20:18 Kysasyl enbiýa -45: Beni Ysraýylyň Musa we Harun alaýhyssalamyň Şama barmaklarynyň beýany | |
ALTYNJY PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
BENI YSRAÝYLYŇ MUSA WE HARUN ALAÝHYMASSALAMYŇ ŞAMA BARMAKLARYNYŇ BEÝANY Beni Ysraýylyň adamlarynyň Müsürde galan kybtylary tu-tup, olary özlerine gul etmek we olaryň özlerine beren jepalary üçin ar almak maksady bardy. Olara Allatagalanyň: «Siziň ata-babalaryňyzyň watany Şam welaýatydyr. Siz Şama baryň» diýen perman boldy. Olar Taňrynyň bu permanyna çäre tapyp bilmediler we Şama göçüp bardylar. Olar Şama ýetenlerinde Allatagaladan: «Siz bu ýurda gireniňizde hemmäňiz sežde we toba ediň» diýen owaz geldi. Siz: «Eý, Taňrymyz! Biziň senemleriň ygtyýary bilen eden günälerimizi geçir diýip aýdyň» Olaryň ýagşylary bu sözi aýtdylar, ýamanlary bolsa Allatagalanyň bu permanyny berjaý etmediler. Olaryň permany berjaý edenleriniň günäleri geçildi. Emma Allatagalanyň bu buýrugyny tutmadyklar magfyret tapmadylar. Bu mazmuna: «Olardan zalymlyk edenler özlerine aýdylan sözlerden başga sözleri aýtdylar. Biz olara zalymlyk edendikleri sebäpleri asmandan azap iberdik» diýen şu aýat delildir. Beni Ysraýylyň halky Musa alaýhyssalama: «Eý, Musa! Bize şerigaty öwrediň. Biz oňa laýyk iş edeli» diýip aýtdylar. Musa alaýhyssalam Tur dagyna baryp: «Eý, Taňrym! Beni Ysraýylyň halky menden özlerine şerigaty öwretmegimi soraýar. Men olara näme jogap aýdaýyn?» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Sen sabyrly bol! Men saňa Töwrat atly bir kitap ibererin. Otuz müň pygamber-u-alym ol kitapda beýan bolar. Eý, Musa! Sen beni Ysraýylyň halkyna aýt, olaryň öwlatlaryndan birnäçe kişi pygamber bolar. Käbiriniň oglanlaryndan alymlar çykar. Käbirleriniň perzentleri patyşa bolup, hökümdarlyk ederler. Men olaryň öwlatlaryny özge halaýyklardan mertebesini belent edip hormatladym. Indi meniň permanyma boýun sunanlar Meniň razylygymy isleseler, Ýemen welaýatyndaky duşmanlarynyň üstüne baryp, olar bilen uruş etsinler. Men size bu uruşda ýardam bereýin» diýen owaz geldi. Musa alaýhyssalam yzyna gaýdyp geldi we beni Ysraýylyň halkyna: «Ýemen welaýatynda Amalika atly patyşa siziň ata-babalaryňyzyň duşmanydyr. Siz onuň bilen uruş ediň» diýip aýtdy. Beni Ysraýylyň hemmesi bu söze hoşal we şady-horram bolup kabul etdiler. Batyrlar bu urşuň sapar esbabyny taýýar etmäge başladylar. Bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Amalika kowumy uzyn boýly we güýçli adamlardy. Olar Adynyň urugyndandy. Olaryň boýlarynyň uzynlygy üç ýüz garydy, göwüsleriniň ini on ýedi garydy. Olara beni Ysraýyldan güýçli, semiz, uzyn boýly on iki kişini ilçi iberdiler. Bular gije-gündiz ýol ýöräp, Amalikanyň şäherine ýetip bardylar we bir kişiniň bagyna girip, üzüm iýip durdular. Bagyň eýesi gelip, bulary gördi. Ol görse birnäçe adam onuň bagynda ýatyr eken. Ol bulary tutup, olaryň altysyny bir ýanynda, ýene galan altysyny beýleki ýanynda göterip, patyşanyň ýanyna eltip, olary ýere taşlady. Adamlar bulary görüp haýran galdylar. Olar: «Bular nähili elli-aýakly kiçi gurtlar eken» diýip, tomaşa edip gülüşdiler. Olar: «Munuň ýaly uşak gurtlar bolar eken» diýip, olary gerdenlerine göterip masgaraladylar. Ahyrynda olaryň patyşasy bulardan: «Siz niçik zatsyňyz?» diýip sorady. Bular: «Biz Musa alaýhyssalamyň size iberen ilçileridiris. Musa alaýhyssalam Hudaýtagalanyň uly pygamberidir. Ol Hudaýtagala bilen sözleşdi. Hudaýtagala oňa siziň üstüňize sizi imana çagyrmaklygy buýurdy. Indi siz Hudaýtagalany bir bilip, Musa alaýhyssalamyň onuň pygamberidigini kabul ediň. Ýogsa, ol siziň bilen jeň eder» diýip aýtdylar. Kapyrlar bulary masgara tutup, olaryň üstünden güldüler. Patyşa: «Munuň ýaly uşak adamlar niçik ýurdy tutarlar?» diýdi. Wezir: «Bular uşak hem bolsalar, olaryň akyly-paýhasy köpdür. Olar gaty hilegärdirler. Bulary bir işe buýrup, synap görmek gerek. Olar biziň atlarymyza iým berseler, bulary öz ugurlaryna goýbereli» diýdi. Bir rowaýatda aýdylypdyr: Bularyň atlary özleri ýaly uludy. Atlaryň ahyrlary hem belentdi. Ilçileriň boýlarynyň uzynlygy olaryň atlarynyň dyzyna ýetmezdi. Ilçiler atlaryň ahyrlarynyň ýanyna gelip, olaryň ambarlaryna gazyk kakyp, ol gazygyň üstüne çykyp, ýene bir gazyk kakdylar. Olar şu usul bilen gazyklary kakyp, ahyryň üstüne çykdylar. Olar şeýdip atlara ot-iým berdiler. Bular gazykdan gazyga çykyp, bir torba saman salyp, ýene gaýdyp barýançalar atlar samany iýip goýýardylar. Olar atlara iým ýetişdirip bilmediler. Onsoň olar ahyr böwl edip goýdular. Atlar iýmlerini iýmän durdular. Adylar patyşa: «Bular gaty hilegär ekenler» diýidiler. Patyşa bulary öldürmeklige buýurdy. Patyşanyň hatyny: «Bularyň hilegärdiginden saňa näme zyýan ýetýär? Sen bulary goýber. Olar ýurtlaryna baryp, seniň tarypyňy etsinler» diýdi. Patyşa olary goýberdi. Bularyň ýol azygyna bir däne üzüm berdiler. Ony goýmaga laýyk gap ýokdy. Çünki bular adylaryň gaplaryny göterip bilmeýärdiler. Adylar: «Bular näme ederkäler?» diýip, synap durdular. Olar bir uzyn agajy tapyp, ony üzüme sanjyp, altysy onuň bir ujuny tutup, beýleki altysy bolsa başga ujuny tutup, göterip ýola düşdüler. Adylar bu ýagdaýy görüp haýran galdylar. Olar Amalikanyň ýurdundan çykyp gitdiler. Olar ýolda biri-birine geňeşip: «Biz olaryň kad-kamatyny leşgere aýtmaly. Goý, olar ony özleri görende bilsinler. Biz ony aýtsak, olaryň üstüne jeň bilen barmaga hiç kim unamaz» diýdiler. Olar öz ýurduna baryp: «Biz olaryň şäherine baryp girdik. Ol ýerde on gün durduk. Olar ýaragly we zor duşmandyr. Emma bu ýagdaýy hatynlarymyza aýtmaly» diýdiler. Şol gije Ýuşag ibn Nun muny hatynyna aýtdy. Ol hatyn başga hatynlara aýtdy. Şeýlelikde bu habar ýurda ýaýrady. Olar gorkdular we Musa alaýhyssalama gelip: «Biz olaryň üstüne uruş bilen barmarys. Adylar zormuşlar. Olar bilen kim garşyma-garşy durup biler?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Hudaýtagalanyň emri şeýle. Siz baryp ol şähere giriň. Hudaýtagala näpermanlyk etmäň» diýdi. Beni Ysraýylyň halky: «Eý, Musa! Sen Hudaýtagalanyň pygamberisiň. Sen Hudaýyň bilen iki bolup baryp, olary kowalaň we uruş ediň. Siz gelýänçäňiz biz munda durarys» diýdi. Musa alaýhyssalam haýran bolup, arz etdi: «Eý, Taňrym! Meniň bulara güýjüm ýetmeýär. Özüm bilen doganym Harun ikimiz adylaryň üstüne baraly. Ýöne bizi bu bozuk kowumyň arasyndan çykar» diýdi. Allatagaladan: «Sen bulardan aýrylma. Olar jeňden ýüz dönderýärler. Emma men olara ýol bermerin. Olar kyrk ýyl çölde galarlar we welaýata barmazlar» diýen owaz geldi. Beni Ysraýylyň halky günde gelip: «Eý, Musa! Bizi bir tarapa alyp baryň ýa-da bize rugsat beriň» diýip aýtdy. Musa alaýhyssalam: «Siziň köňlüňiz niräni islese, şol ýere baryň» diýdi. Olar göçdüler we agşama çenli ýol ýörediler. Agşam bolanda bir ýerde gondular. Olar erte ir bilen turdular. Özlerini göçen ýerinde gördüler. Olar ýene ýollaryny dowam etdirdiler. Elgaraz, olar dört aý göçdüler. Agşam ýatdylar. Ýene özlerini göçen ýerlerinde gördüler. Olaryň hemmesiniň azyklary tükendi. Ýylky-garalaryny we at-düýelerini iýip gutardylar. Onsoň olar açlyk çekmekden ejiz geldiler we yzlaryna gelip, Musa alaýhyssalama: «Pygamberleriň köňli ýumşak bolar» diýip, ýalbarmaga başladylar. Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Bularyň hemmesi günäkär bendeleriňdir. Sen bulary heläk etme. Eger olary heläk etseň, Ýakup pygamberiň urugy kesiler. Indi Sen öz mähribanlygyň we jomartlygyň bilen bularyň rysgalyny ber» diýip dileg etdi. Allatagala munuň bu dilegini kabul etdi. Hudaýtagala olara ýandak şekerini we bedenäni berdi, ýagny asmandan ýandaga şeker ýagdy, hem asmandan bedene ýagdy. Bu zatlar olara owkat boldy. Olar ýene Musa alaýhys¬salamdan suw dilediler. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Musa alaýhyssalama: «Eý, Musa! Hasaňy daşa ur!» diýen perman boldy. Musa alaýhyssalam hasasyny daşa urdy. Suw peýda boldy. «On iki bulak suw akyp başlady» Her taýpa öz arygyny gazdyrdy. Suwy öýlerine akdyryp getirdiler. «Her bir adam öz arygyny bilýärdi» Olaryň durmuşy bir ýyl şunuň ýaly bolup durdy. Bir ýyldan soň olaryň donlary ýyrtyldy we ädikleri deşildi. Olar yssa çydap bilmediler we ýene gelip Musa alaýhyssalama ýalbardylar. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Şol wagt howada bulut peýda boldy. Ol bulutdan köýnek, don, börük we ädik ýagdy. Her biriniň boýuna laýyk, ýaş çagalara çenli lybas ýagdy. Oglanlar ulalsa, geýimleri hem ulalardy. Gijesi bolsa asmanda ýagtylyk peýda bolardy. Gündüzi bolsa bulut gelip saýa bolardy. Olar kyrk ýyl anyk nygmat iýdiler, taýýar don geýdiler. Her kim şeker iýip, ondan artsa, başgalary çagyryp, olara bererdi. Bir gün bir kişi tagam iýdi. Ol: «Galanyny ertir iýerin» diýip, ýaşyryp goýdy. Ertesi gelip görse, ol tagam zaýalanypdyr. Ol ony iýip bilmedi. «Adam atanyň wagtyndan Musa pygamberiň wagtyna çenli bişen nahar ertire galsa zaýalanmazdy. Etiň porsamagy ondan galdy» diýipdirler. Olar kyrk ýyl şu hili ömür ötürdiler. Kyrk ýylyň içinde olaryň saç-dyrnagy ösmedi. Olaryň lybaslary kir bolsa, olary oda salardylar. Lybasyň kiri otda köýerdi. Emma onuň özi Allatagalanyň gudraty bilen köýmezdi. Bir hekaýada olar Musa alaýhyssalamyň «Bolgam Bagur» diýen dilegi bilen kyrk ýylda beýewanda galdylar» diýlipdir. Emma olar özleriniň bipermanlygyndan we şumlugyndan bu beýewanda sergezdan bolup galdylar» diýipdirler. Latyfa. Eý, möminler! Musa alaýhyssalamyň dilegleriniň bereketinden ol asy-günäkärler taýýar don geýip, taýýar tagam iýdiler. Biz asylara hem Muhammet alaýhyssalamyň hormatyn¬dan jennetiň taýýar donlaryny geýip, taýýar tagamlaryny iýmek Hudaýtagalanyň rehmetinden, jomartlygyndan nesip eýlese, Taňrytagalanyň didaryny görmek miýesser etse geň-taňlyk bolmazdy. Inşaallahu tagala. Hekaýat. 2 Beni Ysraýylda Amyl atly bir söwdagär bardy. Onuň bir gyzdan başga hiç perzendi ýokdy. Onuň bir haramzada doganoglany bardy. Ol: «Maňa pul ber» diýerdi. Amyl: «Pulum ýok» diýip, oňa hiç zat bermezdi. Ol külpetment bolup ýörerdi. Ol bir gije Amylyň ýanyna geldi we: «Men bir kişiden biraz pul karz aldym. Pylan ýere söwdagär gelipdir. Onuň mata-marlyklary bar» diýip aýdýarlar. Siz hem ol ýere barsaňyz, biz şärik bolup, haryt alsak» diýdi. Amyl onuň sözüni makul bildi. Ony şunça pul bilen özüne hemra edip ýola düşdi. Ol ýolda Amyly öldürip, onuň baýlygyny öýüne alyp baryp, goýdy. Ol ertesi ölüni baryp görüp, ýakasyny ýyrtyp ýyglady. Ol: «Kim kime töhmet edýär?» diýdi. Beni Ysraýyl bu wakany görüp, Musa alaýhyssalama: «Eý, Musa! Sen bir dileg et! Bu kişiniň katyly belli bolsun!» diýip, arz etdiler. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Oňa Allatagaladan: «Eý, Musa! Sen kowumyňa: «Bir mada sygry soýuň» diýip aýt» diýen bir perman boldy. Musa alaýhyssalam bu sözi kowumyna aýtdy. Beni Ysraýyl: «Biz saňa: «Ölüni direlt» diýsek, sen bizi masgara edip: «Sygyr soýuň» diýýärsiň» diýdiler. Olar bu ýerde näme hikmet bardygyny bilmeýärdiler. Musa alaýhyssalam: «Sizi masgara etmekden Allatagalanyň özi saklasyn!» diýdi. Beni Ysraýylyň halky Musa alaýhyssalama: «Siz dileg edip Allatagaladan bu sygyr nähili sygyrdyr diýip soraň. Hudaýtagala ony bize habar bersin» diýdi. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Allatagaladan: «Ol sygyr gaty garry hem, gaty ýaş hem bolmasyn. Orta ýaşly bolsun» diýen perman geldi. Olar ýene: «Eý, Musa! Siz dileg ediň: «Ol sygryň reňki nähili bolmaly?» diýdiler. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Taňrydan: «Ol sygryň reňki sary bolsun. Onuň reňkini gören kişiniň gözi dokunsyn» diýen perman boldy. Beni Ysraýylyň halky ýene: «Eý, Musa! Siz dileg ediň. Seniň Hudaýyň ol sygryň iş malydygyny ýa sährada otlap ýören maldygyny bize habar bersin. Inşalla, onsoň biz ony taparys» diýdi. Abdylla ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!): «Eger olar şol gün «Inşalla» diýmedik bolsalar, ol sygry hergiz tapmazdylar» diýipdir. Allatagaladan: «Ol sygyr ýer sürýän bolmasyn. Ol hemme işden boş bolsun. Ol sährada otlap ýören sygyr bolsun» diýen perman geldi. Olar: «Indi biz onuň nähili sygyrdygyny takyk bildik» diýip, hoşwagt boldular. Rowaýat. Beni Ysraýylda bir kişi bardy. Ol çakdanaşa salyh ýagşy adamdy. Onuň bir sygry bardy. Ol: «Menden soň ogluma peýdasy ýetsin» diýip, ony daga ýa-da ýaýla amanat goýdy. Ol kişiniň kazasy ýetip öldi. Onuň ogly uly kişi boldy. Ol atasyndan hem zyýadarak salyh ýagşy adam boldy. Onuň enesi heniz diridi. Ol salyh gündiz jeňňelden odun getirip satardy. Pulunyň ýarysyna enesine owkat getirip bererdi. Galan ýarysyny bolsa derwişlere paýlardy. Ol gijäni üçe bölerdi. Gijäniň bir böleginde ýatardy, bir böleginde enesiniň başynda oturardy, bir böleginde bolsa Hudaýtagala ybadat ederdi. Bir gün enesi oňa: « Ataň pylan dagda seniň üçin bir inek amanat goýupdyr. Onuň nyşanasy şeýledir. Oňa bakdygyňça ondan röwşenlik peýda bolar. Onuň reňki şeýle gowudyr. Eger sen ony tapsaň, minmän boýnundan tutup, idekläp bu ýere getir» diýdi. Ogly ol sygry yzlap çykdy. Baksa, ol sygyr dagda otlap ýör. Salyh ony: «Hezreti Ysmaýyl Ybraýym alaýhyssalamyň oglunyň hormaty üçin meniň ýanyma gel» diýip çagyrdy. Ol sygyr derhal onuň ýanyna geldi. Ol sygryň boýnundan tutup, idekläp gelýärdi. Birden ol sygyr dile gelip: «Eý, oglan! Meni mün. Saňa bu ýoly ýöremek aňsat bolsun» diýip sözledi. Ol sygry münmegi unamady. Çünki onuň enesi: «Bu sygry münmän getir» diýipdi. Sygyr: «Eger sen maňa münen bolsaň, men şeýle bir gaçardym. Sen meni asla tutup bilmezdiň. Sen eneň permanyny tutup, ony razy edeniň üçin dagy çagyrsaň, ol hem gelerdi» diýdi. Ol sygry enesiniň ýanyna alyp geldi. Enesi: «Sen muny bazara alyp baryp, ony üç dinara sat. Emma menden soraman söwdalaşma» diýdi. Ol ony bazara alyp bardy. Hudaýtagala bir perişdä buýurdy. Ol gelip sygryň bahasyny sorady. Ol: «Muny üç dinara bererin. Ýöne men ony enemden soramak şerti bilen satjak» diýdi. Perişde: «Sen eneňden sorama. Men oňa alty dinar bereýin» diýdi. Bu ogul onuň teklibini unamady. Enesine gelip: «Bir kişi sygry alty dinara almakçy bolýar» diýdi. Enesi: «Şol baha ber» diýdi. Ol ýene bazara bardy we: «Men enemden sorap geldim. Ony alty dinara berýärin» diýdi. Perişde: «Sen eneňden sorama. Men oňa on iki dinar bereýin» diýdi. Bu oglan unamady. Perişde: «Men oňa ýüz dinar bereýin. Ýöne sen eneňden sorama» diýdi. Ol unamady. Gelip ýagdaýy enesine mälim etdi. Enesi: «Ol adam däldir. Ol perişdedir. Ol seni synamaga gelendir. Sen baryp, ol perişdeden men bu sygry sataýynmy ýa satmaýynmy diýip sora» diýdi. Ol baryp periş¬deden sorady. Perişde: «Baryp eneňe aýt, goý, ol sygryny satmasyn» diýdi. Beni Ysraýylda bir kişini öldürerler. Siziň sygryňyzy öldürip, onuň öpkesi bilen ony urarlar. Merhum direler. Bu sygryň derisini dolduryp altyn bererler» diýdi. Bu oglan gelip, onuň sözüni enesine aýtdy. Indi maksadymyza geldik. Beni Ysraýylyň halky ol sygry soýup, onuň etiniň bir bölegi bilen ölüni urmaklyk olara buýruldy. Ýokarda aýdylan alamatly sygyr hiç ýerden tapylmady. Ol şu salyh oglanyň howlusyndan tapyldy. Olar: «Şu sygryň derisini dolduryp altyn bereli» diýip, ony soýdular. Bu mazmuna: «Olar bu sygry soýdular. Olar sygryň bahasynyň gymmatlygy sebäpli oňa ýanaşmakçy hem däldiler» diýen şu aýat delildir. Käbir alymlar: «Ölüni onuň öýkeni bilen urdular» diýip, başga bir alymlar: «Ölüni onuň böwregi bilen urdular» diýip, ýene bir alymlar bolsa: «Ony etiň bir bölegi bilen urdular» diýip aýdypdyrlar. Bu urgudan soň merhum direldi. Adamlar ondan: «Seni kim öldürdi?» diýip soradylar. Ol: «Meni öz doganym öldürdi» diýip jogap berdi. Beni Ysraýylyň halky betnamlykdan halas boldy. Ol haramzadany kasas üçin öldürdiler. Sygryň dilini şahadat sandygyna saldylar. Ol sandyk hezreti Muhammet alaýhyssalamyň döwrüne çenli gelip ýetdi. Ol dili dürre etdiler. Ol dürre hezreti Pygamber alaýhyssalamdan Omar ibn Hattaba (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) miras galdy. Bir sözde «Şol dürre bilen yslam kuwwat tapdy» diýipdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |