14:27 Baýrak | |
BAÝRAK
Edebiýaty öwreniş
Düşünmekden aýyplamak has añsat. Sebäbi düşünmek üçin özgermeli bolýañ... Bezmu-hammam edeli, sürtüştürem men saña, Käse bilen sabyny, rahatlasyn jismu-jan. Lalu-şerap içirjek hem ýyladyp geçirjek Barmagyña ýüzügi hatamy-zer dyrahşan. Egil, egil, sokaýyn, iki tutam azmydyr? Läle bilen sümbüli käkiliñe nowjuwan. Dyza çöküp öñüñde düwme-düwme akdyrsam, Bir kümüş kündük bilen eliñe aby-rowan. Sallanyban durañda men arkañdan sokaýyn, Çek etegñi biliñe, bolmasyn palçyk, aman! Gulaklaryñdan tutup, düýbüne çen sokaýyn, Sahtyýan köwşüñ bilen bolarsyñ ýola rowan. Şeýle bir sokaryn ki, galmasyn daşynda hiç, Duşmanyñyñ bagryna, hanjarymy nägehan. Eger meýliñ bar bolsa, men agzyña bereýin, Ýeter ki, sen guluñdan lukma isle her zaman. Her ýetene berýärsiñ, gel, maña-da bersene, Gysym-gysym altyny, bolsun guluñ şadyman. Sen hemişe gelersiñ, men Wehbige berersiñ, Essalamun aleýkum we aleýkumesselam * * * Sünbülzada Wehbi osmanly türk-(türkmen) diwan edebiýatynyñ şahyrlaryndan bolup XVIII asyrda ýaşap geçipdir. Arap-pars dillerinde okap-ýazyp bilýän, kazy ýaly döwletiñ birnäçe jogapkärli wezipelerinde oturan Sünbülzada Wehbä osmanly soltany Selim III tarapyndan "Sultanüş-şuara" ("Şahyrlaryñ soltany") ünwany berilipdir. Sünbülzadalar neberesinden bolan we Maraşda doglup, Stambulda aradan çykan Sünbülzada Wehbiniñ käbir internet saýtlarynda aslynyñ moralydygyny-da ýazýanlar bar. Şahyr ömri we döredijiligi boýunça giñişleýin iş alyp baran filologiýa ylymlarynyñ doktory Süreýýa Ali Beýzadaoglunyñ taýýarlan "Sünbülzada Wehbi" atly kitapda onuñ Moradandygyny tassyklaýan ýeke maglumat ýok. Sünbülzada Wehbi - Sünbülzada Wehbi ependi ady bilenem tanalýar. Ol halk arasynda miras galdyran diwan şygyrlary bilen däl-de, subrogasiýa (rüju) sungatynyñ iñ kämil nusgalaryndan hasaplanýan "Bezmu-hammam edeli, sürtüştürem men saña..." setirleri bilen başlanýan ajaýyp şygry arkaly tanalýar. Sünbülzada Wehbi ependi diýilse, ilkinji nobatda şu şygyr ýada düşýär. Muny anadolyly aşyk-ozanlaryñ ýatdan bilmeýäni ýok. Gynansak-da, S.A.Beýzadaoglunyñ taýýarlan kitabynda şygyr ýerleşdirilmändir. Rüju (subrogasiýa) sözüniñ manysy şu - rüju sungaty diwan edebiýatynyñ žanrlaryndan bolup, aýdyljak bolunýan pikiriñ birinji setirde çak edilenden düýbünden başgadygyny ikinji setirde beýan edip bilmekdir. Rüju (subrogasiýa) öwrülme, dänme sungaty hökmünde-de baha berilýär. Bir pikiri has güýçli beýan etmek üçin aýdylan sözden dänýän ýaly çemeleşmäge rüju diýilýär. Döredijilik adamsy ýañsyly, gynançly, begençli, şatlykly, howsalaly ýagdaýlarda beýan ediş stilini hasam güýçlendirmek we janlandyrmak üçin subrogasiýa sungatyna ýüzlenýär. Subrogasiýada birinji setirdäki sözden dänilmeýär, ýöne dänýän ýaly edilýär. Düýp maksat berýän manysyny berkitmekdir. Dänmeler yzly-yzyna gelýär. Subrogasiýa sungatynda ýazylan şygyry arkaly tanalýan Sünbülzada Wehbini aýdylyşyna görä şol döwrüñ patyşasy ýanyna çagyryp: "Maña bagyşlap şeýle bir şygyr ýaz: şygyryñ her beýdiniñ birinji setiri seni jelladyñ eline bersin, ikinji setiri-de jelladyñ elinden azat etsin. Muny başarsañ-a baýragyñy alarsyñ, başarmasañam - ölersiñ!" diýýär. Sünbülzada Wehbi patyşanyñ huzuryndan gaýdansoñ, subrogasiýa žanrynyñ iñ naýbaşy nusgalarynyñ birini ýazýar. Şygrynyñ soñky nokadyny goýan Sünbülzada Wehbi ependi patyşanyñ huzuryna çykýar. Patyşa ortarada çapgy ýassygyny goýdurýar, jelladyñam eline aýpaltasyny berdirýär. Ol Wehbi ependä: "Oka bakaly, şygryñy!" diýýär. Wehbi ependi özüne ynamy bolansoñ, arkaýyn ýagdaýda goşgusynyñ birinji setirini okamaga durýar. Ol: "Bezmu-hammam edeli, sürtüştürem men saña..." diýenden, patyşanyñ gahary gelip, jelladyna: "Seretsene, bu hepbesize! Uçuryp goýber onuñ kellesini!" diýip gygyrypdyr. Aýpalta inmäge sekunt galanda: "Käse bilen sabyny, rahatlasyn jismu-jan" diýip, şahyr setirini tamamlapdyr. Patyşa: "Azat et!" diýip ümläpdir. Şygyryñ beýleki beýtlerinde-de şeýle ýagdaý dowam edipdir. Ahyrsoñunda Wehbi ependi abraý bilen bu agyr synagdan geçip, baýrak barsyny alypdyr. Bu şygyr okalanda, halky pikirlendirmekden has beter güldürmäge ýykgyn edýär. Şonuñ üçinem halk köpçüliginiñ arasyna giñden ýaýrapdy3. Diwan edebiýatyndan uzak, halk edebiýatyna ýakyn halk köpçüligi şu şygyr arkaly Sünbülzada Wehbi ependini tanapdyr. Edil Nasreddin Ependini tanaýşy ýaly. Halk köpçüligi Sünbülzada Wehbini öz içinden çykan adam saýýar we onuñ adyny subrogasiýa žanrynda ýazan şygry arkaly ýaşadyp gelýär. Kitaplarda bu şygyra gabat gelip bolmaýar. Emma kimdir biri internet saýtlaryna ýalan-ýalñyş formada geçiripdir. Men halk arasynda bilinşi we okalşy ýaly dörtleme formasynda, agam Sumer Küçükdir Gündogar Anadoly ýolunyñ aşyk-ozanlaryndan dostum Aşyk Kemal Dewraniden alşym ýaly aýdyp bereýin: Bezmu-hammam edeli, sürtüştürem men saña, Käse bilen sabyny, rahatlasyn jismu-jan. Lalu-şerap içirjek hem ýyladyp geçirjek Barmagyña ýüzügi hatamy-zer dyrahşan. Egil, egil, sokaýyn, iki tutam azmydyr? Läle bilen sümbüli käkiliñe nowjuwan. Dyza çöküp öñüñde düwme-düwme akdyrsam, Bir kümüş kündük bilen Eliñe aby-rowan. Sallanyban durañda men arkañdan sokaýyn, Çek etegñi biliñe, bolmasyn palçyk, aman! Gulaklaryñdan tutup, düýbüne çen sokaýyn, Sahtyýan köwşüñ bilen, bolarsyñ ýola rowan. Şeýle bir sokaryn ki, galmasyn daşynda hiç, Duşmanyñyñ bagryna, hanjarymy nägehan. Eger meýliñ bar bolsa, men agzyña bereýin, Ýeter ki, sen guluñdan lukma isle her zaman. Her ýetene berýärsiñ, Gel, maña-da bersene, Gysym-gysym altyny, bolsun guluñ şadyman. Sen hemişe gelersiñ, men Wehbige berersiñ, Essalamun aleýkum we aleýkumesselam. • Goşgynyñ türkçedäki asyl nusgasy Bezm-i hamam edelim Sürtüştürem sana ben Kese ile sabunu Rahat etsin cism-i can Lal-ı şarap içirem Islatarak geçirem Parmağına yüzüğü Hatem-i zer dirahşân Eğil de bir sokayım İki tutam az mıdır Lale ile sümbülü Saçına ey nevcivan Diz çökerek önüne Ilık ılık akıtam Bir gümüş ibrik ile Destine ab-ı revan Sen salınıp giderken Ben ardından sokayım Eteğini beline Olmasın çamur aman Kulaklarından tutam Dibine kadar sokam Sahtiyandan çizmeyi Olasın yola revan Öyle bir sokayım ki Dışarda hiç kalmasın Düşmanının bağrına Hançerimi na-gehan Herkese vermektesin Bir de bana versene Avuç avuç altını Olsun kulun şadüman Sen elinle tutmadan Ben ağzına vereyim Yeter ki sen kulundan Lokum iste her zaman Sen her sabah gelesin Ben VEHBİ’ye veresin Esselamünaleyküm Ve aleykümselam Sait KÜÇÜK. ________________ - Bezm - köpçülik. - Jismu-jan - jisim bolan jan. - Lalu-şerap - gyrmyzy meý, şerap. - Hatamy-zer - jomartlyk bilen berilen altyn. - Dyrahşan - ýalpyldawuk, göz gamaşdyryjy. - Nowjuwan - täze juwan, ýaş. - Dest - el. - Aby-rowan - akar suw. - Sahtiýan - eýlenen deri. - Nägehan - birdenkä, duýdansyz. - Şadyman - şadyýan, begençli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |