08:42 Kysasyl enbiýa -43: Musa we Harun alaýhyssalamyň Pyrgaunyň ýanyna barmaklarynyň beýany | |
DÖRDÜNJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
MUSA WE HARUN ALAÝHYMASSALAMYŇ PYRGAUNYŇ ÝANYNA BARMAKLARYNYŇ BEÝANY Musa alaýhyssalam egnine çäkmen, aýagyna çaryk, başyna telpek geýip, Pyrgaunyň derwezesinden girdi. Pyrgaunyň ýasawullary köpdi. Olar ony köşge girizmediler. Musa alaýhyssalam haýbat bilen owaz etdi. Olar bihuş bolup ýykyldylar. Musa we Harun alaýhymassalam derwezeden içeri girdiler. Derwezeden aňyrda bir meýdan bardy. Ol meýdanda şir, peleň we gaplaň bardy. Bu ýerden hiç kim ötüp bilmezdi. Bu wagty janawarlar Harun we Musa alaýhymassalamy görüp, olaryň ýanyna gelip, aýaklaryny ýüzlerine sürtüp, başlaryny ýere goýup ýatdylar. Bu ikisi ol meýdandan ötüp Pyrgaunyň işigine gelip: «Men beýik Taňrynyň ilçisidirin» diýdi. Pyrgaun bu owazy eşidip: «Sen kimsiň?» diýdi. Ol: «Men Musadyryn» diýdi. Pyrgaun Musa alaýhyssalam bilen görüşdi we: «Bu kim?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam: «Bu meniň agam Harundyr. Ikimizi Allatagala size ilçi edip iberdi. Biz Allatagalanyň pygamberidiris. Biz seniň ýanyňa geldik» diýdi. Pyrgaun: «Siz näme iş bilen geldiňiz?» diýdi. Olar: «Hudaýtagalanyň buýrugy şeýle. Siz beni Ysraýyly bize berersiňiz. Seniň özüň biziň ýolumyza düşersiň» diýdiler. Pyrgaun: «Eý, Musa! Men seni bakyp ulaltdym. Men saňa perzendim diýdim. Indi, seniň maňa etjek işiň şeýle boldumy? Sen bu ýerden bir kişini öldürip gaçyp gitdiň» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Meniň ony öldürmegim kastdan däldi. Ol iş säwlik bilen boldy. Men onuň üçin senden gorkup gaçyp gitdim. Hudaýtagala maňa pygamberlik berip, mertebeledi. Ol meni: «Pyrgauny yslama çagyr» diýip, seniň üstüňe iberdi. Sen indi: «Lä ilähe illalahu, Musa kelimullahi» diý» diýdi. Pyrgaun bu sözlere dergazap bolup, Musa alaýhyssalamy tutmaklygy buýurdy. Şol wagt hezreti Musa alaýhyssalam hasany ýere taşlady. Bir aždarha peýda boldy. Ol her tarapa hemle urup, otuz-kyrk nökeri demine tartyp ýuwutdy. Galanlary gaçyp, hersi bir ýerde gizlendiler. Ondan soň aždarha Pyrgauna hemle urdy. Ol tagtyny taşlap, Musa we Harun alaýhymassalamyň aýagyna ýykylyp, olardan aman diledi. Musa alaýhyssalam hasasyny eline aldy. Pyrgaun haramzada gorkup, zähresi ýarylyp, birnäçe kapyrlaryň arasyna gaçyp girdi. Az pursatdan soň ol huşuna gelip: «Eý, Musa! Sen şu wagta çenli nirede bolduň? Sen meniň ýanyma näme işe geldiň?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Men Tur dagyndan Hudaýtagalanyň permanyny saňa ýetirmäge geldim. Sen özüňe men taňrydyryn diýýärsiň. Sen Allatagalanyň bir kemine gulusyň. Sen bu batyl sözüňden dän we eden işleriňe puşman et. Sen: «Lä ilähe illallahu, Musa kelimullahi» diý». Pyrgaun: «Sen özüňe «Musa kelimullahi» diýeniň nämedir?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Men Allatagala bilen hiç bir serişdesiz sözleşdim. Men älem-jahanlaryň hökümdaryndan söz eşidip, saňa bu zatlary aýdýaryn» diýdi. Pyrgaun: «Sen Ondan maňa näme alyp geldiň?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Men saňa Allatagalanyň buýrugyny alyp geldim. Sen onuň iberen pygamberine kaýyl bol. Sen hemme eden işleriňden dän. Allatagala seniň günäleriňi ötüp ýalkar» diýdi. Pyrgaun: «Eger men bu kelemäni aýtsam, Allatagala maňa näme berer» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Ol saňa täzeden ýigitlik berer, seni Magrypdan Maşryga çenli patyşa eder, ýene saňa dört ýüz ýyl ömür berer» diýdi. Pyrgauna bu söz ýagşy ýakdy. Bu söz onuň gulagyna hoş geldi. Ol: «Eý, Musa we Harun! Men wezir-beglerim bilen maslahat edeýin. Olar näme diýse, men şol söz bilen bolaýyn. Häzir siz garaşyp duruň» diýdi. Pyrgaun Hamanyň baştutanlygynda wezir-wekillerini jemledi. Ol: «Musa pygamber bolupdyr. Ol bizi Allatagalanyň tarapyna ündeýär. Ol ýagşy wadalary berýär. Maňa uzak ömür, ýigitlik we patyşalyk wada edýär» diýdi. Haman: «Bu nähili namyssyzlykdyr. Sen men hudaý diýip lap urardyň. Indi, sen bendeligi isleýärmisiň? Eger seniň ýigit bolmaga arzuwyň bar bolsa, men seni ýigit edeýin» diýdi. Ol onuň sakgalyny gara reňke boýap goýdy. Bu günüň ertesi ol ähline ýigit bolup göründi. Pyrgaun hoşal bolup: «Men ýigit boldum» diýdi. Musa alaýhyssalam gelip: «Eý, Pyrgaun! Men saňa ynamly nesihatçydyryn. Sen öten ömrüňe puşman et. Sen meniň pygamberligimi ykrar et» diýdi. Pyrgaun: «Seniň pygamberligiňe güwälik barmy?» diýdi. Musa alaýhyssalam ýedun baýzany – ak elini görkezdi. Pyrgaun: «Ýene näme güwälik bar?» diýdi. Musa alaýhyssalam hasasyny ýere taşlady. Ol öňküsinden hem haýbatlyrak aždarha boldy. Onuň haýbatyndan asman-u-ýer titredi. Pyrgaun: «Eý, Musa! Hasaňy goluňa al» diýdi. Musa alaýhyssalam hasasyny eline aldy. Ol ýene hasa öwrüldi. Pyrgaun: «Eý, Musa! Siz ertir geliň. Men size ertir jogabymy aýdaýyn» diýdi. Hemme beni Ysraýyl: «Pyrgaun musulman boljak» diýip hoşwagt boldy. Ondan soň Pyrgaun Hamany çagyryp: «Eý, Haman! Meniň Musanyň sözüne köňlüm bar. Onuň sözi maňa makul» diýdi. Nälet siňen Haman: «Eý, Pyrgaun! Sen näçe ýyldan bäri taňrylyk dawasyny etdiň. Indi, sen bendeligi saýlap alýarmysyň? Sen näme sebäpden Musadan gorkýarsyň? Musa hemmeler ýaly bir kişidir. Ony öldürip bolmazmy? Eger sen ondan gorksaň, bize bu işi buýur. Biz ony öldüreli» diýdi. Pyrgaun: «Onda iki zat bar. Men olardan ýaman gorkýaryn. Onuň biri hasasy, ýene biri eli. Ol eger elini goýnuna sokup çykarsa, ol aýdan-günden röwşenräk bolýar. Bu dünýäniň adamlary oňa bakyp bilmezler. Olaryň gözleri haýranda bolar. Men ondan gorkýaryn» diýdi. Haman: «Eý, Pyrgaun! Musa bizden gaçyp gidip, jadylygy öwrenipdir. Bizde hem jadygöýler bardyr. Olara buýursak, nähili bolar» diýdi. Ertesi Musa we Harun ýene geldiler. Olar ýene Pyrgauna: «Bu beni Ysraýyl halkyny bize ber. Özüň musulman bol» diýdiler. Pyrgaun jogap aýtjak bolanda, Haman ýerinden turdy. Musa alaýhyssalam: «Eý, Haman! Hudaýtagala meni Pyrgauna iberdi, saňa ibermedi. Goý, Pyrgaunyň özi jogap bersin» diýdi. Pyrgaun: «Eý, Musa! Sen kimiň ýanyndan geldiň?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Seni, meni we barça mahlukaty ýaradan Biribar Allatalaganyň ýanyndan geldim» diýdi. Pyrgaun: «Taňry mendirin» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Sen ýalan aýdýarsyň. Sen Allatagalanyň bir kemine gulusyň» diýdi. Pyrgaun: «Seniň Taňryň kimdir?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Meniň Taňrym barçany ýaradan zatdyr. Ol islese, olary ýok eder, islese hem barça halaýygyň dilegini berer» diýdi. Pyrgaun ýene kabul etmedi we: «Eý, Musa we Harun! Siz jadylygy ýagşy öwrenipsiňiz. Biz hem jadygöýlerimizi jemläli» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Sen şeýle edäý. Olar pylan güni tapyşaly» diýip aýrylyşdylar. Pyrgaun hemme jadygöýleri ýygnady. Onuň ýurdunda dört ýüz jadygöý bardy. Her haýsynyň dört ýüzden şägirdi bardy. Olar jemi ýetmiş müň jadygöý boldy. Bularyň iki serdary bardy. Biriniň ady Hathat, beýlekisiniň ady Musally eken. Bu ikisine: «Bu ýere bir jadygöý gelipdir» diýip, wakany birin-birin beýan etdiler. Eger siz ondan üstün gelseň, men sizi özüme ýakyn adam edeýin, gujak-gujak serpaýlary, tabak-tabak altynlary, jöwherleri bereýin» diýip, hazynasyny açdyryp goýdy. Bu jadygöýler alty aý jadylyga taýýarlanypdyrlar. Olaryň wadalary alty aýdy. Elkyssa, bu jadygöýler tanaplara simap suwap, dürli tilsimleri etdiler. Pyrgaun leşgerini jemledi. Pyrgaunyň bir rowagy bardy. Onuň beýikligi kyrk gulaçdy. Onuň astynda dört ýüz müň kişi sygar ýaly sahna bardy. Onda tagt gurup, hemme leşgeri bilen gelip oturdy. Ýene jadygöýler hem alty aýyň içinde eden jadylaryny kyrk gatyra ýükläp alyp geldiler. Olar: «Eger Musany ýeňsek, sen bize näme berersiň?» diýdiler. Pyrgaun olara: «Sizi özüme ýakyn ederin» diýdi. Şol wagt Musa we Harun alaýhyssalam orta girdiler. Musa alaýhyssalam bu jadygöýleri gördi. Olaryň biriniň gözi kördi. Ol: «Musa nähili sypatda geldi?» diýip, şägirtlerinden sorady. Olar: «Onuň başynda külah, egninde kilim, aýagynda çaryk, elinde hasa bar» diýdiler. Jadygöýler: «Eý, Musa! Ilki seniň taýagyňy synasak» diýdiler. Musa alaýhyssalam: «Ilki siz öz işiňizi ediň. Ondan soň biz öz işimizi ederis» diýdi. Şol zaman Jebraýyl alaýhyssalam howadan: «Eý, jadygöýler! Siz Hudaýtagalanyň pygamberini sylap, dessura rugsat dilediňiz. Hudaýtagala özüniň yzzaty we jelalaty bilen size çaştgähde iman bagyşlar» diýip owaz etdi. Bu owazy diňe Musa we Harun alaýhyssalam eşitdi, başgalar eşitmediler. Jadygöýler özleriniň eden jadylaryny meýdana saldylar. Günüň gyzgyny simaba ýetdi. Tanaplar dolanyp başladylar. Meýdanyň ýüzüni aždarha, ýylan we içýan tutdy. Hemme halky gorky gurşap aldy. Musa we Harun alaýhymassalam hem gorkdular. Allatagaladan: «Eý, Musa! Gorkma, olardan seniň eliňdäki hasa belentdir. Sen goluňdaky hasany ýere taşla. Goý, seniň hasaň olaryň jadylaryny ýuwutsyn» diýen owaz geldi. Musa alaýhyssalam hasasyny ýere taşlady. Ol ägirt uly aždarha boldy. Ýer-gök bu aždarhanyň haýbatyndan titredi. Dürli-dürli ahwallar peýda bolup, ol aždarha kyrk gatyr jadyny bir dem bilen ýuwutdy. Musa alaýhyssalam hasasyny goluna aldy. Ol öňküsi ýaly taýak boldy. Jadygöýleriň ulusy: «Bu nähili waka boldy?» diýip sorady. Onuň şägirtleri bolan wakany oňa beýan etdiler. Uly jadygöý: «Olary ýuwdandan soň aždarha öňküsinden ýogyn ýa uzyn boldumy?» diýip sorady. Şägirtleri: «Ýok, bolmady» diýip jogap berdiler. Ol «Beýle bolsa, Musanyň dini hakyky din eken. Men ol dine gol ýapdym» diýip, musulman boldy. Ýetmiş müň jadygöýiň hemmesi Musa alaýhyssalamyň aýagyna ýykylyp musulman boldular. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Soňra jadygöýler Musanyň hasasynyň aždarha bolmagyny jadylyk däl-de, Taňrynyň gudratydygyny bilip, sežde edip ýüzlerini ýere goýdular. Olar: « Biz älem-jahanyň hökümdary bolan Taňra iman getirdik» diýdiler». Pyrgaun: «Älem-jahanyň hökümdary bolan taňry mendirin» diýdi. Olar: «Ol sen dälsiň. Ol Musanyň we Harunyň Hudaýydyr» diýdiler. Bu mazmuny: «Jadygöýler: «Biz Musanyň we Harunyň Taňrysyna iman getirdik» diýip aýtdylar» diýen şu aýat tassyklaýar. Pyrgaun: «Siz menden maslahatsyz oňa iman getirdiňiz. Indi, Musanyň jadygöýlikde siziň ussadyňyzdygy mälim boldy» diýdi. Bu mazmuna: «Pyrgaun jadygöýlere: «Men size rugsat bermänkäm, siz Musa iman getirdiňiz. Elbetde, Musa siziň ussadyňyzdyr. Ol size jadygöýlik ylmyny öwredendir» diýdi diýen şu aýat delildir. Pyrgaun: «Eý, jadygöýler! Musanyň Hudaýy size näme berýär?» diýdi. Olar: «Ol biziň hatalarymyzy geçirýär we biziň günälerimizi ötýär. Sen bolsa zulum we sütem bilen başagaý bolup ýörsüň. Musanyň Hudaýy beýikdir» diýdiler. Pyrgaun: «Men siziň el-aýaklaryňyzy kesip, dara asdyraryn» diýdi. Olar: «Sen bize näme isleseň, şony hem edäý» diýdiler. Pyrgaun olaryň el-aýaklaryny kesdirip, dara asdyrdy. Olar oňa hergiz ýalbarmadylar. Aýat: «Elbetde, biz öz Taňrymyza tarap meýil etdik». Biz öň kapyrdyk. Biz guşluk wagtynda musulman bolup, öýle namaz wagtynda şehit bolduk» diýen owaz geldi. Ondan soňra Pyrgaun: «Indi, men Musa bilen Haruny öldüreýin» diýip, maksat tutundy. Aşýa hatyn: «Eý, Pyrgaun! Sen gaty nadan adam ekeniň. Sen Hudaýtagaladan gorkmaýarsyň. Sen şunça gudrat-keramaty göreniňden soň hem musulman bolmadyň. Sen musulman bolanlary öldürdiň. Ýene sen: «Musa we Harun alaýhymassalamy öldürjek» diýýärsiň» diýdi. Aşýanyň musulman bolanyna kyrk ýyl bolupdy. Ol Hu-daýtagala ybadat edýärdi. Emma Pyrgaunyň bu ýagdaýdan habary ýokdy. Pyrgaun Aşýanyň bu sözünden onuň musulman bolandygyny bildi. Pyrgaun: «Sen Musa bilen bolup, onuň Hudaýyna bulaşarsyň. Sen oňa iman getirdiňmi?» diýdi. Aşýa: «Meniň oňa iman getirenime kyrk ýyl boldy. Taňry birdir» diýdi. Aşýanyň musulman bolany Pyrgauna äşgär boldy. Pyrgaun: «Eý, Aşýa! Men seni hemmelerden ýagşyrak diýip bilýärdim. Sen meni taşlap, Musanyň dinine giripsiň. Häzir hem bolsa maňa ýan. Saňa altyndan öý salyp bereýin» diýip, oňa wada berdi. Aşýa: «Maňa seniň altyn öýüňden ýagşyrak öýi Hudaýtagala jennetde berer. Sen bozuk, ýoldan çykan adamsyň» diýip, iman-dan dänmäge unamady. Pyrgaun muňa gazaplandy we Aşýa kyrk-gije gündiz aş-suw bermedi. Ol demir gazyk taýýarladyp, ony ýere kakdyrdy we Aşýany onuň üstünde oturtdy. Bu mazmuna: «Myhlaryň eýesi Pyrgaun ýurtda eden azgynçylyklary bilen adamkärçilik çäginden çykdy» diýen aýat delildir. Aşýa: «Eý, Taňrym! Pyrgaun maňa altyn öýi wada berdi. Emma men Seniň rehmetiňden umydygär boldum» diýdi. Şol pursatda Allatagala Aşýanyň gözünden hyjabyny göterdi. Asmanyň işigi açyldy we behiştiň köşkleri hem hüýr-gulmanlary Aşýanyň gözüne äşgär göründi. Bu hoşallykda ol Pyrgaunyň beren jezasynyň agyrylaryny bilmedi. Ol myhlaryň üstünde ýatyp teşne boldy. Hudaýtagala oňa jennetiň şerbetinden we nurdan bir gupba iberdi. Ol gupbanyň içinde oturdy. Oňa hiç kimiň gözi düşmedi. Ol kyrk gün azap tartandan soňra Adn jennetine duwlandy. Elbetde, bu zatlary Allatagalanyň özi ýagşy bilýändir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |