10:29 Kysasyl enbiýa -46: Musa alaýhyssalama Töwrat inderilmeginiň beýany | |
ÝEDINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
MUSA ALAÝHYSSALAMA TÖWRAT INDERILMEGINIŇ BEÝANY Beni Ysraýylyň halky: «Eý, Musa! Sen bize kitap wada edipdiň. Indi sen Allatagaladan ol kitaby dileseň?!» diýdiler. Musa alaýhyssalam Tur dagyna çykyp: «Eý, Taňrym! Elbetde, Sen danasyň. Sen maňa: «Kitap ibererin» diýip wada edipdiň» diýip, mynajat etdi. Şol zaman Jebraýyl alaýhyssalama: «Jennetul-firdöwsde on iki zümerret tagta bardyr, ony getirip Musa ber» diýip perman boldy. Jebraýyl alaýhyssalam ony Musa alaýhyssalama getirip berdi. Töwrat kitabynyň müň süresi bardy. Her süre müň aýatdan ybaratdy. Her bir aýat bolsa, «Bakara» süresiçe bardy. Töwrat şol on iki zümerret tagta ýazylgydy. Käbir rowaýatlarda aýdylyşyna görä, ol tagta gyzyl ýakutdandyr. Ol on iki lowhy Musa alaýhyssalama getirdiler. Allatagaladan: «Eý, Musa! Ony göter» diýen owaz boldy. Musa alaýhyssalam özüne şunça zor salsa hem, ony göterip bilmedi. Hudaýtagala hemme süreleriň sanyça perişde iberdi. Olar hem ony göterip bilmediler. Onsoň Allatagala onuň hemme harplarynyň sanyça perişde iberdi. Olar hem ony göterip bilmediler. Allatagaladan: «Eý, Musa! Sen: «Lä hawle we lä kuwwete illä billähil-azym»4 diý» diýip owaz geldi. Musa alaýhyssalam bu sözi bir gezek aýtdy. Ol tagta göterildi. Musa alaýhyssalam ony kowumyna alyp geldi. Ol beni Ysraýylyň halkyny ýygnap: «Ine, Hudaýtagalanyň size iberen kitaby şudur. Bu kitapda ýedi müň emr ýagny, «Tagat et» diýen buýruk bar. Ýene ýedi müň nehi, ýagny günä işlerden saklaýan permanlar bar. Ýene ýedi müň nesihat bar, ýene ýedi müň ýagşylygyň beýany bar. Bularyň jemi ýigrimi sekiz müň sözdür» diýdi. Beni Ysraýylyň halky: «Munça işi kim berjaý edip biler? Bize beýle kitaply bolanymyzdan kitapsyz bolanymyz ýagşydyr. Biz ol kitaby kabul etmeýäris» diýdiler. Musa alaýhyssalam: «Siz nähili nadan halk ekeniňiz. Kitaby özüňiz dilediňiz. Indi, Allatagala ony size iberse, siz ondan gaçýarmysyňyz?» diýdi. Ol Hudaýtagala: «Eý, Taňrym! Bularyň işinde meniň takatym galmady. Hemme zady Seniň özüň gowy bilýänsiň» diýip, mynajat etdi. Beni Ysraýylyň köplügi şol derejededi. Olar göçüp bir ýere barsalar, on iki agaçlyk ýeri goş basyp ýatardylar. Ol zaman Jebraýyl alaýhyssalama: «Palestin daglaryndan bir dagy beni Ysraýylyň başyna tutup dur» diýip, perman boldy. Bu mazmuna: «Biz jöhitleriň depesine Tur dagyny göterdik. Ol dag olara göýä saýawan ýaly boldy» diýen şu aýat delildir. Musa alaýhyssalam: «Eý, halaýyk! Eger siz ol kitaby kabul etmeseňiz, Allatagala ol dagy siziň başyňyza taşlar. Siz daşlaryň aşagynda gömülip galarsyňyz» diýdi. Olar kabul etmediler. Dag olaryň başlaryna degdi. Olar egildiler, arkalaryna degdi. Olar ýüzlerini aşak edip ýatdylar. Olar: «Eger mundan hem beter bassa, onda: «Kabul edýäris» diýip, geňeş etdiler. Dag olaryň ýüzlerini ýere gysyp, ýapyşdyrjak boldy. Çäresiz bolup olar ony kabul etdiler. Olar: «Biziň ata-babalarymyz şunuň ýaly edip beladan halas bolandyrlar» diýdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |