22:31 Baýzawy we «taryhlaryň nyzamy» | |
BAÝZAWY WE «TARYHLARYÑ NYZAMY»
Taryhy makalalar
Gadymy oguz-türkmen halkynyň asyrlarboýy başyndan geçiren wakalarynyň taryhyň sahypalarynda arap, pars, türki we beýleki daşary ýurt dillerinde ýazylan golýazmalary düýpli öwrenilmäge mynasypdyr. Biz hem şu aýdylanlardan ugur alyp, türkmen taryhyna, geçmişine degişli golýazmalary öwrenip, okyjylar köpçüligine hödürlemegi makul bildik. Şol golýazmalaryň biri hem Abylhasan Aly Baýzawynyň «Nyzamyt towaryh» («Taryhlaryň nyzamy») atly golýazmasydyr. Bu golýazmanyň nusgasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar fondunda saklanýar. Golýazmanyň nusgasy Pakistan döwletinden getirildi. Eser pars dilinde ýazylyp, ählumumy taryha degişlidir. Golýazma nusgasynda eseriň awtorynyň adyna Abylhasan Aly Baýzawy diýip ýazylypdyr. Abylhasan Aly Baýzawy baradaky maglumatlar dürli-dürli beýan edilipdir. Ýöne aglaba taryhçylaryň, hususanda, ýazar Seýit Aly Dawudyň öz işleriniň birinde beýan etmegine görä, onuň adynyň Kazy Abdylla Ibn Muhammet — Nasreddin Baýzawy bolandygy bellenilýär. Taryhçy alymlaryň we onuň aýdanlaryndan çen tutsak, golýazmanyň awtory Abylhasan Aly Baýzawy däl-de, Kazy Abdylla ibn Omar ibn Muhammet — Nasreddin Baýzawy bolmaly. Seýit Aly Dawut şeýle ýazýar: «Samanylaryň döwründe wezir Abu Aly Belgamynyň başda durmagy bilen, arap dilindäki kitaplar pars diline terjime edilip başlanypdyr. «Taryh-y-Tabary» («Tabarynyň taryhy») atly kitap pars diline terjime edilenden soň, ählumumy taryh boýunça birnäçe kitaplar hem terjime edilipdir. Ol kitaplaryň iň meşhurlarynyň biri hem Kazy Baýzawynyň «Nyzamyt towaryh» atly kitabydyr. Baýzawynyň kitaplarynyň aglabasy arap dilinde bolup, onuň diňe «Taryhlaryň nyzamy» kitaby pars dilinde ýazylypdyr. Baýzawy 1275-nji ýylda bu eserini soňlap, käbir taryhy wakalary onuň üstüne goşupdyr. Soňra başga bir şahsyň ýardamy bilen, kitap doly ýygnalypdyr. Maglumatlara görä, Tähran uniwersitetiniň merkezi kitaphanasynda saklanýan «Nyzamyt towaryh» atly golýazmada wakalaryň beýany 1295-nji ýyla çenli, käbirlerinde 1336-njy ýyla çenli dowam edipdir. Başga birinde bolsa 1534-nji ýyla çenli dowam edipdir. Umuman, bu eseriň golýazmasy köp ýaýran. Munuň esasy sebäbi, kätipleriň hyzmaty bolmaly. Kätipler hem gymmatly kitaplary ýazanlarynda bar bolan degerli maglumatlary toplap, golýazmanyň göwrümini ulaldypdyrlar. Ýazar Ahmet Menzui pars golýazmalaryň hatarynda bu kitabyň 27 sanysyny görkezip, golýazmalaryň aglabasynyň Hindistanda we Pakistanda saklanýandygyny belläp geçipdir. Ýeri gelende bellesek, ýazaryň ýazan maglumatlary biziň elimizdäki golýazma eseri bilen gabat gelýär. Baýzawynyň anyk doglan ýyly nämälim bolup, taryh sahypasynda onuň XIII asyryň şapygy mezhep alymlarynyň biri we atly-abraýly maşgalanyň agzasy bolandygy ýazylýar. Baýzawy öz bilimini, esasan, kakasynyň ýanynda alýar. 1281-nji ýylda ol Şirazyň Kazylarynyň kazysy mertebesine eýe bolýar. Baýzawy özüniň giň bilesigelijiligi we gyzyklanmasy bilen dürli ugurlarda, ýagny hukuk, grammatika, logika we Gurhan tefsiri (düşündirişi) we taryhy kitaplary taýýarlapdyr. Baýzawynyň kakasy Ymameddin Omar bin Muhammet Baýzawy hem pars Atabeglerinden bolup, Şirazyň Seljukly häkimi Abu Bekir bin Sagyň döwründe Pars welaýatynyň kazysy bolýar. Baýzawynyň şapygy mezhepli alym bolmagy bilen, şol döwürlerde we ondan öňdäki asyrlarda, sebitde şapygy mezhebine uýan alymlar köp bolupdyr. Muňa mysal edip, türkmen topragynyň şapygy mezhepli görnükli alym ulamalary Mäne babany — (Abu Sagyt Abulhaýyr), Şyhalawy — (Abu Aly Dakkak) görkezmek bolar. Olar hem ylym ugrunda saparlarda bolup, türkmen topragyna, ýagny Merwe gadam basyp, Şyh Abu Bekir Gaffal Merweziden, Abu Abdylla Hezriden, Hydyry Merweziden ylym öwrenipdirler. «Nyzamyt towaryh» atly kitabyň awtory Baýzawy golýazmasynyň sahypalarynda şeýle setirleri getirýär: «Beýik Biribaryň kömegi bilen maňa ýaşlyk döwrümde din ylmynyň ähli ugurlary boýunça kitap ýazmak miýesser etdi. Indi bolsa din we dünýe ylymlaryny, soltanlaryň we hökümdarlaryň ýerine ýetiren işleri hem-de olar barada wakalardyr hadysalary öz içine alýan gysga we düşnükli taryhy kitap ýazmaga girişeýin diýip umyt etdim. Kitapda Pygamberlerden başlap, ulamalardyr alymlar, keremli emeldarlar, beýik şa-soltanlar we olaryň başdan geçiren wakalarydyr hadysalaryny gysga we düşnükli görnüşde beýan etdim. Bu kitap ýazylanda, ygtybarly taryhy kitaplardan peýdalanyldy we adyna «Taryhlaryň nyzamy» ady goýuldy. Kitap pars dilinde ýazylyp, esasy dört bölümden ybarat boldy». Golýazmanyň ýazary Baýzawy taryhy maglumatlary ygtybarly çeşmelerden jemläp, Fyrat (Ýefrat) derýasyndan tä Jeýhun derýasyna çenli meýdany we Turan ýurdunyň hökmürowan patyşalarynyň nesilşalygy barada ýatlap geçipdir. Eserde Gaznalylar barada söhbet açylyp, olaryň on iki patyşadan ybarat bolandygyny we bir ýüz altmyş bir ýyl höküm sürendikleri barada maglumat berilýär. Eseriň bäşinji bölümi Seljuk-türkmenlerine degişli edilip, Seljuk şalary on dört kişiden ybarat bolup, olaryň hökümdarlyk eden wagtlary ýazylypdyr. Munuň üstesine, Togrul beg, Alp Arslan, Mälik şa, Börgiýaryk Mälik şa, Muhammet Mälik şa, Soltan Sanjar we beýleki soltanlar barada ýatlanylyp geçilipdir. Eserde Horezmşalar barada hem söz açylyp, Horezmşalaryň sekiz soltandan ybaratdygy nygtalyp, hökümdarlyk seneleri ýazylypdyr. Olardan Muhammet Anuştegin Horezmşa, Horezmşa Atsyz, Arslan Horezmşa, Alaeddin Tekeş, Soltan Jelaleddin we başgalar bar. Şeýle-de golýazmada Lukman hekimiň zehinli we arassa tämiz adam bolandygy, onuň aýdan hikmetli sözleri getirilipdir. Lukman Hekimiň aýdan sözlerinden: «Men hikmet barada dört ýüz müň söz ýygnadym we olaryň içinden dört sözi saýlap aldym, hemişe iki zady unutmaň! Birinjisi, eden ýagşylygyňyzy ýatlamaň! Ikinjisi, adamlaryň size eden ýamanlygyny unudyň!». Eseriň dowamynda gadymy alymlaryň ýazan hikmetli sözleri getirilipdir. Biz makalanyň şu ýerinde hikmetli sözleri okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik. Pifagoryň sözlerinden: «Aýbyňy ýüzüňe aýdan kişini, ýalan sözler bilen seni wasp edip begendiren adamdan, özüňe golaýrak bil we dost tutun»; Meşhur tebip we akyldar Jamaspyň aýdan sözlerinden: «Iň uly gaýgy-hasrat — sahawatly we jomart adamyň husyt we gysganç adama işi düşüp, ondan bir zat dilemegidir. Günä näsaglykdyr. Onuň dermany bolsa tobadyr. Toba edip ötünç sorasaň, eden günäleriň geçiler»; Gippokratyň sözlerinden: «Her bir adam şan-şöhrata ýetende ýa-da horluga düşende synag edilmelidir». «Hudaýy tanamaklyk ylmy ýüreklerde ýer tapsyn» diýseňiz, pany dünýäniň işlerini ýüregiňizden çykaryň!»; Sokratyň sözlerinden: «Nadanyň öňünde pespällik etmek hanzala (hanzal - garpyza meňzeş ajy tagamly ösümlik) suw berlen kimindir, oňa her näçe suw berseň-de, ajylygy artar. Akyl bilen ylym ruh bilen beden ýalydyr. Ylymsyz akyl manysyz ýüzdür. Akylsyz ylym öwsüp geçen şemal ýalydyr»; Platonyň sözlerinden: «Ondan sorapdyrlar: «Sen dünýede nädip ýaşadyň?» Platon: «Men bu dünýä gerek bolanym üçin geldim, gaýgy-hasratda ýaşadym, «Çünki şunça, bilýärmikäm» diýip pikir etsem-de, hiç zat bilmeýän ekenim» diýip jogap beripdir. Mundan başga-da ol: «Meniň janym we ruhum üç kişini görende ynjaýar. Birinjisi, baýlykdan pukaralyga düşen adamy görenimde, ikinjisi, öň hormatly bolup, soňra uly nygmatlary elden berip, hor-homsulyga düşen adamy görenimde, üçünjisi nadanlaryň haýpy gelýän alymyna». «Haýsydyr bir mätäje bir zat bermek isleseň, ondan: «Saňa näme gerek?» diýip sorama. Bu günki işiňi ertire goýma, ertir näme boljagy belli däldir. Adyllygyň bir ýüzi bardyr, zulumlygyň bolsa müň ýüzi bardyr. Adylyň bir görnüşi bardyr, zulumyň bolsa köp görnüşi bardyr. Şonuň üçin hem adyl bolmak kyn, zalym bolmak aňsatdyr»; Salunyň sözlerinden: «Adamlar ondan: «Sahawatly adam kimdir? Gylyçdan ýiti näme bar?» diýip sorapdyrlar. Salun: «Sahawatly adam özi barly bolup, zadyna kanagat edip, kişi malyna göz dikmez. Adamlaryň aýbyny açýan sözlerdir jümleler gylyçdan kesgirräkdir» diýip jogap beripdir»; Jalinusyň sözlerinden: «Gaýgy ruhy näsaglykdyr, elbetde, işdäli näsag adam, işdäsiz sagat adama görä sagdyndyr. Işdäli näsag sagalar, işdäsiz sagat adam bolsa barha ýaramazlaşar»; Batlimusyň sözlerinden: «Ýagşy adamyň ölümi özüne rahatlykdyr, ýaman adamyň ölümi adamlara rahatlykdyr»; Nowşirwan Adylyň weziri Büzürgmehiriň aýdanlaryndan: «Häkimleri ýa-da haýsydyr bir döwlet işgärlerini wezipä bellejek bolanlarynda, ýaşulular bilen maslahatlaşmalydyr». «Hakyky ýagşylyk üç görnüşlidir. Birinjisi, garaşsyz, soňundan bir zat umyt etmän ýagşylyk etmek we pespäl bolmak; ikinjisi, minnetsiz sahylyk etmek we pespäl bolmak; üçünjisi, sylaga tamakin bolmazdan hyzmat etmek». Golýazmalar ylymda ilkinji çeşmeleriň hatarynda durýar. Olary dürli dillerden terjime edip, halkymyzyň şöhratly geçmiş-taryhyny baýlaşdyrmak, okyjylar köpçüligine ýetirmek bolsa alymlarymyzyň mukaddes borjudyr. Geldimyrat MUHAMMEDOW, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |