21:59 Kysasyl enbiýa -47: Musa alaýhyssalama Beni Ysraýylyň azar bermeginiň beýany | |
SEKIZINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
MUSA ALAÝHYSSALAMA BENI YSRAÝYLYŇ AZAR BERMEGINIŇ BEÝANY Älem-jahanyň guwanjy Muhammet alaýhyssalam Allatagalanyň permanyny ymmatyna ýetirende Allatagaladan: «Eý, iman getiren kişiler! Siz Musa pygambere azar beren adamlar ýaly bolmaň! Allatagala Musany töhmetden päkledi». Siz hem dostum Muhammet meniň permanymy size ýetirse, Musanyň kowumynyň: «Ol ýalan aýtdy» diýişi ýaly, Muhammede töhmet atmaň» diýen perman beripdi. Hekaýatda şeýle gürrüň getirilipdir: Musa alaýhyssalamyň utanç-haýasy köpdi. Ol bedenini hiç kime görkezmezdi. Beni Ysraýylyň adamlarynyň käbirleri: «Musanyň bedeni aladyr» diýip aýtsalar, başga birler: «Onuň endamy çişdir» diýdiler. Bir gün Musa alaýhyssalam gusul almak üçin eşigini çykaryp, onuň üstüne daş basdyryp goýdy we suwa girdi. Hudaýtagalanyň permany bilen daş onuň geýmini alyp gaçdy. Musa alaýhyssalam suwdan çykyp: «Eý, daş! Meniň eşigimi taşla!» diýdi. Daş ony taşlaman, iliň arasyna alyp bardy. Musa alaýhyssalamyň gahary geldi. Ol eşigini kowalap, iliň arasyna girenini hem bilmän galdy. Adamlar ýygnandylar. Olar Musa alaýhyssalamyň bedeniniň gaty ak we aýypsyzdygyny gördüler. Ýene ol iliň öňünden ýörese, oňa ulumsy diýip, ortada ýörese gorkak diýip, yzda ýörese bu onuň goýun çopanlykda, mal sürüp öwrenen käri diýip azar bererdiler. Ýene oňa beren azarlarynyň biri budur Olar Musa alaýhyssalama: «Pygamberlik ýeke özüme galsyn diýip, Harun alaýhyssalamy sen öldürdüň» diýdiler. Bir gün beni Ysraýylyň halky Harun alaýhyssalamyň mazarynyň ýanyndan ötüp barýardylar. Musa alaýhyssalam: «Eý, beni Ysraýylyň halky! Harun alaýhyssalamyň mazaryna zyýarat edeli» diýdi. Ol wagt bäş ýüz kişi Musa alaýhyssalam bilen zyýarata geldi. Musa alaýhyssalam: «Eý, Harun!» diýdi. Şol wagt Harun alaýhyssalamyň gabryndan: «Lepbeýke, ýa ahy!»5 diýip owaz çykdy. Musa alaýhyssalam: «Eý, Harun! Seni kim öldürdi?» diýdi. Harun alaýhyssalam Allatagalanyň gudraty bilen dile gelip: «Eý, Musa! Men öz ajalym bilen öldüm. Hiç kim meni öldürmedi» diýdi. «Allatagala oňa aýdylan töhmetden ony päkledi» diýen aýatyň tefsiri şudur. Olar ýene: «Eý, Musa! Sen: «Hudaýtagala bilen sözleşýärin» diýýärsiň. Bizi hem sözleşige alyp barsaň, çünki, biz hem pygamberzadadyrys» diýdi. Musa alaýhyssalam bu söze jogap almak üçin dileg etdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Olaryň ululary gelsin» diýen owaz geldi. Musa alaýhyssalam beni Ysraýylyň halkyna: «Ýetmiş sany aksakgal ýygnansyn» diýdi. Beni Ysraýyldan altmyş sany aksakgal çykdy. Olaryň sany ýetmişe ýetmedi. Musa alaýhyssalam: «Siziň perzentleriňizden on iki ýigit çyksyn» diýdi. On iki ýigit orta çykdy. Şeýlelikde, olar ýetmiş iki boldular. Musa alaýhyssalam: «Iki kişi yzyna gaýtsyn. Özgeleri meniň bilen ýöresin» diýdi. Ýuşag ibn Nun bilen Kulub ibn Barkyýa yzyna gaýtdy. Olar: «Biz gaýtsak, olara bolan sogap bize hem bolarmy?» diýdiler. Musa alaýhyssalam: «Hawa, bolar» diýdi. Ol wagt Harun alaýhyssalam diridi. Haruny olar halypa etdiler. Musa alaýhyssalam: «Biz otuz günde yzymyza gaýdyp geleris» diýip, olar bilen Tur dagyna geldi. Olar ol ýerde otuz gün oraza tutdular. Otuz gün tamam bolandan soň: «Allatagala bilen sözleşmegiň wagty geldi» diýip, agzyny açdy. Taňrydan: «Eý, Musa! Sen näme üçin agzyňy açýarsyň?» diýen perman geldi. Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Meniň agzym yslanypdyr» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Oraza tutup, agzy yslanan bendäniň agzynyň ysy Meniň dergähimde müşk-u-anbardan hoşboýrakdyr. Eý, Musa! Indi on gün oraza tut, kyrk gün bolsun» diýen owaz geldi. Ol on güni olaryň hemmesi tutdular. Kyrk gün tamam boldy Olar bu dagyň teýinde Allatagala ýalbaryp ýyglamaga meşgul boldular. Musa alaýhyssalam: «Men daga çykyp, Hudaýtagalanyň dergähine barýaryn. Siz az salymdan yzymdan gelip Hudaýtagalanyň kelamyny eşidersiňiz» diýdi. Musa alaýhyssalam ol ýere bardy. Onuň yzyndan bular bardylar. Musa alaýhyssalam Hudaýtagalanyň kelamyny eşi-dip, hoşwagt boldy. Olar: «Biz Allatagalany äşgär görýänçäk, saňa ynanmarys» diýdiler. Bu mazmuna: «Eý, Musa! Biz Allatagalany gözümiz bilen açyk görmesek, biz saňa ynanmarys» diýen şu aýat delildir. Şol wagt bir ot peýda bolup, olaryň hemmesini köýdürdi. Bu mazmuna: «Asmandan ot gelip, sizi öldürdi» diýen şu aýat delildir. Olaryň hemmesi heläk boldy. Musa alaýhyssalam gamgyn bolup, Hudaýtagala arz edip: «Eý, Taňrym! Bular öz biedepliklerinden beýle boldular. Emma beni Ysraýylyň halky: «Musa biziň ýagşylarymyzy alyp baryp, öldürdi» diýip, maňa melamat ederler. Eý, Taňrym! Sen ol biedeplere rehim edip, olaryň janlaryny gaýtaryp berseň diýip dileg edýärin» diýdi. Allatagala öz gudraty bilen olaryň hemmesini direltdi. Bu halk özleriniň ölüp direlenlerini görüp we gara bolup agaranlaryny bilip: «Biz Hudaýtagalanyň gudratlaryny bildik. Biz Hudaýa ynandyk» diýdiler. Bularyň käbirleri beni Ysraýylyň içinde pygamber boldy, käbirleri patyşa boldy, käbirleri öwlüýä we zahyt boldy. Elbetde, bu zatlaryň dogrusyny Allatagalanyň özi gowy bilýändir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |