22:00 Kysasyl enbiýa -40: Musa pygamberiň beýany: Musanyň dogluşy | |
ON DOKUZYNJY KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI MUSA KELIMALLANYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Musa alaýhyssalam: «Meniň özümden we doganymdan başga hiç kime ygtyýarym ýetmeýär» diýip, Allatagala arz etdi. Ol: «Allatagala Musa bilen ýüzbe-ýüz gepleşdi» diýen aýat bilen mertebe haladyny geýdi. Ol: «Men Allatagaladyryn. Menden başga Hudaý ýokdur, sen Maňa ybadat etgin» diýen şerbeti içdi. Ol: «Men Öz tarapymdan seniň ýüzüňde göreni özüne çekiji mähri dörederin» diýen hormata eýe boldy. Ol Taňrynyň: «Men seni buýruklarymy we sözlerimi adamlara ýetirmek üçin pygamber etdim» diýen aýaty bilen keramata mynasyp boldy. Ol: «Eý, Musa! Seniň sag eliňdäki näme zatdyr?» diýen sowaly eşitdi we oňa: «Men oňa gerek ýerinde daýanýaryn» diýen jogaby berdi. Nazm Ol ýaradanyň iberen, ilçisi Musa kelim, Eline tutan hasany, egnine geýen kilim. Ol kelam eşdip Kelim bolan, çykyp Tur dagyna, Tarypy köpdür, edip bolmaz tamam uşbu tilim. Dogmuşynda oda düşdi, köýmedi, çykdy ýene, Iki petle akmady suwa, ýene çykdy selim. Ymran ogly erdi Musa, Haka gurbatlyk Resul. Emgeli bulak ülüş hem mugjyzy erdi bilim. Dostlaryna ol hasadan, daşypdy bulaklar akar, Duşmanyna ol hasa bir azap erdi elem. Aýtdy Haruna pygambermiz ikewlen Taňrydan, «Bilgi hany?» diýse, diýdi: «Bu taýak, uşbu elim». Onuň nesil arkasy şeýledir: Musa we Harun ibn Ymran bin Ýazr bin Reýýan bin Läwiýýe bin Ýakup alaýhyssalam. Emma bu kyssa on bir pasyldan ybaratdyr: Birinji pasyl. Musa alaýhyssalamyň dogulmagynyň beýany. Ikinji pasyl. Musa alaýhyssalamyň Medýene barmagynyň beýany. Üçünji pasyl. Musa alaýhyssalamyň hasasynyň häsiýetleriniň beýany. Dördünji pasyl. Musa we Harun alaýhymassalamyň Pyrgaunyň ýanyna barmaklarynyň beýany. Bäşinji pasyl. Pyrgaunyň sarhynyň beýany. Altynjy pasyl. Beni Ysraýylyň Musa we Harun alaýhymassalamyň Şama barmaklarynyň beýany. Ýedinji pasyl. Musa alaýhyssalama Töwrat inderilmeginiň beýany. Sekizinji pasyl. Musa alaýhyssalama beni Ysraýylyň azar bermeginiň beýany. Dokuzynja pasyl. Musa alaýhyssalamyň Hudaýdan didar dilemeginiň beýany. Onunjy pasyl. Beni Ysraýylyň toba etmeginiň beýany. On birinji pasyl. Karunyň wakalarynyň beýany. • BIRINJI PASYL MUSA ALAÝHYSSALAMYŇ DOGULMAGYNYŇ BEÝANY Bu waka şeýle bolup geçipdir: Pyrgaunyň ady Welitdir. Ol Magsabyň ogly, Masgap Reýýan Mäligiň ogludyr. Masgap başda musulmandy. Soňra ol küpürlige dänip, kapyr bolupdy. Müsür halkynyň hemmesi kapyr bolup, butparazlyga baş urdular. Emma beni Ysraýyl Ýakup alaýhyssalamyň on iki ogullarynyň öwlatlarydy. Olar on iki taýpa boldular, imanlaryna durnuklydylar we kapyrlyga ýüz urmadylar. Masgap diýen haramzada bulara iki ýüz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ogly Welit hemme kapyrlardan akyllyrakdy. Rowaýatda şeýle gürrüň getirilipdir: Müsürde üç Pyrgaun ötüpdir. Olaryň biri Reýýan Mälik, ol Ýusup alaýhyssalamyň döwründe ýaşap geçipdir. Ol musulmançylygy kabul edipdir. Ýene biri Kabus, ol kapyr bolup ötüpdir. Ýene biri Pyrgaun Welit. Ol hezreti Musa alaýhyssalamyň wagtynda ötüpdir. Oňa weliduz-zyna diýlerdi. Bu hökümdar hemmeden zalym we sütemkärdi. Ol beni Ysraýyla duşman boldy we hemme şäherleri golastyna aldy. Onuň agasynyň Aşýa atly bir hatyny bardy. Ol ony aýal edip aldy. Aşýa akylly we dana aýaldy. Pyrgaun ony eziz we hormatly tutardy. Ony hemmeden ýagşyrak görerdi. Ol her bir işi Aşýa bilen maslahatlaşyp ederdi. Ol dört ýüz ýyl patyşalyga gümra boldy. Bu melguna ömrüniň içinde agyrlyk bolmady. Ondan hiç duşman üstün gelip bilmedi. Ol Pyrgaunyň nesli arapdandy. Allatagala ony öz dogry ýoluna çagyryp: «Men siziň uly Taňryňyzdyryn» diýdi. Emma ol hiç imana gelmedi. Bu mazmuna şu aşakdaky aýatlar delildir: «Adamlary myhlar bilen urup, azar beren myhlaryň eýesi Pyrgaunyň ýurtdaky azgynçylygy adamkärçiligiň çäginden çykdy». Emma ýene bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Bu Pyrgaunyň asly nesebi Horasandandy. Onuň atasy söwdagärdi. Bir gezek onuň atasy söwda saparyna gidip, ondan ýedi ýyldan soň gaýdyp geldi. Ol öýüne gelip görse, sallançakda bir oglan ýatyr. Ol hatynyndan: «Bu niçik baladyr?» diýip sorady. Hatyny oňa: «Bu siziň balaňyz» diýip jogap berdi. Atasy: «Meniň bu ýerden gidenime ýedi ýyl boldy. Eger ol meniň balam bolýan bolsa bir ýaşynda bolarmydy?» diýip aýtdy. Hatyny oňa: «Eger men seniň hatynyň bolýan bolsam, meniň dogan balam seniňki bolmaýarmy?» diýip jogap berdi. Atasy bu gürrüňden soň onuň bilen ylalaşdy. Wagt geçip, bu oglan dört ýaşyna girdi. Ol köçedäki oglanlary ýygnap, olaryň birini wezir, birini ýasawul, birini nöker edip, olara don-telpek geýdirip, aş-nan iýdirip, olary biri-birleri bilen uruşdyryp ýördi. Haçan bu haramzada on bäş ýaşyna baranda onuň enesi öldi. Ol hetsiz-hasapsyz malu-pul bilen galdy. Az wagtda ol bu baýlygy ýele sowrup ýok etdi. Ondan hiç bir zat galmady. Ol gedaý düşüp galdy. Ol bir wagtyna iýmäge hem tagam tapmady. Onuň pul-malyny iýip-içip, ýagşy serpaýlar geýip ýören dost-ýarlary asla onuň ýüzüne bakmadylar. Ol açlygy köp tartdy. Ol öz ýurdunda gedaýçylyk etmegi özüne namys bildi. Ahyrynda ol öz-özüne: «Men bu ýerde beýle hor bolýançam ýat ýurtlarda gedaýçylyk edenim ýagşydyr» diýip aýtdy. Ol köp ýerlerde entäp, ahyry Saragt memleketine geldi. Ol ýerde Haman atly nan söwdagäri bardy. Ol ondan nan diledi. Haman Pyrgaundan: «Sen nireden bolarsyň?» diýip sorady. Pyrgaun oňa özüniň Horasandan gelendigini aýdyp berdi. Haman oňa iýip-içer ýaly tagam berdi. Pyrgaun ýagşy garnyny doýurdy. Haman ondan: «Sen nirä barýarsyň?» diýip sorady. Pyrgaun oňa: «Men Müsüre barýaryn» diýip jogap berdi. Haman pal atýardy. Ol pal atdy weli, onuň bu palynda: «Horasandan bir kişi gelip, Müsüre patyşa bolar. Oňa hemra bolan kişi döwletli bolar» diýip göründi. Haman palyň görkezýän kişisiniň şu adamdygyny bildi. Haman oňa: «Men seniň bilen hemra bolup ýöresem nähili bolar?» diýip aýtdy. Pyrgaun oňa: «Ýagşy bolar» diýip jogap berdi. Haman ony birnäçe gün öz ýanynda saklady. Haman ondan: «Seniň näme hünäriň bar?» diýip sorady. Pyrgaun oňa: «Men daýhançylygy bilýärin» diýip aýtdy. Haman: «Onuň ýaly bolsa biz öz ýanymyz bilen gawun alyp gideli» diýip aýtdy. Ol bu ýerdäki mülkü-esbaplaryny satdy we Pyrgaun bilen hemra bolup Müsüre ýola rowan boldy. Olar Müsüre barandan soň, bazara gawun alyp çykdylar. Emma bu ýeriň adamlary pul tölemän, gawuny diläp alyp gitdiler. Olar pul sorasalar, oňa derek ýumruk aldylar. Üç günden soň Pyrgaun dokuz sany gawuny alyp baryp, patyşa özüni mälim etdi. Patyşa: «Sen bu ýerde ýok zady alyp gelipsiň. Näme iş etseň hem, saňa hiç kim dawa etmesin» diýip oňa möhürli hat berdi. Pyrgaun bazra barsa ol haty özi bilen saklady. Ol kim gawun almaga gelse, onuň başyndan sellesini, golundan hanjaryny aldy. Eger biri: «Sen näme üçin meniň zatlarymy alýarsyň?» diýse, ol oňa patyşanyň beren hatyny görkezdi. Ol gawunlaryny satyp boldy. Onsoň ol adamlardan alan zatlaryny satdy. Ol şeýdip pul ýygnady. Gawun satmak ondan galdy. Onsoň ol bir görüstanyň töweregine diwar saldyrdy. Ol ähli Müsür halkynyň görüstanydy. Ondan başga görüstan ýokdy. Ol adamlara: «Bu görüstan aýak astynda hor bolýar. Men munuň çar tarapyna diwar salaýyn» diýip aýtdy. Adamlar muňa hoşwagt boldular. Pyrgaun görüstanyň hemme tarapyna diwar salyp, onuň bir ýerinden derweze goýdy. Onsoň derwezäniň bir tarapynda Pyrgaun, beýleki tarapynda bolsa Haman oturdy. Her kim merhumyny alyp gelse, ol olardan ilki başda üç-dört teňňe alyp gömdürerdi. Ol bara-bara olardan bäş teňňe, on teňňe alyp başlady. Ol baý adam bolsa, ondan ýigrimi-otuz teňňe hem alardy. Bir gün weziriň gyzy öldi. Pyrgaun oňa patyşanyň hatyny görkezip, wezirden müň teňňe alyp gyzy gömdürdi. Ol bu wakany patyşanyň ýanyna baryp beýan etdi. Patyşa: «Men hiç kime munuň ýaly höküm bermändim» diýdi. Patyşa kişi iberip, Pyrgauny öz ýanyna getirtdi. Ol hetsiz-hasapsyz altyn-kümüş alyp, patyşanyň kabulhanasyna geldi. Patyşa ondan: «Ölüden pul almagy saňa kim buýurdy?» diýip sorady. Pyrgaun: «Menden şu wagta çenli hiç kim näme üçin pul alýandygymy soramady. Onuň üçin hem men aldym» diýdi. Pyrgaunyň bu sözi patyşa hoş geldi. Ol Pyrgauny özüne nöker edip aldy. Ol ýene köp altyn-kümüş patyşanyň hazynasyna berdi. Patyşa ony ýasawul etdi. Dura-bara ony mir ahur wezipesine belledi. Onsoň ony öz geňeşine goşdy. Bara-bara patyşanyň sözi ýanyp, Pyrgaunyň sözi ýanmady. Patyşa ony wezir wezipesine bellemekçi boldy. Pyrgaun wezirligi kabul etmedi. Patyşa ondan: «Sen näme üçin bu wezipäni kabul etmeýärsiň?» diýip sorady. Pyrgaun: «Patyşa – weziri näme diýse onuň sözüne girer. Men bir garyp adamdym. Men siziň mähribanlygyňyz bilen uly döwlete ýetdim. Men wezir bolanymdan soňrasiz meniň sözüme ynanmarsyňyz. Men bu hormatymdan hem düşüp galaryn» diýdi. Patyşa: «Men sen näme diýseň, şony hem kabul edeýin» diýdi. Pyrgaun: «Beýle bolsa, men size Müsüriň bir ýyllyk harjyny bereýin. Hemme garyp-gedaýlar jemlensin» diýdi. Patyşa: «Beýle bolsa, men senden bu harjy aljak däl. Men ony özümden garyp-gasarlara paýlajak» diýdi. Pyrgaun patyşanyň bu sözüni kabul etmedi. Ahyrynda ol Müsüriň bir ýylky harjyny patyşa berdi. Garyp-gasarlar jemlendi. Onuň beren harjyny olara paýladylar. Pyrgaun bu ýol bilen bäş ýylda gazanan baýlygyny harçlady. Il bol-telkilikde boldy. Şeýlelikde Pyrgaun dört-bäş ýyl wezir boldy. Pyrgaundan hemme il razy boldy. Ol ahyry bir gün patyşa: «Şu halk zerdar bolupdyr. Habardar bolmak gerek. Pul öz hetdinde, ýurt öz çäginde bolsa ýagşydyr. Birden çäginden aşyp, gul hojasyna garşy gitmesin» diýdi. Patyşanyň köňlünde az-kem wehim peýda boldy. Patyşa öz ýanynda garawullary goýup, ýatmagy çykardy. Pyrgaun assa-ýuwaş ýurduň ketdelerinden üç kişini çagyryp, ant-awy içip: «Men sizden duz iýdim. Duz hakyny saklamasaň bolmaýar. Siz bihabar bolmaň. Patyşanyň gylyk-häsiýeti bozulypdyr. Ol dürli hyýallara düşüp, her hili sözleri menden soraýar» diýdi. Ol şeýdip halkyň köňlüne wehim saldy. Ol patyşanyň ýanyna baryp ant-şert edip: «Eý, patyşahy älem! Men pukaralar seniň garşyňa kasam sözlerini aýdýarlar diýip güman edýärin» diýdi. Ol şeýdip patyşanyň köňlüne hem wehim üstüne wehim saldy. Patyşa gamgyn bolup: «Men bir ýeke kişidirin, ýurt bolsa köplükdir. Olar birden maňa kast edip, zeper ýetirseler, men näme alaç ederin? Munuň çözgüdi nämedir, eý wezir?!» diýdi. Pyrgaun: «Halk bize kast edýänçä, biz olary pes edeli» diýdi. Pyrgaun köp goýun soýup, ýurduň adamlaryny köşge myhmançylyga çagyrdy. Ol patyşanyň tagtynda oturmagyny teklip etdi. Ol onuň iki tarapynda jellatlary goýdy. Ol: «Indi, adamlar patyşanyň huzuryna bir-birden girip-çyksynlar. Güman eden adamsyna patyşa çäre görsün» diýdi. Başy garyşan patyşa weziriň bu sözi hoş ýakdy. Ol Pyr-gauny janyndan-teninden ýagşyrak gördi. Pyrgaun öýüne gaýtdy. Agşam boldy. Ol birnäçe kişä: «Patyşa sizi myh-mançylyga çagyrýar. Şeýdip, ol sizi öldürjek bolýar» diýip, jar çekdirip aýtdy. Adamlar: «Eý, wezir! Bizden size janymyz-malymyz sadaka bolsun. Biziň alajymyzy siz edäýmeseňiz» diýdiler. Pyrgaun: «Beýle bolsa patyşa myhmançylyga çagyrsa, içiňizden sowut, demir don geýip, gylyç-pyçak bilen baryň. Patyşa içeride oturyp, siziň biriňizi çagyryp alar. Men wagtyny peýläp durup, sizi alyp girerin. Siz köpläp patyşany ýok ediň» diýdi. Bulara bu maslahat hoş geldi. Ertesi patşa nahar taýýar etmekligi buýurdy. Ol ýurduň ulularyna habar iberdi. Halk içinden demir don, sowut geýip, hanjar-pyçak alyp, top-top bolup geldi. Hemmäni sap-sap edip oturtdylar. Pyrgaun patyşa: «Bu halkyň maslahat edeni rast ekeni. Olaryň hemmesi içlerinden sowut geýip, gylyç-pyçak dakynyp gelipdir» diýdi. Patyşa onuň bu sözlerini eşidip, huşy başyndan uçdy. Ol gorkup wezire: «Indi, biz näme ederis?» diýdi. Pyrgaun: «Men gygyryp olaryň birkisini bu ýere çagyraýyn. Olar girensoň, biz bir alajyny ederis» diýip, çykyp gidip, iki kişini çagyryp geldi. Görseler, olar içinden sowut geýip, pyçak-hanjar dakynyp gelipdirler. Pyrgaunyň sözi rast çykdy. Patyşa bu iki kişini jellada buýrup öldürtdi. Şol wagt hemme halaýyk çozup girip, patyşany öldürdiler. Pyrgaun haramzadanyň oýlap tapan pirimi amala aşdy. Hemme halk: «Pyrgaun bizi ölümden halas etdi» diýip, ony patyşa saýlap, tagtyň üstünde oturtdylar. Pyrgaun Hamany özüne wezir edip belledi. Ol wagt Müsür halky iki bölekdi. Olaryň biri Ýakup alaýhyssalamyň on iki ogullarynyň perzentleridi. Olara beni Ysraýyl diýerdiler. Ýene biri kybtylardy we kapyrlardy. Pyrgaun beni Ysraýyla zulum we horluk görkezip başlady. Her kimiň agyr işi bolsa, ony beni Ysraýyla işlederdi. Sowal: Beni Ysraýyl Pyrgaunyň goluna näme sebäpden düşdi? Jogap: Nälet siňen Pyrgaun bir gije üç gezek düýş gördi. Onuň birinji düýşünde Nil derýasy howa galyp, ol ýene ýerine gaýdyp geldi we ol hemme halky suwa basdy. Onuň ikinji düýşünde howadan on iki top daragt düşüp kybtylary basdy. Onuň üçünji düýşünde Beýtil-Mukaddes tarapyndan bir ot çykyp, hemme kybtylary basdy we olaryň öýlerini köýdürdi. Emma beni Ysraýyla hiç zeher bermedi. Pyrgaun ertesi turup, mugabbirleri ýygnady. Ol olardan düýşüni we onuň ýorgudyny sorady. Düýş ýorujylar: «Beni Ysraýyl jemagatyndan bir ogul peýda bolar. Ol seniň ýedi mülküňi harap eder. Belki, ol sizi hem heläk eder. Ol kybtylary öldürer. Biz hem beni Ysraýyla girmeýäris» diýdiler. Bu sözi eşidip Pyrgaunyň huşy başyndan uçdy. Ol beni Ysraýylyň her bir hatynyna bir kybtynyň hatynyny paýlakçy goýdy. Olar eger beni Ysraýylyň hatyny göwreli bolsa, ony Pyrgaunyň ýanyna alyp gelip, garnyny ýaryp, çagasyny ýok etdiler. Pyrgaun olara bäş ýyllap şunuň ýaly zulum etdi. Beni Ysraýylyň erkekleri gorkunjyna hatynlaryna ýakynlyk etmediler. Pyrgaun iki şäher bina etdirdi. Ol gündüzine beni Ysraýylyň erkeklerine diwar saldyrdy, gijelerine bolsa olaryň erkeklerini bir şähere, aýallaryny bir şähere gabap goýdy. Ol muny är we hatynlaryň goşulmazlyklary üçin etdirdi. Şeýle rowaýat edipdirler: Pyrgaunyň bir has kişisi bardy. Onuň hatynynyň ady Jaýyzdy, äriniň ady bolsa Ymrandy. Onuň hatyny Pyrgaunyň öýünde aýalynyň hyzmatkär gyrnakçasydy. Bularyň iki perzendi, bir ogly we bir gyzy bardy. Oglanyň adyny Harun, gyzyň adyny bolsa Bataşaýyg diýip tutardylar. Palçylar pal atyp: «Bu ýyl şol çaga enesiniň göwresinde galar» diýdiler. Olar ýene bir gün pala garap: «Bu gün ol ogul atasynyň puşt kemerinden enesiniň ýatgysyna geçer» diýdiler. Pyrgaun şäher halkyna: «Erkek jynsy bu gün şäherden çyksyn» diýip, perman berdi. Onuň özi baş bolup, hemme erkekleri şäheriň daşyna alyp çykdy. Gijäniň bir wagty Ymrana bir ahwal ýüz urdy. Ol hatynynyň ýanyna barmazlyga hiç alaç tapmady. Ol şähere girip, Aşýanyň ordasyna geldi. Hemme derwezeler açyk duran eken. Jaýyza hem onuň gelenine oýandy. Onuň köňlünde aýalyna ýakynlyk meýli döredi. Ol höwesine hergiz çydap bilmedi. Jaýyza daşary çykdy. Olar derhal tapyşdylar, oýnap-gülüşip, biri-birine ýakynlyk etdiler. Şeýlelikde, Musa alaýhyssalam bu gijede enesiniň göwresinde galdy. Jaýyza Aşýaniň ýanyna, Ymran bolsa Pyrgaunyň ýanyna geldi. Bu güni bir Hudaýtagala, bir hem är-hatyn bildi. Ertir ir bilen palçylar ýene pal atdylar. Olar: «Oglan atasynyň puşt kemerinden enesiniň ýatgysyna geçip karar tapypdyr» diýip aýtdylar. Pyrgaun muňa hiç alaç tapyp bilmedi. Wagt geçip, ol aýalyň aýy-güni ýakyn geldi. Pyrgaun: «Beni Ysraýyldan ogul dogan bolsa olary öldüriň» diýip, olaryň yzynda ýene kişi goýdy. Ol birnäçe wagtlap köp oglanlary öldürip, halka kän zulum etdi. Ol çaganyň ata-enesine ýetmiş dirhem bererdi. Pyrgaun beni Ysraýylyň her bir hatynynyň yzyna bir kybty aýaly saldy. Emma Jaýyzanyň göwrelidigini hiç kim bilmeýärdi. Çaganyň dogulmaly wagty geldi. Jaýyza gün dogjak wagtynda hamyr etdi. Ol tamdyra ot ýakdy. Bu halatda ondan bir ogul dogdy. Şol wagt palçylar ýene pal gördüler. Palçylar: «Bu gün ol oglan dogulypdyr» diýip aýtdylar. Pyrgaun: «Ähli mähelleleri gözläp şu gün doglan çagalary öldüriň» diýip buýurdy. Gözleýjiler şäheri aýlanyp, Ymranyň öýüne ýetdiler. Jaýyza: «Olar öldürýänçä çagamy özüm öldüreýin» diýip ony ýalynlap duran tamdyryň içine atdy. Şol wagt yzlaýjylar gelip, bu ýerde çaganyň yzyny tapman, çykyp gitdiler. Jaýyza: «Balamyň tamdyrda nähili kebap bolanyny göreýin» diýip, gelip tamdyra garasa, ol tamdyryň orta¬synda dik dur. Onuň bir tar saçy hem köýmändir. Ol bir desse reý¬han gülüni ysgap oturypdyr. Jaýyza tamdyra goluny uzadyp, çagany eline aldy. Tamdyryň ody Jaýyzanyň eline hiç täsir et¬medi. Şol wagt Allatagaladan: «Eý, Jaýyza! Balaňa süýt ber. Eger gorksaň, ony sandyga salyp, derýa akdyryp goýber. Men ony saňa ýetirerin. Men ony pygamber ederin» diýen owaz geldi. Jaýyzanyň köňli aram tapdy. Emma ol çagany öýde galdyrmagyň hiç alajy tapylmady. Ol bir agaç yzlap köçä çykdy. Onuň öňünden bir adam agaç we senetleri bilen çykdy. Bu adam hezreti Jebraýyl alaýhyssalamdy. Jaýyza ony öýüne alyp geldi. Jebraýyl alaýhyssalam oňa sandyk ýasap berdi. Jaýyza balasyny ýagşy emdirip, ony sandyga salyp, derýa atdy. Hudaýtagalanyň emri bilen suw sandygy daň atýança akdyrman, bir ýerde aýlandyryp durdy. Daň atandan soň suw sandygy akdyryp alyp gitdi. Aýdypdyrlar: Nil derýasyndan bir aryk Pyrgaunyň bagyndan ötüp, bir bossanlyga barardy. Hudaýtagalanyň emri bilen Jebraýyl alaýhyssalam sandygy ol aryga saldy. Musa alaýhyssalamyň enesi gyzyna: «Sen ol sandyga uzakdan garap, yzyna düşüp bar. Onuň nirä barýandygyny gör. Emma onuň ýakynyna barma» diýip aýtdy. Bu sandyk Pyrgaunyň bagyndan ötüp, bossançylyga bardy. Ol ýerde bir howzuň içine düşüp, onda aýlanyp durdy. Şu wagt Pyrgaun Aşýa bilen rowakdan daşary garap durdular. Aşýanyň gözi sandyga düşdi we: «Eý, Pyrgaun! Şol suwda bir sandyk ýöräp barýar. Sen ony maňa berseň!?» diýip aýtdy. Pyrgaun oňa: «Sen ony alaý» diýdi. Aşýa kenizeklerine sandygy alyp gelmekligi buýurdy. Kenizekler baryp ony tutup bilmediler. Çünki olar ony tutjak bolup gol uzatsalar, ol aňry gaçýardy. Ahyrynda Aşýanyň özi eýwandan düşüp, ol ýere bardy. Ol goluny uzatdy welin sandyk onuň ýanyna süýşüp geldi. Aşýa ony tutup aldy we ony Pyrgaunyň ýanyna alyp geldi. Ol sandygyň agzyny açyp görse, onuň içinde günüň şöhlesi ýaly ýalkym saçyp duran bir oglan bar eken. Pyrgaun ony görüp, gözünden bir damja ganly ýaş akdyrdy we: «Eý, Aşýa müneçjimleriň aýdan oglany şudur» diýip, ony öldürmekligi niýet etdi. Aşýa musulmandy. Ol: «Seniň akylyň ýokmy? Biz muňa terbiýe berip ulaltsak, ol bize perzent bolar. Ol duşmanymyza garşy durar. Muny alyp ulaldanymyz ýagşydyr. Muny biz öldürmäli» diýdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Pyrgaunyň aýaly tapylan oglany görüp: «Bu oglan meniň we seniň üçin gözümiziň röwşeni bolar. Ony siz öldürmäň. Ondan bize peýda bolar diýen umyt bar, ýa-da biz ony özümize ogullyk edineris» diýdi. Olar bu wagt özleriniň heläk bolmagynyň sebäbiniň şu oglan boljakdygyny bilmeýärdiler». Pyrgaun hatynynyň bu teklibini kabul etdi. Ol çagany gujagyna aldy. Hudaýtagala Musa alaýhyssalamyň mähir-muhabbetini Pyrgaunyň köňlüne saldy. Pyrgaun ýetmiş müň çagany öldürdi. Emma bir çagany Hudaýtagalanyň emri bilen öldürmän goýdy. Ol oňa hezzet-hormat edip ulaltdy. Ol oňa Musa diýip at goýdy. Kybtylaryň dilinde «mu» – «suw» diýmekligi, «sa» – «daragt» diýmekligi aňladýar. Aýdýarlar: «Oňa suw bilen daragtyň içinde tapan-dyklary üçin şeýle at goýdular». Rowaýat. Pyrgaunyň bir gyzy bardy. Ol pis kesiline sataşypdy. Ol sandyga bakyp ýyglardy. Onuň köňlüne: «Men mu-nuň topugyna sürtünsem, derdim aýrylar» diýen pikir geldi. Ol bu oglanyň topugyna sürtündi welin keselinden gutuldy. Bu ýagdaýa Aşýa hem, Pyrgaun hem şat boldy. Olar: «Bu çaga eneke tapyň» diýdiler. Bir enekäni alyp geldiler, çaga ony em¬medi. Jemi alty müň süýtli eneke getirdiler. Emma çaga olaryň hiç birini hem emmäge göwnemedi. Musa alaýhyssalamyň uýasy bardy. Ol: «Meniň enemi emdirip görsünler» diýdi. Pyrgaun bir kişä: «Ol aýaly alyp geliň» diýip buýurdy. Ol kişi Jaýyzany alyp geldi. Jaýyza ol çaga emjegini uzatdy weli, ol ony emmäge başlady. Pyrgaun oňa: «Bu balanyň enesi sen bolaýma? Ol näme üçin başga aýallary emmän, seni emdi?» diýip sorady. Jaýyza: «Meniň süýdüm jana ýakymlydyr. Eger ondan bersem sen hem içersiň» diýdi. Pyrgaun hazynaçylaryna: «Bu aýala her aýda iki ýüz dinar beriň» diýip buýurdy. Her dinar on müň mysgala barabardy. Onuň enesi on müň dinara eýe boldy. Ol çagany iki ýyllap bakdy. Oňa her aýda iki ýüz dinar bererdiler. Ol çaga öz öýünde serederdi. Bir gün Pyrgaun oňa: «Çagany alyp gel» diýip buýurdy. Şol wagt Jaýyza ony Pyrgaunyň ýanyna alyp geldi. Pyrgaun: «Çagany söýüp, onuň bilen bir salym oýnaýyn» diýip maksat edinipdi. Pyrgaun çagany gujagyna aldy. Çaga onuň sakgalyndan asylyp, ondan bir gyly ýolup aldy. Pyrgaunyň muňa gahary gelip Aşýa: «Bu çaga meniň duşmanymdyr. Men muny öldürerin» diýdi. Aşýa: «Eý, Pyrgaun! Bu bala beni Ysraýyldan däldir. Onsoň ol saňa nireden duşman bolsun? Eger ol biedeplik etse, nadanlykdan edýändir. Eger meniň bu sözüm galat bolsa, biz ony synap göräýeli. Biz bir tabakda ot, başga bir tabakda oda meňzeş ýylan goýaly. Eger ol ýylana gol uzatsa, onuň akyly bardyr. Eger ol oda gol uzatsa, onuň akyly ýokdur» diýdi. Musa alaýhyssalam ýylana gol uzatjak boldy. Şol pursatda Jebraýyl alaýhyssalam ýetişip, çaganyň goluny oda meýil etdirdi. Çaga goluny oda uzatdy. Çaga ody alyp agzyna saldy. Onuň dili köýdi. Agyrydan ýaňa çaga gygyryp aglady. Aşýa: «Men ol nadanlykdan edýär diýsem siz oňa ynanmadyňyz. Eger onuň akyly bar bolsa, ol şeýle edermidi?» diýdi. Pyrgauna bu söz makul boldy. Sowal: Çaga oda gol uzatdy. Onuň goly köýmedi. Emma ol ody agzyna saldy weli, onuň dili köýdi. Bu ýerde näme hikmet bardyr? Jogap: «Ol çaga bir gezek Pyrgauna «ata» diýdi. Bu sebäpden onuň dili köýdi. Çaga Pyrgaunyň sakgalyndan goly bilen tutup, ondan ýoldy. Bu sebäpden onuň goly köýmedi» diýipdirler. Musa alaýhyssalamyň dili bu sebäpden biraz peltek boldy. Ol bir sözde «sin» harpy gelse, ony «şin» bilen aýdardy. Ol bir sözi hem dürs aýdyp bilmeýärdi. Onuň üçin onuň Harun agasyny pygamberlikde özüne şärik etdiler. Harun açyk sözlüdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Meniň özümden uly doganym Harun gepleşmekde menden ökderäkdir. Şonuň üçin ony meniň bilen iber. Ol kömekçi bolup, meniň sözümi tassyklar». Aşýa hatyn Musa alaýhyssalamy Pyrgaunyň golundan ýüz müň hile bilen gygyrdyp aldy. Ol çaga ulalyp ýigrimi ýaşyna ýetdi. Ol ýüwrük atlar münüp, ýagşy serpaýlar geýip, yzyna ýüz ýigrimi kişi tirkäp, şäheri, sähralary tomaşa edip ýörerdi. Ony gören adamlar: «Pyrgaunyň ogly gelýär» diýip, oňa hezzet-hormat ederdiler. Ol bir gün ata atlanyp bazara bardy. Ol bazary tomaşa edip ýörüşine bir ýerde bir kybtynyň bir beni Ysraýyly tutup oňa: «Bu oduny orda alyp bar» diýip, ony urup duranyny gördi. Ol kybtynyň ady Kanundy. Ol Pyrgaunyň şugulçysydy. Beni Ysraýylynyň ady Samiridi. Samiri Musa alaýhyssalama garyndaşdy. Musa alaýhyssalamyň oňa rehimi geldi. Ol kybta: «Sen muny goýber. Sen oňa azar berme» diýdi. Emma kybty onuň bu teklibine göwnemedi. Hezreti Musa alaýhyssalamyň muňa gahary geldi. Onda gujur-gaýrat peýda boldy. Ol kybta bir ýumruk urdy weli ol öldi. Bu wakany Samiriden başga hiç kim bilmedi. Kobtynyň jesedi ol ýerde galdy. Hezreti Musa Samirini gaçyrdy. Kobtyny öldüreni tapyp bilmediler. Pyrgaun: «Ony göre goýuň» diýip buýurdy. Musa alaýhyssalam bu günüň ertesi ýene bazara çykdy. Görse Samiri ýene biri bilen urşup dur. Musa alaýhyssalam: «Sen nähili adamsyň? Her gün biri bilen uruşýarsyň» diýdi. Ol Samirä bir şarpyk urdy. Samiri: «Sen düýn bir kişini öldürdiň. Indi, sen meni hem öldürmekçimi?» diýdi. Musa alaýhyssalam dymdy. Pyrgaun şugulçyny göre goýup, onuň aşyny-suwuny berip boldy. Pyrgaunyň gahary gelip: «Kanuny öldüreni tapyň. Eger ol meniň Musa oglum hem bolsa, men onuň hununy alaryn» diýdi. Pyrgaunyň üç häsiýeti bardy. Biri, onuň eli açykdy, ikinjisi, ol ýoly ogry-garakçylardan aman saklardy, üçünjisi, ol her bir işde ýüz görmän adalatlylyk ederdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |