20:06 Kysasyl enbiýa -44: Pyrgaunyň sarhynyň beýany | |
BÄŞINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
PYRGAUNYŇ SARHYNYŇ BEÝANY Şeýle rowaýat edipdirler: Pyrgaun adamlary ýygnap, olar bilen maslahatlaşyp: «Men Musa bilen sözleşmegi namys edýärin. Men onuň hudaýy bilen sözleşmekçi» diýdi. Ol Hamana: «Eý, Haman! Sen beýik minara gur. Men onuň üstüne çykyp Musanyň hudaýyny öz gözüm bilen göreýin. Ol barmy ýa-da ýok? Musa dogry aýdýarmy ýa-da ýalan sözleýär?» diýdi. Bu mazmuna: «Pyrgaun: «Eý, Haman! Sen çig kerpiçi oda ýak, ony bişir, soňra maňa beýik bir minara gur. Men Musanyň taňrysynyň ýanyna çykaýyn. Men ony ýalançylardan diýip güman edýärin» diýdi diýen şu aýat delildir. Haman çig kerpiç guýduryp, ony oda bişirdip, minara meňzeş bir bina gurduryp başlady. Bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Pyrgaundan öň hiç kim kerpiji bişirmegi bilmeýärdi. Pyrgaun ymaraty şeýle beýik saldyrdy. Gün gaýdanda onuň kölegesi ýüz parsah ýere barardy. Onuň belentliginiň ýene bir alamaty, minaranyň başyna kerpiç barýança, ol elden ele geçip, iki gije-gündiz aradan öterdi. Haman mundan belent bina salmaklyga ejiz geldi. Onsoň minaranyň gurluşygy tamam boldy diýip Pyrgauna habar berdiler. Pyrgaun minara çykyp güne bakdy. Ol öň oňa nähili görnen bolsa, häzir hem şonuň ýaly göründi. Oňa bu ýerden dünýäniň hemmesi göründi. Ol gaýdyp ýene ýere düşdi we: «Gökde Hudaý ýok eken. Musa ýalan aýdan eken. Men näçe garasam hem ýokarda Hudaý görünmedi. Ýeriň, gögüň hudaýy mendirin» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Pyrgaunyň bu minarasyny weýran et!» diýip dileg etdi. Allatagala onuň bu dilegini kabul etdi. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip, ganatlary bilen minarany urdy. Minara ýykyldy. Köp kapyrlar onuň teýinde galyp öldüler. Olaryň janlary Mälik Dowzaha gitdi. Pyrgaunyň eden zähmeti zaýa boldy. Nälet siňen Pyrgaunyň beni Ysraýyla berýän zulumy gün-günden artdy. Ol biçäreler Musa alaýhyssalamyň ýanyna gelip, ýalbaryp: «Eý, Musa! Siz bize pygamber edilip iberildiňiz. Bu kapyrlaryň bize edýän jebir-sütemleri hetden aşdy. Siz bize Hudaýtagaladan aman diläp berseňiz. Biz olaryň zulumyndan aman bolsak ýa Allatagala bu kapyrlara bir bela inderse, olar heläk bolup, biz olardan halas bolsak» diýdiler. Musa alaýhyssalam: «Eý, ýaranlar! Siziň olardan halas boljakdygyňyza Hudaýtagaladan bir umyt bardyr. Men size Müsüri miras bererin. Men Hudaýtagalanyň wadasyny göz öňünde tutýaryn» diýdi. Musa alaýhyssalam Pyrgauna gelip: «Eý, Pyrgaun! Sen iman getir. Beni Ysraýyly maňa ber, ýogsa men saňa bet dileg ederin. Saňa azap geler» diýdi. Pyrgaun onuň bu sözüni kabul etmedi. Ol: «Eý, Musa! Sen goluňdan näme gelýän bolsa, şony hem edäý» diýdi. Musa alaýhyssalam kyrk gije-gündiz Hudaýtagala ýalbaryp dileg etdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Musa! Sen köňlüňi hoşwagt tut. Pyrgauna azap ýazyldy» diýdi. Rowaýatda aýdylypdyr: Hudaýtagala Musa alaýhyssalama dokuz zady keramat etdi. Bu mazmuna: «Biz Musa dokuz gudraty berdik» diýen şu aýat delildir. Olaryň dördüsi onuň özüne we beni Ysraýyla merhemet üçindir. Birinji, hasa; ikinji, nurly el; üçünji, bölünmek; dördünji, ýarylmak. Galan bäş gudrat Pyrgaunylara azap üçin iberilendir. Olaryň birinjisi, tupan; ikinjisi, çekirtge; üçünjisi, güýe; dördünjisi, gurbaga; bäşinjisi, gan. Bu mazmuna: «Biz Pyrgaunylaryň üstüne uly ýagmyrlary ýagdyrdyk (ýagny, olaryň üstüne tupan inderdik), çekirtgäni, bitleri, gurbagany we ganly suwy indiki geljek uly azabyň alamaty hökmünde inderdik. Biz bulary azap hökmünde wagtal-wagtal iberdik. Bular Taňrynyň barlygynyň aýry-aýry alamatlarydyr» diýen şu aýat delildir. Owwal tupan geldi. Ýedi gije-gündiz ýagmyr ýagdy. Müsür şäheri suwa doldy. Adamlar gaçyp çöle çykdylar. Pyrgaun: «Men hudaýdyryn» diýdi. Adamlar: «Eger sen hudaý bolsaň, bu belany bizden göter» diýdiler. Pyrgaun: «Bu işi Musa etdi. Siz oňa baryp aýdyň. Eger ol bu belany göterse, biz iman getireli. Beni Ysraýyly oňa bereli» diýdi. Kybtylar gelip Musa alaýhyssalama ýalbardylar. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Tupan ýatdy. Ýer ýüzünde otlar ösüp, güller açyldy. Kybtylar: «Biz muny özümize bela diýip bilýärdik welin, ol bize rahatlyk we merhemet eken» diýip iman getirmediler. Musa alaýhyssalam ýene bet dileg etdi. Hudaýtagala çekirtgäni iberdi. Olar uçan wagty asmanyň ýüzüni tutdylar. Gün görünmedi. Çekirtgeler olaryň azyklaryna ýapyşdylar. Olar dänäni ýalap-ýalmap ýok edip barýardylar. Kybtylar ýyglap, Pyrgaunyň ýanyna geldiler. Pyrgaun: «Müsüriň ululary baryp Musa: «Bu gezek Pyrgaun: «Musa bu belany göterse, beni Ysraýyly oňa bereýin. Özüm hem iman getireýin» diýip äht etdi» diýip aýtsynlar. Müsüriň ululary baryp Musa alaýhyssalama Pyrgaunyň sözlerini aýtdylar. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Çekirtgeler uçup başga ýere gitdiler. Haçan olaryň gallalary bişende, olar ony orup-ýygyp ambara saldylar. Olar: «Gallalarymyz bu beladan gutuldy» di-ýip, eden ähtlerini bozdular, iman getirmediler. Musa alaýhyssalam ýene bet dileg etdi. Olaryň ambaryna güýe düşdi. On sagulyk bugdaýdan iki sagu bugdaý galdy. Adamlar Pyrgaunyň ýanyna gelip ýygladylar. Pyrgaun bu gezek hem begleri jemläp, Musa alaýhyssalamyň ýanyna iberdi. Olar onuň ýanyna baryp: «Eý, Musa! Seniň Hudaýyň bu belany göterse, biz hökman iman getireli. Beni Ysraýyly saňa bereli» diýdiler. Musa alaýhyssalam bir dileg etdi. Güýe heläk boldy. Wehp ibn Munäbbihiň rowaýatynda Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala müň dürli mahluk ýaratdy. Olaryň alty ýüzi suwda we dört ýüzi gury ýerdedir. Haçan ahyrzaman bolanda olardan ilki çekirtge heläk bolar. Ol heläk bolandan soňra özge mahluklar heläk bolarlar. Olaryň nyzamly durmuşy ýüp üzülen ýaly bolar» diýipdir. Indi biz maksada geldik. Olaryň aşlyklaryny güýe iýip gutardy. Olar: «Indi biziň bugdaýymyz galmady. Näme üçin biz musulman bolaly?» diýip musulmançylygy kabul etmedi-ler. Musa alaýhyssalam ýene bet dileg etdi. Derýadaky gurbagalar Müsüre ýygnandylar. Reňki garaňky gijä meňzeş gurbagalar peýda boldy. Gündizi-gijesi olaryň öýleri gurbagadan dolup durardy. Gije ýatan adamyň üstüne gurbagalar ýygylardy. Olar adamyň üstünde üç gulaç bolup durardylar. Eger olar aş iýseler, bir kişi tabagyň üstünde gurbagalardan gorap örüp dik durardy. Olar gurbagalardan ejiz geldiler. Olar Pyrgaunyň ýanyna geldiler. Pyrgaun: «Eý, Haman! Bu gezek Musanyň ýanyna sen bar» diýdi. Haman gelip Musa alaýhyssalama: «Eý, Musa! Pyrgaun bu gezek: «Beni Ysraýyly Musa bereýin. Men hem iman getireýin. Pygamberleriň köňli ýumşak bolar» diýip, äht etdi. Sen: «Gurbaga belasy olardan göterilsin» diýip dileg etseň» diýdi. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Olardan gurbaga belasy hem göterildi. Musa alaýhyssalam: «Eý, Haman! Indi baryp Pyrgauna aýdyň. Goý, ol ähdiniň şertlerini berjaý etsin!» diýdi. Haman gelip, Musa alaýhyssalamyň sözlerini Pyrgauna ýetirdi. Pyrgaun: «Men seniň bilen haçan äht baglaşdym» diýip, iman getirmedi. Musa alaýhyssalam ýene bet dileg etdi. Hudaýtagala Nil derýasynyň, hemme aryklaryň suwuny gana aýlandyrdy. Diňe Beni Ysraýylyň arygy suw bolup galdy. Kybtylar gelip beni Ysraýylyň arygyndan suw içdiler we öldüler. Bu gezek Pyrgaunyň özi ata atlanyp, Musa alaýhyssalamyň ýanyna gelip: «Eý, Musa! Bu gan gider ýaly dileg et» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Sen şunça gezek ähdiňi bozduň» diýdi. Şu wagt kybtylaryň biri gelip, beni Ysraýylyň arygyna goluny sokdy. Onuň golunyň duran ýeri gan boldy. Beni Ysraýyldan biri gelip suw aldy. Ol suwy Pyrgaun diläp aldy. Ol: «Bu suwy men içeýin» diýdi. Emma ol suw hem gana aýlandy. Pyrgaun suwly gaby elinden taşlady. Ol miwe aldyryp getirdi we: «Men muny sykyp içeýin» diýdi. Miwäniň suwy hem Hudaýtagalanyň gudraty bilen gan boldy. Pyrgaun ejizledi we: «Özgeler siziň bilen äht etdi. Olar ähtlerini bozdular. Indi meniň özüm seniň bilen äht edeýin. Beni Ysraýyly saňa bereýin. Özüm hem iman getireýin. Siz dileg etseňiz, bu gan belasy bizden göterilse» diýip aýtdy. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Gan belasy ortadan göterildi. Pyrgaun öz ordasyna gaýdyp geldi. Ertesi Musa alaýhyssalam Pyrgaunyň ýanyna bardy. Ol Pyrgauna: «Indi sen näme diýýärsiň?» diýdi. Pyrgaun: «Men iman getirmeýärin. Ýöne beni Ysraýyly saňa berýärin. Sen ol halky alyp bu welaýatdan çykyp git» diýdi. Onuň bu sözüni Musa alaýhyssalam kabul etdi. Ol beni Ysraýyly alyp gitmek bilen boldy. Pyrgaun: «Beni Ysraýylyň altyn-kümüşlerini alyp galyň» diýip, höküm etdi. Olaryň baýlyklaryny ellerinden aldylar. Beni Ysraýylyň ulusy gelip, Musa alaýhyssalama: «Biziň monjuklarymyzyň hemmesini aldylar. Indi biz näme ederis?» diýip, arz etdi. Musa alaýhyssalam: «Siziň hatynlaryňyz kybtylaryň hatynlaryna baryp: «Ertir biziň baýramymyz boljak. Bize ol altyn-kümüşleri, hünji-monjuklarymyzy amanat beriň. Biz olary baýram geçenden soň size getirip bereli» diýsinler. Olar şeýle hem etdiler. Hudaýtagala kybtylaryň köňlüne rehim saldy. Olar bularyň zatlaryny özlerine berdiler. Beni Ysraýylyň hemmesi ýygnandylar. Olar gije göçüp, Müsürden çykyp gitdiler. Hudaýtagala kybtylara gaflat ukusyny berdi. Olaryň hiç biri oýanmady. Musa alaýhyssalam: «Men Ýusup alaýhyssalamyň süňklerini özüm bilen alyp gitmekçi. Kim onuň gabrynyň nirededigini bilýär?» diýip, beni Ysraýyldan sorady. Bir hatyn: «Men ony bilýärin. Emma men ony bir şert bilen aýtjak» diýdi. Musa alaýhyssalam oňa: «Seniň näme şertiň bar?» diýdi. Ol hatyn: «Men ejiz bendäni kyýamat güni jennetde özüňize hemsaýa etseňiz, men ony size aýdaryn» diýdi. Musa alaýhyssalam onuň bu şertini kabul etdi. Ol hatyn Ýusup alaýhyssalamyň mazaryny görkezdi. Musa alaýhyssalam onuň süňklerini ýygnap alyp ýola düşdi. Beni Ysraýyldan on iki sibt bardy. Ol sibtde ýigrimi müň erkek bardy. Musa alaýhyssalam bet dileg etdi. Kybtylaryň hemme maly daşa öwrüldi. Ertesi ir bilen beni Ysraýylyň habary şähere ýaýrady. Pyr-gaun: «Goşun ýygylsyn» diýip perman berdi. Ol üç günläp goşun ýygnady. Dördülenji güni Pyrgaun üç ýüz müň goşuny bilen beni Ysraýylyň üstüne atlandy. Ýene bir rowaýatda aýdypdyrlar: Beni Ysraýylyň ýükleri agyrdy. Olaryň ogul-gyzlary ýyglakdy, ýagny agyr aýak hatynlar, ýaş çagalar köpdi. Olar bu sebäpden uzak ýere ýetip bil¬mediler we Nil derýasynyň kenaryna baryp ýygnanyp durdular. Pyrgaun gün çykan wagtynda bularyň yzyndan kowuap ýetdi. Hudaýtagala bu aýat bilen olara habar berdi: «Pyrgaunylar Musanyň we onuň alyp giden kowumynyň yzyndan gün dogan wagtynda ýetdiler». Musa alaýhyssalamyň goşunlary Pyrgaunyň leşgerlerini görüp huşlary başlaryndan uçdy. Olar: «Eý, Musa! Biziň öňümizde derýa, yzymyzda Pyrgaunyň goşunlary bar. Indi biz näme alaç ederis?» diýip aýtdylar. Musa alaýhyssalam: «Siz olardan gorkmaň. Allatagala biziň bilendir. Onuň özi bizi goldap, ýol görkezer. Ol nähili ýol görkezse, biz şonuň ýaly ederis» diýdi. Şol wagt Musa alaýhyssalama: «Hasaňy derýa ur» diýip perman boldy. Musa alaýhyssalam hasasyny derýa urdy. Derýa iki ýaryldy. Onuň düýbünde on iki ýol peýda boldy. Her bir bölek suw uly dag ýaly bolup durdy. Musa alaýhyssalam: «Derýanyň hanasyna giriň» diýdi. Adamlar: «Derýanyň düýbi palçykdyr. Onuň içinden ýöräp bolmaz» diýdiler. Hudaýtagala şemala perman berdi. Ol günüň yssysyny üfläp, bir sagatda derýanyň düýbüni guratdy. Beni Ysraýyl on iki topar bolup, on iki ýoldan girdiler. Olar gorkup: «Eý, Musa! Her bir topar öz ýoluna düşdi. Biz biri-birimiziň ýagdaýyny bilmeris» diýdiler. Musa alaýhyssalam hasasyny suwa sokdy. Suw deşildi. Olar bu deşikden biri-birlerini gözleşip ötdüler. Ondan soň Pyrgaun ýetip geldi. Ol derýanyň on iki ýol bolandygyny gördi. Ony görüp ol gorkdy. Ol munuň Musa alaýhyssalamyň gudratydygyny bildi. Emma ol bu ýagdaýy beglerine bildirmedi. Ol: «Eý, kowum! Meniň uly Hudaý bolandygym üçin derýa bölünip maňa ýol berendigini gördüňizmi?» diýip, yzyna dönmekçi boldy. Hudaýtagala Jebraýyl alaýhyssalamy adam suratynda edip iberdi. Ol bir gysrak at münüp, Pyrgaunyň gözüniň öňünde derýa girdi. Pyrgaun aýgyr atyň üstünde otyrdy. Onuň aty gysragy görüp, onuň yzyndan kowalady. Pyrgaun onuň jylawyny tartdy. Emma aýgyr togtamady. Pyrgaun ygtyýarsyz derýanyň içine girdi. Perişdeler Hudaýtagalanyň emri bilen Pyrgaunyň galan goşunynyň hemmesini sürüp, derýa dykdylar. Pyrgaunyň hemme leşgeri derýanyň içine girdi. Musa alaýhyssalama: «Hasaňy derýa ur» diýip perman boldy. Ol hasany derýa urdy. Öň dag ýaly bolup aýry duran suwlar biri-birine aralaşdy. Pyrgaun gark boljagyny bildi. Ol derrew iman aýdyp başlady. Jebraýyl alaýhyssalam oňa Sagdul-Aglada alan hatyny görkezip, onuň agzyna bir penje palçyk bilen urup: «Sen janyň çykyp barýarka iman getirýärmiň, sen öň günä etdiň, ýagny bigünä çagalary öldürdiň we bozuklykda hetden aşanlardan bolduň» diýdi Rowaýatda aýdypdyrlar: Bir gün Pyrgaun Nil derýasynyň kenarynda Sagdul-Agla diýen ýerde aw awlap ýördi. Jebraýyl alaýhyssalam adam suratynda bolup, onuň ýanyna geldi we oňa: «Bir gul hojasynyň emrini tutmasa, onuň buýran işini etmese, oňa näme etmek gerek?» diýip aýtdy. Pyrgaun: «Ony suwa gark etmek gerek» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam oňa: «Sen şu hökmüňe nyşan berseň?» diýdi. Pyrgaun oňa hat ýazyp, möhür basyp berdi. Ol hat Jebraýyl alaýhyssalamdady. Pyrgaun derýanyň içine girende Jebraýyl alaýhyssalam ol haty oňa görkezdi. Pyrgaun öz beren hatyny gördi. Ol hiç bir zat aýdyp bilmedi. Derýanyň suwy garyşdy. Pyrgaun heläk boldy. Bu mazmuna: «Biz Pyrgaun we onuň bilen bolanlaryň hemmesini suwa gark etdik» diýen şu aýat delildir. Enes bin Mälik (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat edipdir: Dowzaha möminler hem girerler, kapyrlar hem girerler. Emma möminler bilen kapyrlaryň arasyndaky tapawut şeýledir. Möminleri ot köýdürmez. Olar dowzahdan salamat çykarlar. Kapyrlary bolsa ot köýdürer. Olar dowzahdan çykman, ol ýerde baky galarlar. Elkyssa, beni Ysraýyl derýadan salamat çykdylar. Pyrgaun leşgeri bilen heläk boldy. Musa alaýhyssalam kowumy bilen bir belent depä çykyp, Hudaýtagala şükür etdiler. Musa alaýhyssalam: «Eý, Allatagalanyň bendeleri! Siz Taňrynyň emrine sabyrly boluň! Allatagala siziň duşmanyňyzy suwa gark etdi» diýdi. Pyrgaun nälet siňen dört ýüz ýyllap: «Men taňrydyryn» diýip gezdi. Ol beni Ysraýyla köp zulum we sütemleri görkezdi. Şol sebäpden beni Ysraýyl Musa alaýhyssalama: «Eý, Musa! Biz derýadan bir owaz eşitdik. Emma biz Pyrgauny görmedik. Biz ony gözümiz bilen görsedik. Şonda biziň köňlümiz aram tapar» diýdi. Musa alaýhyssalam dileg etdi. Derýa ölüleri daşyna çykardy. Rawylar aýdypdyrlar: Adam alaýhyssalamyň zamanyndan tä Musa alaýhyssalamyň wagtyna çenli derýa jesedi daşyna çykarmandy. Ol gün Musa alaýhyssalamyň dilegi bilen Pyrgaunyň jesedi derýanyň daşyna çykdy. Pyrgaunyň jesedi derýanyň gyrasynda uly sygyr ýaly bolup ýatdy. «Kyýamata çenli ölüni derýanyň daşyna çykarmak ondan galdy» diýipdirler. Enes bin Mälik (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat getiripdir: Musa alaýhyssalamyň halasynyň Samiri atly bir ogly bardy. Ol zergärligi bilerdi. Ol derýaýdan çykyp duranda bir çapyksuwaryň Pyrgaunyň leşgerinden öň gelýändigini gördi. Onuň atynyň toýnagyndan ot çykyp gelýän eken. Ol suwdan çykdy. Onuň atynyň toýnagy ýere batyp gelýärdi. Ol kişi Jebraýyl alaýhyssalamdy. Ony Samiriden başga hiç kim tanamady. Ol Jebraýyl alaýhyssalamy atynyň toýnagyndan ot çykmagyndan tanady. Ol onuň atynyň toýnak basan ýerinden bir gysym toprak alyp saklady. Şol Adynyň urugyndan bir taýpa bardy. Olar buta sežde ederdiler. Bulary gören adamlar ýagdaýy baryp Musa alaýhyssalama: «Bularyň başga taňrysy bar eken. Biz hem olaryň taňrysy ýaly taňry ýasap, bir daşy öz suratymyzda edip, oňa sežde etsek» diýdiler. Musa alaýhyssalam: «Siz bir nadan kowumsyňyz» Butlar batyldyr. Oňa sežde edijiler batyldyr. Allatagaladan ýagşy taňry ýokdur. Ol size ne mukdar mähribanlyk we merhemet etdi» diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |