19:39 Kysasyl enbiýa -50: Karunyň wakalarynyň beýany | |
ON BIRINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
KARUNYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Karun, (goý, oňa nälet bolsun!) Hezreti Musa alaýhyssalamyň ymmatyndandy. Ol köp töwrathondy. Ol kimiýagärligi öwrenip, nebisi semräp, kapyr bolup gitdi. Ol bahyldy we leýimdi. Ol asla haýyr-sahawat etmedi. Hezreti Musa alaýhyssalama Karundan duşmanrak adam ýokdy. Ol Karun bilen hiç bir nukdaýnazardan dost bolmandy. Bir gün Karunyň ýanyna bir gedaý gelip, ondan sadaka bermegini diledi. Karun oňa: «Sen baryp Musanyň hasasyny ýa köwşüni diläp, meniň ýanyma alyp gel. Men ony senden pulu-mal berip satyn alaýyn» diýdi. Bu gedaý Musa alaýhyssalamyň ýanyna gelip, ony köp gaýgy-gama batyrdy. Ahyry ol gedaýa tesbisini berdi. Ol tesbini alyp, gelip Karuna satdy. Bir gün ýene bir gedaý Karunyň ýanyna geldi we ol ondan sadaka diledi. Karun oňa Musa alaýhyssalamyň köwşüni dile-dip aldyrdy we ony gedaýdan satyn aldy. Bir gün Musa alaýhyssalam çöl-beýewandan barýardy. Oňa bir gedaý sataşyp: «Eý, Musa! Men bir gedaýdyryn. Meniň öýümde çagalaryma berere owkat ýok» diýdi. Hezreti Musa alaýhyssalam oňa: «Beýle bolsa sen şu beýewandaky daşlary ýygna. Olary oda köýdürseň altyn bolar» diýdi. Musa alaýhyssalamyň bu sözlerini gapdalda Karun eşidip durdy. Emma Musa alaýhyssalam ony görmedi. Gedaý ol ýerden daşlary ýygnap başlady. Çünki ol Musa alaýhyssalamyň ýalan söz aýtmajakdygyny bilýärdi. Karun gedaýyň ýanyna gelip: «Musa saňa näme berdi?» diýdi. Gedaý: «Ol maňa: «Daşlary ýygnap, oda köýdürseň, altyn bolar» diýdi. Karun: «Eý, garyp! Musa senden gutulmak üçin saňa şeýle aýdandyr. Heý, daşyň altyn bolanyny gören barmy? Gowusy, men saňa bir bölek et bilen nan bereýin» diýdi. Ol gedaý bu zatlary alyp, hoşwagt bolup öýüne gitdi. Karun gullaryna buýrup, kyrk harman daş ýygnatdy we odun getirdip, daşlaryň üstünde ot ýakdyrdy. Daşlar köýüp, altyn-gyzyla öwrüldi. Karun ýedi aýa çenli altyn daşady. Ol uly baýlyga eýe boldy. Ol bir günde dört müň gul satyn aldy. Olaryň hemmesine lybas geýdirdi, at we azyk berdi. Olary öýlendirip, üstlerine öý saldyrdy. Ol dünýäniň ýüzünde adama lazym bolan hemme zat alyp goýdy. Ol kyrk öýi deşiklerine çenli altyn bilen dolduryp goýdy we olara kyrk guly hazynaçy belledi. Bu öýleriň açarlary kyrk pile ýük bolardy. Emma ol hiç bir kişä bir bölek nan hem bermezdi. Onuň özi hem bir bölek nany artyk iýip bilmezdi. Ol ahyry bir köşk saldyrdy. Onuň bir kerpiji altyndan, bir kerpiji bolsa kümüşdendi. Ol onuň diwarlaryna jöwherden zynat berdi. Eger ol bir ýere atlansa, gara göz gatyra münerdi. Onuň öňünden dört müň gul pyýada ýörärdi. Bir gün Musa alaýhyssalam: «Eý, Karun! Sen bu altyn-kümüşiňe şat bolma. Sen Hudaýtagaladan gorkup, ahyret işiňi oýla. Hudaýtagala saňa ýagşylyk etdi. Sen hem Onuň bendelerine ýagşylyk et» diýdi. Karun (goý, oňa nälet bolsun!): «Eý, Musa! Men bu mallary öz bilimim bilen tapdym. Meniň baýlygymda Hudaýyň hiç bir haky ýokdur» diýdi. Musa alaýhyssalamyň bu doňza gahary gelip: «Hudaýtagalanyň senden beter baýlara we kuwwatly adamlara hem gudraty ýetýändir. Ol islese seni heläk eder» diýdi. Rowaýat. Bir gün Karun betbagt gezmäge çykdy. Dört müň gul dür-jöwherlere bezenip, gymmatbahaly matalardan serpaýlar geýip ýörediler. Beni Ysraýyl muny görüp: «Biziň hem mal-baýlygymyz Karunyňky ýaly köp bolsady» diýip, köňülleri çökdi. Hezreti Musa alaýhyssalam bu sözi eşidip, beni Ysraýyla bu aýaty okap berdi: «Ylym berlen adamlar Karunyň maly ýaly baýlygy islän adamlara: «Belent Taňrynyň sogabynyň iman getirenlere we ýagşy işleri edenlere boljakdygyna arman çekiň» diýdiler. Bir gün Musa alaýhyssalam beni Ysraýylyň halkyny ýygnap, olara wagyz-nesihat edip durdy. Karun hem altyn kürsüsini göterip gelip, olaryň arasynda oturdy. Özi bolsa nagma-näz bilen şerap içýärdi. Ol Musa alaýhyssalamyň üstünden gülýärdi. Şamyta atly bir bozuk aýal bardy. Karun ony çagyryp, oňa bir bölek altyn berip: «Musa wagyz edende sen baryp: «Eý, Musa! Sen gündizine ile nesihat berýärsiň. Gijesine meniň bilen çakyr içip, betkärlik edýärsiň» diýip aýt. Goý, Musa ýüzügara bolsun» diýdi. Bu hatyn altyny alyp, ýagşy diýip gitdi. Ertesi Hezreti Musa alaýhyssalam hemme beni Ysraýyly ýygnap, olara öwüt-nesihat berip başlady. Ol hatyn Karunyň aýdan sözüni aýtmak üçin geldi. Hudaýtagala Musa alaýhyssalama ýardam berdi. Ol hatyn: «Eý, Musa! Meni düýn Karun çagyryp: «Ertir il ýygnalanda Musa töhmet at» diýip aýtdy. Eý, Taňrynyň pygamberi, men size niçik töhmet ýapaýyn» diýip, Musa alaýhyssalamyň aýaklaryna ýykylyp, iman aýdyp, musulman boldy. Musa alaýhyssalam beni Ysraýylyň üýşen ýerinde bu sözi eşidip köp gamgyn boldy we: «Eý, Taňrym! Men Karunyň beýle külpetlerine nähili çydam ederin?» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Sen Karuna: «Malyň ýaryny garyp-gasarlara zekat ber» diýip aýt» diýen owaz geldi. Hezreti Musa alaýhyssalam Hudaýtagalanyň bu sözüni Karuna baryp aýtdy. Karun betbagt oňa: «Eý, Musa! Men seniň Taňryňdan hiç zat almadym. Ol hem menden hiç zat dilemesin» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Sen Karuna aýt: «Goý, ol malynyň dörtden birini hüşür-zekat bersin» diýen perman boldy. Musa alaýhyssalam bu permany hem Karuna baryp aýtdy. Ol muny hem kabul etmedi. Hezreti Musa: «Eý, Taňrym! Karun Seniň permanyňa boýun sunmady. Men oňa baryp Seniň permanyňy aýtdygymça onuň kapyrlygy artýar. Eý, Taňrym! Maňa Karunyň üstünden ygtyýar berseň» diýip, dileg etdi. Onuň bu dilegi kabul boldy. Allatagaladan: «Eý, Musa! Men saňa islän zadyňy berdim» diýen owaz geldi. Şol wagt hezreti Musa alaýhyssalam mübärek hasasyny alyp, gazap bilen Karunyň ýanyna bardy. Karun tagtda tekepbirlik bilen oturypdyr. Onuň yzynda beni Ysraýylyň halky hem bardy. Hezreti Musa alaýhyssalam: «Eý, Karun! Sen öňki wagtda Pyrgauna her gün dört nana işlärdiň. Indi Allatagala saňa munça nan beripdir. Sen muňa şükür edip, hiç musulman bolmaýarsyň?» diýdi. Karun: Eý, Musa! Men seniň hudaýyňdan hiç bir zat dilemedim. Men öz tapan malymy özüm harç ederin» diýdi. Musa alaýhyssalam dergazap bolup, hasasyny göterip: «Eý, ýer! Karuny tut!» diýdi. Şol wagt onuň tagty titräp, ol ondan ýere düşüp galdy. Musa alaýhyssalam ýene: «Eý, ýer! Karuny ýuwut!» diýdi. Şol wagt ýer Karuny aşyklygyna çenli ýuwutdy. Karun permany kabul etmedi. Onsoň ýer ony dyzyna çenli ýuwutdy. Karun ýene göwnemedi. Ahyry ýer ony agzyna çenli ýuwutdy. Karun: «Indi, men kabul etdim» diýdi. Musa alaýhyssalam ýere: «Karuny goýber» diýdi. Ýer ony goýberdi. Karun ýerden çykyp, malynyň kyrkdan birini hasaplap gördi welin, ol mukdar bir giden sährany tutup gitdi. Onsoň ol: «Men zekat berjek däl» diýdi. Hezreti Musa: «Eý, ýer! Karuny ýuwut!» diýdi. Ýer ony biline çenli ýuwutdy. Karun: «Eý, Musa! Sen Pyrgaunyň malyny alyp, lezzet tapdyň. Sen meniň hem malymy özüňe aljak bolýarmysyň?» diýdi. Hezreti Musa: «Eý, Taňrym! Karun maňa malymy aljak bolýarsyň diýýär. Ony hemme maly bilen ýer ýuwutsa?» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Men saňa onuň özüniň hem, malynyň hem üstünden ygtyýar berdim» diýen owaz geldi. Hezreti Musa: «Eý, ýer! Karuny maly bilen ýuwut!» diýdi. Ýer ony tagty, bagty we saraýlary bilen ýuwutdy. Olar gara ýeriň aşagyna gitdiler we köşgi hiç bir nyşana galmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |