21:51

Kysasyl enbiýa -48: Musa alaýhyssalamyň Hudaýdan didar dilemeginiň beýany

Halk döredijiligi we rowaýatlar
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 436 | Добавил: Moderator | Теги: Nasyreddin Rabguzy | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Aurora  
1960
Meniň pikirimçe her döwrüň adamlarynyň (ýada iň akyyllysynyň ýa akyllylarynyň) beýlekilere hudaýy suratlandyrylşy şol döwrüň adamlaryny ynandyryp boljak şekilde aýdylanmyka diýýän. Ýyllar geçdigiçe adam aňy ösüp köne pikiriň ýalandygyna göz ýetirip täze bir zat isleýär. Edil bugdaý meýdanyndaky deň boýdaky hoşalardan arasynda ýekeje hoşa has ýokary saýlanyp durşy ýaly adamlardanam her döwür şeýle bir adam çykyp hiç kimiň ýadyna düşmejek pikir aýdyp öz agzyna garatmany başaran. Şeýdibem aň näçe ösüş alsada iň soňy olary ynandyrmak müňkin bolupdyr. Aslynda adam aňynyň ýeten taryhyň iň aňry başyndan bäri pikir etseň hudaý barada aýdylanlar biri-birine deň däl. Kimsi daşyň üsti bilen, kimsi oduň üsti bilen, kimsi gök asmana garap, kimsi heýkele ýa suwa garap şonuň üsti bilen öz aňyndaky hudaýa çokunypdyrlar, dileg edipdirler we gorkupdyrlar. Emma meniň pikirimçe Lew Tolstoýuň şu sözleri ähli döwrüň her dürli hudaý baradaky pikirlerine ýerlikli jogap hasaplaýaryb:"Men Älem-Jahan öz-özünden dörändir diyip pikir edemok. Dünyäde haysydyr bir güyç gudrat bar. Eger çol güyje, gudrata Huday diymeli bolsa,Hudayyn bardygyna şübhelenemok. Emma men pygamber diyilyänem bolsa adamlaryñ döreden Hudayyna ynanmayaryn. Sebäbi adamlaryñ döreden Hudayy belli bir bähbide hyzmat etdirilyär".
Hudaýyň gudratyny hiç wagt adam diýen mahluk düşündirip bilmez. Hiç wagt düşündiribem bilmedi taryhdakylaryň ählisi hem ýalan. Hudaýdan gorkmalydygny ýada ynanmalydygny hiç bir adam hiç bir adama mejbury boýun etmäne hakam ýok. Esasy zatlaň birem häzirki hudaý meselesinde agzyny dolduryp gürleýänleň agramly bölegi müňlerçe ýyl uzagy däl hatda öz 7 arkasyny, öz milletiniň 200 ýyl taryhyny bilmeýän adamlardygyny bilmek gülkünç, şolar barada şeýle zady bilmeýänlere bolsa gynanç bildirmek bolar. Bu gudratly täsin planetany (täsin tebigaty, täsin janlylary, adamy) ýaradan beýik gudrat (güýç) ümmülmez sansyz galaktikaly älemiň ýekeje planetasyndaky kiçijik adam diýen jandara akyl ýetirmek başartmaz.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]