklamak barada höküm çykarandan soň ýazyldy. Harby tribunalyň mejlisinde bolsa men derňewiň zor bilen gol çekdiren zatlaryny mehaniki suratda gaýtaladym. Şu ýerde şaýatlar diýilýänleriň ýalan görkezmelerini getirmegiň we olar hem-de olaryň arkasynda duranlar bilen meniň gatnaşyklaryma anyk häsiýetnama bermegiň hajaty ýok. Olaryň hereketleriniň hakyky motiwini barlamakdan aňsat zat ýok. Şonda şahsy öýke-kineler, konkurensiýa we bäsleşik esasynda meniň bilen duşmançylyk edýänleri görersiňiz, maşgalanyň aryny almak adaty boýunça hereket edýänlerem tanarsyňyz. Bularyň hakykatdanam şeýledigini meniň işime täzeden, obektiw derňew geçirilende subut ederin. Diňe bir maňa ýöňkelýän antisowet gürrüňler, buržuaz milletçilikli garaýyşlar däl, eýsem müň ýyla golaý mundan ozal döredilen edebiýat we folklor ýadygärliklerini neşir etmek arkaly, hamala, meniň bilgeşleýin baý-feodal jemgyýetini (delil – men baýyň ogly!) ideallaşdy¬randygym, yslam dinini propagandirländigim we şuňa meňzeşler barada günäkärlenmegimem hiç bir jähtden esassyzdyr. Ol ýadygärlikler ylymlar akademiýasynyň we döwlet neşirýatlarynyň respublikanyň ýolbaşçy instansiýalary tarapyndan tassyklanylýan planlaryna girizilendir. Ýöňkelýän günäleriň näderejede ýerliksizdigine, hökümiň näderejede gazaplydygyna we düşnüksizdigine bolmanda şu faktlaram şaýatlyk edýär. Derňew we sud, şonuň ýaly-da meniň ýalan şaýatlarym köne jemgyýeti ideallaşdyrmakda aýplamak üçin esasy tutaryk hökmünde baý maşgaladan gelip çykandygymy ýatlaýarlar. Özümiň kulak maşgalasyndandygymy inkär etmän (ýogsa-da kakam Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda obamyzdaky ilkinji mekdepde müdirlik etdi we 1939-njy ýylda işçi mahaly aradan çykdy), meniň we biziň maşgalamyzyň sowet Häkimiýetiniň ýyllary içinde ýeten derejesine ýetmegiň başga hili gurluşda asla ýadyňa-oýuňa getirmegiňem mümkin däldigini nygtamalydyryn. Kommunistik partiýanyň milli syýasatynyň saýasynda Sowet döwletiniň maňa şeýle bilim berendigini, mähriban ýurdumda şunuň ýaly maddy abadançylyk we sosial ýagdaý döredendigini, köne, patriarhal Türkmenistanda bu barada meniň arzuwam edip bilmejekdigimi aýtmagam ýeterlikdir. Sowet gurluşyna duşmançylykly duýgular dörär ýaly mende hiç hili şahsy «maddy» esaslar ýokdy we bolubam biljek däldi. Watan öňündäki borjuma düşünip, men ylym we magaryf meýdanynda sowet jemgyýetine aňrybaş peýda getirmäge çalyşdym. Şonuň bilen birlikde şahsy durmuşymda we işlerimde ol ýa-da beýleki ýalňyşlaryň, geçmişiň ol ýa-da beýleki şahyry barada bişişmedik pikir ýöretmeleriň bolandygyny inkär edemok. Ýöne olar ýaman niýet netijesinde ýüze çykan däldir. 1948-nji ýyla çenli ýekeje-de türkmen pro¬fessor bolmadyk respublikamyzda ylmyň ösüşi bilen meniňem kämilleşendigimi aňladýandyr. Ynha, meniň biografiýamdan – ylmy-pedagogik işimden anyk faktlaryň käbiri. Milletim türkmen, 1914-nji ýylda doguldym, ýaşlygymdan rus mekdebinde we maşgalasynda terbiýelendim. TSSR-iň wuzlarynyň üç fakultetini tamamladym. 1942-nji ýylda Moskwa döwlet uniwersitetinde kandidatlyk dissertasiýasyny goradym (1943-nji ýylda çap edildi), 1948-nji ýylda bolsa SSSR YA-nyň Dil we pikirleniş institutynda filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goradym. 1939 – 1952-nji ýyllarda türkmen diline, edebiýatyna we halk döredijiligine bagyşlanylan işleriň 100-den gowragyny neşir etdirdim we çapa taýýarladym. Olaryň arasynda XVIII asyr şahyrlary Azadynyň we Magtymgulynyň ömri hem-de döredijiligi hakyndaky monografiýa, türkmençe-rusça we rusça-türkmençe sözlükler, XI – XIX asyrlara degişli edebiýat we folklor ýadygärliklerini 50-ä golaýy, türkmen dili we edebiýaty baradaky makalalaryň onlarçasy bar. («Sowet edebiýaty», «Izwestiýa» TFAN SSSR», «Izwestiýa AN TSSR» žurnallarynda, «Edebiýat ensiklopediýasynda». tom II, Moskwa, 1939ý, «Uly, sowet ensiklopediýasynda», Moskwa, 1948ý tom 55 we başgalar). Olardan başga-da okuw kitaplarynyň we hrestomatiýalaryň 11-sini (olaryň altysy TSSR-iň, wuzlary üçin) taýýarladym, rus klassyklarynyň (N.W.Gogolyň we beýlekileriň) eserlerini türkmençe terjime etdim. Ylymdaky we magaryfdaky zähmetim hökümet sylaglary, SSSR YA-nyň haty bilen bellenildi. 1951-nji ýylda bolsa TSSR YA-nyň habarçy-agzalygyna saýlanyldym. Emma meniň tussag edilmezimiň öň, ýanynda Aşgabatda şeýle bir ýagdaý döredilip, XI – XIX asyrlaryň meniň, gatnaşmagymda neşir edilen edebiýatlarynyň ählisi diýen ýaly zandyýamanlyk bilen reaksion, dini, baý-feodal eserler diýip yglan edildi. Derňewe kömek bermek maksadynda döredilen, rewolýusiýadan ozalky folklor-edebiýat eserlerine baha bermek baradaky komissiýa hem şunuň ýaly ugry ýöretdi. Bu döwlet ähmiýetli mesele – edebi miras baradaky mesele Bütinsoýuz ylymlar akademiýasynyň: SSSR Ýazyjylar soýuzynyň gös-göni hem-de ýolbaşçylyk etmek arkaly gatnaşmagy bilen bir taraplaýyn däl-de üstünlikli we obektiw çözülip bilner hasap edýärin. Şeýlelikde, türkmen jemgyý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |