19:47 Beýik Ýüpek ýolunyñ taryhyndan | |
Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyndan
Taryhy makalalar
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu ýol diňe bir söwda ýoly bolman, eýsem, halklaryň we döwletleriň arasynda diplomatik ýollar hökmünde ulanylypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny açmak we ylmy-barlag etmek üçin biz hökmany suratda saparnamalar we syýahatnamalar bilen bagly golýazmalara ser salmaly bolýarys. Şol golýazmalaryň biri hem Klawihonyň (Gonzalez de Clavijo, Ruy) saparnamasydyr. Ol Mesgut Rejepniýa tarapyndan pars diline terjime edilipdir. Klawiho öz saparnamasyny 1406-njy ýyldan soň doly taýýar edipdir. Klawihonyň saparnamasy ilkinji gezek 1582-nji ýylda, ikinji neşir 1782-nji ýylda, üçünji gezek bolsa 1881-nji ýylda çap edilipdir. Klawiho Ispaniýanyň Kastiliýa şäheriniň patyşasynyň ýakyn adamlarynyň biri bolupdyr. Soňra onuň hormat garawulynyň başlygy bolupdyr. Onuň örän çalasyn, ýiti zehinli adam bolandygy bellenilýär. Maglumatlara görä, Klawiho türk we pars dillerinden gowy baş çykarypdyr. Ispaniýanyň patyşasy ony we onuň ýanynda iki serkerdäni Teýmirleň bilen duşuşmak üçin, sapara ýollapdyr. Klawiho 1403-1406-njy ýyllarda Ispaniýadan Samarkanda sapar edýär. Oňa iki serkerde we Müsüriň Menikli Bugaý atly ilçisi hem goşulypdyr, ol soltan Memluk Berkugyň wezipeli we ynamdar adamlarynyň biri bolupdyr. Klawiho gämi bilen Ispaniýanyň günbatar-günortasynda ýerleşen port şäheri Gabesden Trabzona (Türkiýede ýerleşen şäheriň ady) gelýär. Ondan gämili Konstantinopola (Stambula) gelipdir. Ol ýerden bolsa, Töwrize ýoluny dowam edýär. Töwriz şäheri hem şol wagtlarda Gündogar — Günbatar kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşip, söwda merkezleriniň biri hasaplanypdyr. Töwrize Günbatardan — Gara deňzinden we Kiçi Aziýadan kerwenler gelipdir. Gündogardan bolsa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan kerwenler hereket edipdirler. Klawiho Töwrizden Eýranyň Gündogar welaýatlaryna, soňra Tährana, ol ýerden dag geçelgelerini geçip, Tähran — Maşat kerwen ýoluna ýetipdir. Ýeri gelende aýtsak, bu kerwen ýoly hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň kartasynda has giňişleýin görkezilendir. Soňra ol Maşatdan çykyp, Günbatar tarapa hereket edip, Sarahsa, Tejen derýasy bilen, gaýyklara münüp, Murgap derýasyna çenli barypdyr. Soňra Jeýhun derýasynyň üsti bilen gadymy Balhyň demirgazygyndan geçip, Mawerennahra gelipdir. Klawiho yzyna gaýdan mahaly, başgarak ýoly saýlap alypdyr. Ýagny, ilki Buhara, ol ýerden Jeýhun derýasynyň üsti bilen kerwen ýollaryna ýetip, Jajerme (Eýranyň Büjnürd şäheriniň bir obasy), soňra Töwrize, Trabzona we Ispaniýa barypdyr. ■ Klawihonyň Maşatdan Samarkanda çenli ýatlamalaryndan Biz Maşatdan çykyp, Tejen derýasynyň kenarynda dyzymyzy epdik, ol ýerde ak öýleriň gurlandyklaryny gördük. Olaryň birinde myhman bolduk. Myhmançylykda bize gaýnadylan et, tüwi, süýt we turşuja gaýmak hem garpyz hödür edildi. Adamlar ak öýlerde ýaşap, gyşyna we tomsuna ýerlerini üýtgedýärler. Tomuslaryna derýanyň kenaryna gelip, ol ýerde pagta we bugdaý ekýärler. Olaryň ýörite garpyz ekilýän meýdanlary hem bar ekeni. Ol garpyzlaryň ululygy babatda aýdanymyzda, dünýäde deňi-taýy ýokdur. Bugdaýyň bir görnüşi bu ýeriň adamlarynyň köpüsiniň iýýän iýmitidir. Olar bu nahary turşuja süýt bilen gaýnadyp iýýärler. Soňra biz ol ýerden ýolumyzy dowam etdirip, birinji gijämizi çölüň ortasynda örän uly bir düşelgede (kerwensaraý bolmaly) düşledik. Ondan soň uzak ýoly geçip, ahyr bir derýanyň kenarynda ýerleşen öýlere gözümiz ildi. Bu derýa Murgap ady bilen meşhurdy. Şol gün biraz dynç aldyk. Ertesi ir bilen ata münüp, ýol ýöräp, ýaňy iki parsah (6-7 kilometre deň bolan aralyk) geçen wagtymyzda, myhmanhana görnüşinde bir jaýa ýetdik. Oňa bu ýerde «Kerwensaraý» diýýärdiler. Penşenbe güni agşamy Murgap derýasynyň kenarynda açyk howada serginledik. Soňra ak öýleriň birinde naharlandyk. Sişenbe güni, ýagny, on ikinji awgustda dynç almak üçin kerwensaraýa geldik. Bu kerwensaraý hem çölüň ortasynda ýerleşendi. Soňra Alyabat obasyna ýetip, Balh şäherine bardyk. Ol ýerden hem Amy (Jeýhun) derýasy geçýärdi. ■ Klawihonyň yzyna dolanyş ýatlamalaryndan Biz Samarkantdan çykyp, ýolumyzy Günbatar tarapa tutdurdyk. Bu ýol öňki geçen ýolumyzyň biraz tersinedi. Buharada ýedi gün galyp, bäşinji dekabrda, ýagny anna güni ýola düşüp, Amy (Jeýhun) derýasynyň kenaryna geldik. Onunjy dekabr, çarşenbe güni bolsa gämä (gaýyk bolsa gerek) münüp, derýadan geçdik. Ymgyr çölleri geçip, ýigrimi birinji dekabrda, ýekşenbe güni Bawerde (Abiwerd) ýetdik. Bawerd ýaşyl otlara bürenen bol hasylly ýer ekeni. Şäher dagyň gyrasynda gar bilen örtülendi. Adamlar bizi atlar bilen üpjün edip, iýer-içer berdiler. Biz bu ýeriň adamlarynyň myhmansöýerliginden razy bolduk. Bu şäher örän uludy. Horasanda ýerleşýärdi (Ýeri gelende belläp geçsek, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynyň III bölüminiň 167-nji sahypasynda: «Abiwerd Merkezi Horasan, ilkinji nobatda hem, Köpetdagyň üstünden geçýän söwda ýolunyň ýörite bir şahasynyň ugrunda ýerleşen — Nişapur bilen ykjam gatnaşykda bolupdyr» diýip ýazýar). Ýanwaryň ilkinji güni dagyň beýleki tarapyna geçip, Habuşan diýen ýere geldik. Soňra Jarerm obasyna baryp, ýolumyzy Ispaniýa çenli dowam etdirdik. *** Klawihonyň saparnamasynda Sarahsyň Merwden takmynan 110 mile (1 mil –1.61 km) barabardygy hem aýdylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistan Watanymyzyň üstünden geçýän ugurlary baradaky maglumatlaryň heniz hem çeşmeleriň gatynda saklanýany az däl. Geldimyrat MUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |