23:16 Kysasyl enbiýa -42: Musa alaýhyssalamyň hasasynyň häsiýetleriniň beýany | |
ÜÇÜNJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
MUSA ALAÝHYSSALAMYŇ HASASYNYŇ HÄSIÝETLERINIŇ BEÝANY Ol hasanyň ady Lugbadyr. Eger hezreti Musanyň miwe iýmek ýadyna gelse, ol ony ýere sanjardy. Şol wagt ondan şahalar, her şahasynda bolsa, bir görnüşli miwe peýda bolardy. Ol ondan alyp özi hem iýerdi, başgalara hem bererdi. Ony ýerden alsa, ol ýene hasa öwrülerdi. Ol bir ýere ýola çyksa ony münerdi. Ol atdan ýyndam ýörärdi. Ony ýere goýsa, ol uly gara ýylan bolardy. Onuň gözlerinden çyra ýaly şugla ýanyp, agzyndan ot çykyp, nagra urup durardy. Ol bir garyş ýaly hem bolardy. Eger ol islese, uly daragtlary hem ýumrup alardy. Ol çukurlygy ýüz gulaç ýerden suw çykarardy. Näçe köp adam bolsa sirap kylardy. Ony derýa salsa, köpri bolardy, howa uzatsa, süýnüp buluda ýeterdi. Bu hasa bilen Nuh alaýhyssalam Iwaj bin Ynagyň depesine uranda, ol ölüpdi. Musa alaýhyssalam: «Bu hasanyň her bir işe lazymy bardyr» diýende, Allatagaladan: «Eý, Musa! Hasaňy eliňden taşla» diýen bir owaz geldi. Musa alaýhyssalam hasany taşlady welin, ondan dört aýakly uly ýylan peýda boldy we ol töwerege ýöremäge başlady». Musa alaýhyssalam ondan gorkdy. Allatagala: «Sen ondan gorkma. Sen hasaňy tut. Biz häzir ony öňküsi ýaly hasa ederis» diýdi. Sowal: Ybraýym alaýhyssalam Nemrudyň odundan gork-mady. Musa alaýhyssalam hasanyň ýylan bolanyndan gorkdy. Munuň sebäbi nämedir? Jogap: Ol ot mahlugyň işidi. Ybraýym alaýhyssalam Halyga – Ýaradana ynandy. Bu sebäpden onuň köňlüne gorky düşmedi. Emma hasanyň ýylan bolmagy Halygyň görkezen gudratydy. Onuň üçin Musa alaýhyssalam gorkdy. Ol nur onuň goluna gondy. Allatagaladan: «Eý, Musa! Eliňi goltugyň aşagyna sal-da çykar. Eliň günüň şöhlesi ýaly ak halda bolar» diýen owaz geldi. Onuň bu eline «Ýedun baýza» diýerdiler. Musa alaýhyssalam bu iki mugjyzany görende, onuň ýüregi togtady. Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen maňa bu iki gudraty näme iş üçin berdiň?» diýip sorady. Allatagaladan: «Sen Müsüre baryp, Pyrgauna: «Sen Taňry däl. Sen mahluksyň. Allatagala saňa bendeçilik etmegi we öňki günäleriňden puşman bolup, toba etmegi buýurýar» diý» diýen owaz geldi. Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men ýalňyzdyryn. Men adam öldüripdim. Pyrgaunyň ýanyna barsam, onuň meni öldürjekdigini özüň bilýärsiň» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Men saňa iki sany hüjjet berdim. Olaryň biri ak el, beýlekisi bolsa hasadyr. Bular sende dursa, hiç kim saňa zyýan edip bilmez. Saňa hiç kim goluny uzadyp bilmez» diýen owaz geldi. Şol wagt Musa alaýhyssalam dört sany zat diledi. Olaryň biri şu aýatdan mälimdir: «Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Meniň köňlüm aç we ony röwşen et. Meniň işimi aňsat et». «Meniň dilimdäki peltekligi aýyr. Olar meniň sözüme pähim etsinler» diýdi. Ýene biri: Ol: «Meniň öz kuwwatymdan doganym Haruny wezir et». Ýene biri: Ol: «Biziň köp ybadat we zikr edip Seni ähli aýplardan päklerimiz ýaly meniň etmeli işlerimde Haruny hem şärik et» diýdi. Allatagala Musa alaýhyssalamyň dört dilegini hem kabul etdi. Oňa: «Eý, Musa! Sen Harun bilen baryp Pyrgauny dogry ýola ünde we oňa ýumşak sözläň» diýen perman boldy. Sowal: Allatagala ol ikisine: «Pyrgaun bilen ýumşak sözleşiň» diýdi. Bu ýerde nähili hikmet bardyr? Jogap: «Siz oňa gaty sözlemeseňiz, ol hem size gaty sözlemez. Araňyzda jeň hem göripçilik peýda bolmaz. Şonuň üçin siz ýumşaklyk bilen sözleşiň». Bu mazmuna şu aýat delildir: «Belki ol pent-nesihat alar ýa-da ol Allatagalanyň azabyndan gorkar». Ýene bir jogap: «Pyrgaunyň sende haky bardy. Ol saňa oglum diýip, ýagşy seretdi. Sen onuň bu hakyny unutma» diýdi. Peýda. Hudaýtagala duşmanyna pygamber iberende «Gaty sözleşme» diýdi. Biz asylara Ezraýyl perişdäni jan almaga iberende oňa: «Bendämi gaty tutma, oňa ýumşaklyk et» diýse rowa dälmi? Ýene Allatagala: «Eý, Musa! Pyrgaun size gaty sözlese, siz: «Lä ilähe illalla» diýiň. Eger ol batyl dawasyndan ýanyp, dogry ýoly kabul etse, siziň pygamberligiňiziň rastlygyna kaýyl bolsa, men oňa üç zady keramat ederin. Ol üç zat bu älemde hiç kime miýesser etmez. Birinji, Men oňa täzeden ýigitlik bereýin; ikinji, ony Günbatardan Gündogara çenli patyşa edeýin; üçünji, oňa öňki gören ömrüçe ömür berýin» diýip aýtdy. Musa alaýhyssalam bu kelamy eşidip, Tur dagyndan düşüp, Safuranyň ýanyna geldi. Görse, ýagmyr dynypdyr. Safura ýeňillik bilen dogupdyr. Ol goýunlary bakyp durupdyr. Onuň hemme işleri ýerbe-ýer bolupdyr. Musa alaýhyssalam Hudaýtagala şükür etdi. Daň atdy. Olar Müsür tarapyna göçüp, ýola rowana boldular. Şol gije Harun düýş gördi. Oňa bir kişi: «Seniň Musa atly doganyň gelýär. Onuň öňünden çyk» diýdi. Ol şol wagt oýandy. Şäherden çykdy. Musa alaýhyssalam egnine çäkmen, aýagyna bolsa çaryk geýip gelýärdi. Ol Harun alaýhyssalama ýolukdy. Harun alaýhyssalam ony tanamady. Musa alaýhysalam ony tanady. Harun alaýhyssalam ondan: «Sen kim bolarsyň?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam oňa: «Men gulduryn» diýip jogap berdi. Harun alaýhyssalam: «Sen kimiň guly bolarsyň?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam: «Men Allatagalanyň guludyryn» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Allatagala kimdir?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam aýtdy: «Ol seni, meni we hemme älem-jahany ýaradandyr» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Taňrynyň sypaty nähilidir?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam: «Ol – özünden başga hudaý bolmadyk Alladyr. Ol gizlin we äşgär zatlary bilijidir. Ol çäksiz mähribandyr we möçbersiz rehimdardyr» diýip aýtdy. Harun alaýhyssalam: «Sen nireden gelýärsiň?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Men Medýenden gelýärin» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Medýen ilinde Musa atly bir kişini görmediňmi?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Ol nähili kişidir?» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Ol uzyn boýly, owadan ýüzli we dili peltek kişidir. Ol beni Ysraýyldan garyplyk sebäpli ol ýere düşendir. Ol Şugaýp pygamberiň goýun çopanydyr» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Sen ol garyndaşyňy görseň tanarmyň?» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Hawa, men ony görsem tanaryn» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Hany seniň tananyň? Men Musadyryn» diýdi. Harun alaýhyssalam ýyglap turup, onuň bilen görüşdi we oňa: «Seniň hatynyň bilen goýunlaryň nirede?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Olar beýewanda. Men olary Hudaýtagala tabşyryp geldim» diýdi. Musa alaýhyssalam Müsüre gadam goýanda, onuň hasa-syndan başga hiç zady ýokdy. Bu wagt ýassy namazynyň wagtydy. Ol Müsüre girip, enekesiniň işigini kakdy. Onuň enekesi Batşaýyg çykyp: «Sen kimsiň?» diýdi. Ol: «Men myhmandyryn» diýdi. Enekesi içeri girip ýagdaýy onuň enesine aýtdy. Enesi oňa: «Işigi aç» diýdi. Ol işigi açdy. Musa alaýhyssalam garaňkyda otyrdy. Şol wagt Harun ýokdy. Harun gelenden soň çyra ýakdylar. Olar tanyşdylar. Musa alaýhyssalam hemmesi bilen görüşdi. Ol on ýylyň içinde bolan wakalary birin-birin beýan etdi. Ondan soň Musa alaýhyssalam Harun alaýhyssalama: «Men Tur dagynda Allatagala bilen sözleşdim. Ol seni maňa şärik etdi. Ol ikimizi Pyrgauna ilçi edip iberdi. Biz ertir Pyrgaunyň ýanyna baryp, oňa Hudaýtagalanyň emr-u-permanyny ýetireli» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Pyrgaunyň leşgeri köpdür. Biz ikimiz onuň ýanynda ejizdiris. Biz muňa näme alaç ederis?» diýdi. Ol ikisi: «Eý, Taňrymyz! Biz onuň bilen niçik barabarlyk ederis?» diýip mynajat etdiler. Allatagaladan: «Eý, Musa we Harun! Siz hiç gorkmaň. Sizi saklaýjy mendirin» diýen owaz geldi. Harun alaýhyssalam: «Eger ol bizden keramat talap etse, biz näme ederis?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Meniň bu hasam bilen elim ikisi-iki keramatdyr» diýip olary Harun alaýhyssalama görkezdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |