09:27 Kysasyl enbiýa -41: Musa alaýhyssalamyň Medýene barmagynyň beýany | |
IKINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
MUSA ALAÝHYSSALAMYŇ MEDÝENE BARMAGYNYŇ BEÝANY Samiriniň sözüni adamlar eşitdiler we ony patyşa gelip aýtdylar. Pyrgaun beglerini ýygnap, geňeşdi. Ol: «Men Musadan: «Ahyry ol maňa duşmanlyk eder» diýip gorkýaryn. Biz ony tutup öldürsek nähili bolar? Ol adam öldüripdir» diýdi. Olar: «Ony siziň özüňiz ýagşy bilýärsiňiz» diýdiler. Şol wagt Musa alaýhyssalamyň ýanyna Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Musa! Men saňa ynamly nesihatçydyryn. Eger sen şäherden çykyp uzaga gaçmasaň, Pyrgaun seni Kanunyň huny üçin öldürer» diýdi. Ýene bir rowaýatda: «Mömin diýen bir kişi bardy. Ol Musa alaýhyssalamy Pyrgaunyň Kanun üçin öldürmekçi bolýandygyndan habar edipdir» diýip aýdylypdyr. Üç kişi gözüni açyp-ýumýança, hiç bir salym bu dünýäde Allatagaladan gapyl bolmady. Olaryň biri, Muhammet alaýhyssalam, ikinjisi, möminleriň emiri Aly (goý, Allatagala onuň ýüzüni keramatly etsin!) üçünjisi, şol Mömin. Ýene bir rowaýatda: «Pyrgaunyň Jezil atly bir hazynaçysy bardy. Ol hem göz açyp-ýumasy salym Allatagaladan gapyl bolmady» diýilipdir. Nälet siňen Pyrgaun dört ýüz ýyllap: «Men siziň iň beýik Taňryňyzdyryn» diýip hudaýçylyk dawasyny etdi. Jezil onuň bu halyna laýyk hiç bir delil tapyp bilmedi. Elkyssa, Musa alaýhyssalam Müsürden çykyp, ýedi gije-gündiz aýak ýalaňaç ýol ýöredi. Onuň aýaklary gabaryp, dabanlary deşildi. Ol: «Eý, Taňrym! Meni bu sütemkärden halas et» diýip, Allatagala arz etdi. Musa alaýhyssalam birden bir guýynyň üstünden geldi. Birnäçe adamlar guýynyň agzyny açyp goýun-düýesine suw berip, ýene guýynyň agzyny bir uly daş bilen ýapyp gitdiler. Musa alaýhyssalamyň garny aç bolup, bir daragtyň saýasynda otyrdy. Iki gyz bäş-alty top goýny alyp geldi. Olar görseler, adamlar eýýäm mallaryny suwa ýakyp gidipdirler. Olar: «Indi biz näme alaç ederis?» diýip ýygladylar. Musa alaýhyssalam olardan: «Eý, gyzlar! Siz näme üçin ýyglaýarsyňyz?» diýip habar sorady. Gyzlar: «Biziň goýunlarymyz üç günden bäri teşnedir. Bu ýerde daýaw adamlar bardy. Olar gelip, guýynyň agzyny açyp, mallaryny suwa ýakardylar. Şonda biz hem gelip, malymyzy suwa ýakardyk. Olar gelip, mallaryny suwa ýakyp giden ekenler. Indi biziň malymyz suwsuzlykdan ýaňa heläk bolar» diýip aýtdylar. Musa alaýhyssalam olardan: «Eý, gyzlar! Siz kimiň gyzlary bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz Şugaýp pygamberiň gyzlarydyrys» diýdiler. Musa alaýhyssalamyň olara rehimi geldi. Ol guýynyň agzyndaky daşy aýyrdy we gyzlaryň goýunlary ýagşy ganýança suw çekip berdi. Ol goýunlar ömürlerinde hergiz munuň ýaly doýup suw içen däldirler. Gyzlar hoşnut bolup, goýunlaryny alyp gitdiler. Hezreti Musa alaýhyssalam daragtyň astynda oturyp galdy. Ol: «Eý, Taňrym! Maňa bir tagam bermeseň, men näçe günden bäri açdyryn. Men bu beýewanda ýalňyzdyryn» diýip ýyglap Allatagala arz etdi. Allatagala onuň bu dilegini kabul etdi. Ol gyzlar atalarynyň ýanyna bardylar. Atalary goýunlaryň garnyny sypalap gördi. Gyzlary her gün mallary sähradan alyp gelenlerinde, mallaryň her biriniň garnyny sypalap görmek onuň adatydy. Ol görse bu gün mallar öňküsinden gowy doýupdyr. Olar asla munuň ýaly doýmandylar. Ol gyzlaryndan: «Siziň malyňyz öň munça doýmazdy. Bu gün nähili beýle boldy?» diýip sorady. Gyzlary: «Eý, ata! Biz ol ýere barsak, halk mallaryny suwa ýakyp, guýynyň agzyny berkidip giden ekenler. Guýynyň ýanynda bir mysapyr ýigit oturan eken. Ol guýynyň agzyndan daşy aýyrdy we biziň goýunlarymyzy suwa ýakyp berdi. Onsoň biz öýe tarap gaýtdyk» diýip aýtdylar. Atalary: «Siz gidip, ol ýigidi meniň ýanyma çagyryp geliň. Oňa tagam bereli» diýdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Iki gyzyň biri utanyp Musanyň ýanyna geldi we oňa: «Meniň atam seni biziň goýnumyzy suwa ýakanyň üçin muzduňy bermäge çagyrýar» diýdi». Ol gyzyň ady Safurady. Musa alaýhyssalam ýerinden turdy. Gyz onuň öňünden ýöredi. Musa alaýhyssalam: «Eý, gyz! Men öňden ýöräýin. Siz meniň yzymdan ýöräň. Birden size meniň gözüm düşse, onda biziň ikimiz hem günäkär bolarys. Haçan men ýoly ýalňyşsam, sen meniň yzymdan daş atyp yşarat et» diýdi. Şeýlelikde Musa alaýhyssalam öňden, Safura onuň yzyndan ýöräp, olaryň öýlerine geldiler. Hezreti Musa Şugaýp alaýhyssalama salam berdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Musa alaýhyssalam hezreti Şugaýbyň ýanyna geldi we ol oňa Pyrgaun bilen bolan wakany beýan edip berdi. Şugaýp alaýhyssalam oňa: «Sen indi gorkma. Çünki sen zalymlaryň kowumyndan halas bolduň». Onuň hökümi bu ýere ýöremez» diýdi. Şugaýp alaýhyssalam hezreti Musa çaý-nahar berdi. Onsoň Musa alaýhyssalam turup gidermen boldy. Şugaýp alaýhyssalamyň gyzlary: «Eý, ata! Bu ýigidi hyzmatkär edip alyp galsaňyz. Ol güýçli, kuwwatly hem şerim-haýaly, ynamdar eken» diýdiler. Şugaýp alaýhyssalamyň gahary gelip: «Siz ony synap görmezden, onuň güýçlüdigini, kuwwatlydygyny nähili bilýärsiňiz?» diýdi. Safura: «Kyrk kişiniň göterip bilmeýän daşyny onuň ýeke özi göterip taşlady. Men ony bu ýere alyp gelýärkäm, ol meni öňden ýöretmedi. Ol maňa: «Meniň size gözüm düşse, onda ikimiz hem günäkär bolarys» diýdi» diýip aýtdy. Gyzynyň bu sözüni Şugaýp alaýhyssalam makul bildi. Ol: «Eý, ogul! Sen keseki ýolagçy bolsaň hem bu ýerde gal. Men saňa iki gyzymyň birini bereýin» diýdi. Bu mazmunyň delili şu aýatdyr: «Şugaýp alaýhyssalam Musa pygambere: «Sen maňa sekiz ýyl hyzmatkär bolsaň, men şu iki gyzymyň birini nikalap bermegi niýet edýärin. Sen on ýyl hyzmatkär bolup berseň, ol öz ygtyýaryňdadyr» diýdi». Musa alaýhyssalam: «Meniň öýlenmäge ýaragym ýokdur. Galyň bereýin diýsem meniň malym ýokdur» diýdi. Şugaýp alaýhyssalam: «Men saňa galyňsyz gyzymy bersem, sen onuň üçin meniň goýnumy sekiz ýyl bakyp ber. Eger sen on ýyl baksaň, men saňa inji hem bereýin» diýdi. Musa alaýhyssalam öz-özüne: «Eger men goýun baksam, Allatagala islese sabyrly bendelerden bolaryn» diýdi. Elgaraz, Musa alaýhyssalam sekiz ýyl goýun bakdy. Şugaýp alaýhyssalam Safurany oňa nikalap berdi. Bir gün Şugaýp alaýhyssalam Safura gyzyna: «Sen hasahana girip, bir hasa alyp çyk» diýdi. Safura ol ýerden bir hasany alyp çykdy. Şugaýp alaýhyssalam bu hasany sypalap görüp: «Bu hasany yzyna goýup, ol ýerden başgasyny alyp çyk» diýdi. Gyz jaýa girip, ýene bir hasany alyp çykdy. Şugaýp alaýhyssalam: «Bu hasa hem däl. Başgasyny alyp çyk» diýdi. Ol şu tertipde kyrk gezek hasa alyp çykdy. Iň soňunda Şugaýp alaýhyssalam: «Ine, şu hasa bolýar. Bu hasa Adam alaýhyssalamyň hasasydyr. Ol kime ýetse, şol kişi pygamber bolýandyr. Eý, gyzym, belki bu giýew pygamber bolar» diýdi. Şugaýp alaýhyssalam hezreti Musa ýüzlenip: «Goýunlary pylan ýere alyp barmaň. Onda aždarhanyň mekany bardyr. Ol ýere kim barsa heläk bolýandyr» diýdi. Emma Musa alaýhyssalam goýunlary şol ýere alyp bardy. Ol taýagyny ýanynda goýup uklady. Onuň goýunlaryna şol aždarha kast etdi. Musa alaýhyssalamyň hasasy aždarha öw-rülip, ol aždarhany ýuwutdy. Onsoň ol ýene taýak bolup ýerine geldi. Musa alaýhyssalam bu syrly wakany görüp, şady-horram boldy. Ol agşam öýüne gelip ýatdy. Ol günüň ertesi Şugaýp alaýhyssalam: «Eý, Musa! Bu ýyl haýsy goýun ak guzlasa sen ony al» diýdi. Ol ýyl hemme goýunlar ak guzy guzlady. Hezreti Musa olary aldy. Soňky ýyl Şugaýp alaýhyssalam: «Eý, Musa! Bu ýyl haýsy goýun ala guzlasa, sen şony al» diýdi. Bu ýyl goýunlaryň bary ala dogdy. Musa alaýhyssalam olary hem aldy. Tiz wagtda onuň goýun-guzylary köp boldy. Elkyssa, Musa alaýhyssalam on ýyl goýun bakdy. Ol ene goýunlary sagdy. Hezreti Musa Şugaýp alaýhyssalamdan rugsat sorap, malyny-baýlygyny, bala-çagalaryny alyp göçdi we ol Şamdan Müsür tarapyna ýola rowana boldy. Ol birnäçe gün ýol ýöredi. Bir gije ýagmyr ýagdy. Safuranyň hamylalyk derdi tutdy. Goýunlara böri degdi. Çakmaklar çyg bolup, ot almady. Hemme zatlar öl boldy. Bu ýagdaýa Musa alaýhyssalam bikarar boldy. Bu dünýä gaty garaňky boldy. Musa alaýhyssalam gorkdy. Onuň gözüne ýakyn ýerde ot göründi. Ol Safura: «Men baryp, ol otdan getireýin. Sen bu ýerde maňa garaşyp dur» diýdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Musa alaýhyssalam öz ähline: «Siz şu ýerde duruň. Men bir ody gördüm. Belki men size şol otdan bir bölek közi getirerin» diýdi. Ol birnäçe ýol ýöräp, ol ýere ýetdi. Olaryň arasy üç ýüz parsahdy. Allatagalanyň permany bilen perişdeler ýeriň tanapyny tartdylar. Musa alaýhyssalam ol ýere bir sagatda ýetdi. Ol görünen ot daragtyň ujunda, Tur dagynyň üstünde eken. Hezreti Musa ol ýere gadam goýdy. Ol bir top tal agajyny gördi. Käbir alymlar: «Ol Eýmen daragtydyr» diýipdirler. Musa alaýhyssalam bir gury zat tapyp, ony hasasynyň ujuna baglap, ol oda tutdy. Ot ýokary howur urdy. Musa alaýhyssalam haýran galdy. Şol wagt ol daragtdan: «Men älemleriň hökümdary bolan Allatagaladyryn». Hudaýlyk diňe maňa ýaraşar. Ol menden özgä degmez. Barja mahlugy ýaradan mendirin. Menden özge kişi: «Men hem ýaradaryn» diýse, men ony heläk ederin» diýen owaz geldi. Musa alaýhyssalam ýene: «Eý, Musa! Men seniň Taňryňdyryn. Sen köwüşleriňi çykar. Sen Tuwa atly päk meýdandasyň» diýlen bir owaz eşitdi. Musa alaýhyssalamyň aýaklarynda eşegiň derisinden oňarylan çarygy bardy. «Köwüşleriňi çykaryp taşla» diýmekliginiň sebäbi şunuň üçindir. Ýene bir rowaýatda onuň köwşünden maksat: «Sen hatyn, bala-çagaňy köňlüňden çykar diýmeklikdir» diýlip aýdylýar. Musa alaýhyssalam ýene: «Eý, Musa! Seniň sag eliňdäki zat nämedir?» diýen bir owazy eşitdi. Musa alaýhyssalam: «Ol meniň hasamdyr» diýdi. Men oňa daýanýaryn we goýunlaryma ýaprak kakyp berýärin. Ondan başga hem onuň gerekli ýerleri bar» diýdi. Bu ýerde Allatagalanyň maksady: «Musa alaýhyssalamyň köňlündäki haýran galmaklygy bir tarap etmekdir, ýagny aýyrmak, onuň ünsüni jemlemek we ony gorkmaz ýaly etmekdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |