00:43 Elli ikinji nomerli order | |
MÄTI KÖSÄÝEWE WE BAÝMUHAMMET GARRYÝEWE SUD EDILIŞI
Taryhy makalalar
Jumageldi Hommatdurdyýewiň eliňizdäki dokumental oçerkleri Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň arhiwinde iňňän gizlin saklanan materiallar esasynda ýazyldy. Olarda görnükli türkmen alymlary Mäti Kösäýewiň hem-de Baýmuhammet Garryýewiň ömür ýolunyň belli bir döwri – nähak günä ýöňkelip, türmä basylyşy barada söhbet açylýar. BAŞ DIREKTOR Amanmyrat BUGAÝEW ▶ ELLI IKINJI NOMERLI ORDER Mäti Kösäýewi tussag etmek üçin berlipdir Bu order mundan kyrk ýyl çemesi ozal ýazylypdyr, şu setirleriň awtory bilen ýaşytdaş diýseňem boljak. Elli ikinji nomerli order 1952-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan SSR Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň (DHK şol mahallar şeýle atlandyrylýardy – J.H.) bäşinji bölüminiň 1-nji otdeleniýesiniň naçalnigi maýor Mihalýana berlipdir, respublikanyň prokurorynyň orunbasary, ýustisiýanyň üçünji klasly döwlet geňeşçisi Fateýew tarapyndan sanksionirlenilipdir. Munuň özi Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti M.Kösäýewi tussag etmäge hem-de onuň öýüni dökmäge hukuk berýärdi. (Okyjylara düşnükli sebäplere görä familiýalaryň käbiri üýtgedilip alyndy). – Şol günüň özünde Mäti Kösäýewi ýygnaýarlar. Şu orderiň arka ýüzüne M.Kösäýew rus dilinde «Meniň tussag edilýändigim barada şu gün /6/VI – 52/ order № 52 görkezildi» diýip iri harplar bilen ýazyp, goluny çekipdir we ýene-de ýokarda ýaý içinde görkezilen senäni goýupdyr. Tanyş poçerk, tanyş gol, Türkmenistanda edebiýatçylaryň, žurnalistleriň, umuman galam ujundan çörek iýýänleriň, medeniýet we sungat işgärleriniň, mugallymlaryň arasynda Mäti aganyň ýanyna geňeşe barmadyk, maslahatyny almadyk, parasatly sözlerini diňlemedik az-az bolsa gerek. Men bu uly ensiklopedik alym heniz dirikä edebiýata, medeniýete dahylly işlere baş goşanlar hakda aýdýaryn. Soňky nesillerem onuň kitaplaryny, makalalaryny okarlar, öwrenerler. Biz, ýetmişinji ýyllaryň başlarynda M.Kösäýewiň leksiýalaryny diňläp studentler barada-ha gürrüňem bolup bilmez. Heniz uniwersitete girmänkäk mekdep mugallymlarymyzdan, tanyş-bilişlerimizden eşidip, gazet-žurnallarda okap gaýbana tanap ýören professorymyz zaçet depderçämize baha goýanda, juda tolgunypdyk. M.Kösäýewiň çe¬ken goluny gaýta-gaýta synladyk. Şol tanyş goly ony tussag etmek üçin berlen orderiň arka ýüzünde görmek nähili elhenç. Has-da beteri pygammer deňesinde görüp ýören adamyň agyr jenaýatçylaryňky ýaly göni we keseligine alnyp ýanaşyk goýlan suratyny synlamak. Her biri ellerine saldam berip duram iki tomdan ybarat bu işde şeýle suratam bar. Şol döwrüň derňew işgärleriniň bir zadyny bellemek isleýärin. Bu işdäki dokumentleriň, ählisi yhlas bilen, sünnälenip doldurylypdyr. Ownujak zatlaram gözden salynmandyr. M.Kösäýewiň on barmagynyň yzy alnan ýerde onuň çep elinde it dişlände galan ýara yzynyň, bardygy bellenilipdir. Hatda emlägi konfisklenilende alnan zaýomlaryň hemmesiniň nomerleri ýeke-ýeke görkezilipdir. Ýöne bir zady aýtmaly. Iki tomluga jemlenen dokumentler şu çaka çenli iňňän gizlin saklanylýardy. Diňe aýry-aýry ýokary wezipeli adamlaryň, olar bilen tanyşmaga haky bardy. Hatda M.Kösäýewiň partiýa bilediniň Türkmenistan Kompaniýasynyň, Merkezi Komitetine iberilendigi baradaky kagyzyň ýüzüne-de «Gizlin» diýen belgi edilipdir. Hawa, 30 – 40-njy ýyllarda we 50-nji ýyllaryň, başlarynda nähäk jeza çärelerine sezewar edilenleriň, işleri bilen tanyşmaga indi mümkinçilik açyldy. Baryp 1945-nji ýylda respublikamyzda ilkinji bolup «Türkmenistan SSR-niň, ylymda at gazanan işgäri» diýen ada mynasyp bolan, orden we medallar, TSSR Ýokary Sowetiniň, Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanan, şäher Sowetiniň deputaty, dosent Mäti Kösäýewiň günäsi nämekä? Tussag edilen döwründe ol respublikamyzda giňden tanalýan adamdy, türkmen intelligensiýasynyň görnükli wekilleriniň biridi. 1930-njy ýylda partiýa hataryna giripdi, basmaçylara garşy göreşipdi. Ony respublikanyň ýolbaşçylaram gowy tanaýardylar, hormat goýýardylar, geňeş-maslahat hem salýardylar. Muňa TSSR YA-nyň akademigi Şamyrat Täşliýewiň «Sowet Türkmenistany» gazetiniň 1989-njy ýylyň 27-nji oktýabryndaky sanynda çap edilen «Guramaçy, redaktor, alym» diýen makalasynda ýatlaýan wakasy hem şaýatlyk edýär. Bu makala Şaja Batyrow hakynda, 1949-njy ýylyň ýazynda TKP MK-nyň Býurosynda Tejen derýasyna suw gelmeýändigi, ekiş möhletiniň geçip barýandygy sebäpli, Tejeniň ilatyny Mara geçirmelimi ýa-da geçirmeli dälmi diýen mesele garalýar. Ş.Täşliýew şeýle ýazýar: «Sesler ikä bölündi. Býuro çlenleriniň bir bölegi göçürmeli, bir bölegi göçürmeli däl diýýär. Şaja Batyrowam iki arada ikirjiňlenýär. Ol birden meni ýanyna çagyrdy-da «Mäti Kösäýewi tap-da, şu ýylyň türkmen hasabynda haýsy ýyldygyny, suw gelmeli ýylmy ýa-da dälmi – diýip sora» diýdi. Jaň urup, Mäti Kösäýewi öýünden tapdyk. Soragymyzy aýtdyk. Ol şu ýyl gowy ýyl bolmaly, suw gelmeli diýdi. Men bu habary Şaja Batyrowiçe aýdanymda ol gutarnykly karara geldi. «Tejen ilatyny Ma¬ra göçürmeli däl. Tejen derýasyndan suw gelerine garaşmaly» diýdi. Býuroda şeýle karara hem gelindi» Eýsem M.Kösäýewi türmä salmaga näme esas bolduka? Mä¬ti agany çapa taýýarlap «Gorkut ata» eposy 1951-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň çärýek asyrlyk ýubileýine gabatlanyp neşir ediljek bolup durka gadagan edilipdi. Kitabyň signal ekzemplýarlary çykarylypdy hem M.Kösäýew pe¬dagogik işiniň daşyndan «Sowet edebiýaty» žurnalynda redaktorlyk edýärkä bu eposyň käbir boýlaryny 1945-nji ýylda žurnalyň sahypalarynda ýerleşdiripdi. Epos hakda makala ýazypdy, onuň ýaşlary batyrlyga, Watan söýmäge çagyrýandygyny görkezipdi. Elli ikinji nomerli orderi almak üçin ýazylan kararda şol makaladan sitata alnypdyr. M.Kösäýew halka garşy reaksion «Gorkut ata» eposyny işjeň ýaýradyjylaryň biri diýlip görkezilýär. Bu kara¬ra TSSR Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň bäşinji bölüminiň otdeleniýesiniň naçalnigi maýor Mihalýan, bäşin-ji bölümiň naçalnigi polkownik Kistow, ministrligiň derňew bölüminiň naçalniginiň wezipesini ýerine ýetiriji kapitan Nikolaýew gol çekipdirler, ministrligiň we respublikanyň prokuraturasynyň degişli ýolbaşçylary, tassyklapdyrlar. Şu familiýalary ýatda saklalyň. Maýor Mihalýan eýýäm 1955-nji ýyldaky dokumentlere ministrligiň derňew bölü¬miniň naçalnigi, podpolkownik diýip gol çekýär. Gulluk wezipeleri boýunça beýle çalt, ýokary galmagyna halkyň beýik ogullaryny, äpet çynarlaryny ýykmakda görkezen janypkeşliginden başga näme ýardam edip biler?! TKP MK-nyň Býurosy 1952-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Nikolaýewi saglyk ýagdaýyna görä ministrligiň derňew bölüminiň naçalnigi wezipesinden boşadyp, onuň ýerine Petr Iwanowiç Kuznesowy tassyklaýar. Bu adamlaram Mäti aganyň gören görgülerinde az rol oýnamandyrlar. Dogrusy, M.Kösäýewe atylan töhmet, ýöňkelen günäler bilen tanşandan soň, onuň neneňsi diri galandygyna oturyp-oturyp haýranlar galýarsyň. Nähak jeza bermeleriň gülläp ösen döwründe diňe bir antisowet agitasiýa ýöretmekde aýyplanylan adamlaryň atuwa höküm edilen halatlary seýrek bolmandyr ahyryn. Mäti aga bolsa günä baryny ýöňkäp bilipdirler. Ine olaryň käbiri: Metbugatda buržuaz-milletçilikli ideýalary, şol sanda halka garşy reaksion eposy propagandirlänmişin. Antisowet milletçilikli işi geçirenmişin. BK(b)P-niň we Sowet hökümetiniň ýolbaşçylarynyň biriniň adresine kemsidiji sözleri aýdanmyşyn, onuň Aleksandr Makedonskiden, arap we mongol basybalyjylaryndan nämesi gowy diýenmişin. Ýokarda agzalanlar geçmişde dünýäniň köp bölegini dyza çökeripdirler, ol hem (ene-de-Sowet hökümetiniň we BK(b)P-niň ýolbaşçysynyň adyny kemsidiji sözler bilen tutanmyşyn basybalyjylaryň göreldesine eýerýär diýenmişin. Iki tomda ýygnalan dokumentlerde, dyngysyz edilen soraglaryň protokollarynda ýolbaşçynyň adresine aýdylan kemsidiji sözler baradaky gürrüň ýygy-ýygydan gaýtalansa-da, ýekeje ýerde-de onuň ady tutulmaýar. Şol döwürde ol ýolbaşçynyň, has dogrusy «halklaryň parasatly serdarynyň» ady dillerde sena bolanam bolsa, bular ýaly ýerde onuň; adyny agzamak külli günä hasap edilen bolara çemli. Bu hem onuň sarpasyny tutmagyň bir görnüşidir-de, elbetde. Gürrüňiň Stalin hakda barýandygyny welin asmak kyn däl. Kemsidiji sözler diýlende, näme göz öňünde tutulýandyr öýdýärsiňiz? «Murt» buýruk berse...» diýenmişin. «Murt» diýildigi, onuň kemsidildigi bolýarmyşyn. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda Tejende kolhoz gurmaga gatnaşan, täze durmuş ugrunda eli ýaragly göreşen bolşewige kolhozlara, umuman SSSR-iň syýasy gurluşyna garşy bolýarsyň diýýärler. Hamana, ol Beýik Watançylyk urşunyň ilkinji ýyllarda gitlerçileriň ýeňmegine garaşanmyşyn, kimiňdir biriniň ýanynda «Nemesler parahat ilata zat diýmeýärler» diýenmişin. Türkmenleri işçi batalýonlaryna alyp, sowuk ýerlere iberýärler. Türkmenleri ýok etjek bolýarlar. Kolhozçylara hak tölenilenok. Ozal kolhoz ýokka gowy ýaşaýardyk. Indi garyp duşduk diýenmişin. Häzirem patyşa döwründäki ýaly, biziň, pagtamyzy, beýleki baýlyklarymyzy äkidýärler. Türkmenistan merkeziň çig mal goşundysy. Türkmenleri ýolbaşçy wezipä belleselerem, orunbasaryny ruslardan goýýarlar. Ähli meseläni şolar çözýärler diýenmişin. Garazhaý, sanasaň sogaby bar diýleni. Hormatly pedagoga töhmet atma kemi galmandyr. Eýsem şeýle köp günä ýöňkemek nämä gerek bolduka? Bu barada Mäti Kösäýewiň özi 1956-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda SSSR Ýokary sudunyň kollegiýasyna ýazan arzasynda şeýle pikir ýöredýär: «Maňa bildirilen esasy günä «zyýanly, reaksion, halka garşy» eserleri !««Gorkut Atany», «Ýusup-Ähmedi» ýaýratmaga işjeň gatnaşanlygymdan ybaratdy. Bular buržuaz-milletçilikli eserler hasap edilendigine görä, olary çapa taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň ählisi buržuaz milletçiliginde aýyplanyldy. Şolaryň hatarynda «Gorkut Atany» çapa taýýarlanmada, Mäti Kösäýewe, redaktory – filo¬logiýa ylymlarynyň doktory, professor, häzirki mahal SSR Soýuzynyň Ýokary suduny kolleksiýasy tarapyndan reabilitirlenilen B.Garryýewe we neşirýatyň baş redaktory O.Abdalowa şeýle günä ýöňkeldi. Deslapky derdewiň barşynda derňew organlary ýokarda atlary tutulan adamlardan emeli usulda buržuaz-milletçilikli topar döretdiler. Ähtimal derňew organlary diňe halk eposlarynyň esasynda meni buržuaz milletçilikde aýplamagyň ygtybarly bolmajakdygyny duýan bolsalar gerek. Berkitmek üçin maňa başga-da «öz adamlarymyň» ýanynda antisowet gürrüňler edendigim barada ýalan günälerem ýöňkeldi. Şol gürrüňleri tassyklamak üçin satyn alnan şaýatlary çekdiler». Hawa her edip-hesip edip M.Kösäýewiň «günäsini» agraltmak üçin sülçüler jan çekipdirler. Mäti agadan sorag etmegi TSSR Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň derňew bölüminiň otdeleniýesiniň naçalniginiň orunbasary kapitan Leonidow alyp barypdyr. Bu işe ýokarda atlary tutulan kapitan Nikolaýew, maýor Mihalýan we ministriň orunbasary maýor Kuznesow, TSSR-iň prokurorynyň ýöri¬te işler boýunça kömekçisi birinji klasly ýurist Akyýew hem gatnaşypdyrlar. Ilkinji sorag etmegi kapitan Niko¬laýew geçirýär. 6-njy iýunda 22 sagat 15 minutda başlanan sorag 7-nji iýunda 01 sagat 15 minutda tamamlanypdyr. 7-nji iýunda günortan ýene soraga girişilýär. Gepiň keltesi, sorag etmeler, şaýatlar bilen ýüzbe-ýüz duşuşyklar sähel arakesme bilen üznüksiz dowam edýär. Şol bir sowallar gaýtalanýar, ýalňyşdyrmaga, bulaşdyrmaga çalşylýar. Mäti Kösäýew turuwbaşdan özüne ýöňkelýän günäleri inkär edýär. 12-nji iýunda 10 sagat 30 minutda başlanan sorag etmek 13-nji iýunda 03 sagat 20 minutda tamamlanypdyr. Diňe arasynda 16 sagat 15 minutdan 22 sagat 30 minuda çenli arakesme edilipdir. Soragy kapitan Leonidow geçirýär. Sowal. Siz näme üçin hut özüňiziň we Abdalowyň anti¬sowet şahsyýet bolandygyňyzy we «Gorkut Atany» jenaýatçylykly maksatlar bilen propagandirländigiňizi gizleýärsiňiz? Jogap. Käte anekdot aýdýardym. Kimdir biriniň olary manysyna antisowet hökmünde düşünen bolmagy mümkin. Emma özümi antisowet şahsyýet diýip boýun alyp biljek däl we buržuaz-milletçilikli ideýalary propagandirlänem bolsam, jenaýatçylykly maksat tutmadym. Şol günüň özünde, ýagny 13-nji iýunda günortana golaý başlanan sorag etme-de Mäti aga eýýäm başgaça görkezme berýär. Bu gezek üç bolup Nikolaýew, Mihalýan, Leonidow, onuň daşyna geçýärler. Hormatly pedagog indi özüni anti¬sowet şahsyýet hasap edýär. Derňewe dogruçyl görkezme bermek isleýändigini aýdýar. Şu iki arada nämeler bolup geçdikä? Biz Mäti aganyň ol ýerde nägünlere sezewar edilendigini, neneňsi jebir-jepalara döz gelendigini bilemzok. Hiç mahal bilibem bilmesek gerek: Ýaşuly mugallymyzyň özi bolsa bu barada gürläp ýörmezdi. Ol döwürde munuň özi gadagan temady. Diňe SSSR Ýokary sudunyň kollegiýasyna ýazan arzasynda şu aşakdaky guraksy setirleri galdyrypdyr: «Sowet kanunçylygynyň gödeklik bilen bozulmagy (yzygiderli haýbat atmalar, şantaž, elidi gandallamak, ýalňyz kameralar, gijelerine geçirilýän yzygiderli sorag etmeler – ukudan galdyrylmagy, atanaklaýyn sorag etmeler...) netijesinde men deslapky derňewde-de, sud derňewinde-de ýöňkelen günäleri doly boýun aldym we ýazmaça beren görkezmelerimde özüme hem, ýoldaşlaryma hem töhmet atdym». Şu setirler M.Kösäýewiň ýazan arzasyndan bolşy-bolşy ýaly geçirildi. Diýjek bolýan zadym, ýaý içinde sanalyp geçilen gynamalaryň soňundaky köp nokady şu setirleriň awtory goýandyr, şeýtmek bilen haýsydyr bir zady aýtmak islän däldir, gizlejek bolandyr öýüdäýmäň. Ýok, mende beýle niýet ýok. Ol köp nokady (üç nokady) Mäti aga öz elleri bilen goýupdyr. Diýmek, Mäti aga edilen sütemler diňe sanap geçilenler bilen tamamlanmandyr. Onuň neneňsi horluklara sezewar edilendigini bolsa nireden biljek? Iki tomluk işiň içindäki kagyzlardan, dyngysyz edilen soraglaryň guraksy protokollaryndan asjak zady ýok. Eden-etdilik höküm sürenem bolsa sülçüler ol barada yz galdyrmagy halamandyrlar. Olar haçanam bolsa bir mahal adalatyň dikeldiljekdigine, aýanlygy geljekdigine ynandylarmyka? Ynanmadyk bolsalar gerek. Kim bilýär?! Her bir sahypasyna mugallymymyzyň goly çekilen protokollar ýazylanda hem köp näsazlyklara, ýoýulmalara ýol berlipdir. Bu barada ýeri gelende gürrüň edýäris. Bu zatlar ýüze çykýança Mäti aga köp çarşenbäni başdan geçirmeli, horluklara döz gelmeli bolar. M.Kösäýew özüne atylan töhmetleriň köpüsini boýun alsa-da, buržuaz-milletçilikli topar döretdiňiz diýlenini inkär edýär. Antisowet toparlanyşyk bolar ýaly haýsydyr bir programmasy hem, ustawy hem ýok diýýär. Sud mejlisin-de-de «Buržuaz milletçilikli topar diýilýäni barada hiç zat bilemok» diýip jogap berýär. Sud mejlisi 1952-nji ýylyň 27-29-njy awgustynda bolup geçýär. TSSR Döwlet howpsuzlugy ministrliginiň goşunlarynyň harby tribunalyna ýustisiýanyň polkownigi Korobowiç başlyklyk edýär. Polkownik Kolodýažnyý, leýtenant Lapşin oturdaşlar bolýarlar. Mejlise TSSR DHM-niň goşunlarynyň prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň podpolkownigi Pronçenko gatnaşýar. Adwokat Sklýarýewiç aklawjy bolýar. Kiçi leýtenant Mämmedow dilmaçlyk edýär. Sud mejlisiniň geçirilişi barada gürrüň etmek örän kyn! Ýaramaz poçerk bilen ýazylan protokoldan baş çykarmak ýeňil däl. Ähli zadyň diňe göz üçin, formal geçirilendigi görnüp dur. Sud edilýäniň hiç hili milletçilikli toparlanyşyk bolmandygy barada aýdany, ýeterlik subutnamalaryň delilleriň ýokdugy nazara alynmaýar. Uzyn sözüň gysgasy harby tribunal M.Kösäýewi TSSR Jenaýat kodeksiniň 16-54-1-1, 54-10 ç, II we 54-11 maddalary boýunça günäkär diýip tapýar we 25 ýyl zähmet-düzediş lagerine iberip, 5 ýyl möhlet bilen hukuklaryny kesmeli, ähli emlägini konfisklemeli diýip höküm çykarýar. 31-nji awgustda kassasion tertipde edilen şikaýat peýda bermeýär. Şol ýylyň 30-njy sentýabrynda höküm öňki güýjünde galdyrylýar. Mäti aga 1954-nji ýylyň oktýabrynda N.S.Hruşewiň adyna şikaýat ýazýar, 1955-nji ýylyň ýanwarynda Türküstan Harby okrugynyň harby prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň polkownigi Bobrow gözegçilik tertibinde protest bildirýär. 1955-nji ýylyň martynda TSSR DHM-niň harby tribunalynyň hökümi Orta Aziýa okrugynyň, harby prokurory tarapyndan ýatyrylýar we gaýtadan deslapky derňew geçirmek bilen täzeden garamak üçin Aşgabada iberilýär. Indi birnäçe ýyl bäri jezasyny çekip ýören M.Köseýewi sorag etmegi maýor Nikolaýew alyp barýar. Şaýatlaryň, birnäçesi öňki görkezmeleriniň köpüsinden el çekýärler. Mäti aga hem ýüzbe-ýüz duşuşyklarda-da şaýatlaryň diýenlerini inkär edýär. 1955-nji ýylyň 14-nji maýynda günäkerlenýäne ekspertiza geçirmegiň bellenilýändigi mälim edilýär. Ýene-de awgust aýynda, indi 1955-nji ýylyň, 3 – 5-nji awgustynda sud bolýar. Türkmenistan SSR Ýokary sudy M.Kösäýewiň işine seredip, on ýyl iş kesýär we ozal konfisklenilen emlägini gaýdyp bermek barada höküm çykarýar. Ha¬wa, bu gezegem adalat ahyryna çenli dikeldilmeýär. Ýogsam «halklaryň parasatly serdary» ýagty jahan bi¬len hoşlaşypdy, Beriýa Jezasyny çekipdi. Emma henizem öňki inersiýa, halkyň geçmişine, edebi ýadygärliklerine gyýa göz bilen garamak dowam edýärdi. Suddan soň M.Kösäýewiň maşgalasyna ozal konfisklenilen emlägi gaýtarylyp berilýär. M.Kösäýewiň bu barada 18-nji awgustda TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Döwlet howpsuzlygy komitetiniň derňew bölüminiň naçalnigi, podpolkownik Mihalýana ýazan arzasy saklanyp galypdyr. Mihalýan şol arzanyň esasynda degişli görkezme beripdir. Mäti aga ýene bir ýyla golaý tussaglygy jebri-jepasyny çekýär. Ahyrsoňam 1956-njy ýylyň 28-nji maýynda SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň: 1956-njy ýylyň 24-nji martyndaky Permanyna laýyklykda, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Komissiýasynyň karary bilen Mäti Kösäýew tussaglykdan boşadylýar we onuň sud edilendigi aýrylýar. Uly alym, sarpaly halypa azatlyga çykandan soň, 1956-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda SSSR Ýokary sudunyň kollegiýasyna arza ýazypdyr. Bäş sahypadan ybarat arzany şeýle sözler bilen tamamlapdyr: «Sowet döwletiniň, halkynyň öňünde özümi hiç bir jähetden güýçli hasap etmeýändigimden ugur alyp, şonuň ýaly-da respublikanyň ylmyny we magaryfyny (ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryny nazarda tutup, SSSR Ýokary sudunyň kollegiýasyndan meniň reabilitirlemegi we Watanymyzyň eşreti üçin mundan beýlägem, öndüridijilikli işlemäge mümkinçilik, döretmegi haýyş edýärin». Elbetde, bu arzadan ozal hem M.Kösäýewem, şu iş boýunça jeza berlen beýleki adamlaram özleriniň bigünädigi barada dürli instansiýalara ýüz tutupdyrlar. Şonuň netijesinde täzeden derňew geçirilipdir, şaýatlar özleriniň görkezmelerini düýbünden üýtgedipdirler. 1956-njy ýylyň 26-njy aprelinde Mäti agadan edilen soragyň protokolynda şeýle sözler bar: Sowal: 1952-nji ýylda deslapky derňew mahalynda we sud mejlisinde näme sebäbe görä özüňiziň aýtmadyk zatlaryňyzy diýdim diýdiňiz? Jogap. Türmedekäm inkär etdim welin elhenç derňewiň talap edýän zatlarynyň ählisini boýun alsaň gowy bolar diýdi. Sülçi eger men sudda öz görkezmelerini üýtgedäýsem, onuň meniň günämi agyrlaşdyrjakdygyny duýdurdy. Belki jeza berlenlerem özleriniň şunuň ýaly ýagdaýa sezewar edilendigini aýdýarlar. 1958-nji ýylyň 24-nji fewralynda edilen soragda şaýat 1952-nji ýylda M.Kösäýewiň işine sudda seredilende, sülçiniň talap etmegi boýunça ol barada-da, özi barada-da bolmadyk zatlary aýdandygyny görkezýär. Üstesine-de meniň sözlerim sud mejlisiniň protokolynda nätakyk beýan edilipdir, ýagny pikir aýdyp beýan edilmändir, käbir ýerlerde bolsa ýoýlupdyr diýýär. Özüniň M.Kösäýewi hiç haçan sowet döwletiniň duşmany hasap etmändigini we hasap etmeýändigini nygtaýar. SSSR-iň Baş prokurorynyň orunbasary, ýustisiýanyň klasly döwlet geňeşçisi D.Salin 1958-nji ýylyň 6-njy martynda TSSR Ýokary sudunyň prezidiumyna gözegçilik tertibinde ýazan protestinde şaýadyň şu aýdanlaryny mysal getiripdir. Şaýatlaryň käbiriniň 1952-nji ýylda deslapky derňewde beren görkezmeleriniň sud tarapyndan barlanylmandygyna ünsi çekýär. Soňra şaýatlaryň birnäçesi beren görkezmelerini düýpli üýtgedipdirler. D.Salin halk döredijiligi eserleriniň propagandirlenilmeginiň buržuaz-milletçilik, panyslamistik we panturkistik garaýyşlaryň ýaýramagyna ýardam edýär we muňa buržuaz-milletçilikli propaganda hökmünde baha bermek bolar diýleni barada şeýle ýazýar: «Şunuň ýaly netije çykarylmagy taryhy we syýasy taýdan ýalňyşdyr, sebäbi «Gorkut Ata», «Ýusup we Ähmet» eserleri heniz Türkmenistanda buržuaziýa-da, millet hem , ýok mahaly; kemala gelipdir... Şeýlelikde, M.Kösäýewiň «Gorkut Atany», «Ýusup we Ahmedi» neşir etmekde hem-de ýaýratmakda günäkärlenmegi nädogrudyr D.Salin şulara esaslanmak bilen, M.Kösäýew baradaky suduň hökümini ýatyrmagy we ýöňkelýän günäniň subut bolmaýandygy üçin işi togtatmagy haýyş edýär. TSSR Ýokary sudunyň prezidiumy 1958-nji ýylyň 31-nji martynda şu protesti kanagatlandyrmak bilen, M.Kösäýewi doly aklaýar. Ahyrsoňy adalat üstün çykýar, hakykat ýeňýär! Şu ýerde bu gussaly oçerkiň soňuna nokat goýmagam bolardy. Ýöne «M.Kösäýewe nähak töhmet atanlar, türmede ony süteme sezewar eden sülçüler nirede-kä, olara näme çäre görüldikä ýa-da hiç zat bolmadyk ýaly gezip ýörmükäler?» di¬ýen sowalyň köpleri biynjalyk etjekdigi aýdyň. Sebäbi eden-etdilikler bilen jikme-jik tanşanyňda, biygtyýar bu barada oýlananyňy duýman galýarsyň. Şeýle sowal mende-de döredi we men TSSR Döwlet howpsuzlygy komitetiniň arhiw podrazdeleniýesiniň naçalnigi A.K.Lýapenko ol sowaly berdim. Ol adamlaryň köpüsi biziň aramyzda ýok, ýagty ja¬han bilen hoşlaşypdyrlar. Şondan soňra oturyp oýlandym. Şu netijä geldim. Ozaly bilen-ä türkmenlerde ýogalan, baky dünýä giden adamlar barada ýaramaz gürrüň etmek ýerliksiz hasaplanylýar. «Geçeni geçdi bil» diýilýär. Onsoňam howpsuzlyk organlarynyň işgärleriniň egni pogonly, ýagny harby adamlardygyny, olaryň kasam kabul edendiklerini, buýrugy gürrüňsiz ýerine ýetiräýmelidiklerini birjik-de unutmazlygymyz gerek. Buýruk beren kim diýilmegi mümkin. Muny anyklamak üçin has düýpli çuňňur meselelere aralaşmaly, analizlemeli, iç gepletmeli, pikir ýöretmeli bolýar. Şol döwürde ýurtda emele gelen ýagdaý şeýledi. Mäti agany tussag etmek barada 52-nji nomerli ordere gol goýan we tassyklan adamlary günäkärlemek ýeňil. Ýöne organ işgärlerine buý¬ruk berýänler has belentde durlar, olar halkyň iň gowy ogullaryny tussag etmek we öý dökmek baradaky orderlere gol çekmeýärler. Şu ýagdaýda buýrugy ýerine ýetiren harby adamlary günäkärlemek dogrumyka? Meniň pikirimçe dogry däl, adalatly hem däl. Meniň bilen ylalaşmazlygyňyz mümkin. Öz işiňiz, ylalaşman bilersiňiz. Men-ä şu pikirde. Şu pikirem meni Türkmenistan Kompartiýasynyň Jemgyýetçilik-syýasy barlaglar institutynyň partiýa arhiwine getirdi. Ine, meniň öňümde Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň MK-nyň 1951-nji ýylyň 16-njy awgustynda bolan Býuro mejlisiniň protokoly ýatyr. Mejlisde beýleki möhüm meseleler bilen birlikde «Gorkut Ata» kitaby hakyndaky mesele hem garalypdyr. Bu ýerde halk eposyna berlen baha sud işindäkiler bilen deň gelýär. Halka garşy, oguz hanlarynyň we begleriniň galtamançylykly durmuşyny öwüp arşa çykarýan, pantürkistik garaýyşlary we halklaryň arasyndaky duşmançylygy ündeýän, türkmen halkyna düýbünden nämälim we ýat bolan, dini-milletçilikli «Gorkut Ata» eposy respublikada birnäçe ýyllap propagandirlenilipdir diýip, TK (b) P MK-nyň Býurosy belleýär. Býuroda Bütinsoýuz Kommunistik (bolşewikler) partisynyň ideologiýa meseleleri baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek, edebiýaty öwrenişde we dil biliminde ýol ber¬len ýalňyşlyklary ýok etmek, edebi tankydy giňden ýaýbaňlandyrmak karar edilýär. Okuw kitaplaryndan, programmalaryndan, gollanmalardan «Gorkut Ata» baradaky materiallary aýryp, olary gaýtadan neşir etmelidigi görkezilýär. TK (b) P MK-nyň sekretaryna metbugatda ýörite paş ediji makala bilen çykyş etmek tabşyrylýar Şondan soň 1951-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda «Sowet Türkmenistany» we «Türkmenskaýa iskra» gazetlerinde «Türkmen halky¬na ýat bolan «Gorkut Ata» eposy» diýen makala peýda bolýar. M.Kösäýewiň milletçilikli «Gorkut Ata» eserini çapa taýýarlamak bilen syýasy taýdan şowakörlük edendigini, munuň üçin onuň BK(b) P-niň hatarlaryndan çykarmaga mynasypdygyny belläp; ýene onuň gödek syýasy ýalňyşlyga ýol berendigini ak ýürekden boýun alandygyny nazarda tutmak arkaly Býuro onuň hasap kartoçkasyna ýazmak bilen, berk käýinç yglan etmek temmisini bermek bilen çäklenmegi mümkin hasap edýär. Eposyň redaktory B.Garryýew zähmet rugsadyndadygy, Türkmen döwlet neşiriň baş redaktory O.Abdalowyň syrkawdygy sebäpli olar baradaky meselä goşmaça garamak karar edilýär. Ýene-de Býuro mejlisine kimler gatnaşypdyr we bu karary goldap ses beripdir diýen yzaly, näçe kowlasaň-da kalbyndan çykmaýan keçjal sowaly orta atmaga howlukmalyň. Ol sowaly bermezden öňürti, ýurtdaky ýagdaýy göz öňümize getirmäge çalşalyň. 30 – 40-njy ýyllarda, ellinji ýyllaryň başlarynda şunuň ýaly günä ýöňkelen adamlaryň müňlerçesiniň we müňlerçesiniň säginmezden ölüme buýrulandygyny, zyndanlara dykylandygy ýadymyza salalyň. Heniz BK (b) P MK-nyň «Zwezda» we «Leningrad» žurnallary hakynda 1946-njy ýylyň 14-nji awgustynda kabul edilen kararynyň güýçli täsiriniň bardygyny, onuň üstesine-de şol gol aýda «Prawda» gazetinde «Edebiýatda ideologiki ýoýuşlaryň garşysyna» diýen redaksion makalanyň çap edilendigini hakydamyza salalyň. «Beýik serdar» Iosif Staliniň heniz Diridigini, gözi gyzaran ganhor Lawrentiý Beriýanyň islendik wezipedäki adamy islendik pursatda atuwa buýrup bilýändigini unutmalyň. Buržuaz-milletçini goldapsyňyz, geçirimlilik edipsiňiz, liberal çemeleşipsiňiz, özüňizem şolaryň ýarany bolmagyňyz mümkin diýip respublikanyň şol mahalky ýolbaşçylarynyň, TK (b) P MK-nyň Býuro çlenleriniň başyna agyr külpetleriň inderilmegi mümkin dälmidi näme?! Elimizi ýüregimiziň üstüne goýup aýtsak, gaty mümkindi. Ol döwürde munuň özi gedem däldi. Her niçigem bolsa Býuro çlenleri (şol gezekki mejlise S.Babaýew başlyklyk edipdir) M.Kösäýewi partiýa hatarynda galdyrypdyrlar. Meniň pikirimçe, kellelerini etegine salyp galdyrypdyrlar. Munuň üçin özüme olaryň öňünde başymy egýärin. Partiýa hatarynda galdyrylmagynyň agyr günlerde, deslapky derňew astynda türmede ýatyrka, gije-gündiz üznüksiz edilýän soraglarda Mäti aga güýç-kuwwat, ynam berendigini, umyt döredendigini aňmak kyn däl. Syýasy ýalňyşlyga ýol berenem bolsa, özüniň partiýadan çykarylmandygyny sülçi ençeme gezek janyndan syzdyryp aýdypdyr. Onuň bu sözleri has-da ýygy gaýtalan bolmagy ahmal. Ýene diýlen sözleriň ählisi protokola düşermi näme? Onda-da bular ýaly ýagdaýda. Uly alymlara ýöňkelen günäleri men Türkmenistan SSR-niň döwlet özygtyýarlylygy baradaky jarnama we özygtyýarly respublikalaryň soýuzy hakyndaky Şertnamanyň proýekti bilen deňeşdirip görýärin: «Konstitusiýa boýunça resmi dil türkmen hem rus dilleri bolmaly. Türkmen dili iş dolandyryşdan gidýär. Aşgabatda 1941-nji ýyla çenli türkmençe maşynkada hat ýazmak we stenogramma etmek boýunça kurslar işleýärdi. Olar ýapyldy. Men muny ruslaşdyrmak hasap edýärdim». «Bizde saýlawlar ýokardan görkezilişi ýaly geçirilýär. Halkyň isleýän adamy saýlanylmaýar, şonuň, üçinem halk ýokardan görkezilene ses berýär». «Türkmenistan merkeziň çig mal goşundysy. Biziň tebigy baýlyklarymyzy alyp gidýärler». Bu sözler häzir diňe bir ikiçäk söhbetdeşlikde, çaý başynda däl, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde-de gaýtalanýar. Indi onuň üçin gözenegiň aňyrsyna dykmaýarlar. Häzirki agyr ykdysady krizise garamazdan, munuň özi hem üýtgedip gurmagyň, aýanlygyň miwesidir. Bu günki gün, aýanlyk, aç-açanlyk döwründe, pikirleriň plýuralizmi bilen juda öwrenişen mahalymyzda, düýnki günümiz, geçmişiň ak ýa-da gara tegmilleri hakynda, ol ýa-da beýleki taryhy şahslar barada pikir ýöretmek aňsat. Ony eýdipdirler, muny beýdipdirler diýmegem kyn däl. Eden-etdilikler döwründe ýaşanlaryň, işlänleriň üstünden eňterilmek, olary günälemegem bolar. Ýöne geçmişe göz, aýlanymyzda, ajy günleriňem, süýji günleriňem bolandygyny, şol döwürde ýaşanlaryň biziň ata-babalarymyzdygyny unutmak hebesdir. Ata-babalaryňa, diýmek, geçmişiňe, düýnüňe gyýa göz bilen garamak külli günä bolmazmy?! Arhiwler açylanda, geçmişden duşmanlary gözlemeli däl-de, taryhy öwrenmeli, dogruçyl, obektiw, töwerekleýin öwrenmeli. Gowusyna guwanmaly, ýalňyşlyklary sapak edinmeli. Şol elhençlikleriň gaýtalanmazlygynyň aladasynda bolmaly. Pylany kim, pylankes kim bolupdyr diýmek aňsat. Ýö¬ne men kim, nämeler etdim, nämeleri başarmadym diýen sowaly öz öňüňde keserdip goýmak welin her kime başardyp durmaýan bolara çemeli. Ýogsam, biz, Mäti aganyň okuwçylary, şägirtleri, yzyny ýöredijiler, öz halkynyň geçmişine, taryhyna, edebi mirasyna sarpa goýýanlar we sarpa goýmalylar hem özümize hut şol «Gorkut Atanyň» köpçülige ýetirilmegi barada näme etdik diýen sowaly bermäge borçly ahyryn. Men muny ýöne ýere aýdamok. M.Kösäýew we beýlekiler aklanaly, bu epos goňşy respublikalarda neşir edileli bäri näçe onýyllyklar ötdi. Bu barada bilsegem, sesimizi çykaryp bilmän gezdik. Ýöne TKP MK-nyň Býurosy 1989-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda ýörite karar kabul edenden, ýoldaş S.A.Nyýazow degişli görkezme berenden soňra dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen bu eposy neşir etmegiň ugruna çykyldy. Maňa bu sözleri aýtmaga Mäti aganyň işinde gabat ge¬len dokumentim mejbur edýär. Ol dokument Moskwanyň Lo¬monosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň SSSR halklarynyň edebiýaty we türk filologiýasy kafedralarynyň 1956-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda bilelikde geçirilen mejlisiniň protokolyndan göçürme. Moskwa şäheriniň aklawjylar kollegiýasynyň haýyşy boýunça geçirilen bu mejlisde türkmen dilindäki «Ýusup we Ähmet», «Alybeg we Balybeg», «Seýpelmelek we Methaljemal», «Gül we Bilbil», «Saýat we Hemra», «Hojamberdi», «Gül we Senuber», «Raýçini» dessanlary, «şonuň ýaly-da «Gorkut Ata» epiki eserine tankydy we syýasy baha bermek meselesine garalypdyr. Moskwaly alymlar bu dessanlar türkmen edebiýatynyň gymmatly ýadygärlikleri bolup durýarlar, olara buržuaz-milletçilikli eserler hökmünde garamak bolmaz diýip karar edipdirler. «Gorkut Ata» dessanynyň üstünde aýratyn durup geçip, türkmen epiki eserine baha bermekde düýpli ýalňyşlyga ýol berlendigini görkezipdirler: «Türkmenistanda edebi ýadygärliklere zandyýaman-matlaply, otrisatel çemeleşilmegi TSSR-de bu mirasy öwrenmek işiniň iňňän pes ylmy derejededigini görkezýär». Diňe bu hem däl. M.Kösäýew özüniň SSSR Ýokary sudunyň kollegiýasyna ýazan arzasynda: «SSKP-niň, bolup geçen XX gurultaýy halklary taryhyny, edebi geçmişiniň her hili bulaşdyrylmagyny, falsifikasiýalaşdyrylmagyny örän berk ýazgardy. XX gurultaýy kararlaryna laýyklykda halklaryň edebi mirasyna täzeçe çemeleşildi we baha berildi. Merkezi metbugatda (seret «Literaturnaýa gazeta, 1956-njy ýylyň 21-nji iýuny) halk döredijiliginiň eserlerine, hususan-da «Gorkut Ata» zandyýaman, wulgarizatorça çemeleşilmegine garşy makalalar peýda boldy. Şuňa meňzeş makala «Ba¬kinskiý raboçiý» gazetinde hem 1956-njy ýyly 9-njy martynda ýerleşdirildi» diýip ýazypdyr. Gördüňizmi, ýogsam Azerbaýjanda hem 1951-nji ýylda «Däde Gorkut» eposy halka garşy, reaksion diýlip yglan edilipdi. Biz bolsa näçe onýyllyklar ol eserler barada dil ýarmaga heder edip, dymyp gezdik. Mäti aga «Daş bilen urany aş bilen urmagy» ündeýärdi. Bu hoşgylaw adam, uly halypa bize, özüniň bilim-terbiýe beren talyplaryna, şägirtlerine, diňe bize-de däl, ählimize, bütin halkymyza ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, parasatlylygyň, geçirimliligiň, sabyrlylygyň, iň esasysy-da bagyşlamagy, günäsini geçmegi başarmagyň belent nusgasyny görkezip gitdi. Geliň, onuň göreldesine eýereliň! Onuň mynasyp okuwçylary bolalyň, iň bolmanda şeýle bolmaga çalşalyň! 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |